Результаты 1-16 из 16 по запросу Myrat Hudaýguly

ENE MÄHRI

Gojaman Köpetdagy etekläp oturan Döwletliler köşgüniň umumyýaşaýyş jaýynda iki jora seslerini çykarman surat synlap otyrdylar. Olaryň biri birdenkä başyny galdyryp ýylgyrdy-da, jorasyna habar gatdy.
— A gyz, Gunça, şularyň barysyny şu gezekki çärede düşdüňizmi?
— Ýok, öňki çärelerde düşenlerimizem bar. Ýadyňa düşýämi, Bitaraplyk baýramynda çykyşa gidenimizde-de surata düşüpdik.
— Hä, howwa, düşüpdik öz-ä.
— Ana, şolaram çykardypdyrlar.
A...
Täzelikler » Hekaýalar - 17.09.2021

WADA

Bu ýollar haýsy menzillerden gözbaş alýarka? Belki, ho-ol, Baýsähediň orta mekdebiň başlangyç synplarynda okap ýören döwürleri, gulpajygyny tasadypjyk ýören kejirje gyzjagaza — Söýlä çekinjeňje nazaryny dikip, üýtgeşik, başga hiç bir zada meňzemeýän duýgulara gaplanyp oturýan pursatlaryndandyr? Belki, ol garaýyşlar Baýsähediň soňraky meňzillerde ýüreginde dörän duýgulary bilen gabat gelýänem däldir. Ýöne, soňraky, has uly-uly duýgulara sapyp giden zatlaryňam barysynyň ...

Täzelikler » Hekaýalar - 29.06.2020

PURSAT

Baş redaktor ýanyna çagyryp: «Sen pylan etraba döredijilik saparyna gitmeli boljak» diýende, biraz kynrak görsemem, oňa ýagdaýyma duýdurmadym. Ähli tabşyryklary alybam, ýanyndan çykyp gaýtdym. Zerur hat-petekleri düzedişdirip, agşamara işden öýe gelip, öňüme alan çaýymdan bir owurt içip-içmänkäm kelläme gelen pikirem meni iş stolumyň başyna eltdi. Hasyr-husur okyjylardan gelen hatlar salyngy bukjalary öňüme aldym-da, içindäki kagyzlary dörüşdirip ugradym.
Piki...

Täzelikler » Hekaýalar - 27.06.2020

Kindiwanja kyssalar

DÜWÜNÇEK

Çagakak, öýümize enemiň gelmegi uly bir şatlyk-şowhun dörederdi. Onuň gelmeginiň iň gyzykly ýeri — ullakan akja torbasynyň açylyp, içinden biz üçin niýetlenilip getirilen, bolşuna, ýagdaýynyň ýetdigine göräjik taýýarlanan sowgat-salamlaryň çykyp ugramagydyr. Sowgat diýip näme, setanda-seýranda bolaýmasa, üýtgeşik bir oýunjak-beýleki-hä çykmaz welin, «ak kökedir» pampazalardan welin şol düwünçek bize hökman eçiläýmelidir. «Sowgat pa...
Täzelikler » Hekaýalar - 16.12.2019

BADALGA SAHNASY

Mollanepes adyndakty talyplar teatrynyň işi barada söhbet

Özgeriş. Bu söz ajaýyp zamanamyzda, islendik ugurdaky ösüşli menziller dogrusynda edilýän buýsançly gürrüňleriň sözbaşysyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýetilen sepgitler we durmuşa geçirilýän işleriň ählisi-de biziň her birimiziň ykbalymyzda ajaýyp özgerişlikleri emele getirmek bilen, şol beýik reformalara öz mynasyp goşandyňy goşmak hyjuwyny-da k...

ATA GULLAROW: «AJAÝYP ZAMANAMYZ — YLHAM AKABASY

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň işi barada söhbet

Döredijilik älemi – aňyrsyna göz ýetmeýän ummany ýadyňa salýar. Çünki döredijilik adamlary ýürek joşgunlary bilen kalplara gözellik paýlaýarlar. Ol gözellikden bolsa ýurtda, zeminde görkanalyk emele gelýär. Ýurtda amala aşyrylýan beýik işleriň keşbini çekmek, bagtyýar pursatlaryň beýanyny Zemine ýaýmak, esasan, döredijilik işgärleriniň wezipes...

PERHAT HUDAÝBERENOW: — MILLILIK — IŇ GOWY BEZEG

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň işi barada söhbet

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, taryhy nukdaýnazardan örän gysga wagtda amala aşyrylan, şeýle-de amala aşyrylmaga ugur alnan juda köp sanly işleri, ösüşleri, özgerişleri seriňde aýlanyňda her bir geçilen günüň ajaýyplygy, gadyr-gymmaty has aýdyň görünýär. Çünki ajaýyp zamanamyz ykbal çözüji pursatlara baý bolmak bi...

TÄZE «MÜNEÇJIM»

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ajaýyp özgerişlikleri ýurdumyzyň teatr işgärleriniň-de ylhamyna ylham goşýar. Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary hem golaýda «Müneçjim» atly iki görnüşli komediýany tomaşaçylara hödürledi. Jora Hudaýberdiýewiň «Müň bir gije» atly gündogaryň meşhur hekaýatlary esasynda ýazan eserini Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew sahnalaşdyrypdyr. Ýeri gelende «Müneçjimiň» bu teatryň sahnasynda m...

