Результаты 1-20 из 185 по запросу Oguljennet Bäşimowa

GYŞ GELMÄNKÄ...

Kämil däl bolarly bu beýik baglar,
Garga geçse hüžžerişýär saçlary.
Gyş heniz nobata goýmandyr
Çemli
Güýz toşabna dalan bu agaçlary...

Bilýänem däldirler aňzagyň baryn...
Adam şeýle bolýar...
Gaty söýende.
Täsin...
Gyş gelende asyljak daryn
Çyrmaşyklar taýýarlaşyp goýanda...

A...
Täzelikler » Goşgular - 25.09.2023

ERKIN HATLAR

Hemme zatda hemmeleriň hem günäsi bar. Günäkär gözlemek gerek däl, meseleden çözgüt çykarmak gerek. Hiç wagt kimdir birini günäkärleme oglum! Günäniň ulusy aslynda biziň bu dünýä gelmegimizde diýip, müňýyllardan bäri dini kitaplarda hem dini däl kitaplarda hem aýdylýar. Güler ýüzli bolmak, esasy günäniň ýarsyny ýuwmakdyr hem diýilýär. Ýüzüm size ýapylmasyn diýip,dileg etmäni çykardym soňky günler. Ynsan bir güldir, güler ýüzli bolmak bolsa, söýülmek diýmekdir. Ynsanyň s...
Täzelikler » Oýlanmalar - 19.09.2023

KÖÑÜL BAGY

(Ogluma)

Ter, tämiz howa bilgisi, kökleri gökde mysaly,
Ýürekden owaz köňlgesi,
Juwanlyk eli hasaly,
Ýat ülkäniň jan dawasy,
Ýakyn kä hossar däl misli,
Sen nämesiň köňül bagy,
Gadymy syýasyz sesmi?

Sowal bersem örülersiň,
Menem, senem haýran Saňa,
Köňül bagy, köňül bagy
Hany ýene aýlansana.
Ýüregiň kartasyndaky gazylan suň çyzyk ýaly,
Men saňa näme diýsemkäm,
...
Täzelikler » Goşgular - 18.09.2023

SEN MENIÑ ÝÜREGMIÑ BAGY OGLUM!

Örküm, köküm hemem bu dünýäni görklendirýän görküm, oglum! Seniň barlygyňda dünýäniň dady başga, men dogurdan hem düşünmeýärin! Meniň bir joram bar, onuň jigsi Germaniýada ýaşaýar, ýoldaşy bilen iş saparna gidipdir. Ol doganyna: Nijeme aýdyr, daşary çykmaýaryn, men hamyla! Nemesler hamyla aýal görseler geň galyp seredýärler köçelerde, men oňa birhili blýaryn, olar özleri üçin ýaşaýarlar, olar çaga dogurmaýarlar, zato dünýäni aýlanyp gezýärler diýipdir....
Täzelikler » Oýlanmalar - 13.09.2023

GÜN BIZE ŞATLYK GETIRSIN!

Bu gün äpet gün şaňňyrdap, şöhlelerini döküp, asmana tarap galyp barýar. Daňdan 4:16 da oýanypdyryn. Megerem ýüregim bu dünýäniň hany-many namedekä diýmän, bu dünýede iň uly many näme diýip, pikir edýär. Şol sebäpden-de “dünýäniň manysyna düşünjek bolýan” ýüregime “kömekleşmek” üçin elimden geleni edýärin. Megerem bu meniň soňky ýyllarda iň uly utyşym bolmaly. Çünki filosofiýanyň kanuny şeýle. Yhlasly gözleriň içinde haýsydyr bir umyt beriji güýçleriň bolşy...
Täzelikler » Oýlanmalar - 12.09.2023

AHYRY ÝÜREGIM SOWADY

Tebigatyň kanuny: Eger-de ýüregiň gyzgynlygyndaky motora odun atyp durmasaň, ol hem gyş gijesi sönüp galan peje meňzeýär, soňabaka, daňdan üşäp turýadyk-da çagalygymyzda, ejem mallaň başyndadyr, kakam odun çapýandyr, bizem burunjyklarymyz üşäpjik ýyljajak ýorgandan çykyp bilmän garaşyp ýatýarys-da onsoň neneň ejem gelip, peji ýakar welin öýe ýene-de ýyly ýaýrap başlar, soň bir-birden pllaşyp turarys, kakam pahyr hem:
- Hanyyy, kim ir tusa, şol gaýmak iýer...
Täzelikler » Oýlanmalar - 10.09.2023

BU GÜNEM TÄSIN GÜN BOLDY

Dogrusy her bir günüň, her bir wagt ülşüniň ynsana berýän galtaşmasy bar, bu gün bolsa, men oglumyň ýanynda oturdym, birnäçe sagat, eý waý. Seniň egniňe kellämi goýan badyma ähli agyrylarym gitdi, göýäki bar agyrym seniň ýanymda ýoklugyň nijeme günlerdir, seni görmedigim üçindir belki, bilmedim... Ýöne anyk bellidi, ene ýüreginiň çagasyny küýsänligi, bu bir gudrat-la, dünýäniň ýekeje egni hem öz ogluň egnine degmez, hat-da olaryň hemmesi birleşip, bir-birine...
Täzelikler » Oýlanmalar - 08.09.2023

BAGTYÝAR KIŞILERIÑ PERFORMANSY NÄMEDE?

