Результаты 1-14 из 14 по запросу Ogulnur Ataýewa

ÝOLDA GALAN GÜNLER

Köçäň ugry bilen gelşime müň pikiriň başyny agyrtdym… Oň ýüregi syzýar. Ýöne başga zady. Ol gözlerini dikip garaşyp otyr. Ýöne o ýoldan maňa derek başga biri gelýär. Men adaty günlerdäki ýaly ýol ugra dükana sowuldym.
– Salam
– Salam armaňda.
– Bar boluň. Yna şuňa meňzeş reňkde sapagyňyz barmy?
-Bar. Sapagmyzam bar, soragmyzam.
– Düşünmedim?!
– Ýigit bi...
Täzelikler » Oýlanmalar - 31.03.2023

MEN GELDIM, YNHA!

Ýyllary suw deýin äkitdi günler,
Geçen möwsümleri ýaşadym tenha.
Unudyp bilmeýän duýgulam bilen
Men geldim, ynha!

Seni her küýsämde dörän goşgulam
Depe bolup ýatyr beýlämde, hanha.
Gönüläp gözlerňe garamak üçin
Men geldim, ynha!

Saňa barýan ýol tapmadym elenip,
Hezil etdi şor täleýim bulanyp,
Şu ýaşymda ilki söýgä ...
Täzelikler » Goşgular - 04.09.2022

SEN DIŇE SYNLA!

Sen diňe synla,
Iç-içime sygman aglaýanymy,
Kemsinýänmi, göwnümiňem synyşyn.
Ody öçürilmän galan çäýnek deý,
Gaýnap-gaýnap bar hasratyň dymyşyn…

Sen diňe synla,
Döz gelşini ejiziň,
Sensiz niçik hala ulaşanymy,
Gije, öýlän, säher ýa-da ir agşam
Gelmejegňi bilip garaşanymy.

Sen diňe synla,
Ýoly syryp barýan täsin ýalňyzy,
Hem bu ýyllaň gazap bilen garradyp,
Güller ýal...
Täzelikler » Goşgular - 27.08.2022

MYDAR EDÝÄN ÝÜREK BILEN

Mydar edýän ýürek bilen
Müň ýamaly.
Aglasyň gelende aglap bilmeseň
Iň ýamany.

Aýaň, yşka duşmadygy
Synlap öň ýanany.
Aşyk ýöne ýere gysmaz
Galamy.

Undup bolýa ähli derdem,
Unutma ýok,
Dert salany.
Bar zat ýazgydyňa görä,
Pozup bilmersiň
Sen ony...

Noldan başlap ýene nola
Getirýän yşkyň jemini.
Bu bir durmuş kadasy
Görüp gele...
Täzelikler » Goşgular - 15.05.2022

EJEM ÜÇIN ÝENE BIR HAT

Käsedäki çaýyň sowap gidipdir,
Sen çeýneýäň gara çaýyň şemmesin.
Hoşlaşdym-da turup gaýtdym ýanyňdan,
Men ýene-de aýdyp bilmän hemmesin.

Hem şol gije ýene ýatyp bilmedim,
Bir ahwalat ýüregimi çawrady.
Güllüje sandygma arkamy diräp,
Öz goşgymy özüm okap agladym.

Ogulnur ATAÝEWA.
Täzelikler » Goşgular - 26.01.2022

AGLAMA DIÝME

Aglasam agym ýetmejek,
Derdim bar, aglama diýme!
Em edäý, ömür bitmejek,
Ýaram bar, aglama diýme!

Ýüregimiň yşyk tary,
Haýal-ýagal mydar bary,
Sessiz çekip çydar ýaly,
Merdiň ýok, aglama diýme!

Kalby päk, göwni çagajyk,
Aglamak maňa nämejik,
Şu gün ses edip aglajak,
Şertim täk, aglama diýme!

Ogulnur ATAÝEWA.
Täzelikler » Goşgular - 26.01.2022

MAŞGALA

Maş­ga­la söý­gi­niň baş­lan­ýan ýe­ri,
Ýü­rek­le­riň gan­ýan ýe­ri mä­hir­den.
Bu seň öýüň, ýü­re­gi­ňem ýa­ry­dyr,
Süý­ji äh­li zat­dan, tä­miz sä­her­den.

Maş­ga­laň — baş ga­laň, pe­na­kä­riň­dir,
Bag­ta di­ňe ýe­tip bol­ýar azap­ly.
Ça­gaň bol­sa ile-gü­ne ýa­ra­ýan,
Hem lez­zet­li, he­mem uly so­gap­ly.

Maş­ga­la ýe­ke­je ar­zu­wyň üçin,
Mun­da hem­me­le­şip gö­re­şil­ýän­dir.
Gör, yk­ba­...
Täzelikler » Goşgular - 04.08.2021

BAGYŞLA!

Gam ba­san köň­lü­ňe şat­lyk
Ga­typ bil­me­sem, ba­gyş­la!
Oja­gyň­da ogul or­nun
Tu­tup bil­me­sem, ba­gyş­la!

