DIL AGYRYSY
![]() ....Sary don geýinen agras güýz paslynyň öz ornuny aňzakly gyşa boşadyp bermäge taýýarlanýan günleriniň biridi. Goja tebigat dolylygyna sowuklyga bürenmesede uzynly-gysgaly öwüsýän şemal sowuk dili bilen ýaňaklaryňdan ýalap, gulaklaryňa golaý gelip göýäki gyşyň golaýlap gelýänligi hakynda çawuş çakýan ýalydy. Bu günem Maral adatdakysy ýaly umumyýaşaýyş jaýyndan çykdy-... |
ÝALAN DÜNÝE
Sekuntlardan ýüki ýetip minutlaň, Sagat güne, günler aýa aýlanyp, Sagatsaýyn derdi artýan bu başym Barýan ýaly oglanlykdan saýlanyp. Çekilýän çilim deý kemelip badym, Arzuwlar sowrulýan tüsse mysaly. Baglanmaga umyt tapmadyk söýgim, Elin salgap ötägidäýen borly. Bagty bolsun kime baran bolsa-da, Birwagtlar bagtym diýip bakanym. Duýdum, direg däl ekenim dünýäde, Olam görki däl ekeni j... |
ORAZGULY ANNAÝEW: “ÝAŞLAR ÝAZSA, BIZEM OKASAK, HAÝRAN GALSAK…”
….ýa-da uly ynam barada kiçiräk söhbet… ![]() Öňümde ak kagyz−päklik nusgasy, Ýaşalmadyk ömri ýaly ynsanyň. El degirer ýaly, ýazar ýaly däl, Kir-kimirsiz bolaýmasa ynsabyň. Galam bilen kagyz özüni şahyr hasaplaýa... |
ENE Ýok, aslynda ýer ýumrulyp, zamanaňam ahyry gelenok. Tersine, töweregiňe seretseň-ä, öňegidişliklerem bar. Hon-ha ezenegi agyp otyran gök hüjre dükanjyga derek, daşy mermerli- zatly kaşaň kiçi bazar emele geldi. Ýollaryň ýyrtygy ýamaldy, hakyt ýuwup ütüklendi diýseňem boljak. Garasaý, gowy diýmäge esas ýok däl. Aýjemal üçin bolsa beýle däl. Onuň üçin dünýe ýumurlyp, zamanaňam ahyry geldi. Ol häzir özini bu zamana degişli bolmadyk ejirlerdir ezýetleriň içinde duýýar. Ärden aýrylan-a... |
SAPBY “KEPDERI” Adam her hili ýagdaýa düşse, düşäýýän ekeni, ýogsa menem-ä toý-märeke goýman tükelläp ýörenlerden däl, setanda-seýranda bir säwlik bilen işden sypynan wagtyma gabat geläýmese. Yakyn garyndaşlarymyň toý-tomgusyna görünmegem maňa hyllalla. Şol gezek welin, bagtym işläp ýatymlaýyn oba toýa gitmäge wagt tapaýdym. Öýlenýänem−Begenç, öňki işdeş, gowy gatnaşýan oglanymyz. Bizi gaty oňat garşy aldylar. Işlän döwrinde Begenjiň ýanyna häli-şindi gelip gidýän ob... |
Знаёмцеся: Туркменскі празаік Мердан Баядаў |
SEN ŞOLMUDYÑ?!.
Men "Sen" diýip, Ýerden üzdüm aýagmy, Gör, "Sen" diýip, telwas etdim göge men. Geldim, bir bilbilem, şeýdaýy göwnüm, Gül küýsedi Aý üstünde gögeren. Söz ýok! Sözlüge sygmadym indi! Bak, baryny aýan eder didelem. Ahyrsoňy şa gyzyny aparýan Gadym ertekileň garyp ýigdi men. Men gedaý göwnüňe wysal dälmidim, Hanlaryň tamasyn tala daňmyşam. Bitaýam, binesip bolup gämiden, Nuhuň... |
ARZUW – Özüm ýakynda öýlenemsoň, täze goş-da. Özüň bilýäň, şu, rozgäre gerekmejek zat ýok, ine, şeýdip, irden-agşama çenli gan-garader işlämizde-de, zordan ýetirinýäs. Toýuň bergisindenem entägem çykamyzok. Aý, hudaý bardyr, janymyz sag bolsa, çykar gideris, esasysy jan saglyk, şeýle dälmi, agam? |
Ýalňyşlarym söýmedigiň ugrunda
Nähak ýere ýanyp bişip köýmegim. Ýalňyşlarym, oňa sensiz ýeketäk Ýaşaýyşy başaramok diýmegim. Ýalňyşlarym diňe şony eý görip Hemmelerden artyk hormat goýmagym Ýalňyşlarym gowylaryň dünýäde Kändigini indi-indi duýmagym. Ýalňyşlarym namartlaryň öňinde Ýerliksiz ýalbaryp dyza çökmegim Ýalňyşlarym doň ýürekleň ýanynda Ejizläp käteler gözýaş dökmegim. Ýalňyşlarym biljek... |
SADAP
Gyzymyň äberäý diyip tutyp duran gurjagyny görip meniň inim tikenekläp gitdi, - Ýok gyzym seret hol ullakan hem owadan eken, men ol gurjagy satyn almaga däl, gyzymyň görip durmagynam islämokdym. Ýöne nätjek çaga-çagada, bir depen ýerini depip dur, kejir. Näme etseňem bolarly däl. Bolmady almaly boldym. Gyzymyň elinden tutyp gelişime gök gözli gurjagyň meni tisgindiren taryhyny jikme-jik aklymdan geçirdim. * * * Şo habary ilki ejem ta... |
ILJAN BILEN SURATA DÜŞENLER
(Hekaýa) Şol döwür men dördünji synpdymmykam, ýa bäşinji synp?! Anyk ýadymda däl, ýöne üçinji synp däldigim-ä magat bilýän. Sebäbi biziň mekdebimizde ol wagtlar sentýabyryň birine okuw başlaýardy-da, 4-5 gün geçibem, dördünji synp we ondan ýokarylaryň okuwy pagta ýygymy sebäpli ýatyrylýardy. Onsaň tä gyşyň garasy görünýänçä pagta bilen başagaý bolup ýörensiň. Hat-da etrap merkezindäki bazar hem gündiz bolmazdy. Halkyň gaty zerur haraja... |