Результаты 1-20 из 83 по запросу Ogulgerek Ussaýewa

MÄHREMLIK

Ýanýoldaşym Seýrany şypahana ugradyp, özümem öýde dynç almak isledim. Ýöne agtyklarymyň goh-galmagaly, baharyň hoştap howasy meni öýde uzak oturtmady. Gün guşluga galandan, obamyzyň ileri ýakasyny jähekläp oturan baýyrlara tarap ugradym. Göm-gök  baýyrlaryň owadanlygyny söz bilen beýan eder ýaly däldi. Giň gollaryň güzeý tarapy gyrmyzy halyny ýatlatsa,  beýleki tarapy gelin-gyzlaryň ürç edinip daňynýan sary öýmesi ýalydy. Gül-gülälekleri ynjytmajak bolup, ýuwa...

Täzelikler » Hekaýalar - 01.07.2020

ŞETDAT

Ol uçara münenden kalbyny gaplap alan ýatlamalaryñ ummanyndan çykyn, rahat dynç alaryn öýtdi. Emma hemmesi tersine boldy. Uçarda mazaly ornaşyp, kellesini arka atandan, garym-gatym pikirler ony aldym-berdime salyp başlady. Şonda-da ol ähli zady unudyp, ap-ak bulutlaryñ üstünden galkynyşly diýaryñ mährem topragyny synlamak isledi. Ýöne, saýgyjy ýeten ýüñ ýaly peşmek-peşmek bolup üýşüp duran bulutlar onuñ bu islegine böwet bolýardy. Kalbyny gemrip barýan oýlardan ara açyp bilmän,...

Täzelikler » Hekaýalar - 29.06.2020

OGULMY-GYZ

Penjiräni açandan, onuň ýüzüni baharyň mylaýym şemaly  sypady. Daň şemaly guşlaryň jürküldisini, ho-ol, uzakda üýrýän itleriň sesini  alyp geldi. Şol demde beýnä dolan ýakymly ys ony meýmiretdi. Bu hoşnut ysdan ganmak üçin ol boýnyny daşaryk yzatdy-da nazaryny has uzaklara dikdi. Belentli-pesli baýyrlary etekläp oturan dogduk obasynyň oýanyp başlamagy ony süýji  hyýallara garyk etdi. Şahalary dolduryp oturan pyntyklaryň arasynda iki ýana bökjekleýän &nbs...

Täzelikler » Hekaýalar - 25.06.2020

SALLANÇAK MUKAMY

Bu ahwalatyň her gezek gaýtalanyp durmasyny özümçe ýorjak bolýan-da oýlaryň girdabyna düşýän. Her gezegem “Belki, bü meniň hyýaly dünýämdir. Sazlar, mukamlar bolsa, ejem janyň hüwdüsi bilen kalba siňen  mähirdir. Gül ýygyp ýören çagajyk bolsa, ýüregimiň hakyky küýsegidir. Eýsem näme, perzent islemeýän, ony arzuwlamaýan gelin barmy” diýen duýgular beýnä dolýar. Indi bu ahwala şeýle bir öwrenişdim weli, käte ýeke galan çagym şol ajaýyp dünýä dolmas...

Täzelikler » Hekaýalar - 25.06.2020

PERZENT ZARY

Ol kalbyna dolan gussany egismek üçin çalajadan hiňlenmek isledi. Ýöne onuň bokurdagyndan gaýnap çykýan owaz iňňirdili aga öwrüldi. Ol ýaňagyndan akýan sil suwy deý ýaşyny syryp, içinden müň kerem şükür kyldy. “Toba etdim, toba etdim” diýip, ýuwaşjadan gaýtalady-da, ýatlamalar deňzine çümdi. Eý, janajar, sen balamyň üçi güni maňa hemra bolduň. Açyk gapydan girdiň-de, göni ýanyma gelip,aýak çekdiň.
It-pişigi kän bir halap barmanydan soň, men saňa ünsem be...

Täzelikler » Hekaýalar - 24.06.2020

ÄLEM SAZLAŞYGYNYŇ AÝDYMY

Adamzat döräp, Ýer togalagynda ýaşap başlany bäri, onuň janly tebigat, töwerek-daşy bilen gatnaşygy dowam edip gelýär. Dünýä halklarynyň köpüsi ýaly, türkmen halky hem öz ýaşaýan topragyna mukaddeslik hökmünde garap, ony gudrat saýypdyr. Hut şonuň üçinem Oguz hanyň nesilleri öz ýaşaýan tebigatynyň gözellikleriniň şekillerini keşde-gaýmalara öwrüp, nagyşlara ge- çiripdirler. Olaryň zehin-başarnygynyň önümi bolan nepisden-nepis nagyşlar onuň dokaýan halysyna, ...
Täzelikler » Publisistika - 03.07.2019