Ke­ji­riň men ba­la­laň­dan,
Ýa gi­je, ýa ala­daň­dan
«Nir­de?» di­ýip ala­dam­dan
Ýa­typ bil­me­seň, ba­gyş­la!

Se­rip gö­ge el­le­ri­mi,
Da­ňyp ar­ka­ma gül­ber­mi,
Ahyr ko­wa­lan gün­ler­mi
Tu­tup bil­me­sem, ba­gyş­la!

Süý­re­ýän şow­suz yk­ba­ly,
Däl a...
Täzelikler » Goşgular - 01.08.2021



Ogulnur Ataýewa barada

Ýaş şahyr Ogulnur Ataýewa 1996-njy ýylyñ 5-nji fewralynda Mary welaýatynyñ Garagum etrabynda alty gyzly maşgalanyñ üçünjisi bolup dünýä indi. 2003-nji ýylda ýaşaýan etrabynyñ 1-nji orta mekdebine okuwa baran Ogulnur şol mekdebi 2013-nji ýylda tamamlaýar. Ogulnuryñ goşgulary ilkinji gezek 2016-njy ýylda "Garagum" žurnalynyñ 10-njy sanynda çykdy. ...

Täzelikler » 2020/12/14 - 14.12.2020

SENI UNUTDYRYP BILMEDI ŞÄHER

"Ýollarymyz aýra ýaly göwnüme"
— diýip maňa näçe gezek aýdypdyň.
Göwnüňe gelenni alnyma çyrşap,
Men bar zady saňa goýup gaýdypdym.

Soň-soňlaram müň bahana tapyldy,
Ýöne oba hiç aýagym çekmedi.
Seni unutdyryp bilmedi şäher
Hem özümden eden tamam çykmady.

Sen meni bir bagtyçüwene deňäp,
Ynanýarkaň razydygma ykbaldan,
Göwnüňdäkiň bu gezeg-ä alnymda
Çöwreligin bilme...

Täzelikler » Goşgular - 09.11.2020

ÝAPRAKDAKY ÝAZGYLAR

Bir okumyş adam bar eken. Öz döwründe iň naýbaşy eserler şonuň galamyndan döränmiş. Günleriň bir güni obaň üstüne galtamanlar duýdansyz dökülenmiş. Alym kitaplaryny bir düwünçege düwüpdir-de ýere gömüpdir. Özi bolsa ýat ýurtlara sürgün edilipdir. Ýyllar geçýär. Güýz günleriniň birinde alym öz obasyna dolananmyş. Ol çar tarapdan kitaplaryny gözläpdir. Ýöne derek tapmandyr. Diňe bir baýryň üstünde ýaýrap ýatan gawun biýaralary barmyş. Alym gawunlary esli salymlap s...
Täzelikler » Oýlanmalar - 08.09.2019

ÇÖŞDÜM BU GÜN BUKJA BAGYM...

Çöşdüm bu gün bukja bagym,
Niýetläpdirn jorap baryn,
Şeýle bir gün şulaň baryn
Geýersiň, geýersiň öýtdüm.

Nirelerden çykdyň, gör, sen,
Syr kändir ýüregmi dörseň,
Men yrman garaşyp ýörsem,
Gelersiň, gelersiň öýtdüm.

Jan edýän bolmasa aýyn,
Nädeýin, tapmadym maýyn,
Duýguçyl-da, men guraýyn,
Duýarsyň, duýarsyň öýtdüm.

Ýüzüň sowýaň sowal bersem,
Sähed...
Täzelikler » Goşgular - 12.03.2019

GARAŞDYM

Günleň biri elden gaçan käse deý,
Taýyp gitdiň, sabyr käsäm moý açdy.
Gör, nije ýyl «dymp» etmedik ýüregim
Edil şu gün jibir-jibir dil açdy,
…Iller ýaly diýmeseň-de: «Garaşgyn»
…Garaşdym.

Men göze ilen bir nowjuwan gyz ahyr,
Aladadym enem bilen atama,
Guda gelse ýer tapamok girere,
Gatnaýanlar köpelipdi ak tama,
Aňsalaram, aldamaga çalyşdym,
…Garaşdym.

Kese bakýan kesip geçjek ýo...
Täzelikler » Goşgular - 11.02.2019

• Ogulnur Ataýewa barada

Ýaş şahyr Ogulnur Ataýewa 1996-njy ýylyñ 5-nji fewralynda Mary welaýatynyñ Garagum etrabynda alty gyzly maşgalanyñ üçünjisi bolup dünýä indi.
2003-nji ýylda ýaşaýan etrabynyñ 1-nji orta mekdebine okuwa baran Ogulnur şol mekdebi 2013-nji ýylda tamamlaýar.
Ogulnuryñ goşgulary ilkinji gezek 2016-njy ýylda "Garagum" žurnalynyñ 10-njy sanynda çykdy. Göräýmäge ýönekeýje ý...