Men sözleriň daşyna ýüň jorap geýdirip, ýöretmäni halaýaryn, çünki hala basanlarynda sesi bolmasyn, “çybşyldysy” bolmasyn, kiri bildirmesin we ş.m.
Şeýlelikde daşarynyň kirini öýe getirip bilýän biri bolmak hökman däl, daşara-da öz kiriňi äkitme, başarsaň, musor ýaşigine goýaý, çykyp gitmäkäň, işe! Beýlebir kynçylyk döredenok ahbetin!
Men şeýlelikde bu gün bazar günümi döredijilik bilen meşgullanmaga bagyşlamaly diýen netijä geldi...
Täzelikler » Oýlanmalar - 06.09.2023

ULY YÜREKLERIÑ YZY

Jelaletdin Meňburny ýaly uly ýürekleriň yzy başgaça bolýan bolara çemeli, men buýsanýan biziň halkymyzda şeýle ogullaryň bardygyna, şol sebäpli hem türkmeniň gaýratly ogullary hakda nijeme zatlary etdim, edilen işleriň sanawy ýokdur, türkmen edebiýaty üçin hem, türkmen medeniýeti, radiýo, telewideniýesi üçin hem şeýle. Meniň-ä sanamaga güýjüm ýok, ýöne etdim şu işleri diýmäge-de güýjüm ýok, ýöne täze bir iş döretmek üçin gelendigimi-hä tanyk bilýän şu dünýä. Umuma...
Täzelikler » Oýlanmalar - 05.09.2023

ÝÜREGIÑI GIÑ TUTMANY ÖWRENMEK

Dünýede müňlerçe filosofiýa bar, men şahyrlar, ýazyjylar hakda näme pikir edýän bilýärmisiň? Olar öz geplerni ýönekeý adamlara üşündirip bilmän, belki-de kagyza ýazmaga başlandyrlar, megerem?! Men onuň şeýledigine 9.000.000 göterim ynanýaryn, çünki ýönekeý adamlara gep düşündirmek diýmek, garşyňdaky bir lentanyň zapisini basmak-d aony diňlemejek bolmak diýen ýaly bir zat. Seretseň, hemme kişi senden akylly. Hemme kişi haýsydyr bir slojnyý zatlary hem öw...
Täzelikler » Oýlanmalar - 04.09.2023

• Goýy güýz

Owadan gijeler sowap başlady,
Güýzüň dökjek zerlerine ýer ýasap.
Agaçlar toprakdan nemlenen borly,
Çygjaryp dur,
Elläp görseň, der basyp...

Merdiwany döwülipdir, alysda
Gökden aslyşyp dur nawy bulutlaň...
Sen şol gün,
Sen şol gün saçlarmy sypap, ýuwdundyň...
Süýndi şonda mawy-mawy bulutlar...
Muny iki dünýäň aralygynda duramda-da hiç unutman,
Unutman...

Ýene-de ýegşerýä...
Täzelikler » Goşgular - 04.09.2023

OGLUM, SENIÑ ARZUWLARYÑ AMALA AŞAR, NESIP BOLSA!

Nurana ýüzüňi kalbyň içindäki duýgular bilen çaýyp, öýe gelersiň, nesip bolsa. Ylahy duýgular bilen seni bu öýe gelmegiň üçin çagyrýaryn, günde saňa doga-dilegler edýärin! Nesip bolsa, gelersiň.
Bir gün gelersiň, nesip bolsa, ol gün daşda däl, aýdyşlaryna görä, Alla-da şoňa rugsat bersin! Oglum! Seniň sag-aman şu zeminde gezip ýörmegiň, janyň sag bolmagy meniň üçin esasy zat, men şol jan-saglygyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatl...
Täzelikler » Oýlanmalar - 22.08.2023

ŞOL GÜNDEN SOÑ...

