Результаты 1-16 из 16 по запросу Näzik Annatyýewa

MEŇZEŞLIK

"Sene-menesiz söýgi uzaga gitmez"
OWIDIÝ.


Gelniň ýüzi ýaly ýakymly asman,
Kir-kimir ýok, misli mawy saýawan,
Gudratly dünýäniň täsin keşbini
Müň mertebe başym egip synlaýan.
Janym, seredip gör: dünýäň göwni hoş,
Asman ikimize şeýle bir meňzeş.

Toprak adamlaryň, rysgy, guwanjy,
Gülden bezeg berýär dünýäň nagşyna.
Baglar ýapraklaryn suwa düşürýär
Şaglap inýän baharyň ak ýag...
Täzelikler » Goşgular - 04.09.2022

KYN ÝOL

Doglup-döräp Adamzat,
Geçýär ömür menzilin.
Täzelik däl bu zatlar
Ýyllar hem asyr üçin.
Akyl kesişine bap
Görjek eşret-hezilin.
Atlanan kyn ýoluñda
Biljekmi menzil geçip?!

Bolubilseñ bir öýüñ
Söýesi hem çyragy.
Uzak gidip kerwenin
Hedersiz howp-hatardan.
Goş ýazdyryp geçendir
Bu ýollardan Pyragy.
Goýup öçmez yzyny
Çekip döwrüniñ derdin.

Deñiz görmän, go...
Täzelikler » Goşgular - 05.04.2022

PURSAT

Ýap-ýañam şu ýoldan,
Ine, şu ýerden
Buz dek elim üfläp-üfläp ýyladyp
Geçipdim men... Häzir bolsa barýaryn
Onki süññüm lowladyp.

Dabanmyñ astynda gütürdeýär gar,
Sürçek bu-da gowşadanok badymy.
Gorsanýan ýüregim howsala bilen
Gaýtalaýar adyñy.

Ýaramaz gözlerden,
Ýaman pällerden
Hem betpygyl duýgulardan aýanym -
Goşarlarym sandyraýar çalaja,
Seniñ galan otagyñda hyýalym.
...
Täzelikler » Goşgular - 19.11.2021

ZENANLAR

Gitdigiçe gyzdy söhbet
Göwher-merjen barada.
Ýüzük, syrga barada.
Iňňäň gözi ýaly göwher lowurdap,
Öwşün atdy sülük deý ak barmakda.
Dünýä ýalkym salyp owadan ýakut
Gün deý ýandy gulakda.
Arman, şol öwüşginleň ýüzden biriçe
Ýagty ýokdy ýürekde.

“Iki müňe sowgat etdi adamym,
Nikamyzyň dolanda on ýyllygy”.
Bir zenan ýer dyrmap, pikire batdy,
Diýdi – Taňrym, bol ýerinde bollugyn.
...
Täzelikler » Goşgular - 16.09.2019

DUTAR AGLAP BAŞLANDA

Üzülýär baglaň hünjüsi,
Dutar aglap başlanda.
Köpelýär adam ünjüsi,
Dutar aglap başlanda.

Ýüreklere ýetýär heser,
Saz gudraty, gör, ne ýeser,
Bagry parran-parran keser,
Dutar aglap başlanda.

Tümlüge çaýylýar ýagty,
Keýpi göterler daragtyn,
Joşar çeşmesi bu bagtyň
Dutar saýrap başlanda.

Guşlaryň nagmasy artar,
Aý-Günüň şuglasy artar,
Ýüreklere heser...
Täzelikler » Goşgular - 14.09.2019

MUKADDESLIK

Ýöräp barýan, mahmal ýaly ýumşajyk
Dabanymyň astyndaky topragym.
Ol meni göterýär hem gurbat berýär
Bedenime, al ganyma, ýüregme.
Ol mylaýym, ol gödeňsi, ol ýowuz –
Sebäbi topragam adamlar ýaly,
Kimsä ýowuz, kimselere mylaýym.

