Результаты 1-17 из 17 по запросу Mämmetnazar Babanazarow

"GÜNEŞ BILEN ÝAZDAN DÖRÄN..."

Güneş bilen ýazdan dörän,
Arasynda ýürek erän,
Depesini şugla bürän,
Bagym, ömrüñ uzak bolsun!

Oglanlykda yşga dözen,
Aýralyga-gyşga dözen,
Ýada düşüp köñli bozan,
"Çagym" ömrüñ uzak bolsun!

Gülende gülki ýaraşan,
Sulhuma sulhy ýaraşan,
Gijeler ýatman garaşan,
Ýa...
Täzelikler » Goşgular - 21.03.2023

DURMUŞ

Daň atandan syldym seni ýüzüme,
Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan!
Şükürlikden ýaş aýlandy gözüme,
Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan!

Sag-aman oýandym, başym gökdedir,
Baş gara bolsa-da, gözüm akdadyr.
Ýurdum barka «bilmen» nedir, «ýok» nedir,
Essalawmaleýkim, eý, ýagty jahan!

Gül meňzini görseň bolmaz howsa...
Täzelikler » Goşgular - 26.10.2022

GÜÝZ

Sary meňzi ýar roýuna kybap güýz,
Zer jähekli donuň geýip geldiňmi!
Ikimizem ýagşylyk diýp kebap, güýz,
Ýaz ilimi göreý diýip geldiňmi!

Aýlanaýyn oýa batyp durşuňa,
Tylla zülpüň egne atyp durşuňa,
Zer çaýyplar paýhas diýen gurşuna,
Çasly gülkülerňi goýup geldiňmi!

Bu dünýede gaýyk kimin yrandym,
Gahar etdim, ýuwaşadym, ynandym,
Seniň tämizligiň peýmanym-antym,
Ýa meni halymy duýup geldiňmi!...
Täzelikler » Goşgular - 11.09.2022

KÖNE BAG

Köne bag. Günortan. Düşledik ine,
Gelipdiris munda ýolumyz düşüp.
Bu ýerde artyk söz gelenok dile,
Bolanok hiç zady özüñden goşup.

Egni gysyk agaç, agymtyl asman,
Bezeg ýok. Hemme zat öz bolşy ýaly.
Agaçlar miwe-de getirmändir kän,
Özlerine mähir az bolşy ýaly.

Ozal şaglap çykanynda öñünden,
Sending syrdaş diýen, miwesin dadan.
Bu gün bolsa geçip gidýäñ deñinden,
Seniñ şu bolşuñ dürsmüd...
Täzelikler » Goşgular - 09.05.2022

DEGMÄŇ GYZYŇ GÖWNÜNE

Saýrasa taý guşlara,
Ynjany-da aýandyr.
Enä meňzeş gussada.
Gamlananda uýaňdyr.

Iliň-günüň toýunda,
Çyzgalandyr bilegi.
Ak gündizler küýünde,
Mähribanlyk dilegi.

Ýazlara telwas etse,
Edepsizdir çaklama.
Güldür ol, şemal össe,
Enesine ýaplanar.

Gyz bolsa öz ýoluna,
Enä ýakyn diýiler.
Ýöne ataň halyna
Oguldan öň gyýylar.

Daşarda g...
Täzelikler » Goşgular - 28.10.2021

KÖNE BAG

Köne bag. Günortan. Düşledik ine,
Gelipdiris munda ýolumyz düşüp.
Bu ýerde artyk söz gelenok dile,
Bolanok hiç zady özüñden goşup.

Egni gysyk agaç, agymtyl asman,
Bezeg ýok. Hemme zat öz bolşy ýaly.
Agaçlar miwe-de getirmändir kän,
Özlerine mähir az bolşy ýaly.

