SYZGYRLYK
Çary Halylyň çopan goşuna ýygy-ýygydan gelýän Kerim çopan bilen itlerem öwrenişipdi. Hemişeler bir menzilden onuň garasy görnenden, ala-zenzele bolup eňýän goýun itleri indi göwünleri bir ýaly, äwmezlik bilen başlaryny galdyrardylar-da, bir gyra çekilip ýatybererdiler. Dilewarlykda öňüne adam geçirmeýän Kerim her gezek halypa çopanyňka gelende, onuň itlerini görenden tarypyny edip başlardy. — Be, Çary jan, seretsene. It diýeniň şular ýaly bolar. Beren ýalyňa d... |
ROWAÝATA ÖWRÜLEN ÖMÜR
![]() Ol ata-enesinden: – Gyzym, balam – diýen sözi eşitmedi. Asla olaryň kimdigini, neneňsi adamlardygyny bilmän galdy. Ýeke ata-enesiniň däl, başga ýakynlary, hatda goňşy-golamlary barada-da öňde soňda bilip bilen zady bolmady.Hiç kim onuň öz adyny, atasynyň adyny bilmedi. Çagalar öýüne kimiň getirip tabşyrandygam belli däl. Şahsy resminamasynda “Kerimowa K.” diýen ýazgydan başga zat ýok. Şonuň ... |
NOWRUZ GURBANMYRADOW
![]() Nowruz Gurbanmyradow 1951-nji ýylda Tejen etrabynyň Babadaýhan obasynda eneden bolýar. 1976-njy ýylda Magtymguly adyndaky TDU-nyň türkmen filologiýasy bölümini tapawutlanan diplom bilen tamamlady. Ol döredijilik işine mekdep ýyllaryndan başlady. Dürli ýyllarda onuň Ajaýyp haly, Ene erteki aýtsana, Dutara dil bitende atly goşgular ýygyndylary köp... |
«Ýagşydan at galar» diýýär türkmen. Ömrüni döredijilige bagyşlan ynsanlardan bolsa ýagşy atdan başga-da, ýazan eserleri okyjylara hemişelik ýadygär galýar. Halypa ýazyjy, žurnalist Nowruz Gurbanmyradow hem dürli temalara bagyşlanan eserleriň giden bir toplumyny döretdi. Ömrüniň soňky ýyllarynda ol «Garrybent» romanynyň üstünde işledi. Öz aýdyşy ýaly, romany «Indi gahrymanlary öýli-öýüne dagadaýmak galdy» diýen derejä ýetirdi. Göýä bir zada gyssanýan ýaly, romandan bölekleri hekaýalar toplu...
|
"DÜKAN" KESELI
Her döwrüñ bir ýokanç keseli bar diýseler ynanaýyñ. Ho-ol urşuñ yzysüre açlyk, garahassalyk keseli adam baryny agyr güne goýan bolsa, durgunlyk diýilýän ýyllarda birek-biregi aldamak, işsizlik, işlemän iýjek bolmak ýoñ boldy. Hudaýa şükür, o zatlaryñ ählisi birýanýüzli boldy diýsek, ynha, indi başga bir "kesel" adam baryny aldym-berdime salyp ýör. Ol hem "dükan" keseli. Bir-birine çalymdaş, towuk ketegiñ öñüni dolan hütdüjekler diýermiñ ýa-da penjiresi goparylan, böwr... |
ÝÜZLÜK PULUÑ MONOLOGY
Sanlyja ýyl mundan öñ Hydyr gören ýüzlük men, Ähli ýerde islenip, gadyr gören ýüzlük men. Peýdakeşleñ elinde südür gören ýüzlük men, Wezipelä, güýji ökdä hödür gören ýüzlük men, Käteler yzarlanyp, şatyr gören ýüzlük men. Käbir öýde goş basdym, käbir öýde gonakdym, Käte şeýle çakgandym, käte şeýle çonakdym, Ýeñýän azdy jedelde, özdiýenli eñekdim. Käte ýürek bulaýan, bir ýigrenji siñekdim, Ähli ... |
DOMMA DAÝY «Ejem-kakam öýde ýok, oba gitdiler, ertir geler» diýdiňmi, ýegen jan, zyýany ýok, bizem ýolagçy, daň saz berenden şähere tarap ýüzümiz. Bir käse çaý içip, gözümiziň awusyny alaýmasak, halys bürlip barýar. 3-4 günüň ýadawlygy — diýip, Şamuhammet daýym odun ýükli maşynyndan düşüp durşuna maňa gürrüň berýärdi. |
