Результаты 1-20 из 110 по запросу Laçyn Pürjäýewa

PÄLWANYŇ SÖZI ýa-da ÝÖNEKEÝJE SOWAL

Gatnaşýarlar: 5, 6, 7-nji synp okuwçylary.

Sahna 10-12 sany oglan gelýär. Olaryň biriniň göwresi has ullakanja, daýawja. Şol saýlanyp duran oglanjygyň elinde içi iýer ýaly zatdan doly polietilen torbasy bolmaly. Ol göwresi ulurak bolsa-da kän bir ünsi çekmezlige çalyşmaly. Sahna gelende-de, duranda-da yzky hatarda bolmaly. Özi-de başdan-aýak, nämedir bir...

LAÇYN PÜRJÄÝEWA

Laçyn Atadurdyýewna Pürjäýewa, 1978-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Aşgabat geňeşliginde gullukçy maşgalasynda eneden doguldy. Milleti türkmen.
1985-1995-nji ýyllarda Mary etrabyndaky 27-nji orta mekdepde orta bilim aldy.
1995-nji ýylyň noýabryndan 1996-nji ýylyň iýuly aralygynda Mary welaýat Mugallymlary metodik taýdan üpjün ediş — Kämill...

GEL ÝARAŞALY!

Inşalla!
Şu gün uzynly gün ýanyňda boljak,
Ähli işleriňi goýup, gel, senem.
Maňa ilki bilen, şo-ol öňkiň ýaly,
Günüň dogşy hakda gürrüň bersene.
Gürrüň ber baglaryň oýanşy hakda,
Hem oýarşy hakda ýazlaryň bizi.
Kä gürrüňler dagy sygmasyn akla,
Nämemiş, jadyly saçaga, hakyt,
Äkidýämişinler ýalbaryp bizi.
Gowy, hä,
Şol köne ý...
Täzelikler » Goşgular - 10.04.2023

BAŞ ÜSTÜNE!

Sen asmanda guş bolup uç!
Uçabilmez,
ganatlary
gyrylan men bolaýyn.
Sen ummanda balyk bolup ýüz!
Ýüzebilmez,
ýüzgüçleri
gyrylan men bolaýyn.

Sen baglarda bilbil bolup saýra!
Ýaýna!
Saýrabilmez,
mahmal sesi
gyrylan men bolaýyn.
Sen daglarda atlar kibi çarpaýa gal!
Serpaýa gal!
Aýlaw görmän, at...
Täzelikler » Goşgular - 10.04.2023

TÜRKMENÇE SÖZ

(Daşary ýurda bilim almaga ugraýan türkmen ýigdiniň dilinden)

Gelerin, Türkmenim!
Munuň üçin saňa borçly ahyr men.
Äht etmäýin ahyr men.
Nirede bolsam-da, ne hal bolsam-da,
Gelerin men hökman!
Ogul ojagyna dolanmaly ahyr.

Oguz, Gorkut bolup, Görogly bolup,
Magtymguly bolup, Eziz ogly bolup,
Nobatguly bolup aýlanyp ýöre...
Täzelikler » Goşgular - 10.04.2023

TÜRKMENISTANYM...

Eý, Dostum, wahy bermeseň, ahy diňläni neteý?!
Hümmeti sahy bermeseň, bary müňläni neteý?!
Ahyrda hasyl bermeseň, bagy-gülläni neteý?!
Ustadyň dagyn bermeseň, sözde sünnäni neteý?!
Türkmenistanym bolmasa, ah, pany dünýäni neteý?!

Aýdaly, Zemin — ýüregiň, töründe men barmyşam-da,
Bar, on sekiz müň perişdäň, kyrk çiltenleň ýarmyşam-da,
Älemiň ...
Täzelikler » Goşgular - 10.04.2023

MENIŇ MÄHRIBANYM HAKDA

Ol şeýle owadan, ol şeýle eziz,
Ol meň üçin iň mähriban dünýäde.
Men oň bilen birligimi duýupdym,
Heniz çaga ýüregimi diňlämde.