Ozal şaglap çykanyñda öñünden,
Sendiñ syrdaş diýen, miwesin dadan.
Bu gün bolsa geçip gidýäñ deñinden,
Seniñ şu bolşuñ dürsmüdi...
Täzelikler » Goşgular - 15.07.2021

MERT KIŞINIÑ ÖWÜDI

Ýalňyşmaýan adam bolmaz, elbetde,
Ýogsa seni terk edibem giderdim.
Şöhlesi gyýtajyk, peltesi ketde,
Namardyň ýanyna nämüçin bardyň.

Zelil göwnüň ter dälmidi ýuwadan,
Şeýle agyrmydy çekmeli derdiň.
Seniň ýüzüň asman ýaly owadan,
Namardyň ýanyna nämüçin bardyň.

Bir gat hamy ýanyp gitse ýüzüňden,
Ony gabyk ýaly bolmaýar ardyp.
Özüň çykan ahyr türkmen düzünden,
Namardyň ýanyna nämü...

Täzelikler » Goşgular - 11.07.2020

TOÝ DILÄP DURSUN!

Il-günümiň ak bagtyna şärikdir,
Dutaryň törüňde toý diläp dursun!
Ýüz müň ýyllap akyp ýatan arykdyr,
Dutaryň törüňde toý diläp dursun!

Syrdaşyňdyr, gardaş kimin söýäñdir,
Älem içre ýagşylygy ýaýandyr,
"Adam ogly bagtly ýaşa" diýendir,
Dutaryň törüňde toý diläp dursyn!

Neberäňe alkyş aýdyp, jan çekip,
Halal asla damar çekip, gan çekip,
Säherler gelende ýüze şal çekip,
Dutaryň tö...
Täzelikler » Goşgular - 06.12.2019

BEGRES DONY GÜN TYGYNA ÝYRTYLAN...

Oglan gözlerimi söýen günleriň
Bugdaý kimin seçelenip galypdyr.
Mensiz otly köýnek geýen günleriň
Meniň üçin ötülmesiz ýazykdyr.
Bu uly ýalňyşym — ýürekde közüm,
Tapylmaz ýitgimdir, bagrymy dilen.
Ah, ýöne göwün-dä, galyp bir özüm,
Gidýärin sergezdan gözlegim bilen.
Begres dony Gün tygyna ýyrtylan
Baglarda galypdyr intizarlygym.
Ýaz paslymy bu meýdana örtülen,
Ýa-da seniň ...
Täzelikler » Goşgular - 27.10.2019

YNJAMA

Giç gelen ýaz ýaly, eý, gara gözlim,
Meni gözlän gözleriñden ynjama.
Uludan dem alyp, göwnüñi ýykman,
Saña aýdan sözlerimden ynjama.

Bir söýen kalbyñdan geçip gitme kyn,
Köñülden-köñüle göçüp gitme kyn,
Bolsa-da, pyşyrdap aýtmaga ýakyn,
Eşitmedik sözleriñden ynjama.

Şol gün ýaprak ýagdy, saralyp ýagdy,
Şemala şahalar başyny egdi.
Saña heser bilen bakmaly wagty,
Gabak örten gözleriñden ynj...
Täzelikler » Goşgular - 12.06.2019

BAGTLY GEZ!

Bu hoşwagt günleriň solmasyn ýüzi,
Şadyýan gez, nowjuwan gez, bagtly gez!
Dilsypat gybatyñ gülmesin gözi,
Şadyýan gez, nowjuwan gez, bagtly gez!

Şuglasyna gara baglar daranan,
Dolmuş Aý ýaşanda yzyn garanar,
Owurt suw derýadyr suwsap barana,
Şadyýan gez, nowjuwan gez, bagtly gez!

Ruhdan düşãýmãnkãm duşan gözlegim,
Üýtgemesin seniň pamyk gõzleriň,
Hasratdan aýanym, gussa dõzmezim,
Şad...
Täzelikler » Goşgular - 11.05.2019

NAMYS

Ýaradan tebigat haýrandy oña,
Gañraw gûlki alkymynda gaýnardy.
Meñzeşdi dünýäniñ terligne-daña,
Kelleleri bahar bolup aÿlardy.