Başym goýup aladaly göwsüne,
Söýýän diňlemegi pyşyrdysyny.
Söýýän baglarynyň aýdymlaryny,
Guşlaryň göçgünli simfoniýasyny,
Ter otlaň şemala paşyrdysyny.

...
Täzelikler » Goşgular - 11.09.2019

ÝAMAN SÖZ WE ÝAGŞY SÖZ

I.

Bir ýaman söz çykdy zybandan,
Ýagşa degdi, ot oklandy kalbyna.
Entiredi, köz basyldy dabanna,
Gitdi, ýaman sözem gitdi oň bile.

Beýlekem öz ýolun eýledi dowam,
Hiç zat diýmedik deý, keýpi çag örän.
Megerem, görmändir hiç hili zowal,
Hiç haçan, hiç kimden, dogulyp-döräp.

Hemme ýerde ol ýaman söz ýagşyny
Ýanap gezdi, kölgesi deý galmady.
Wah, neresse, gujaklan deý w...
Täzelikler » Goşgular - 07.09.2019

BILGIL

Iş başyna geçip otugsa nebsiñ,
Haramyñ gapysyn kakdygyñ bilgil!
Gözünden düşeñde sen iliñ-ulsuñ,
Eliñ bilen öýüñ ýykdygyñ bilgil!

Durmuşyñ kanuny adyldyr juda,
Ondan çykmak janyñ etdigiñ pida,
Seniñ ömrüñ geçdigidir bihuda,
Abraýñy çanaklap dökdügiñ bilgil!

Aýply ýaşamak köýdügi ömrüñ,
Durmuş bir çatrykdyr, çar ýanyñ öwrüm,
Her bir ädimiñde diñlegil böwrüñ,
Şeýtmeseñ imanñy ýuwtdugyñ bilg...
Täzelikler » Goşgular - 29.06.2019

WATAN

Müñläp million ýaşly Ýeriñ goýnunda,
Bu gün meniñ göwün terligim, Watan!
Saña parzym dogup-döräp boýnumda,
Asly Oguz ata - barlygym, Watan!

Türkmeniñ ebedi ojagy, öýi,
Seniñ bilen bagly mertebe, toýy,
Saña benduwanam ömrümiñ boýy,
Ykbalyña ykbal birligim, Watan!

Gylyç gemren ärleñ mesgeni bolan,
Halal atalaryñ messebi bolan,
Gorkudyñ, Pyragyñ mekdebi bolan,
Kasamyña baky ýarlygym, Watan! <...
Täzelikler » Goşgular - 29.06.2019

SADALYK

Göwünlerde uçgun bolup köreseñ,
Diýmegil sen - geçýän ömür haýpdyr.
Köñülleriñ köprüsinden ýöreseñ,
Bagtlysyñ sen, durmuş taplar, eýikdir.

Ham-hyýala bermegil sen erkiñi,
Gyşyk bassañ durmuş berer merkiñi,
Döwür orta çykarmaýar her kimi,
Döwre pitjiñ atmak uly aýpdyr.

Bil gadryny duşýan bagtly pursatlañ,
Höweslerñi baglap goýma gursakda,
Häzir bolgul elñe ilen susakdan,
Seni betbam etjek...
Täzelikler » Goşgular - 29.06.2019

SÄHRA GÜLI

Nowruzyñ hyjuwy sepdimi tohum,
Elwan reñki berdimi ýa ýyldyrym?!
Saña sährañ ýeli salypdyr demin,
Otyrsyñ sen güneş kibi ýylgyryp.

Otyrsyñ görkberip giden äleme,
Näzijek ýapraklañ keýpli gerinýär.
Gujagynda Hydyr gezen ýaýlamda,
Sen şeýle owadan, gözel görünýäñ.

