Результаты 1-15 из 15 по запросу Nury Baýramow

OÝLANMALAR

Taşlamaň,
Taşlamaň köne dostlary,
Ýerleri şorladyp, geçen dek boza,
Göteriň olary kalbyňyz bilen,
Olarsyz ýaşamak kyn bolar size.

* * *

- Şemal, näme ýüzüň salyk?
keýpiňem ýok, örän gamgyn?
- Meniň beli Watanym ýok,
Watansyza ýaşamak kyn!

* * *

Durna hatary deý hatar tutalyň,
Ynanyp birine öňde bolmagy.
Serçeler deý öwreneliň bir uçup,
Goý, nirä-de bol...
Täzelikler » Goşgular - 28.08.2022

KIMDEN GORKMALY?

Gorkma sen, nesihatym,
Gorkma sen edenliden,
Näçe güýjüň bolsa-da,
Gorkgunyň ejizlerden.

Kaýyl bol mert kişiniň
Ýüreginiň emrine.
Gorkma, ony sakçy goý,
Öýüňe däl, ömrüňe!

Ejiz bolsa gork ondan,
Uly ýagy - ejizlik!
Ejizligiň bar ýeri -
Tükeniksiz ejirlik!

Ejizlikdir, unutma,
Gülleri soldurýan zat.
Unutma, ejizlikdir
Güýçlini öldürýän zat!
...
Täzelikler » Goşgular - 28.08.2022

BIR TANŞYMYÑ BUŞLAÝAN ZADY HAKDA

Bir tanşym bar,
Her gün säher til edýär,
Ilki saglygymy soraýar irmän,
Soñra bolsa agy goşýar sesine:
"Eşitdiñmi?..
Eşden dälsiñ, wah, arman..."

Ýetişýär kalbyma uly howsala,
Meniñ ol tanşyma geregem şol-da!
Diýýär: "Ýüreginden tutupdyr onuñ,
Ýogsa, öler ýalam däldi ol walla..."

Sagat ikide ýa üçde jaýlanjak,
Barawergin!
Birigünem üçüdir..."
Günde b...
Täzelikler » Goşgular - 01.11.2021

GÜNÄ HEM SOGAP HAKDA

Eger şu dünýäde günä bar bolsa,
Göriplik etmeklik günädir günä.
Ile bermän akyk bilen bilimñi
Gitseñ,
Şoña günä diýýärin men-ä!

Eger şu dünýäde sogap bar bolsa,
Oña-da bar mende ýönekeý jogap:
Ýagşylyk etmeseñ, etme,
Jähennem,
Ýamanlyk etmeseñ,
Şol uly sogap!

Nury BAÝRAMOW.
Täzelikler » Goşgular - 30.10.2021

KÖNE METJIT

Galdy metjit obamyzyň çetinde,
Galdy täze obamyzdan saýlanyp.
“Nirä gitdi ol hudaýhon adamlar?..”
Diýip otyr metjit gamgyn oýlanyp.

Ol bir hudaý bilen düşünşip bilýär,
Adamlara habar gatyp bilenok.
“Indi men näderkäm bu dünýä şeýle
Dowam etse...” diýip, ýatyp bilenok

Gelýän bar ýanyna,
Garap durýan bar,
Gamlanýan ýok, gaýtam ýaňlanýar mukam.
Metjidem oýlanýar: “Indi şulary
Geň...
Täzelikler » Goşgular - 26.10.2021

JAÑ

Mekdepdäki jañ däl,
Ýok, başga ýerde,
Örän uly ýerde duran bir jañdan
Soradylar: - Sesiñ ýaman gaty-la,
Dünýäni doldurdyñ bu elhenç ýañdan.

Jañ diýdi: - Bilemok näme edýänim,
Ýene-de bir zady ymykly belle:
Tapawut ýok,
Kim ursa-da ýañlanýan,
Iñ esasam: akyldan boş bu kelle!

* * *

Bu gün başlygmyzyñ öýi ala-ýaz,
Ortarada uly saçak ýazlypdyr.
Gaýnatma, palow bar,
Çek...
Täzelikler » Goşgular - 04.08.2021

TÜPEÑ

Bilemok haýsy ýyl,
Haçandygyny,
Kakam bir tüpeñi alypdyr satyn.
Öýmüziñ töründe asylgy dur ol,
Ýeñil-ýelpaýam däl,
Misli bir metin!

Atylman dursa-da eýmendirýär ol,
Gahara ýa ýalñyşlyga garaşýar.
Ol diñw bir diwar bilen oñanok,
Ol - tüpeñ ol,
Ömür bilen dalaşýar.

Kakamy gojaltdy,
Diñe olam däl,
Onuñ bu jahandan ötennem gördi.
Menem indi ýaş-ýeleñ däl bu öýde,
Og...
Täzelikler » Goşgular - 10.07.2021

- Nury Baýram, keýpiñ niçik?
- Geçen urşuñ derdin çekýän.
Hyýalymda esger bolup,
Her günde bir jeñe çykýan.


■ IKI ODUÑ ARASYNDA

Men sährasyz asla oñup bilemok,
Söýýärin men bu ýerleriñ howasyn.
Ýöne bu ýer mańa hemmeden owal,
Ýada salýar geçen urşuñ gowgasyn.