GÜLŞAT MEŇLIÝEWA: «ZAMANAMYZ – ARZUWLARYMYŇ GANATY»

Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşat Meňliýewa bilen döredijilik söhbedi

Gülşadyň gürrüňini diňläp oturyşyňa, ykbal öz öwrümlerini başga-başga ugurlara gönükdirenliginde, biziň häzirki söhbetimiziň sungat, medeniýet barada däl-de, fizika-matematika bilen baglanyşykly bolaýmagynyň mümkin ekendigi dogrusynda...

AŞYRMUHAMMET RAHMANOW: «SAHNA — ZEHINIŇ ÖLÇEG TEREZISI»

Türkmenistanyň A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik toparynyň öňde goýýan maksatlary dogrusynda söhbet

«Medeniýet halkyň kalbydyr» diýýän Gahryman Arkadagymyz özüniň maksatnamalaýyn çykyşlarynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça wezipeler toplumy kesgitleýär. Öňde goýlan maksatlaryň hatarynda Türkmenistanyň dünýä bileleşigi tarapyndan diňe ykdysady babatda däl-...

TÄSIN ÇÖZGÜT

Öňki zamanlarda Pul-Pugi atly kazy ýaşypdyr. Ol has çylşyrymly meselelerdenem ugurtapyjylyk bilen baş alyp çykmagy başarar eken. Bir gün onuň ýanyna üç dogan gelýär. Doganlaryň ulusy ýagdaýyny mälim edip ugraýar:
— Kakamyz dünýäden ötende, bize on ýedi sany düýe miras goýup gitdi. Mirasnamada ol düýeleriň ýarysyny maňa — uly ogluna goýýandygyny ýazypdyr. Üçden birini ortanjymyza, dokuzdan birini bolsa körpämize miras goýupdyr. Biz-ä her zat edip gördük welin, on...

BAHAR MEÝLISINDÄKI SÖHBETLER
    
Näme üçindir bahar barada söz açylanda, ilki bilen, esli menzil yzda galsa-da, aýdylany etmezek çaga ýaly, yzymdan galman gelýän oglanlyk ýyllarym hakydamda janlanýar. Şonda ýatlamalaryň gatbar-gatbar çuňlugyna özüňi atanyňy duýman galýarsyň. Ol ýatlamalar, seniň wagtyň barmy ýa ýokmy, keýpiň çagmy ýa dälmi, garabam durmaz. Gelibem, ýyllaryň yzy çykyp giden aýalaryňy myssyjak eli bilen doldurar-da, yzyna — gaýgy-gamsyz çagalyg...

Täzelikler » Oýlanmalar - 09.04.2019

ÝAZGYT

Annabaýram neresseden galan ýalňyz ýadygärligi – ogly Hommat paýtagtda alty-ýedi ýyl okap gelip, obalaryndaky hassahanada lukman bolup işe başlandan Döndügözel eje-de toýuň aladasyny edip ugrady. Hommadyň:
– Entek işim bilen, daş-iç bilen bir öwrenişeýin-ä. Howluda haýsy zadyň nirede ýatanyny bilemok, ile gülki bolmak üçin märeke edeýinmi?! – diýip, janykmasyny dagy, Döndügözel eje, diňlejegem bolmady.  
– Şunça ýyllap okuwyň diýip azar ...

Täzelikler » Hekaýalar - 09.11.2018

«JANKÖÝER»

Ataguly işden gelşi ýaly, törki tama, telewizoryň öňüne geçdi. Demlenip, basyrylyp goýlan çäýnegi öňüne alandanam, aňyrdan aýaly Täçje geldi-de, saçaga odur-budur daşaşdyryp ugrady. Soňundanam, «şeýtsemmikäm ýa şeýtmesemmikäm» diýýän ýaly, oýurganyp durdy-durdy-da, ahyrsoňy geçip, adamsynyň gapdalyna çökdi. Sesini çykarman, Atagulynyň ertirden bäri garaşa-garaşa ýeten futbolyna bimany nazaryny dikip oturyşyna-da, aram-aram içinden bir zatlar diýip, b...

Täzelikler » Hekaýalar - 08.11.2018

«ÖÝ BIKELERINE MASLAHAT»

 Arada, giçlik işden öýe barsam, gelnim eline köne bir kitaby alypdyr-da, okap otyr. Özem okaýan kitabynyň içine şeýle bir giripdir welin, meniň gelenimem duýanok. Oguljygymyz Mukam janam ho-ol, otagyň bir burçunda, özbaşyna oýnapjyk ýör. 
Gapynyň agzynda söm-saýak bolup, esli duranymdan soň, elimdäki içi azykly torbamy ýerde goýdum-da, ardynjyradym. Ol meniň sesime «ziňk» etdi-de, ýerinden galdy. Okap oturan kitaby...


АРЗУВХАНА

Шол йыл какам нәме үчиндир агам икимизи оба, энемлере хемишекилери ялы томсуң икинҗи айында дәл-де, биринҗи айыныңам башында алып гитди. «Бош вагтыңызы шәхерде сөв-сөв сырып йөрмән, обада, зәхметиң ичинде гечирсеңиз, өзүңизе говы бор» дийибем, Ашгабатдан Теҗене барянчак, шол бир сөзүни телим гайталады. Эдил, оба етип баряркагам, яшылҗа биринҗимизиң ролундан тутуп отуршына, ызкы отургычда, сурата дүшҗек ялы болуп, дикгерилипҗик отуран агам икимизе тарап гаңрылып: ...

Täzelikler » Hekaýalar - 08.11.2018