Результаты 1-10 из 10 по запросу Muhammetguly Atabaýew

TÜRKMEN HALKYNA

Şu gün bizleriñ her tüýsli uly baýramymyz we ýagşy günlerimiz bolsa, şo günden beter bir ýagşy gündür. Bizleriñ borjumyzdyr ke, ýagşy ýürek bilen doga etmek bilen biziñ, okuwsyz, aam türkmenleriñ, gözüni açmak pikiri bilen biziñ dilimizde gazet çykargan adamlarga. Olarga biz, türkmenler, üýşüp ýagşy Tañry ýalkasyn bermek borjumyzdyr. Hudaýa şükür, biz hem bir millet hataryna goşuldyk.Hemme milletler arasynda gazet çykýandyr. Emma türkmenler aralarynda bilýän (bolmaly...

TÄZE ÇYKAN TÜRKMEN OKUWY

Şagadamda gamgyn bolup oturan wagtym maña gürrüñ berdiler: ''Çelekende ýomutlar aralarynda 60-dan köpräk gyz we gelinler täze okuw düzgüni bilen okap, hat ýazmakny we pozmakny ögrenýäler'' diýip. Gam-gussa ýadymdan çykyp, ýüregim para-para açylyp, derýanyñ ortasyga, Çelekene gitmäge howlukma başladym. Gelip görsem, dogrudan hem şeýle eken. Täze ýazuw düzgüni bilen Çeleken obasynda türkmenler arasynda mekdep açypdyrlar we ol açylan mekdepde 7 ýaşyndaky gyzlar...

TÄZE OKUW DÜZGÜNI

Her söz geplenende, agyzdan owaz çykar. Şo owazga görä hat hem ýazylar. ''Elip'', ''biý'' musulman harplarynyñ atlarydyr. Emma okulgan wagtyda başga jüre atlanur. Meselem, Atabaý adyda ilki owazy ''a'' eşidilse, onsoñ ''t'', onsoñ ýene ''a'', ýene ''b'', ýene ''a'', ýene ''ý'', eşidilişine görä hem okaýalar we ýazýalar. Oglanlary ilki okuwga salanda, ''elip'', ''biý'' adyny bermeli däldir. Näjüre owazda harplar gelse, şo(ña) görä hem harplarga at berip, oglanlarga ...

HEMME IŞLERDE TÜRKMENLER BAŞGA MILLETDEN GAÝRADYR

Men köp pikirler çekdim, biziñ türkmenler arasynda näme iş bardyr ke, ökde we öñde bolsun başga milletlerden diýip. Şu jüre ökde we öñde hiç bir iş tapabilmedim. Adamlar, eger bilseñiz we men ýañlyş diýsem, aýdyñ. Ýañlyşmaz hiç bir iş etmedik adam. Hudaý Tagaladan başga ynsan ýañlyşar. Meniñ köýlümge her bir işlerimiz başga milletlerden gaýra we asgyndyr. Gözümge hiç bir işlerimiz iliñkiçe görünmiýä. Köp gözlerimni açyp turar (?) gar...

OKUW WE TÜRKMEN MEKDEPLERI

Hudaý Tagala dünýäni ýaradandan bäri okuw, ylym, emel we jüre işler gün-günden ileri gidýändir. Her bir işler bir duran ýerinde durman üýtgeşilýändir.
Hemme dünýädäki milletler bir-birinden bilmedik hünär w ylymlaryny ögrenip we ýetmedik zatlaryny ýetirip, her bir işlerde bir-birlerinden ökde we öñe düşmek pikirindedirler. Emma biziñ türkmenler pikir etmekni ýagşy görmezler we aýdarlar ke: ''Ertirligi tapan agşam pikirini etse haramdyr'' diýip. Özüm...

KÖP HELEÝLILERIÑ BAGTY BOLARMY?

Öz şerigat işlerini bilmezlik we şu jüre aamlyk köp ýaman bolur, ol sebäpden ke, meniñ ýüregim köp işlerge, köp aýal almaklyga. Hemme adamlar, ýagny ogully-gyzly we akylly ýerinde aýally adamlar hem mestliklerine çydaman alsa bolurmy ýa-da bolmany perzentsiz adam alsa bolurmy? Ne ederem ke, mollalaryñ birisi maña rehmi gelip, şu sowallaryma jogap berer diýip.
Nakyl ederler ke, bir ulama işan ahunyñ iki aýaly barmyş. Mezgur ulama iki aýalyny hem...

GEÝILÝÄN GEÝIMLER TÜRKMENLER ARASYNDA

Orus bizi almazdan owal, şu geýilýän geýimleriñ birisi hem ýokmuş, hemmesi üýtgeşik geýimdir. Emma her bir tüýsli täze geýim çykan wagtda: ''Ony geýmek dürs däldir'' diýip aýdarlar we ony geýgen adamny köp aýypladylar we aýdardylar: ''Öz dini(ñi) üýtgeşdirdi'' diýip. Weli biraz wagtdan soñra şol akmak gürrüñi çykaran adamlar ýüzüne gara çekip, utanman, eýmenmän, geýimleri(ni) ýakymly görüp geýýäler.
Ilki wagtlar kaloş, mesi geýmekni hem g...

M.ATABAÝ OGLUNYÑ ÖZI HAKYNDA IKI MAKALA

■ Muhammetguly

Nohurly Muhammetguly Atabaý ogly 1-njy mart aýynda, 1916-njy ýylda gündiz gurgun gezip ýören eken. Emma agşam bolandan soñra birnäçe Nohur adamlary bilen öýlerinde gürrüñleşip oturupdyr, soñra çaý içip. Emma ýarym gijeden bir sagat soñra Muhammetguly Atabaý ogly oturan adamlara aýdypdyr: ''Eý adamlar, meniñ inim jümşüldeýär, hezilim ýok'' diýip. Ýorgana giripdir we ýorgana girenden soñra 2-nji martda ölüpdir....

GALYÑ JÄHTINDEN, ÝAGNY YNSAN SÖWDASY TÜRKMENLER ARASYNDA

Gadym zamanda, birnäçe ýyl mundan owal baý-baýarlaryñ elinde köp gullar bolarmyş. Şol gullary eýeleri satsa satarmyş, öldürse we her zat etse, eýesiniñ ygtyýary ýetermiş we gullarynyñ hiç bir sorag-idegi bolmazmyş. Şu wagt şol zamanlary akylly adamlar ýada salyp, köp biynsaplyk diýip aýdarlar we geñ görerler. Başga milletler öz aýyplaryny bilip, geñ görseler, emma biziñ türkmenler aralarynda aýyp gün-günden beter tutaşar we aý...

TÜRKMEN AÝALLARYNYÑ ZEHINI

Köp aýallar her bir işlerde erkek adamlardan asgyn däldir. Okuwly aýallaryñ içlerinde her bir işleri her erkekden kem etmeýän köp akylly şägirtleri (?) köpdür. Aýallarymyz akylsyz bolsalar, günä özümizdendir. Ol sebäpden ke, biz olary ynsan hasap etmeýäs, okatmaýas. Elbetde, okuwsyz hiç bir iş ýola gitmez. Her bir zady işletmeseñ, poslap, çüýräp, zaýa bolup gider. Zehin hem şoña meñzeşdir. Eger ony her sagat işletmeseñ, akyl hem köpelmez, ýiter, batar gide...
Täzelikler » Publisistika - 31.12.2019