GARAŞÝAN
Men saňa garaşýan, garaşyp ýörün, Ertirem garaşjak şu günki ýaly, Käte garaşýarkak biweç zatlara, Dünýäm, heý saňa-da garaşman bormy?! Garaşmakdan gaýry alajyň näme, Gerek bolsa bökersiňem garaşman. Men şu günler ürç edinip öwrenýän, Täze-täze usullaryny garaşmaň. Oturyp garaşmak düşse ýürege, Ýatyp garaşmaly, umytdan düşmän. Owal-ahyr maksadyna ýetýänd... |
EJEME
Seni ýatlap ýaşa dolmaz didelem, Mazaryňa barmaryn gül goýmaga. Onsuzam-a mähir ýagýan ýüzüňden, Ýetişmändim doýagarna doýmaga. Gözüm ýaşlap, batyp gamyň laýyna, Seniň mazaryňa gaýtsam gül goýup, Bilýän, ruhuň ynjar, mähriban ejem, “Bu hem ölenime ynanýar” diýip. • МАМЕ Безвременно в мир иной ушла родная, ...Не ... |
NOÝABR GIJESI
Noýabryñ bu çigrekli gijesi, Asmana seredip ýyldyz sanaýan. Noýabr sanalar güýzüñ jüýjesi, Sen haçan sanajak, şu wagt sanaman?! Şeýlebir asuda, şeýlebir hezil, Oturybermeli çala galdyrap. Ýa edibermeli çarýana gezim, Aý-aýdyña gyraw düşýär buldurap. Bu ajaýyp surat, bu ajap görnüş, Noýabryñ gijelerne myhmandyr. Şahyr dilli şoh ýigitler, eý görnüş, Noýabrly gijelerde ygýandyr. ... |
GÜÝZ
Şahadan ýapraklar düşýändir gaýyp, Töwerek ümsümlik, sowlan deý bazar. Bu güýzi özüme ýakynym saýyp, Syr berdim, syrlarym güýzde-de galar. Syrdaşym syr saklar, gaýymdyr juda, Ozalam dünýäden ýetikdir syry. Güýz adamlañ syryn bilesi gelýär, Men bolsa şu tylla güýzleñ ýesiri. Güýzüñ asmanyny bezän durnalar, Boýçy kimin boýlap barýar asmany. Olar ýene dolanarlar ýaz gelse, Dolanarlar, bolabilm... |
ARMANYM
Arman, aňman, agyradyp, agladyp, Ajap agşamlarňa aralaşmanym. Aýt ahyry amanadym almankaň, Almakçymyň ahmyrlaryň azaryn? Aşygyňdan aşa açyp araňy, Alyslardan alyslarda aýlanýaň. Al-asmanda Aýa aýdyp arzyňy, Aýlap, aýnap-aýnap, a:ýlap ar alýaň, Ap-ak akrap aýagymyň astynda, Aglap, awap artdyrypdyr azarym. Aşyklaň adyndan aýazly agşam Aýyr asmanyňdan agyllan Aýyň. Arzylymyň ab... |
"MENEM BIR GÜN GIDERIN..."
Menem bir gün giderin bu barlykdan, Onsoň meňem öz başyma öýüm bor. Dostlarymam gelmez öňküler ýaly Hemem indi alyp ýörmen geýim zol. Owadan gyzlaram girmez düýşüme, Söýjek bolup oda düşmez ýüregem. Her hepdäniň juma güni agşamlyk Meni ýatlap aýat okar enemem. Agalamam her üýşmekde ýatlaşyp: “Wah, bolsady, wah, bolsady…” diýerler. Ýok adamlar üleşikden binesip, Noş bol... |
SYGAN AÝALY
Saňa näme bolýar, sygan gelneje, Bu gün näme täleýime garaňok? Kelebi çolaşyp, çöken ykbalyň Pal atmaga, aýt, nämesi ýaranok? Ýaýrat kartlaryňy öňküler ýaly, Hikmetli sözlerem gaýtalasana?! Kömek etjek ýog-a özüňden başga Meň ýaly şormaňlaý, bagtyýatana. Ýat boldular, aýlananok şu çakda, Gowzatmaga ýürekleriň pyganyn, Şu jelagaýlarda, şu ütüllükde Sen meniň tanaýan ýalňyz syganym. ... |
BIR BAKYŞ
Bütin barlyk süňňi bilen doňanda, Ýeller köçelerde galanda gatap, Gijeler hyýalym ýüpsüz daňanda, Ýatlamalar duýgularmy yralap, Ilki seni tapar ýyllaň gatyndan, On ýediň ak gary hemem duralga. Aýagym ýer tutman, aýlap başyndan, Wah, heniz kämil däl yşkyň uranda. Köpçülikde ga:ra bulap alypdy, Oglan başa oýun salan erkimi. Ana, şonda bolmasyz iş bolupdy, Bolmaly işleriň berip merkini. <... |
DÜNÝÄM ÇYNYÑ BILEN |
EJEMOGULLAR Size gözüm gidýär ejemogullar, Ýeri aglaňda nä, ejeň gelýämi? Ýaşaberiň. Bar bolşuňyz şu bolsun! |
ÝEL DEÝ ÝYNDAM GEÇIP BARÝAN... Ýel deý ýyndam geçip barýan ýyllaryň |