EDEBIÝATA BAGLANAN ÖMÜR
Aşgabatdan dolanyp gelen Ataly aga öýüne girip girmänkä aýalyna ýüzlendi: — Hüýrjemal, mende birpikir bar, ýaşamaga bizde ozalam ýer ýok däl. Ine, şu täze jaýymyzda oglan okadar ýaly mekdep açaýsak nähili bolar? - Oňa ýetesi sogap iş bolmaz, kakasy, men-ä gaty oňlaýan. Şol günüň ertesi, Aşgabady etekläp oturan Gökje obasynda Ataly Garryýewleriň giň howlusynda täze gurlan jaýyň maňlaýynda «Mekdep» diýen ýazgy peýda boldy. Bütin ömrüne hala... |
SÖZ — IMAN Ýüzüni garaňka tutup gelen atlynyň kimdigini, nireden gelip, nirä barýandygyny soramagy soňa goýan Halyl aga myhmanyň atyny tutmagy inisine tabşyryp, sekiz ganat ak öýe tarap ýeneldi. Bu jelagaýlaryň adamsyna meňzemeýen, ýöne oňa meňzemäge halys ymtylýan nätanyş, daýanykly gojanyň her ädimini üç ädip, bir zatdan heder edýän ýaly zol-zol eginleriniň üstünden yzyna gaňrylyp onuň yzy bilen işigiň tutusyny gapdala serpip, öýe girdi. Myyhmanyň argyn ýüzünde galagoplyk mesa... |
OGLANLYKDAN ON PURSAT ■ TANYŞLYK Siz meniň atamy tanaýaňyzmy? Oňa Çary aga diýýärler. Orta boýly, agajetli, dogumly adam. Ýüzüne gelşip duran murty ony az-kem gaharjaň ýaly görkezse-de beýle däldir. Atamyň ýerliksiz gaharlananyny gören adam bardyr öýdemok. Gepe-gürrüňe ökdeligini diýsene. Gürrüňdeşini «ýüpsüz baglap bilýändir». Sözünde ýalan ýa gümürtik zat bolmaz. Ýüzgörmezligem üstesine. Onsoň şeýle adamyň hyrydary az bolarmy? Men nirä barsam, atam barada diňe öw... |
ÜZÄRLIK
Saýlap ýeriň ýagşysyn bitişinde kerem bar. Ýaz gögerip, güýze çen ýetişende kerem bar, Topragy bagyrtlap ýatyşynda kerem bar, Göze diýseň ýakymly sataşanda kerem bar, Müň bir derdiň dermany sygynanym üzärlik. Dert getirmez golaýňa, şypalydyr tüssesi, Gözi düşen ynsanyň zym-zyýat bor gussasy, Derrew galar tirsegne köne dertleň hassasy, Bişen wagty düwmeläp, göýä dagyň pissesi, Lukman kimin güýjüne ynananym ü... |
URŞUŇ AHYRKY GÜNI Ýokary okuw mekdebini gutaryp, obamyzdaky orta mekdepde mugallymçylyga başlan ilkinji günüm, bu ýerdäki muzeý bilen tanyşmagy ýüregime düwdüm. Maksadymy mälim edenimden müdir ony ikelläp gollady: |
«Oba ýatlamalary» goşgular toplumyndan
■ Iň uly sapak On ýyllap mekdebe gatnanja ýolum, Ynha, suwotuly ýalpajyk salma. Daş ýüzüne hatar igde ekilen, Iç ýüzüne bolsa şekerek alma. Uly ýol, çepiňde Hellew agalaň, Ýegşerlip oturan köne kepbesi. Sagyňda mekdebiň miweli bagy, Dünýäni gark edýär guşlaryň sesi. Gidip barýas gözlermizi çarhlap, Ähli umydymyz arakesmede. Jaň boldugy, agzymyzy suwa... |
ROWAÝATA ÖWRÜLEN ÖMÜR
Ol ata-enesinden: – Gyzym, balam – diýen sözi eşitmedi. Asla olaryň kimdigini, neneňsi adamlardygyny bilmän galdy. Ýeke ata-enesiniň däl,başga ýakynlary, hatda goňşy-golamlary barada-da öňde soňda bilip bilen zady bolmady. Hiç kim onuň öz adyny, atasynyň adyny bilmedi. Çagalar öýüne kimiň getirip tabşyrandygam belli däl. Şahsy resminamasynda “Kerimowa K.” diýen ýazgydan başga zat ýok. Şonuň üçinem orta mekdebi gutaryp, eline şahadatnama alýança on... |