Çar ýanyñ gurşapdyr, çomuç, jümjüme,
Torgaýlar üstünde perwaz eýleýär.
Kä daýym ak guşlar çalyp "jüljüle",
Uçup-gonup señ ga...
Täzelikler » Goşgular - 29.06.2019

GALSYN

Ömri ölçemesin geçýän wagtlar,
Oñ ölçegi edýän işiñde galsyn.
Gerek paýyñ aljak bolgul bagtdan,
Oñ şuglasy akyl-huşuñda galsyn.

Ynsan erkin bolsun, nebis - jylawly,
Her bir ýapyşgyl sen gylawly,
Ot ýakdyñmy hözirli hem alawly -
Oñ şöwkedi ýaşan ýaşyñda galsyn.

Bu durmuşda boş geçmesin her demiñ,
Seni mydam küýsäp gezsin hemdemiñ,
Dowamyña nusga bolsun mekdebiñ,
Gujuryñ, gurbatyñ döşüñde g...
Täzelikler » Goşgular - 28.06.2019

NESIBÄÑ ÇEKER

Dowamyña çirk gelmese nesliñden,
Ojagyña döwlet arygy akar.
Her ädimde many alsañ aslyñdan,
Ykbal saña mydam ýylgyryp bakar.

Dady bir başgadyr halal gazanjyñ,
Rahat ýat, tur - bolmaz asyl-ha ünjiñ,
Yranmaz-ynjamaz hazyna-genjiñ,
Diñe şowlulykda señ bijäñ çykar.

Gaýgyrma dostuñdan hany-manyñy,
Özüñe ýar tutgul din-imanyñy.
Şonda ýaşan ömrüñ bolar manyly,
Rysgal çeşmesine nesibäñ çek...
Täzelikler » Goşgular - 24.06.2019

DEM ÇEKEN DERWÜŞLER...

Dem çeken derwüşler, kakyñ gapymy,
Hasañyzy şat köñlüme söýäñ-de.
Aýdyñ maña Ýedi weliñ söhbetin;
Hem Isanyñ çöl söküşin eşekli,
Sowudundan gürrüñ beriñ Dawudyñ.
Hökmi-Süleýmanyñ asmanda uçan
Tagtyna aýlañ siz meni bir salym.

Musañ hasasynyñ aždarha bolşun,
Hem Gulzumdan on iki ýol açyşyn,
Niçik ýygnajakmyş tejjal leşgeriñ?
Esrapyl neneñsi çaljakmyş surun?

Yşbu ýoluñ juda köp eken şerti,
...

Täzelikler » Goşgular - 17.05.2019

KELAM UMMANYÑA URDUM ÖZÜMI...

Kelam ummanyña urdum özümni,
Rahmet gomlaryña sal ejiz geldi.
Dürler syçrap, tas gapypdy gözümni,
Küregi urmaga bil ejiz geldi.

Delmuryp garadym degre-daşyma,
Gör, niçik hyýallar geldi başyma,
Agyr heññam penje urup döşüme,
Zybanym çaşyrdy - til ejiz geldi.

Pirler mejlisinde joş kylan meýiñ
Täsirinden birdem titredi serim,
ULUG jaýdan başa çeken heseriñ
Alawyn ýazmaga el ejiz geldi.

...
Täzelikler » Goşgular - 15.05.2019

МЕН БИР ДАРАХТ…

Мен бир дарахт,
Бош шохим бор,
Бош дунё, бош умидим,
Томир ерда, қаддим менинг
Осмон сари чўзар бўй.
Бу дарахтнинг йўлдоши — шеър,
Қоним, юрак зарбимдир,
Олис юлдуз, тубсиз дарё
Қалбим мулки — илҳом, ўй.

Яшил танам саҳарларда
Айланади оқ нурга.
Шеър ўртар кеча-кундуз —
Гўзалларнинг лайлоси.
Шеър ва дарахт нор ўғилу
Гўё оппоқ оҳудир.
...
Täzelikler » Goşgular - 06.01.2019