GAPLAŇ
Dagyň eteginde ýaraty gaplaň Düýrülip, ýazylyp tapanok karar. Ejizlemek nire, gaplaňlyk nire, Ol hötde gelmezmi bujagaz ýara? Ýat bolar gaplaňa algyr çakganlyk, Ondan bolsa aýrylasy gelenok. Şeýle awçylar bar — tyg çekse çekýär, Ýöne ýürekden jaý urup bilenok. Gaplaň süýräp agyryly syrasyn, Ýuwaşjadan daga çykyp barýardy. Garaýşy-da derdi ýaly agyrdy, Bu giň dünýä gaşyn çytyp barýardy. ... |
GELIN
Miweler ýygnalyp, hasyl sowulyp, Daragtlar goluny gerende gyşa. Joralarnyň arasyndan sogrulyp, Oba gyzy çykyp gitdi durmuşa. Utanjaň gyz edep üçin aglady, Gözýaşlary patrak ýaly seçildi. Gyzlyk bilen gelinleriň arasy, Şagalaň-şowhunly toýda geçildi. Ynjalanok giň otagda aýlanyp, Çagalygna uçup gidýär hyýaly. Otyr gelin durşy bilen şaý bolup, Täze ýyl bezelen arça mysaly. Orazg... |
"DERWÜŞLERIŇ JINDESINI..."
Derwüşleriň jindesini Mahal-mahal geýip gezdim. Sem edip nebsiň sesini, Hak horlamaz diýip gezdim. Ýöne men hem çig süýt emen, Käteler pese düşdüm men. Şonda-da, garaz öz eden Telegimi duýup gezdim. Göwün berip ýalanlara, Köňlüme salmadym ýara. Hä bermedim ýamanlara, Ýagşylara uýup gezdim. Muňa näme diýjek, ýeri? Dolunmaz ýakynyň ýeri. Özümde... |
"AZAŞARSYŇ DIÝME..."
Azaşarsyň diýme, Galma azara. Dogry — üstüm gije, dostum hem köp däl. Ak pulum ýok gara güne aýara, Keýpim hem hemişe o diýen kök däl. Ýöne görýän dünýä oýnuna gyzyp Ýöreniň gözüne ilmejek zady. Görýärin men bagtymyzyň ýyldyzyn, Azaşanlar üçin ýakylan ody . Orazgylyç ÇARYÝEW. |
BAKYÝET
Men müň ýyl ýaşadym. Ýok, ondan hem kän! Bu gün ony hasap etmek hem çetin. Men bardym Oguz han atam dirikä. Uly-uly söweşleriň bir çeti Maňa degip, saldy tenime ýara. Eý, sen Parfiýanyň gyzgyn sährasy, Ýadyňdamy gara başy goýara Ýer peýlänim bir daş ülkäniň şasy Üstümizi gapyl basan halaty? Indi ýadym kütelişýär, kimdir ol Şonda köňlümize baglan ganaty? Hernä kyn pursatda galmandyk osal. ... |
"GÖÝÄ, BIR AZAŞAN GÄMI..."
Göýä, bir azaşan gämi, Jahanda ýok belli ugrum. Bu hem hiç, Ýöne göwrämi Ýok etmekçi bolýar ruhum. Ol diýýär: “Saňa dynçlyk ýok, Baş goşduň peýdasyz işe. Seni öňe äkidýän ýol Hiç haçan gowşurmaz ile. Seni söýüp idäp gelen Soň galmak islär ganyňa. Owal-ahyr şatlyk bilen Dolanmarsyň mekanyňa. Özgäniň çekýän ezýeti Saňa ötere ýol bermez. ... |
"DERTLILERIŇ DERDINE..."
Dertlileriň derdine Derman bolmaga geldim. Dilsizleriň dilinde Perman bolmaga geldim. Diňe ynsaba nöker, Gybatyň ýanynda ker Ýeke belgisi bolan Bir san bolmaga geldim. Kalbymy ele alyp, Elimi gora salyp, Öz durýan bahamdan has Arzan bolmaga geldim. Öňküden ýeňil gopar Gussamy duýan kişi. Sözüme uýan gorkar Bolmakdan juda kiçi. Aňymda ajy ölüm... |
"GURY AŇA BAÝRYNAŇDAN NE PEÝDA..."
