Результаты 1-11 из 11 по запросу Ogulnur Pirjikowa

ÜMSÜM GIJE

Hemişekim ýaly çümerin oýa,
Bir nokada dikip ählije ünsüm.
bolýan zatlar garanog-a raýa,
Ýalňyzlyk.
Duýgular.
Otagym ümsüm...
Yşkymam olaryň aralygynda,
derdimi ýeňleder ümsüm gijeler.
Ykbal bu söýgiden ar alanynda,
Muhabbetden gaýnar eken dideler.

Çala açyk otagymyň gapysy,
ondan uzap gider insiz yşjagaz.
Daşarda...
Täzelikler » Goşgular - 17.04.2023

KALBY ÝAZLY, YLHAMY DAŞGYNLY ŞAHYR GURBANÝAZ DAŞGYNOWY ÝATLAP

Şu gün — şahyr Gurbanýaz Daşgynowyň doglan güni.

Gurbanýaz Daşgynow 1948-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Gyzyl Baýdak» geňeşliginde dü...

ADAMYÑ MAKSADY

Adam ýeňilmäge gelenok dünýä,
Ýeňil-ýelpaý zada ejizlär ýaly.
Adam arzuw bilen jahana inýär,
Durmuşyny söýüp, ezizlär ýaly.

Adam maksat tutup geçirýär ömrün,
Özi arzuw- umyt baka ymtylýa.
Beýik baýlyk- ýaşamagyň özi hem,
Adam ömri berilmeýär müň tylla.

Adam söýmek üçin gelýä, durmuşyň
päkligini, aklygyny... baryny
Ýüze sylýar gözelligni müň gyşyň,
Hem bagt saýýar nurly inen garyny...
Täzelikler » Goşgular - 16.01.2022

GIJELER

Iňrik garalanda, mahmal şemala,
Höwürdeş bolanda Aýsyz gijeler.
Aýnamyň öňünde szçy ýaýyk şem,
Ýüregme ot salar derdim güýjeder.

Süýjeder, ýene-de ukusyz gijäň,
Başgalaryna meňzemeýän tagamy.
Ýene otagymda aýbogdaş gurar,
Öňki ümsüm gijeleriň dogany.

Dowamy köpeler şeýle gijeleň,
Öz erkime uky bermez ümsimlik.
Meni soňsuz oýa batyrar ýene,
Bir ýanda poeziýa, bir ýanda tümlik.

...
Täzelikler » Goşgular - 15.01.2022

SAÑA...

Yşkmy sen ýüregmi ýakyp eleýän
Müşkmi sen güzerne anbar dileýän
Bir ömürlik kalp törüni eýelän
Kimim sen?

Owazmy sen kakyp giden yüregmi
Şemalmy sen aldyň göwün daragmy
Bent eýlän özüne goşa garagmy
Kimim Sen?

Geljegimem maksadymda bir meniň
Düýşe meňzäp durmuşyma girenim
Ýüreklermiz goşa boldy birigip
Kimim sen?

Ikimize bagt dilesin «Akmaýa»
Aýdyň ýoldan bagt ýoluna ...
Täzelikler » Goşgular - 08.05.2020

GÖWÜN

Degmäň göwün näzik zatdyr
Paralansa nury ýiter.
Çigit ýaljak umydyňam,
Ýaryn beriň, şo-da ýeter!

Ýaralamaň ejizdir ol
Sözlerden has asgyn geler.
Ynjykdyr ol, ezizdir ol
Kine düwni galyp biler.

Ynjytmaňsyz ynjyk zady
Gowy däl ol dolsa ünjä.
Azajyk erkinlik beriň,
Aýaň ony, gysmaň penjä!

Ýykmaň ony bolar ýazyk
Göwün - Käbä deñelýändir.
Gaýtam oňa boluň laýyk,
...
Täzelikler » Goşgular - 08.05.2020

SENSIZLIK

Şäheriň her ýeri senli ýatlama
Enteşip ýör ýetim galan arzuwlam.
Dar göwnümde ýer galmandyr şatlyga
Öz-özüme galmaýşy deý arzymyň.

Höwesim ýok penjireden bakmaga
Birden aňyrsynda ýoklugyň mümkin
Umytsyz men yşk çyrasyn ýakmaga
Otagym garaňky, çekilen tutym...

Tükeniksizlikde hasrata duşup,
Ruhym ejizläpdir petiş içimde.
Gidäýesi geldi yzyna düşüp,
"72" köçämizden geçende...

...
Täzelikler » Goşgular - 08.05.2020

GÜÝZ ÝAGŞY

Eje, ýene ýagyş ýagýar daşarda,
Üstüni bir ýapdyňyzmy tamdyryñ?
Wah, geçmişi unutmagy başarsam,
Pikirlerme ot goýmazdy ýyldyrym.

"Gyzyñ asyllysy sessiz aglarmyş"
Nyşanydyr olam ägirt mertligiñ.
Ýüregimde aýazyny baglar gyş,
Gözlerime tagma basar dertlerim.

Ýagyş ýagsa gussalarym gaýzygar
Göwnüm düşer adamlaryň deňine.
Ömri halys kiparlanan gaýgydan,
Çyg düşüpdir solan baglaň ýeňine. <...
Täzelikler » Goşgular - 04.12.2019

DOLANASYM GELDI

Gijigen ykbala ýazygy ýöňkäp,
Ezilen ýassygma bagrymy oýkap,
Geçmiş ahmyrymy kalbymda çaýkap,
Dolanasym geldi.

Gitseň-de ykbalym hazana baglap,
Ýarama duz sepip, göwnümi tyglap,
Agşamy geçirdim gözümi çyglap,
Dolanasym geldi.

Ýüregimem terk etjek deý gursagy,
Düýnki ýagyş köne derdim gorjady,
Alyp ýanma niýetlermiň barjasyn,
Dolanasym geldi.

Günler agramlanyp, geçdi...
Täzelikler » Goşgular - 27.11.2019

YNAM

Halys yrymlara höwrügipdirin,
Mundan soňra: çäk ýok ýaly aňyrda.
Goşa didelerňe öwrülipdirin,
Gabaklarňa siňip geçen asyrda.

Gara pişiklerem halaberemok,
Tötänden bolsa-da öňümiz kesse.
“ Menden başga zada ünsüňi berme”
Diýseňem ünjilem artar ikesse...

Pişikler garalyk islänok bilýän,
Gara ýürekliden Alla saklasyn!
Ejiz duýgulardan saplanyp dünýä,
Beren wadalarna wepa saklasyn!

...
Täzelikler » Goşgular - 20.08.2019

HAKYKY SÖÝGI

Owadan baharyň ajap möwsümi,
Daş-töwerek oglan bilen gyzlardy.
Maňa säwlik bilen sataşan oglan,
Bakyşlaňdan ýüzüm ot deý gyzardy.

Deň-duş joralamdan salgymy sorap,
Soňam ençe sapar idäpsiň meni.
Ýalňyş düşen bolup, belgime aýlap,
Bahanajyk tapyp aldapsyň meni.

Ýöränimde ogryn-ogryn esedip,
Gör, näçe saparlar synladyň, oglan?!
Ýüregime şugla saçyp keseden,
Asyl söýgiň özi senmidiň, o...
Täzelikler » Goşgular - 30.06.2019