Результаты 1-12 из 12 по запросу Mak Gahan
RUSSIÝA WE ANGLIÝA AZIÝADA
Men şu wagta çenli Russiýanyñ Hywa hanlygyna garşy näme sebäpli urşandygyny size gürrüñ bermedim. Onuñ sebäplerini iki agyz sözde hem düşündirip bolar. Birinjiden-ä, hywalylar ruslaryñ 21 sanysyny ýesir alyp, gul hökmünde saklaýardylar. Olar diñe ýöriş başlanmazynyñ öñüsyrasy boşadyldy. Ikinjiden bolsa, hywalylar rus täjirleriniñ kerwenlerini häli-şindi talaýardylar. Hywa hany ýa-ha öz raýatynyñ adamlaryna päsgel bermek islänokdy, ýa-da olara onuñ hökmi ýö... |
HARBY TÖLEG
Ýomutlar düýbünden derbi-dagyn edilip, olaryñ köp sanly mallary olja alyndy. Gyşa niýetläp basyp goýan bugdaýlary, azyk önümleri ýok edildi. Ýaşaýan obalarynyñ ýerinde bolsa diñe kül üýşmekleri galdy. Ýörişiñ dowamynda obalaryna dolanmagy we boýun egmegi hyýallaryna-da getiemezlikleri olaryñ tekepbir ruhunyñ mizemändigini görkezýärdi. Olar tä Kaufman Buharanyñ üsti bilen Daşkende tarap ýola düşýänça birnäçe hepde çölüñ içinde entäp, itiñ gününi gördüler. Men Ýewropa ugra... |
KOWGY
Biz ertesi ir bilen ýörişi dowam etdik. Tiz wagtdanam gaçyp barýanlaryñ galdyryp giden zatlary duşup başlady. Ýoluñ ugrunda howlukmaç taşlanyp gidilen üsti ýükli arabalar durdy. Eýeleriniñ yzyna eýgermedik sygyrdyr göleler molaşýardy. Çatmanyñ içinde öldüriljek pursadyna gorky bilen garaşyp oturan, diñe süñk bilen ham bolup galan kempir, hasasyna söýenip durşuna bürgüdiñki ýaly gözleri bilen bizi synlaýan sandan galan garry görünýärdi.Golowaçýow türkmenleriñ yzyndan ýetmäge, b... |
YZ ÇALYŞ
Ýylanlyda özbekler ýaşaýar. Olar bilen bolsa biziñ hiç hili duşmançylygymyz ýok. Ýöne şeýle-de bolsa özbekler gaharly ýüzümize, Golowaçýowyñ gana boýalan eşigine, boýnundan asylan ýaraly eline gorky bilen seredýärdiler. Biz şähere girmän, onuñ diwarlaryny syryp, demirgazyk günbatara tarap ýörişimizi dowam etdirdik. Ýarym sagat geçip gitmänkä-de çöllügiñ gyrasyndan girdik. Biz çöllügiñ etegindäki kä çägelige, kä düz ýere düşýän egrem-bugram ýol bilen gidip barşymyza, çak edi... |
SÖWEŞDEN SOÑ
Meniñ golaýymda 2-3 sany öli we 3-4 sany ýaraly rus esgeri ýatyr. Azajyk añyrrakda döşünden parran geçen okdan wepat bolan polkownik Ýesipow Georgiý lentasyny boýap, topragy gujaklapdyr. Men onuñ bilen söweşiñ öñ ýanynda, ýagny ýarym sagat mundan öñ salamlaşypdym. Onuñ sowan meýdi inimi düýrükdirdi. Men general Golowaçýowyñ niresinden ýaralananyny bilmek maksady bilen onuñ baýdagy pasyrdap duran ýere ugradym. Ol gara gana boýalan ak eşiklidi. Onuñ gylyçdan ýara düşen el... |
GARPYŞYK
Biziñ dynç alyp ýatyşymyza gün öýläne sandy. Gün gijigip ugranda general Golowaçýow türkmenleriñ özlerine gaçybatalga tapan ýerleri baradaky maglumatlary ýygnap, indiki hüjüme taýýarlyk görüp başlady. Garañky gatlyşansoñ, oduñ başyna ýygnanan esgerleriñ arasyna 5-6 mil aralykdaky türkmenleriñ üstüne dañyñ alagarañkysynda hüjüm edilip, olaryñ üstüni gapyllykda basjakdygymyz barada hyşy-wyşy gürrüñler ýaýrap ugrady. Ol gürrüñleriñ çynlygy agşam sagat 10-laryñ töweregi hüjüm e... |
