ZOMBI
Ýetip barýarkam öňümden zombi çykdy. Ýerden çykan ýaly peýda boldy. - Sen üns bermediň, zombi ýuwaşjadan ýöräp geldi. Hyýal sürip ýörşüň şu bolsa ýerden köp zat çykar. Süňklek elini galgadyp bir şahadatnama görkezdi. Bir ýetginjegiň agras bolmaga dyrjaşýan suratyndan başga zady saýgaryp ýetişmänkäm ýygnady. - Bu näme? - Udastwrenýe, göreňokmy, körmüñ? - Hawa, näme boldy? - Zalupaňy bilýäňmi? - Ýok. - Gapdallykgan ýöremek ... |
DEPEGÖZ
Bir el jaňsagady öçürýär. Bu el meňki däl. Näzik hem has ak. Gözüm çala açylýar. Gabaklaryň arasyndaky çyzyga stoluň bir çeti, üstünde Stewensondan bir kitap, gapdalyndaky küldandan hüžžerip duran çilim galyndylary sygýar. Ýene gözümi ýumýan. - Rejepbaý mollaň ogly - biri maňa seslenýän ýaly. Rejepbaý mollany ýatlaýan. Dädem nähili gowy adamdy, pahyr. Aý oňam gözleri kä wagt ýeserje ýyldyraýmasy bardy. Ha-ha. Toba. Sorry, däde. Hudaýýolyda molla dädem ýo... |
ADAM OGULLARY
Iliň heleýine göz gyzdyrmaly däldigini biriniň başga birine aýtmagy gerekmi?! Bilemok, ýöne maňa-ha aýtdylar. Ýöne diňlemedim. Ol gaty owadan, şelaýyndy. Elime aýlap öçürdi. Menem jaň etdim. Ol süýnüp-sarkyp, näz edip gürläp ugransoň, nädip erkim elden gidenini, haçan oňa duşuşmak üçin ýalbaryp ugranymy bilemogam. Arasynda kä ýarym, onuň bir öýüň maşgalasydygy ýadyma düşýärem weli, aý owarram, meniň dürs bolanym bilen dünýe düzeljekmaý diýýän. - Gijäň ýar... |
ÖLI
Duralga ýetip barýarka öldi. Ýöne munuň üçin säginmäge wagty ýokdy, sebäbi, awtobus eýýäm duralgada, sürüji diňe ylgaşlap gelýänler üçin säginýär. Hyýrsyz nazarlaryň, arzan atyr yslarynyň, wampirler ýaly yranjyraşyp duran ynsan bedenleriniň arasyna sümülip, rahadyrak bir ýerde durup bilen wagty özüni öňkülerden has ýeňil duýýanyny, ýa-da özüniň barlygyna ähmiýet bermeýänligini aňşyrardy. Gabadyndaky oturgyçda oturan, ýöne oturgyja has uly gelýän göwresi ep-esli daşa çykyp duran ... |
ÝEÑIŞ GUTLAGY |
HEKAÝA |
GÖKBÖRINIÑ ÝAÑY
Inçe bil, gara saçdan däl, uzak, sowuk, gara gije, Ylhamym uzyn ulan gökböriniň sesindendir. Haýbatyn ýitirer munda urlyp sowutlara, gije Bu ýigitleň är ýüregi şir peleňi kemsindirer. Oýun oglana ýagşy, çyn ataň zamanydyr Dünýä bize döwüş ýeri, panydyr derwüşlere Ataň beýik Turany has ogluň armanydyr, Är ýürekde kin bolmaz, hun girer bu düýşlere. Seni uklatmasyn ogul tupan öňi asudalyk, Hüwdil... |
AÝ ASTYNDA BIR GURT UWLAR...
Aý astynda bir gurt uwlar, Boz gurt uwlar, joşaryn men. Munda ýaralam gutular, Bäş ýyldyz, bir aý bilen. Uzaklardan jogap geler, Ötesinden dag deñiziñ. Olar meñ hyýalym biler, Urgusy deñ ýüregmiziñ. Bir gün geler, gowuşarys, Tiken girmez aralara. Biz bir atañ ogludyrys, Mätäç däl biz agalara. Siz üçin munda bar sözüm Kasydalar, mersiýeler. ... |
"PERWAÝSYZ BAKYŞLAÑ DADYN..."
Perwaýsyz bakyşlaň dadyn alaryn sowuk kofemde. Sowar kofe, sowar gije, sowar uzakda ýyldyz, aý. Özüm oklaryn deňize, duýmaz janly jemende. Daňdan ýene dolanaryn tapman başga janyma jaý. Sen düşünjek bolarsyň maňa uzaklardan bakyp, Müňýyllyklary dörüp men özümi gözläp ýörkäm, ýatýetimden el bularsyň, göýä ki päk çagalyk, Utanyp kirlän ruhumdan, boş sözlere gizläp ýörkäm. Bir goşgy geler,... |
BILÝÄN, TAÑRYM BIREHIM DÄL...
Bilýän, Taňrym birehim däl, Öter günäm. Ynsabyma goýup baryn, Özüň synlap otyrsyň-a. Belki dursuň, belki-de … Bu sypatlar saňa ýatdyr. Özüňem bilýänsiň, ýene Perişdelerňem şaýatdyr. Adam öldürmedim Ilde-günde kastymam ýok. Gowulykdady niýetim Ýöne elimden gelenok . Bilemok, ýa elim gysga, Ýa emelsiz ýaradylypdyryn. Kä niýetim bozýan Bozý... |