Результаты 1-20 из 35 по запросу Nury Sakçyýew
BAGTA BARÝAN ÝOLAGÇY
Atlanyp arzuw atyma, Ýolagçy men bagta barýan. Göwnüm deý açyk ýollarym, Kalpda şatlyk edýär seýran. Şatlyk bagtymyň ilçisi, Gaýga ýüz bermerin ýene. Göwünlik berip göwnüme, Gezipdirin ýöne ýere. Şaýolunda arzuwlarmyň Duralga dikdim sabrymdan. Ulaglardyr umytlarym, Ýeti:r ýeňşe tiz salymdan. Ynam arzuwmyň esgeri, Ynan, bagta badalga ol. Görüp ýolla... |
SÖÝGI SYNAGY
Eger gitjek bolsaň, saklap durjak däl, Sebäp ejiz bolsa, aýralygmyza. Ne sen maňa, ne men saňa gurjak däl, Gowusy galaly aýrylygmyza. ...Kynçylyk ýok ýerde kütelmeklik bar, Durmuşyň göreşi, geňeşi kändir. Söýgüde goşmak bar, köpelmeklik bar, Eger bölýän bolsa, çyn söýgi däldir! 2023.02 Nury SAKÇYÝEW. |
AÝAL DOGAN!
(Ýigidiň durmuşa çykan doganyna ýüzlenmesi) Öýümiz galdy çolaryp, Gelsene, aýal dogan! Gussalarmyň göwnüne Degsene, aýal dogan! Gelin gülüdir öýnüň, Solmasyn bahar ömrüň. Çagalygmyzdan gürrüň Bersene, aýal dogan! Gadyr giýew-gaýynda, Tut sarpasyn gaýymja. Ömrüň aňzak garynda Gülsene, aýal dogan! Ýok bolsa, sözleň dady, Göwne alma bar zady. ... |
"AK GAR ÝAGYP..."
Ak gar ýagyp, Ýollar doňar. Güneş dogar, (Ýylysy ýok) Neçün beýle, Ýollar deýin, Doň ýürekleň, Gowusy ýok. Goraň kalby. Erbetlikden, Dünýäniň däl, Ömrüň gyşy, Doňdurmaz deý. Bahar gelip, Erär garlar. Ýyly howa, Güllär baglar. Ereýärkä, Goja daglaň Doňan goşy, Ýylamazmy, Ýürekleriň Aňzak gyşy?! ... |
GAR ÝAGANDA
Ýene ýylgyryp ýagan gar, Giň dünýäni bezär gider. Beýnide doňan pikirler, Gar ýaganda erär gider. Boýap günleri ak reňke, Göwünleri gülleden gar, Çawuş çakar:,,Ýar ýanyndan gitme,aý,gyz,gül beden,gal!" Şonda seň gar deý päk yşkyň, Girer duýgymyň düýşüne. Ýok, bizi yssy günler däl, Bu garly günler duşurar. Ak atyn atlanyp ylham, ,,Şygyr ýaz!" diýp,hyjuw berer. ... |
GYŞ GOŞGUSY
Ýagty bolýar garly gije, Ýeňen çagy ak garany. Garlar päklik bu zemine, Dünýä gar bolup garaly. Özi sowuk, kalby ýyly Dana hem dogumly gyşym, Ýylgyryp gar ýagan ýyly, Men täzeden dogulmyşam. Günler kyrk tüýsli bolsa-da, Däldir bu dünýä geň gylyk. Seleň, senem sähralarym, Misli unly ak kendirik. Daglaň gary ýaldyraplar, Baglara lak atar sowuk. Doňsa-da, bu ý... |
SAZLAŞYKSYZ SETIRLER
Ýazygym ýüregme juda yza berýär... Beýnimde düşlän duýgular Gyzyberýär. Käte beýik ynsap bilen gurup darkaş. Bilmen, göwnüme bolmasa, Gowy dek muny bilmesem. Ýok, diňe öz-özüm bilen Ýüzleşip gürleşmek gerek! Ah, şonda-da... Ah, şonda-da... Bu durmuşdan hem özümden Gaçasym gelýär baş alyp, Uçasym gelýär guş olup, Ýöne näçe gaçsam-da men, Ýöne näçe uçsam... |
ÝALAN EKEN
Öýdüpdirin dünýe baky, Dogra meňzeş ýalan eken. Gijeler dälmiş garaňky, Hak yşkynda ýanan eken. Didelerde galmyş ne syr, Söz diňlemez,durmuş kesir. Gylyçdan ýiti hem kesgir, Hak sözleýen galam eken. Garalardan agy gözläp, Gezdim namartdan syr gizläp, Duýgulam aklymda güýzäp, Yşk bolup, görk alan eken. Sogapdyr sabryň dogany, Bezär ýigdi mert-dogumy. Gören ba... |
ÝÜREKLER SOWAMASYN!
