Результаты 1-20 из 94 по запросу Ogultäç Oraztaganowa
SALAM AWGUST!
![]() Salam awgust! Waspyň edip bilmedim, Çünki öňkim ýaly, däl men duýguçyl! Bes etdi güllerem ýylgyrmagyny, Bolanym sebäpli aşa gaýgyçyl. Jöwzaly jokrama gündizleriň deý, Öz-özümi kän örtedim, ýandym men! Gaçdy gitdi ellerimiň ysgyny, Wah, şonda-da gözi ýaşlap, ýazdym men! Bilsemem ötegçi bulutdygymy, ... |
GEÑLEME!
Köňül guşum uçup barsa gaşyňa, Ganatlaryn persiz görüp, geňleme! Bir gün ýalandan hem gülesim geler, Gülkülerim ýersiz görüp, geňleme! Oýlarymy ýeller aparan çagy, Bu başymy sersiz görüp, geňleme! Bir gün menem buz deý sowar giderin, Duýgularmy sensiz görüp, geňleme! Teý ahyry bir gün köşeşen çagym, Ýüregimi ýelsiz görüp, geňleme! Dil ýarmanam ýaşap bilerin, ýöne, Şonda meni dilsiz görü... |
"MEN NÄMÜÇIN MUNÇA GOŞGY ÝAZDYMKAM..."
Men nämüçin munça goşgy ýazdymkam, Begenmejek bolsaň, olary okap?! Söýgim çökder gelen çagy haýamdan, Syrly setirlerim, goý, bolsun nikap! Yşkym däli derýalarda gark bolsa, Indi känbir gynanmajak ýaly men. Bir näzenin gyzda galsa gözleriň, Şol halda-da, gabanmajak ýaly men. Munda döwük arabaňy tigirläp, Ýeke özüň söýüp ýörmek kyn eken. Gijelerne uklamaýan zenanlaň... |
GORA!
Galmyş bize niçe wezýet, Bet işlere edilmez het, Päk dünýäme ýaman niýet bilen geljeklerden gora! Oýun etmän sözler bilen, Dost boldum dag-düzler bilen, Okdan doly gözler bilen, Duzak gurjaklardan gora! Kim saklap başarar wagty, Gözel bolsun ynsan bagty, Halym harap olan wagty, Jak-jak güljeklerden gora! Ýürek yşkym kem däl silden, Kuwwatym gitmegeý bilden, Ýalňy... |
MÄHRIBAN
![]() Eçil maňa bir umytjyk - yş deýin, Biz sowap bilmeris ahyr gyş deýin, Edil Göge aşyk bolan guş deýin, Uçur meni, uçur göge, mähriban! Duýgularym mensiz saýyl bolmasyn, "Har etdi" diýp, ykbal nadyl bolmasyn, Dünýäm sensizlige kaýyl bolmasyn, Uçur meni, uçur göge, mähriban! Galaýyn şu niýet, gylygym bilen, ... |
"ÝATLAMAGA HIÇ ZAT GALMADY BIZDE..."
![]() Ýatlamaga hiç zat galmady bizde, Köne saraý ýaly kalbymyň içi. Yşkam şeýtan bolup görüner eken, Adam görgüliniň ýananda içi. Ol albaý günlere guwanan bolup, Asyl muňa diýip bolmaz, "geçmişim!" Göni ýüregiňe barýan ýollary, Ýaraly guş deýin agsap geçmişem. Onsoň, ýüregimde ne ş... |
BEGENIP AGLARYN DOGLAN GÜNÜMDE
![]() Ahmal köp adamda şeýle bolmagy; Ahmyr kän, ökünç kän gursagy dörsem. Eje, günä etdigim bor öňüňde, Dünýä inenime gynanyp ýörsem. Ýöne käte şonuň ýalam bolaýýa, Diýýärsiň: "Nämüçin indimkäm dünýä?!". Şeýdibem bikemal, parhsyz perzentler, Eziz eneleriň göwnüne degýä. Eje, seniň balaň ... |
BU GÜN MEN DÜNÝÄ INMIŞEM
![]() Men tolkuny däli derýaň, Aglaň, gülüň, ýöne dymmaň! Gözlerinden öpüp dünýäň, Bu gün men dünýä inmişem. Bolman ilden artyk ýa pes, Eýläp ýörün dünýä höwes, Jägildimi, gelýär bir ses, Bu gün men dünýä inmişem. Düýn dälmidi tutanym ýas?!. Ýeller getir güllerden ys, Goja Zemin ý... |
SALAM, IÝUN!
![]() Salam, iýun! Saňa gyzgyn söýgim kän, Ýüregimden sogrup beräýsem diýýän. Ýaryň bizden näme öýkesi barka? Gijikmänkä şonam biläýsem diýýän. Salam, iýun! Biz ýürekdeş bolmaly, Meni sende tapan bolsa ejem jan. Men senem hemmeden zyýat görerin, Eý, bagtly bolmagym üçin eden jan! Salam, iýun!... |
MENI ÝITIRERSIÑ...
![]() Meni ýitirersiň, ýöne giç bolar, Baglaň ýapragy deý dökülerin men. Buýup sowuk gujagynda söýginiň, Seni söýenime ökünerin men. Meni ýitirersiň, giç bolar ýöne, Ahmyryň lebleri gabarar gider. Dünýäň özüne-de ýylgyryp bakan, Söýginiň gözleri gan öýer gider. Meni ýitirersiň, ý... |
GYÝYLARMYÑ, SEN?!