Ulaldygymsaýy ýakynym saýyp,
Ony hemmelerden tutdum ileri.
Ol meniň ýüregim, ömrüm, ykbalym,
Ol meniň ýanymda özüm bilelim.

Ol hemişe saýlanyp dur hemmeden,
Diýeni diňlenýän sözi rowandyr. <...
Täzelikler » Goşgular - 10.04.2023

DIŇE SEŇ ...

Aý, eje, diňe seň ynamyň gerek,
Görersiň, deňlerden geçip giderin.
Abanaryn baglaň, daglaň üstüne,
Ýöne özüm baryp salam ederin.

Erjelligim bilen, yhlasym bilen,
Dyrmyşaryn asmandanam ýokaryk.
Älemgoşar bo:run, ýöne öýdemok,
Dünýäň älemgoşaryna ýokaryn.

Bagtdanam beter sabyrlylygym,
Bagtyň özün geti:r. Bagtyň özi ge:r.
...
Täzelikler » Goşgular - 07.04.2023

BIRJE HOŞ SÖZ...

Ilkinji ýapraklar tänende agyr.
Agyr ilki-ilkiler galanda göwün.
«Goşgularyma seret, özümdir agyn»
Diýip, özüňizi özüňiz öwüň.
Ýogsa dymar ýürek ýakyn adamdan
Eşitmese hoş söz...

16.01.2003ý.
Täzelikler » Goşgular - 07.04.2023

SESIM BILEN...

Sesim bilen gujaklaryn dünýäni,
Sesim bilen adamlary öperin,
Sözden, sazdan bolan Beýik Allany,
Sesim bilen taparyn...

Sesim bilen ýykylany galdyryn,
Sesim bilen ýykaryn men daglary,
...Hol gün bir ýykylan agysyn
meniň sesim bilen aglady...

Meň sesime gül bürener bu degre,
Meň sesime ýitip gider köteller.
Iň soňunda m...
Täzelikler » Goşgular - 07.04.2023

ÝAZGARMAŇ!

Ýazgarmaň,
Goý, ýalňyşsyn çagalar,
Ýalňyşlara ýalňyşyplar aň alar,
Ýalňyşsalar, çagalykdan aýňalar,
Ýazgarmaň!

Ýazgarmaň,
Goý, öpüşsin aşyklar,
Märekäň öňünde hetden aşyplar,
Köp bolsun, bolsa-da ýalan aşyklar,
Ýazgarmaň!

Eneler doňbagyr bolsa bolsunlar,
Atalar doňýürek bolsa bolsunlar,
Gül çagalar, goý, sol...
Täzelikler » Goşgular - 07.04.2023

NEŞEKEŞ

Ilki-ilkiler bolmajydyň,
Gaty gülüp, pakyrdap.
Şonda taňkaňam gaýnardy,
Taňka ýaly lakyrdap.

Soň-soňlar-a wakyrdaman,
Hikirdäpjik, jykyrdap,
Takyrdaman, şakyrdaman,
Tykyrdapjyk, şykyrdap.

Tapsaň, alabaşagaýdyň,
Emedekläp, dükürdäp.
Derrew taňkaňam gaýnardy,
Özüň ýaly kikirdäp.

Ölügsije tüsseläpjik,
...
Täzelikler » Goşgular - 06.04.2023

ÜÇ GOŞGY

Düşelgemi, geçelgemi, bilmedim,
Siňip gitdim adamlaryň içine.
Salamlaşdym, sagbollaşdym, durmadym,
Hiç çykyp bilmedim aňyrçetine.

Adam tokaýynda azaşyp ýörün,
Ýol-ýodany bilip, aýňalyp bilmän.
Gowusy, has gür ýerine gideýin,
Ölsem, gyra çykarlar-la eglemän.

22.08.1998ý.

***

Az wagtlyk şatlyk beren Hudaýym:
...
Täzelikler » Goşgular - 06.04.2023

UMYT

Men küýzäň içinde ýaly:
bir bölejik asmany,
sergezdan bulutlary,
ýyldyzlary hem Aýy,
görýän, ýalňyz Güneşem,
meň ýüregim mysaly.
Küýze käte ýatladýar,
Gözenekli zyndany.