KEREMLI ÝAÝLANYŇ OGLY
Wäşilik däpleri ýylsaýyn kämilleşip, soňlugy bilen bu sungatyň aýratyn bir ugry hökmünde uly ösüşlere eýe boldy. Başlangyjyny halk döredijiliginden alyp, Türkmen ýazyjy-dramaturglarynyň galamynyň astyndan çykan gülküli eserleriň köpsanlysy talapkär tomaşaçylara ýetirildi. Şu ýerde bir zady aýratyn bellemegimiz gerek. Ýörüte komediýa janrynda ýazylmadyk eserlerimiziň içinde hem wäşi adamlaryň keşplerniň bolmagy, olaryň keşpleriniuniň aýry-aýry aktýorlarymyz tara... |
IR OÝANAN ZEHIN
● Türkmenistanyň at gazanan artisti Hudaýberdi Baýryýewiň döredijilik ýoly hakda söhbet Sungat ugrundan ýokary okuw mekdebine giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran Hudaýberdi begenjinden uçaýjak bolýardy. Şatlygyny kimdir biri bilen paýlaşasy gelýärdi. Emma del şäherde edil şol pursat tanyş adam tapylmady. Onsoň onuň göz öňüne obalary — Ýylanly etrabynyň (häzirki Gurbansoltan eje etrabynyň) Arap obasy — meşhur bagşy Magtymguly Garlyýewiň ýaşan oba... |
ÇARWA HEKAÝATLARY
■ Gury çöp çeýnetmeseň... — Çary aga, bir hoş habar aýdaýynmy — diýip, Soltan çoluk halypasyna ýüzlendi. Çolugynyň näme aýtjagyny bireýýäm hakydasynda aýlap oturan baş çopan onuň göwnüni ýykmady: — Aýt, inim, hoş habar bolsa ondan gulagymyz gananok, aýdyber. Çoluk demi-demine ýetmän haşlady. Nämeden başlajagyny bilmän,aljyrady. Soňam agzyna gelenem şü boldy: — Ýyl gurak, şu ýyl bir mallary sag-aman alyp çyksak, gelen ýyl belki, be... |
ULY HALYPANYŇ SOŇKY SARGYDY
Halypa sazanda Pürli Sary syrkaw ýatyrka meşhur bagşy Sahy Jepbarow onuň halyny soramaga barypdyr. Kesel halys ysgyn-mydaryny alanam bolsa Pürli aga Gahy bagşyny görüp, tirsegine daýa, bileniň ýagşysynam, hordasynam goýup gidewergin. Bu senediň bihal zady ýokdur nyp oňa ýüzlenipdir. —Sahy jan, görýän welin men bilýän zatlarymyň köpüsini özüm bilen alyp gitmeli boljak öýdýän. Gapyl galdyk. Sen bir beýtmegin. Kötek görseň adyny üýtgedip çal, sözleri... |
■ Çary Aşyrly günler
XX asyr türkmen edebiýatyny Berdi Kerbabaýewsiz, Ata Gowşudowsyz, Agahan Durdyýewsiz, Nurmyrat Saryhanowsyz, Çary Aşyrowsyz, Hydyr Derýaýewsiz, Beki Seýtäkowsyz, Şalydyr Aman Kekilowlarsyz, Kerim Gurbannepesowsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Söz sungatynyň bu uly wekilleriniň hersiniň öz döredijilik aýratynlygy, ussatlyk mekdebi, galam ýörediş usullary bar. Olar bir döwürde ýaşap, işläp, eserler döreden hem bolsalar biri beýlekisiniňkä meňzemeýän, biri-bi... |
IKI ÖMÜR BIR YKBAL
■ Berdi Kerbabaýew Häzirki zaman türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, uly söz ussady Berdi Kerbabaýew bütin ömrüni halkymyzyň ruhy medeniýetini ýokary götermäge bagyşlady. Ol diňe bir çeper döredijilik bilen meşgullanman, eýsem,ýurdumyzyň syýasy, medeni we jemgyýetçilik ulgamynda uzak ýyllaryň dowamynda netijeli zähmet çekdi. Ýazyjynyň galamyndan çykan eserler halk arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. «Aýgytly ädim», «Nebitdag», «Gaýgysyz Atabaý», ... |