BELENT SARPANYŇ BEÝANY

Hormatly Prezidentimiziň jöwher galamyna degişli bolan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly eserini okap, türkmeniň bu milli guwanjy bilen has içgin tanyşmak bolýar. Ussat seýisleriň terbiýelän dal bedewleri aýlawlary baglaýar. Gadymy Margianada gazuw­agtaryş işlerini geçiren belli rus alymy Sarianidi taý süňkleriniň üstünden barandygyny, onuň ahalteke atlarynyň neslidigini aýdýar.
XIX asyrda türkmen topragyna syýahata gelen A.Wamber...
Täzelikler » Publisistika - 30.06.2019

ENE ALADASY
    
Howanyň düýnden bäri gamaşyp durmagy, Bibigözel ejäni ünjä goýdy. Gaýynenesiniň ynjalykdan gaçanyny aňan Maýagözel:
– Enesi, beýdip gysylmak size gelişjek zat däl. Howany bulaşdyrdyňyz-la. Ýa ýekeje gyzym diýip, süýdüň kesmegini hemişe Akpamyga berýärdiňiz welin, toýunda gar ýagmagyny isleýärsiňizmi?
– Göwnüňedir, öň gelin edinenimizde hem, howa bulaşan däldir. Gyşyň orruk ortasynda toý tutsamam, ýazyň güni ýaly bolýandyr, ýö...

Täzelikler » Hekaýalar - 11.02.2019

"SEN GEREK" / Bir aýdymyň taryhy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen edebiýatda, sungatda yz galdyran şahslar ýatlanylyp, olaryň eden işleri barada, ömri döredijiligi barada  gyzykly söhbetler edilýär. Şahyr, edebiýatçy alym Begmyrat Ussaýew hakdaky ýatlamalar beýnide ýer tapmadyk mahaly galam-kagyza ýapyşanymy duýman galýaryn. Bu gezek hem şeýle boldy. Meniň bu ýatlamam şahyr Begmyrat Ussaýewiň sözlerine döredilen “Se...

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna
                   
▶ ÝERDEN ÝOKARDAKY PIKIRLER

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň medeni mirasy has içgin öwrenilýär. Türkmen halkynyň belli şahslaryna, nusgawy şahyrlaryna hormatly Prezidentimiz tarapymdan uly hormat goýulýar. Olaryň  döredijiligine bagyşlanan halkara maslahatlar geçirilýär. Türkmeniň dünýä belli şahslarynyň doglan günlerine bagyşla...


MÄHIR SALLANÇAGY

Haltäç ogluny-gelnini işe ugradyp, öý-içeriniň hysyrdysy bilen güýmenip ýörşüne şol gezek näme bolandygyny hakydasyna getirjek bolup, beýnä agram berdi. Ýöne şunça pikir öwürse-de ol wakany ýatlap bilmedi. Oňa derek başga-başga pikirler beýnini bulaşdyrdy. Haltäç elindäki esgini gaýtadan çyglady-da penjiräniň tekjesindäki owadan gülleriň ýapraklaryny süpürmäge durdy. Näçe emaý bilen hereket edýändirin öýtse-de, birden çym-gyzyl bägülüň ýalaňaç galandygyny duýdy. Muňa ...

Täzelikler » Hekaýalar - 10.01.2019

TÜRKMEN DÜNÝÄSI

Men seniň kalbyňda gopýan harasady badabat duýdum-da, oňa düşünmek isledim. Ýöne her häçe jan etsemem seň dünýäň gapysyny açyp bilmedim. Sen ony şeýle bir gaty ýapypsyň weli, eger-eger açar ýaly däl. Onsoň men seniň  iň näzik, iň arzyly duýgularyňa düşünmek üçin öz dünýäme dolandym. Şonda nirelerdendir bir ýerden owadan mukam eşidildi. Ýuwaşlyk bilen oňa gulak goýdum. Şirinden-şirin  mukamyň “Maýagözeldigini” duýdum. Çünki bu mukam çalnanda dutary...


ENE MÄHRI

Ikimiz şäheriň bäbekhanasynda tanyşypdyk. Şonda sen  halys ejizlän bolmaly. Üznüksiz agyrynyň arasynda maý tapyp, heniz ene bolmaga taýýar däldigiňi ýaňzytdyň. Meňem  ynjym özüme ýetik bolansoň, seniň dünýäňe aralaşjak bolup durmadym-da:
- Ynha, posalajyk bäbegi eliňe alarsyň weli, hemme zat ýerbe-ýer bolaýar. Meniň pikirimçe, ene bolmak üçin aýratyn taýýarlyk gerek däl. Diňe öz çagaňy hakyky ene bolup, mähir bilen söýmeli. Bolany şol, galanynam wagt gör...

Täzelikler » Hekaýalar - 09.01.2019

HAKYDA GUŞY

Ol ýene öňki endigine görä ýola düşdi. Göwnüne ol keremli daglara barsa, ýüki ýeňläýjek ýalydy. Çünki her gezek şeýdip dünýä sygmadyk mahaly daglara gelerdi-de zaw-zaw bolup ýatan dereleri synlardy. Olaryň her otuna-çöpüne belet Selim esli mahallap nazaryny bir ýere dikip oturardy-da soňam ýuwaşlyk bilen ýerinden galyp, gyçak-gyçak daşlary ýaryp çykan arçanyň deňinde saklanardy. Onuň çalymtyl miwesini agzyna atyp, ýakymly ysyna berlerdi. Şonda  daglardan çykýan seda o...