Has-da sowuk geldi bu gyş, Artdy ownuk gaýgylaram. Uçan şol durnalar bile, Gitdi käbir gargalaram. Aý, howaň sowany hiç-le. Ýöne kä gelýärsiň gabat, Kalby sowan adamlara. Ýeri, muňa näme diýjek, Aýdyň, sözlem bolsa galat. ...Düzedilmedik hatalar, Göwni aldan görksüz günä, Kalbyň ýylysyn ogurlap, Salýar bizi gör ne güne. Ýüregmizi sowadýarys, Göwnümi... |
DURMUŞA SYN
Bu durmuş däldir ejeň, Gözle kynçylykda tär. Eliň tutmakdan geçen, Ýykylsaň, güljekler kän. Daşdan gatydyr başyň, Ejizligi elän -- är. Çeýnäp oturan aşyň, Agzyňdan aljaklar kän. ,,Yşk" boldumy güýmenje, Hem wagt geçirmäge kär. ,,Men ýaryň!" diýp gülenje, Ýasama gurjaklar kän. Ýalan -- ýarany ogryň, Ýaman niýetlerden dän. Indi sözleseň dogryň, Depäňde... |
GAR ÝAGANDA DÖRÄN SETIRLER
Aklyk, arassalyk, aýdyňlyk bilen Gar ýagýar, ýyllaryň äkidip derdin. Sowuk duýgularmy, biweç pikrimi Meýletin şo-ol ýyly garlara berdim. Garlar gök asmandan zemine gowşup, Sözsüz söhbet edýär agaçlar bilen. (Olaryň gürrüňin, täsin söhbedin Diňe ak göwünli ynsanlar biler!) Töwerek aklyga, päklige dolmuş. Goý, niýet-pälimiz şonuň deý bolsun! Ak atly, ganatl... |
GÜÝZ
Duýgularym ýöräp barýar, Arasyndan ýapraklaryň. Ogultäç Oraztaganowa Baglar zerbap donun geýer, Ömre ýatladyp köp zady. Suratkeşleriň ussady, Meň täzeçil güýzüm geler. Suw meýilli gurbaga deý, Ýel ýüwürmäge döwtalap. Pikrimiň maňlaýynda der, Güýzüm, barýan saňa tarap. Ýaprak gaçýar ömre meňzäp, Durnamam ugrar daş ýola, Bak ýar maňa birje ýola, Duýgul... |
SÖÝGI WE KYNÇYLYK
Duý, söýgimi men bir ýygra, Geldim kalbym söýgä ýugra. Bilmen, näzleň ýazmy, gyşmy Ýazýaryn bir saňa goşgy. Kül bolan köňlümi ýakyp, Gül bogan günleri ýykyp, Söýen kalba esetmeseň, Öýkelerňi bes etmeseň, Köpi gidip, azy galan Dert duýgyma salar talaň. Gorkma:ly ýollaň kynyndan, Gussam çykmasyn gynyndan, Ýokdur gitjek özge ýeriň. Bolsaň ykbalymda meniň, Rahat gezmezdim-... |
BU ÝOLLAR
Juda köp zady öwreder, Berlen bu wagty owradar, Kä mert eder, kä ownadar, Bu ýodalar hem bu ýollar. Ne beýle wagt aty ýyndam, Geçip barmyş aýu-ýyllam. Kä giň, käte inçe gyldan, Bu ýodalar hem bu ýollar. Bir gül deý solmankak bir gün, Gadry dirilikde bilgin. Aýdar kim pes, kimiň beýgin, Bu ýodalar hem bu ýollar. Göwni açyklaň hyýaly, Tüm gije dogan Gün ýaly, D... |
GÜL ÝÜZÜŇDE GAM GÖRMÄÝIN!