Asmandaky mukaddes Aý, aşyk Aÿ,
Aýagnyñ ýanyna gaçjak ýalydy.
Gam gonmazdy gülüp duran gaşyna,
Oýnuny çyn bilip berjek janyñy.

Köpler bildi nämedigni köýmäniñ,
Garyp göwünlerde armandy, zardy.
Ine, birden ýaz gününiñ öýläni,
Gözelligi bir bogusyz it ýardy.
...
Täzelikler » Goşgular - 30.03.2019

GYZ HATY

Men saňa ynandym halu-syrymny,
Göwnüni nur basan gerçekdir diýip,
Güýz gussasy tutanynda serimni,
Nämälim alysdan geljekdir diýip.

Sen agaryp gelýän aladaňdanym,
Men bir göç, göçmäge nesibi çeken.
Ýyllary ýaglyk deý başa daňýaryn,
Ýöne olar kem-kem agralýar eken.

Ýok, diýmerin ýyllar göwnüm galdyrdy,
Biz ýöne kän mahal bilmedik görşüp,
Nämüçindir damagymy doldurdy
Solan ýapraklaryň sowr...
Täzelikler » Goşgular - 28.03.2019

Мамматназар Бобоназаров (1957)

Мамматназар Бобоназаров (Mämmetnazar Babanazarow) ҳозирги замон туркман шеъриятининг ўрта бўғинига мансуб. У 1957 йили Тошўғуз вилоятининг Илонли туманида туғилган. Ашхабод давлат университетининг журналистика факултетини тамомлаган. Бир оз муддат “Адабиёт ва сунгат” (“Адабиёт ва санъат”) ҳафтаномасида хизмат қилди.
Айни вақтда “Ташўғўз хабарлари” рўзномасида ишламоқда.
Мамматназарнинг шеърлари нафис лиризм...

Täzelikler » Goşgular - 06.01.2019

TÜRKMEN ÇYNARY

Başy göge ýeten, türkmen çynary,
Owal aslyñ toprak bilen nurdandyr.
Señ baryñda bolmaz köñlüñ gubary,
Ýalkawlaryñ keramatdan-zordandyr.

Türkmen köñli "men-menlige" hekem däl,
Ýöne kişä boýun burup bakan däl.
Küle öwrülse-de, küle çöken däl,
Ömür örküñ namysdandyr-ardandyr.

Ýürek rahatdyr, sen bolsañ esen,
Howalañy görse, şer yza teser.
Ýapragyñda damja gördüm, bu heser,
Meger, tam...
Täzelikler » Goşgular - 28.08.2018

ÝARYMA ÇENLI

Nazarlar kaknyşyp, büdürän gözel,
Ýetdi sabrym ýigrimi birime çenli.
Agşam gursagyma sygmady gazal,
Orta goýdum ýog-u baryma çenli.

Ýeser alartsaň-da humaý gözüňi,
Göreçleriň aldamady gözümi.
Düýnki saňa diýen “A gyz” sözümi,
Kem-kem üýtgederin “ýaryma” çenli.

Iki ädim aramyzyň gerimi,
Iş bolýar şonda-da sylmak derimi,
Bir gün sandyraýan barmaklarymy,
Elterin şol goşa örüme çenli. <...
Täzelikler » Goşgular - 17.08.2018

ÝEÑLES AÝDYMLAR

Bu ýeňles aýdymlar kalby suwarmaz,
Ornaşardan has edepli jahanda.
Olar daýhan bilen ak bugdaý ormaz,
Köşeşdirmez şowsuzlyklar ýakanda.

Sörtük deý ýakymsyz hem göwnüýarym
Aýdymdan guş sesi ýakyndyr köňle.
Aýdymçy, men saňa ynanmaýaryn,
Goý, sen zarynlaber, söýýän diý, iňle.

Seleňligi, rahatlygy söýüne,
Togap edip tolkunşyny maýsanyň,
Agşam dolanamda toý dek öýüme
Ýeňles aýdym däld...
Täzelikler » Goşgular - 11.07.2018