Täzelikler » Hekaýalar - 09.01.2019

GUŞ DILI

Altyn güýzüň iň soňky günleridi. Howa mazaly çigräpdi. Öý-içeriniň hysyrdysyna başlamankam, açyk howadan dem almak üçin penjiräni açdym. Guşlaryň şadyýan sesi içerä doldy. Birsellem diň salyp duranymdan soň, radionyň burmasyny towladym. Dutaryň owazy şol bada guşlaryň sesini basdy. Ýöne az salymdan olaryň enaýy jürküldisi has ýakyndan eşidildi. Indi guşlar dutardan çykýan saza öýkünip saýraýardylar.
Penjireden boýlanmak üçun oňa tarap ýönelenimde aýnaň içki tekjesinde b...

Täzelikler » Hekaýalar - 09.01.2019

BUGDAÝLY MEÝDAN

Ol Gökderäni etekläp oturan bugdaýly meýdany höwes bilen synlap durşuna bu ýylky hasylyň ýüzüni gyzartmajakdygyna düşündi. Ol ýuwaşlyk bilen adaja öwüsýän şemalyň ugruna ygşyldap oturan altynbaş sünbülleri yralap goýberdi. Mazaly bişen altyn däneleň şybyrdysy onuň göwnüni göterdi. Ol edil şuş-şu mahal mülk ýerini gujagyna gysasy, begenjini toprak bilen paýlaşasy, bu bereketiň, bolçulygyň gözbaşynda duran Arkadaga alkyş sözlerini aýdasy geldi. Birdenem begençden ýaňa bo...

Täzelikler » Hekaýalar - 09.01.2019

AÝMONJUK

O döwürler beýle bagtyýar durmuş bardyram öýtmezdik. Öz dünýämiz bilen başagaýdyk. Ýöne obamyzyň iň owadan gelni, hemmämiziň gelnejemiz, baýdak boýly Aksoltanyň boýnundaky köz ýaly gyzaryp duran aýmonjuga hemmämiz höwesekdik. Gyzlar bolup oýnamaga üýşemizde-de köplenç Aksoltan gelnejemiň aýmonjugy gepbaşy bolardy.  Gelnejemiň gürrüň bermegine görä ol ejesinden ýadygar galypdyr. oňa-a öz ejesinden galanmyş. Gadym döwürde babasynyň kakasy Käbä zyýarata gidende getirenmiş. ...

Täzelikler » Hekaýalar - 08.01.2019

MUKAMYÑ GUDRATY

Özümden kiçi jigim gyzamyk çykaranda, men eýýäm ese-boýa galyp barýan gyzdym. Onuň sallançakdan sallanyp duran aýaklary çym-gyzyldy, özem tamdyr ýaly gyzyp, ýanar ot bolup ýatyrdy. Onuň agzyna suw damdyrýan ejem janyňam ýadawlykdan hem aglamakdan ýaňa gözleri gyzaryp durdy. Goňşy-golamlar, garyndaşlar jigimi soramaga häli-şindi gelýärdiler. Jigim weli gaýralamasa, bäri bakyberenokdy. Bir gün irden Jahan gelnejem geldi:
— A gyz, Nurgözel, şol ilerki Hojalyla...

Täzelikler » Hekaýalar - 07.01.2019

ÖÝLÄNÇI

Ynha, ýene-de birden öýlänçi geldi-de, dünýäni sil-suw etdi. Bahar ýagşy, onda-da öýlänçi göwünleri ýuwýar diýenleri çyn eken. Agras pikirlerden ýaňa dyňzap duran kalbym birden gül-gül açyldy. Hut şu pursat töwerek-daşdaky güllerem täzelenen ýaly boldy. Sähel salymyň içinde gelen çabga ýap-ýaňyja  açylan güllere aýratyn bir öwüşgin çaýdy. Göwnüme bolmasa,  ýagşyň her damjasy bir güle öwrülen ýaly göründi. Wagtyň  ak baharlar arkaly öz-özüni täzeleýşi ýaly, gülle...

Täzelikler » Hekaýalar - 07.01.2019

NURANALYK

Dünýä, durmuş hakyndaky pikirlere gark bolup oturyşyma seniň geleniňem, gümmürdedip saz çalyp başlanyňam duýmandyryn. Senem meniň pikire batyp oturyşymy duýan däl bolsaň gerek. Belki-de, meniň rahat dünýäme aralaşyp, azar beresiň gelen däldir. Belki-de, şol dünýäniň ajaýyplygynyň  üstüni mukam bilen dolduraýyn diýensiň, ýogsam ýanyma gelip, maňlaýymdan öperdiň-de “Läläm, nämäň oýuna batdyň?” diýerdiň. Ýöne şol  pursat kalbyňy eýelän güýç seni idirdikled...

Täzelikler » Hekaýalar - 07.01.2019


1 2 3 4 5 »