BÖWŞEÑLIK
Geçen günki tutluşyk türkmenleriñ uruşmagy başarýandygynyñ subutnamasy boldy. Eger olar başlaýyşlary ýaly dowam eden bolsalar, onda olaryñ uly üstünlik gazanaýmaklaram mümkindi. Biz türkmenlere kembaha garaýandygymyza kemsiz düşündik. Olar göwniýetmezçilik edilýän duşmanlaryñ hilinden däldi. Biz ertesi günem berkitmede çöp başyny galdyrman ýatdyk. Bu günem bizi azyk bilen özbekler üpjün etdi. Türkmenlere garşy örän gazaply daraýan mahalymyz olaryñ ruslaryñ göwnüni görjek b... |
TUTLUŞYK
Türkmenleriñ bulam-bujar hatarlar bilen atlaryny maýdalyna goýberip gelişleri söweşmäge däl-de razwedka gelýän ýalydylar. Olaryñ bizi görmeýän bolmagam mümkindi. Sebäbi biziñ öñümizi tä Ýylanly şäherine çenli uzalyp gidýän baglyk gabalap durdy. Türkmenler bolsa çöl tarapdan gelýärdiler. Olary garşy almak üçin atly goşuna taýýar bolmaga buýruk berlip, onuñ ýanyna pyýada goşunyñ iki rotasy berkidildi. General Golowaçýow öz adamlary bilen kiçeñräk depäniñ üstüne çykyp, wakalar... |
URUŞ SAHNASY:
Ertesi günem öñümizden çykan ähli zady ýykyp, ýakyp-ýandyryp ýörmegimizi dowam etdirdik. Biziñ yzymyzda ýomutlaryñ üç mile golaý giñişlikdäki ýerleriniñ köräp duran külünden başga zat galanokdy. Men ýakyş operasiýasyna has ýakyndan syn etmek maksady bilen ýoluñ sag tarapyndaky zatlaryñ ählisini ýakmaga buýruk alan şazada Ýewgeniniñ ýanyndan atymu sürüp barýardym. Onuñ bu işe höwes bilen topulmaýanam bolsa, berlen buýrugy birkemsiz ýerine ýetirýärdi. Buýruk ýakymsyzdy, ... |
GYRLYŞYK
Duşmanyñ yzyndan kowmak üçin kazaklaryñ 600 atlysy saýlanyp alyndy. Men olaryñ arasynda aýlanyp ýörşüme şazada Ýewgeniý bilen ýüzbe-ýüz boldum. Ol meniñ bilen mylaýym salamlaşdy-da, öñdäki çaknyşygy synlamagym amatly bolar ýaly öz atlylarynyñ arasyndan ýer berdi. Ýöriş etmäge buýruk berlen badyna biz atymyzyñ başyny çöllüge tarap öwürdik. Biz 10 minut çemesi salymdan gaçgaklary ilki gezek gören depämiziñ üstünde häzir bolduk. Olar biziñ bir mil öñümizden başga bir depeden a... |
ÝALYN WE GYLYÇ
Kaufmanyñ ýok etmek isleýän ýomutlary Hywa hanlygyndaky türkmenleriñ iñ güýçli we iñ köp adamly tiresi. Olar 11.000 öýli bolup, hanlykdaky beýleki türkmen tireleriniñ adam sanyna deñdir. Hywa syndyrylandan bäş hepde soñ, ýagny 19-njy iýulda general-maýor Golowaçýowyñ ýolbaşçylygy astynda pyýada goşunyñ sekiz rotasy, kazaklaryñ 800 atlysy, 10 top, iki mitralýeza bilen ýaraglanan raketaçylar batareýasy Hywadan çykyp, ýomutlaryñ ýurdy bolan Gazawada tarap ýola düşdi.... ... |
▶ GAZAWAT URŞY
Mak Gahan - "Nýu Ýork Gerald" atly amerikan gazetiniñ habarçysy. Ol ruslaryñ 1873-nji ýyldaky Orta Aziýa eden ýörişine gatnaşypdyr. Ýörişiñ dowamynda gören zatlaryny ol 1874-nji ýylda iñlis dilinde neşir edilen "Oguzlaryñ üstüne ýöriş we Hywanyñ syndyrylmagy" atly kitabynda beýan edipdir. Sizde uly gyzyklanma döretjekdigini tama edip, şol kitapdan bölekleri dykgatyñyza hödürleýäris. • TÜRKMENLER Türkmenler Orta Aziýanyñ iñ ederm... |