Bu ýere gelemde, goýun soýulýar,
Bu ýere gelemde, ýañlanýar mukam.
Emma men göwnüme kyrk birinji ýyl
Tutup duran ýaly ebşitläp ýak...
Täzelikler » Goşgular - 05.05.2020

BAR ZAT MÜMKIN, ÝÖNE...

Ýañra bilen ýoldaş bolsañ,
Uzakdan,
Onuñ agras adam bolmagy mümkin.
Ýaltany tankytlap, igeläp dursañ,
Onuñ işläp, baýrak almagy mümkin.

Gorkagy kowalap elhenç ýerlerden,
Gözsüz bir batyra öwürmek bolar.
Terbiýeläberseñ garaçomagy,
Aşyk-magşuklara rehimi geler.

Akylly, paýhasly ýolbaşca duşsa,
Ýaranjañ häsiýetin çalyşyp biler.
Tüýkesme ogryny ýola getirip,
Kassa ýa ...
Täzelikler » Goşgular - 18.04.2020

ÄDIMME-ÄDIM

Bize mundan başga ýana göçme ýok,
Ýaşamaly göreş edip çöl bile.
Atamyz, babamyz ötdi şu ýerde,
Hemra bolup gyzgyn epgek-ýellere.

Epgek bilen bir otagda ýaşaýas,
Epgegiñ goýnunda ekin ekýäris.
Göçüp-gonup ýören ürpek gumlar dek,
Göçüp-gonup malymyzy bakýarys.

Çagalarmyz çäge bilen oýnaýar,
Gül ekip, gök baga çykýarlar seýle.
Bizem şeýdip "ösdürýärdik" bag-bakja,
Bizden öñkülerem edipd...
Täzelikler » Goşgular - 27.01.2020

ÇYN GOŞGULAÑ AZLYGY ÜÇIN

Watany goraýar esgerler diýip,
Arkaýyn ýatan-a dälsiñ-dä, şahyr?
Söýgiñ goragny bir milisiýa goýup,
Ýalñyş ýol tutan-a dälsiñ-dä, şahyr!

Gülleri goraýan bagban bar diýip,
Zapowednik gorar diýip guşumy,
Diñe dilçilere taşlap sözleri,
Ýa artyk saýýañmy şahyr başyñy?

Belki, şoñ üçindir entek dünýäde
Atlary näbelli gülleñ barlygy!
Şoñ üçindir ençe maýsañ güllemän,
Gözýaşa bo...
Täzelikler » Goşgular - 08.01.2020

ATA SALYHY ÝATLAP...

Bu günem şañlatdyk şahyr gulagyn,
Bu günem jedelleñ şemi ýakyldy.
"Aý, Ata Salyhyñ şygry ýöntem-laý..."
Diýen bolýan bir gurrumsak tapyldy.

Ol görmändir şygryñ gün bolup dogşun,
Düşündirjek bolup çykdy halysym.
Diýýär: "Dünýä poeziýasyn bilmänsoñ,
Şygry gowşak çykdy Ata Salyhyñ".

Çyzyk çekmekçi däl men Gomer, Geýnä,
Pyragynyñ lirasyna baş egýän.
Emma Gomer däldi,
Pyragam däl...
Täzelikler » Goşgular - 29.12.2019

ВСЕЗНАЙКА

Мы спросили у Всезнайки:
Где зимует наше лето?
Лето в трусиках и в майке
Где зимует, отвечай!
Ну конечно в жаркой печке
Лето красное зимует,
И поёт, и в ус не дует,
Варит кашу, греет чай!
С ним играют в этой печке
Огненные человечки,
Подойдите, поглядите:
Я ошибся или нет?
Только нос не обожгите!
Только нос не обожгите!
Только нос не обожгите,
Проверяя мой ответ!
...
Täzelikler » Goşgular - 22.05.2019

■ Нури Байрам (1933-1993)

Нури Байрам (Nury Baýramow) 1933 йили Туркманистоннинг Марв вилоятида туғилган. Шоир, ёзувчи ва таржимон. Туркманистон давлат университетининг филология факультетини тамомлаган (1957). Филология фанлари номзоди. Пушкин ва Лермонтов асарларини туркманчага таржима қилган.

* * *

— Нури Байрам, нима сўзлайсан?
— Одамларнинг юрагини.
— Нури Байрам, нима излайсан?
— Одамликнинг дарагини.

■ ТОНГ ШАМОЛ...

Täzelikler » Goşgular - 14.04.2019

ÇEK ELIÑI, JELLAT, ARAP ILINDEN!

Çek eliñi, jellat, arap ilinden,
Çekil, ýarygyña bat berip gelme!
Erk isleýän sada halky ýolundan,
Ganly ýarag bilen öwürjek bolma!

Tümüsgenip ýörme aç göz myrtar it,
Ketegiñ Aziýadan örän yrakda.
Git, aldawçy nejis, mekanyña git,
Häkimlik etmersiñ indi Yrakda.

Size nebit, baýlyk gerek, pul gerek,
Haýpyñyz gelmeýär sada ynsana!
Size bakna gerek, size gul gerek,
Ş...
Täzelikler » Goşgular - 04.07.2018