Şol günden soň, özümi senden başga zada borçly etmämi goýbolsun etdim, asla ilki biln iş, karýera we şahsyýetiň ululygy wajyp diýip, düşündim, gije-gündiz işledim. Sen mydama- da bagrymyň bir ýerinde bolduň, seni söýmekden käteler işde ýüregim ezilip gitse-de seni käte jigilerime, käte-de enekäňe, käte-de kakaňa tabşyrdym. Çünki maddy ýagdaýlar hem köplenç şeýle bolmagy talap edýärdi, biziň üstümize döküp duran... ýokdy.
Şeýlelikde sen hem men, beýik bir seb...
Täzelikler » Oýlanmalar - 20.08.2023

ÝAZYJY-ŞAHYRLARDAN NÄME ÜÇIN ÝAZÝANDYGYNY WE EDEBIÝAT BARADAKY PIKIRLERINI BILMEK ÜÇIN ÜÇ SORAGDA UMUMY GÜRRÜÑDEŞLIK

- Döredijilige ýañy başlan uçurlaryñyz "Näme üçin ýazýarsyñyz?" diýen soragy beripmidiler we oña beren jogabyñyzdan bäri üýtgän zat boldumy?

- Şygyr arkaly beýan etmek ýa-da üýtgetmek islän zadyñyz bolupmydy?

- Täze çykýan kitaplar we gazet-žurnallarda berilýän çeper eserler bilen baglanşyklykda häzirki döwrüñ şygr...
Täzelikler » Söhbetdeşlik - 20.08.2023

Oguljennet Bäşimowanyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy

Anna, 18.08.2023 ý.


Şu günler ürç edip, Allaýar Çüriýewiň gündeligini okaýaryn! Bir zady zerur bellemegimiz gerek: Awtorlyk hukugy hakda aýdylýan zatlaryň içinde şahsy bähbit hem aralyp bilner ýa-da hat-da biriniň problemasyny düzedip ýa-da düzetjek bolup, belki-de d...
Täzelikler » Nukdaýnazar - 18.08.2023

MERTEBÄMIÑ, BUÝSANJYMYÑ BINÝADY OGLUM!

Bilýärmiň näme? Sensiz maňa dünýäniň lezzetleri, dünýäniň mähirleri, dünýäniň datlary, dünýäniň şypaly suwlary, dünýäniň gülleri, ählisi gyzyksyz ýaly görünýär, hat-da gündelik söýüp edýän pişäm bolan komputerdäki işlerim hem...
Hemmesi manysyny gaçyran ýaly-la birhili, hat-da seniň aladaňdan başga hiç bir zady söýmedik ekenim men, meniň söýdüm diýen zatlarymyň ählisi ýasama eken, asla şeýle bolsa, men olara nijeme wagt näme üçin köňül b...
Täzelikler » Oýlanmalar - 18.08.2023

OGLUMA ÝAZAN HATLARYM / Liriki oýlanma

• AGŞAM DÜÝŞÜMDE

Agşam düýşümde seni görüpdirin, eşidýärmiň seni. Biziň şol gije daragtyň gapdalyndan üzüm dalbarynyň gyrajygyndan geçip giden kölegeleri görmegimiz belki-de geçip giden ömürlerdir, kim biler? Ýöne men agşam düýşümde hakykatdan hem seni gördüm, hyýal! Sen nähili asuda görünýärdiň, sen nähili owadan görünýä...
Täzelikler » Oýlanmalar - 17.08.2023

Oguljennet Bäşimowanyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy

Sişenbe, 15.08.2023 ý.


Men bir ogryny tanaýaryn, öz ejesiniň geçmişi gaty çylşyrymly bolany üçin meniň ejemiň geçmişi baradaky ýazan senarimi ogurlady, görgüli! Ogurlany hem hiç görgüliň: “Gaýta ol menden ogurlady” diýip, gaty ogurlyga öwrenişen ogrularyň ýanynda aýd...
Täzelikler » Nukdaýnazar - 15.08.2023

Oguljennet Bäşimowanyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy

Anna, 04.08.2023 ý.


"Ogurlyk" meselesi boýunça gürrüñ gozgalsa, sözüm ýer almasa-da ýerde galmajagyny bilýän. Her klip - bir minifilm diýip "Türkmen Owazynyñ" ozalky ýolbaşçylaryna aýdanyma nijeme ýyllar bolup barýar. Utanýan. Iş bolmasa ýüzleý kliplerde hiç ynandyry...
Täzelikler » Nukdaýnazar - 04.08.2023

...O gije hetdinden aşypdy, gyzyň egnindäki parçany elleri bilen sypanda elinden tyrpyp gaýdan endam Hasanyň tas zähresini ýarypdy. «Eý, taňrym, beýle-de bir gözellik bolarmy?!» Göýä, däli kibi gyzyň gözlerine seredip, onuň ruhundaky näzikligi bir demde içine çekip, dolap alasy geldi, öwrenişesi geldi, kalbynda salan gozgalaňyny birmeýdan gyzdan çykarjak ýaly etdi-de soňam howany ysgady. Burnuna gelýän ysyň nireden gelýänini hiç duýup bilmedi. Häzir Arryk ýanynda bolsa, müň gezek takal okardy: «...
Täzelikler » Romanlar - 20.07.2023


1 2 3 ... 9 10 »