PARH
Agydan agynyň, gülküden gülkiň Ýer bilen gök ýaly tapawudy bar. Tändi sary ýaprak paýawlap ömrün, “Namut galdym” diýip, şemal aglaýar. Ýene gyt däl bagryn ezip aglanlar, Tutuş baglyk hesret çekýär aslynda. Ýöne boşan şahaň – natuwan enäň, Bir özi maýryldy gamyň astynda. |
TEBIGATA
Talap hazynañy, çürtüp sonaryñ, Saña ýagyñ gözi bilen esedip, Kast eden kişinem it-guşa bermän Goýnuñda duwlaýañ haram jesedin. Erniñ parawuzly, agzyñ jähekli, Uýadyñ ýitirmän, syrman ýaşmagyñ, Daş bilen urany aş bilen urup Ýaşap ýörsüñ, ownuklykdan daşda sen. * * * Şeýtana ders beren garry dünýede, Kimse malyñ, kim mertebäñ gedasy Guýruk bulan gaýyñ, ýyly ketekde, Gurdyñ o... |
DOKUZY DÜZÜWLIK
Bolsa ýagty, ýyly, yzgar, Iýmit hem tenekar howa. Biýarañ murty talawlap, Asman sary bolar rowan. Göbegi pugta düwülse, Kalby bolmasa binowa. Ynsaby täretli bolsa, Äre kär etmez bet doga. Gözden görünýän gül göwne Tagzym eder çal saç zemin. Başy belent, mert gelinler Mukaddesdir Gurhan kimin. "Aýnaman bilse dok güni", Kethudasy adyl bolsa, Göwnüm, kör b... |
TOPRAGYM
Ýedi gapyň ýalyn iýip, Ýele berip ynamlaryň, Bu ýalynýan güjüklerňe Ynanmagyn, ynanmagyn. Düýn-ä ygyp şemal ugra, Bu gün yza dolananlar – Bir biwatan peşmekdirler, Hiç wagt daşyň dolamazlar. Nämähremleň depgisinden, Käbäm, ömür gerşiň ýagyr. Munda saňa ýülünme ýok, Seňki agyr, seňki agyr. Indem alma ýaňagyňda Diş yzyn goýup ýezidiň, Zorlanan garabagt gyz... |
"GIÇ BERILEN LÄLIK OGUL MESLIKDEN..." Giç berilen lälik ogul meslikden |
Eljiräp otyr gök arça,
Penalap keremli dagy. Diýýär: ―Bu nätdigiň, ykbal, Günüm gün däl, duran awy! Döwüşjek gara ýel bilen, Goparjak çilläň dişlerin. Ejemogla öwrüp bu dag, Gördi-le halys işlerim. Maýrylyp heňňam göçünde, Misli çöken ýükçi iner. Çara dag dillenýär birden: ―Taňrym, ýürege giňlik ber! Muhammetöwez Arrykow |
Akyly arşa ýeteniň,
Şor bagty küle çöküpdir. Namazlyk kimin düşege, Serediň, düýe çöküpdir. Bagbanyň ömrün iýen gül, Nesip edipdir bigänä. Başa täç bolmaly kişi, Öwrülip gitdi diwana. Petine gar ýagan ýurtdan, Durnalar uçdy Bagdada. Ýaranlar, ýüregim gysýar, Men kime baraýyn dada? Muhammetöwez ARRYKOW |
Balaksyz goýlan dünýäniň,
Başarsam daşyn dolaryn. Gursakda tirpildim barka Ak ynsaby apalaryn. Eräp gider nowruz gary, Kalbyň gerdini ýuwar-da. Ajaly başa çekerin, Ygrarymy ýuwudamda. Synyk göwni seýikläre Ömrüm boýy tär gözlärin. Geçi pisintden doýup men, Lebzi halal är gözlärin. Muhammetöwez Arrykow |
Agydan agynyň, gülküden gülkiň
Ýer bilen gök ýaly tapawudy bar. Tändi sary ýaprak paýawlap ömrün, ―Namut galdym‖ diýip, şemal aglaýar. Ýene gyt däl bagryn ezip aglanlar, Tutuş baglyk hesret çekýär aslynda. Ýöne boşan şahaň – natuwan enäň, Bir özi maýryldy gamyň astynda. Muhammetöwez ARRYKOW |
Bu durmuşyň lüýge dönen ýolunda,
Yükün çeke bilmän, gaçyp ysgyndan, Batyp galjak bolan ýükçi ynsaba, Iýdiripdim gamçy baryn gysganman. Başga kişiň bar getiren bagyna, Düşjek bolsa, aç duýgulam – galtaman, Alyp olaň gözleriniň oduny, Ýazgarypdym, ömür-ömür ýalkaman. ADAM adyn salman aýak astyna, Başym täji ýananlarym – tütänim. Dilegim soňky dem bolsun nokady, Hem manyly bolsun ömür kitabym! ... |