Durmuş kä giň, käte gedem, Biler onuň ýolun geçen. Ýylgyrsana, käbäm ejem, Gül ýüzüňde gam görmäýin! Çykyp muhabbet baýryňa, Bilmen arzuwdan aýryla. Hemme zat bolar haýryna, Gözleriňde gam görmäýin! Köňlüm ýuwar çygsyz ýagyş, Etsem-de, hatasyz ýalňyş, Günler geçer,geler ýaz-gyş, Gül ýüzüňde gam görmäýin! Kalba şatlyk donun geý sen, Ýykar gaýgy-gussa ... |
GÜÝZLER GELENDE
Ýaşymyň üstüne bir ýaş goşular, Bu güýzler gelende, güýzler gelende. Göge galar gider göwün guşumam, Hoş sözlerden ýaňa ýüzler gülende. Dünýäň eleginde elener ynsan, Saklansa ýagşydyr syrlarym pynhan, Hak aşyk boluban bir däli porhan, Kalby dolup daşar ýaryn görende. Ömrüm goşa gelen ýaza meňzesin, Göwnüm ganat geren gaza meňzesin, Görülmedik ýyljak gara meňzesin, Arzuwlam wysala... |
GIJE AHWALY
Ýene garaýagyz gijäň Ýyldyzlar boýnuna düzler. Çal şemalyň goly gijäp, Başyn sypar dagdyr düzleň. Ýagty Aý ýüregne düwdi, Yşk hakda ýazmagy şygyr, Ýyldyzlara aýdyp hüwdi, Ol bu gije çeker şöwür. Açylar gök gulplary, Hüwdülände Aý ene deý. Ýassyk edip bulutlary, Uklar ýyldyzlar ýene-de. ...Otyryn diňläp ýüregmi Men. Hiňňildik. Giňiş howly. ( Egne atyp yşk ýü... |
DURNALAR GAÝDYP GELER
Sen Watansyz hasap etme, gonup-göçen durnany. G.Ezizow Duýman gussaň azaryn, Külpetden bagt araryn. Çekip Watanyň zaryn, Durnalar gaýdyp geler. Gitmegi isläp näler, Günler ähdinden däner. Gül deý gülende älem, Durnalar gaýdyp geler. Dertlese kyn, kejir gün Sabryň bilen bejergin. Gelmese-de, geçen gün Durnalar gaýdyp geler. Gits... |
SENI SÖÝDÜM!
Diýme: "Dert kän, Ýoluňdan dän". Özgäni däl, Seni söýdüm! Gülkiň - gül dek Gaýgym kül dek, Eýlär kültek, Seni söýdüm! Gitseň derhal, Dert del deý däl. Gel sen, gel, gal, Seni söýdüm! Geý yşkdan don, Kötel-pes ýol. Diýmegin: "Ýok" Seni söýdüm! Durmuş - menzil, Nurdur meňziň, Açsam men dil: Seni söýdüm! D... |
"GEL, GÜLÜM, KALBYMA SEÝLE GIDELI..."
Gel,gülüm, kalbyma seýle gideli, Seretmän ýollaryň beýik-pesine. Söýgimiň sazyny eşdesiň gelse, Diň sal, urýan ýüregimiň sesine. Ýüzüň dolan Aý deý saçanda ýalkym, Görküňden utanar yşkyň jemaly. Uzat sen ellerňi, solmasyn güllem, Sypasyn saçlarňy bagtyň şemaly. Seniň näziň doň garlary ereder, Bagtdyr näziň çekmek aşyk ýigide. (Bagtly adamlara üýtgeşik görner, ... |