Seniň barlygyňda bahardy gyşym, Urunsa ne bolar, köňülde guşum?! Seni küýsäp-küýsäp bolsam bir gysym, Gyýylarmyň, sen?! Degmedige men bir, ah, gara ýerdim, Yşk gaşa gelende ýüregi berdim, Meni ýene heläk edäýse derdim, Gyýylarmyň, sen?! Çiglik gursun, ynsan goýalyp gitse, Derdi ýetik bolsa, sagalyp gitse! Ömrümiň bahary sowulyp gitse, Gyýylarmyň, sen?! Alyň ala meý... |
ÝAGYŞ
![]() Şeýle bir horlaýar meni bu gahar, Oňa nädip ýol berýärkä bu bahar?! Başga küýseg bolup bilmez bu säher, Getirsene, Arşyň owazyn, ýagyş! Menem bir ojagyň şasydym, şasy, Yşkym, goşgularym aňk etdi Wasy, Güldenem hoşroýdy käbämiň ysy, Getirsene, Arşyň ysyny, ýagyş! Gury ýere galmaryn men azara, Bir gün ... |
ÝÖNE...
![]() Aglamaga uýalypdym, Ýöne Asman uýalmady. Ulaldy eken baglarym, Ýöne göwnüm ulalmady. Sulhum alan yigit bardy, Yöne mana ynanmady. Öz yanymdan men yryldym, Yöne ol-a yrylmady. Şo-ol yranar ýördi göwräm, Yöne pikrim yranmady. Dünýäm juda duýga baýdy, Yöne her ýan garanmady. Garalsa-da ... |
DÜNÝÄ!
![]() Bir ajap gün dünýä inen ekenim, Şygrym bilen göze ilen ekenim, Nähak ýere senden iren ekenim, Ah, dünýe, sähelçe kynçylyk üçin! Ynjytmazdan hiç kimsäni ýaşlarym, Eräp gitsin ýürekdäki daşlarym, Çytylmasyn sende galam gaşlarym, Ah, dünýe, sähelçe kynçylyk üçin! Goý, jezam kesilsin, kalbym garamy?! Ba... |
"BAHA BERMEK HEMIŞE WAGT BILEN HALKA DEGIŞLI..."
![]() “Watan” gazetiniň işgäri şahyr Ogultäç Oraztaganowanyň beren sowallaryna ýazyjy Guldurdy Sähetdurdyýewiň jogaplary: – Sözi, söhbeti şundan başlaýaly, Guldurdy aga! Meniň özüm Magtymgula uly bolsun, kiçi bolsun, gönüläp, Magtymguly diýip ýüzlenseler, känbir oňlamok. Ol meniň size Guldurdy aga däl-de, Guldu... |
REMEZAN
![]() Sende Gökden yşk-nur ýagar, Adam kowmy başyn eger, Biraz kirlän bolsa, eger, Kalby päklärsiň, Remezan! Sen gorarsyň -- gaýdan, ýelden, Sen gorarsyň -- ýaman dilden, Ynsap giden bolsa elden, Kalby päklärsiň, Remezan! Garatmawer, gaty gapa! Adam golaý barýar hapa, Goýberilen bolsa hata, ... |
MÄHRIBAN GALAMDAŞLARYMA!
![]() Galamyň adyndan gürleýän bolsam, Çeşmim dury bolmalydyr, çeşme deý! Kalby orta goýup ýazýanlarňyzy mähribanlar, okap ýörüs, teşne deý! Ýazyň siz, Gök hakda, bulutlar hakda, Olar aglan wagty bileje aglap! Gülüp ýazyp bilýän şahyr barmyka?! Ýazýarys ahyryn, ýüregi daglap! Bu gün şatlanyň si... |
ÄKIT!
![]() Gülleriň anbar ysynyň, Ýaýraýan ýerine äkit! Guşlaryň "Ýaz geldi!" diýip, Saýraýan ýerine äkit! Gyzyl-gyzyl almalaryň, Paýraýan ýerine äkit!. Ykbalyň bagty çanaklap, Paýlaýan ýerine äkit! Göwnümiň ynamyn mäkäm, Baglaýan ýerine äkit! Begenjinden gök asmanyň, Aglaýan ýerine äkit!.. ... |
EJEM, EJEM, JANYM EJEM!
![]() Durmuş mydam synap ýörer, Meni ynsap gynap ýörer, O-onda meni gorap ýörer, Ejem, ejem, janym ejem! "Melhemläýin, gel, el bilen, Bejereýin, gel, dil bilen"... Düýşüm oýardy daň bilen, Ejem, ejem, janym ejem! Bu dünýe - düýş görüldimi? Çytylan gaş göründimi? Gözümde ýaş göründi... |
DÜNÝE SENDE
![]() Kim maňa gujagyn açdy, Kimler bolsa, ara açdy, Kimden bolsa göwüm geçdi, Dünýe, dünýe, dünýe sende! Jigerlem ulalyp, goç boldy, Ömür bir talaň - göç boldy, Käte lapym çoh keç boldy, Dünýe, dünýe, dünýe sende! Gorky-ürkim luwda galdy, Göwün salym - suwda galdy, Uçup giden guwda galdy, ... |