Ýedi gapyň ýalyn iýip,
Ýele berip ynamlaryň, Bu ýalynýan güjüklerňe Ynanmagyn, ynanmagyn. Düýn-ä ygyp şemal ugra, Bu gün yza dolananlar – Bir biwatan peşmekdirler, Hiç wagt daşyň dolamazlar. Nämähremleň depgisinden, Käbäm, ömür gerşiň ýagyr. Munda saňa ýülünme ýok, Seňki agyr, seňki agyr. Indem alma ýaňagyňda Diş yzyn goýup ýezidiň, Zorlanan garabagt gyz deý, Zyňyp gitjekler... |
– Meň öňümde gyradeň
Şalar bilen gedalar, Hem ähli pir-müritler – Görden gelýär sedalar. – Indi men dowzahymy, Günähim näme, Taňrym? Gezdim namaz-täretli, Nowruz gary deý aňrym. – Ynsabyň bitäretdi, Ynanjyň ganyňda däl. Mydam üns sadakasyn, Sorap gezdiň, eý, betpäl. Ol ýaýlalaň arymsy, Bozlugy saňa ýatdy. Dideleň biri gülüp, Mydam biri aglapdy. Hemişe netiň-päli... |
Itler üýrer, geçer kerwen,
Düwünler berkdir göbekde. Itler düýä ―haýt diýmezler, Başarsa dişlär söbükden Dünýäň set müň belasyndan Yns-jynsy penalan daglar Ahyr bir gün gadyr bilmez Ýezidem goranna aglar. Yňkyn çykarman jan berer, Ömür saýylmadyk goçlar. Ak saply aýdar kimdigin Sürä han bolan erkeçleň. Lebzin iman saýanlaryň Ir-giç bagry bolar pide. Mesirgän gelin dek dünýe ... |
Köşek gözden ot çykaryp,
Daşdan ýondular gözeli. Tüýdüp-tüýdüp gara bagry, Ýazdylar beýik gazaly. Köşk bezäre dür tapdylar, Gabryn dörüp gadym şalaň. Gendeler kanagat tapdy, Gül göwüne salyp talaň. Kent ýumuryp, siller gelýär, Sähra ömür paýlamaga. Perzent inýä bu ýalança, Pederini jaýlamaga... Muhammetöwez ARRYKOW |
“Toýuny bezäp namardyň,
Ýanmak çemene galýandyr”. B.Jütdiýew. Bereket basan deräni Peleňi, şiri bezäpdir. Buzgunç ysly şamar saçy Ýassygyň ýary bezäpdir. Ýamanyň toýuny ýanyp, Gülleriň şasy bezäpdir. Içurnuk bolup aglanlar Şar gara ýasy bezäpdir. Gamgyn güýzleriň jemalyn Solaksy sary bezäpdir. Sonar göwün jepakeşler, Bir daban göri bezäpdir. Boz t... |
Daglardan galar beýiklik,
Kitüw galar kel depeden. Tohumy haram eýikmez, Gargyş alar kelpezeden. Çyrpynyp gaýdan bulaklar, Un üweder degirmene. Äri garradar gulakdan, Güni galsa degimsize. Ak ýagyşlar geçer gider, Zemin üstün büräp güle. Garga ýazdan etse heder, Dünýe topukdan bilbile. Gider dertden aýňalmadyk, Ýaka ýyrtyp, tapman derman. Melhem otlar – tanalmadyk Aglap gala... |
"SALAM BERDIM AK GÖWÜNDEN..." Salam berdim ak göwünden, |
GOÇ URŞY
Gara goçlar gazap donun geýipdir, (Janyňdan irmeseň barma golundan). Jygar şahly gara başlar ýarylar, Alys olar dünýäň mekir-alyndan. Dag dek sowal dur ortada keserip, Ýa geziber gulaklaryň salla-da. (Gara garnyň gözemäge çöp gyt däl. Eçilipdir bu ýyl kadyr Alla-da). Owsunyp dur «dilber» maňyň höwesi Aznawur ajalyň halkalarynda. – Ýa Biribar, bir pursatlyk medet ber, Ýa öleýin, ýa bir ý... |
ADAM AGA At göçümden iripdirin, Telpek geýýän gatan başa, Ökdeläpsiň ilki urup, Ömrüň jyzlan – dünýe tutjak, |