Bir gün asmanyň ýüzün,
Örter biriniň eli.
Emaý bilenjik goýar,
Ýekeje akja güli.

10.07.1998ý.
Täzelikler » Goşgular - 05.04.2023

SÖÝGI — BU ...

Söýgi — gawun, durmuş paýlaýar ony,
Birine käseläp, birine tutuş.
Birisine asl-a dadyrmaýaram,
Ýeri, şundan näme gazanýaň utuş?!

Durmuş, bu lezzetli, datly gawundan,
Kimselere berdiň, bir däl, telimjik.
Käseläp, telimläp berme-de, beräý,
Mazaly bişensoň, birje dilimjik!

Tomus. 1998ý.
Täzelikler » Goşgular - 05.04.2023

AHWAL

Meň hiç aklym çatanok,
Ýaşamakdan iripmiş.
Bu dünýe öň bir gezek,
Oň düýşüne giripmiş.

Terkidünýä bolupdyr,
Ýaşamakdan lejigip.
Has kejine tutupdyr,
Keç ykbalam kejigip.

Men çekinip, hamala,
Özüm ýaly ýazykly.
Diýýän: «Ýaşamak — hezil.
Bu dünýe-de gyzykly».

Ol diýýär: «Bu ýalançy
Alasarmyk düýş dämi?...
Täzelikler » Goşgular - 04.04.2023

AH GYZLAR, GYZLAR...

Mysapyrsyran bolup,
Durma, indem duşumda!
Ýüzüňi öwürýädiň-le,
Öten agşam düýşümde:

Güle öwrülip ygşyldap,
Saňa salam beremde.
Sen meni ýolup, söýýän
Gyzyňa sowgat berdiň.

Ýagyş bolup üstüňe,
Gökden özüm taşlamda,
A sen saýawan gerdiň,
Ýaňy ýagyp başlamda.

Daga döndüm adyňy,
Tutmak üçi...
Täzelikler » Goşgular - 03.04.2023

ŞERT ýa-da ŞERTLI ÄHT

Bolýa-da,
Onda bary-ýogy birje sekuntlyk,
Zeminiň üstünde hereket galsyn,
Onsoň men goýaýyn seni söýmämi,
Onsoň men hiç haçan seni söýmäýin!

Goý, bir sekunt, ho-ol, bulutlar ýüzmesin,
Howa-da süýşmesin, aýlanmasyn Ýer.
Goý, bir sekunt öýkenlermiz süzmesin,
Goý, bir sekunt munda aýňalmasyn ýel.

Bikarar şemal-a asl-a bo...
Täzelikler » Goşgular - 31.03.2023

JELLAT GÖZLÄ

Ýaradanyň özgeleri kemsidip,
Bir saňa bagş eden gara gözleri,
Seredende gözlerime geňsi edip,
Sözledim men, şahyr bolup sözledim.

Seň nazarňa erär ýag deý daşlaram,
Seň nazarňa gerler ýaý deý gaşlamam,
Reňki öçüp, gyrylmaýar saçlamam,
Çözleseň sen, Tahyr bolup çözleseň.

Seň owadan gözleriňden haýykýan,
Olar maňa bir zatlara aý...
Täzelikler » Goşgular - 29.03.2023

TÄSIN DÜÝŞDEN SOŇ

Şu gün oýanamdan täsin oýandym,
Ýylgyryp oýandym,
garaz, bir zada.
Bolşumdan düýrügip, ilk-ä uýaldym,
Ile çykmaga-da gorkdum birbada.

Hiç zat ýok ýerden, göz öňňe gelýä,
Meniň gözlerimden, meniň sesimden.
Syçrap-syçrap gidýär üýtgeşik gülki,
Üýtgeşik, üýşmejik-üýşmejik gülki.

Onuň syçran ýeri ýylpyldapjykgyn,
Lowur...
Täzelikler » Goşgular - 27.03.2023


1 2 3 4 5 6 »