Gury aňa baýrynaňdan ne peýda Her bir öli köp bilýärkä diriden? Kime gerek bu ymtylyş, bu pida? Jogap ýerne gözýaş damýar dideden. Iň soňky derejä ýetse-de bilim, Iň soňky ýyldyza daksak-da ady, Barybir, kalbymyz ynjalmaz biziň, Barybir, bilmeris esasy zady . Orazgylyç ÇARYÝEW. |
"MEN SENIŇ ŞAHYRYŇ, HALKYM..."
Men seniň şahyryň, halkym. Ýalan söz geçginli wagty, Ýalan sözlemekden gorkup, Gürlemän gysdym dişimi. Niçe ýyldyr gyra çykyp, Maýda bähbidime bakman, Etdim etmeli işimi. Men seniň şahyryň, halkym. Derdiňe ýaranjak bolup, Döwrüm bilen boldum men jet. Diýdim: “Men ýalan sözlesem, Ol çyna berimsiz bolup, Il-gün ynanaýsa nätjek?" Bir zada ýetip dur gözüm... |
ÖTEGÇÄ
Ötegçi, Türkmeniň gapysy açyk, Sowulyp geç, Çaý-nahardan doýup git. Öwezine az zat talap edilmez: Ýüregiň bir bölegini goýup git. Orazgylyç ÇARYÝEW. |
ZEMINIŇ DÜÝŞI
Gün ýaşyp, towuklar uklansoň üýşüp, Başlanýar Zeminiň gadymy düýşi: Asmanda ýylpyldap müňlerçe ýyldyz, Diýýärler: “Älemde dälsiň sen ýalňyz”. Huşunda bir gezek bakmadyk Aýam, Ýüzüni öwürýär Zemine taýa. Şeýle bir hezillik... Bir ýaman ýeri, Ir bilen Gün gelip oýarýar Ýeri. Orazgylyç ÇARYÝEW |
IÑ SOÑKY GÜNÄ
Alys ýola çykyp, azaşdym tümde. Bir ýerden goh gelýär — görsem, üstümde Çaýkel sürüleri barmyş hemişe. Goý, gelmesin maňa hiç kimiň haýpy, Men tapmak isledim ilkinji HARPY, Baş goşdum öz başym çykmajak işe. Pikirler aňymda gurdular jeňi, Ýatyrmady gizlin sanlaryň jemi, Elýeter zatlary almadym alga. Yzasyz agyry, ukusyz gije, Sebäpsiz gam-gussa, ýalňyş netije, Günä ýakyn yhlas, ýersiz tag... |
GOŞGULAR Öljegime ynamym ýok. Ýene-de ýagmaly diňen. |
MEN ŞEÝDIP HELÄK BOLARYN...
Ýyllar geçer, ýollar ýiter, ýöne meni bir söýeniň Köňlüniň ýaşy kepemez, jany üçin eder yhlas. Ýananymy iller görer, özgä bildirmez sönenim, Men şeýdip heläk bolaryn, men şeýdip bolaryn halas. Bar zat Hudaýyň elinde, üýtgedip bolmaz täleýi, Belki indi görjegimiz häzirkiden gowudyr has. Bir gün Ýaradan uzadar syryndan püre-pür meýi, Men şeýdip heläk bolaryn, men şeýdip bolaryn halas. Başyň... |
SYRLAR DÜNÝÄSINIŇ BEÝANÇYSY Feridetdin Attaryň dünýä inen we aradan çykan ýyllary barada dürli çeşmelerde tapawutly maglumatlara duş gelýäris. Onuň «Tezkiretül-ewliýä» atly kitabynyň 2003-nji ýylda Stambulda «Timaş yayinlari» neşirýatynda türk dilinde çap edilen nusgasynyň «Girişinde» şeýle diýilýär: "Feridetdin Abu Hamid (ýa-da Abu Talyp) Muhammet ibn Ybraýymyň doglan we aradan çykan ýyllary anyk belli däl. Emma onuň hijri ýyl hasaby b... |
* * * Sallançagy aýyrdylar böwürden, Enäniň gözýaşy kepänokdy teý, Neneň gowy boljak, ... |
MEN DÜNÝÄNI DÜZETJEKDIM... Men dünýäni düzetjekdim, Gözedürtme gijelerde Soň täjir aldy ýanymy, Ýüz öwürdi ezizlerim, |
HALKYŇ GÜLKI HAZYNASY Saparmyrat TÜRKMENBAŞY: — Biz türkmen halkynyň mirasdüşerleri hökmünde ata-babalarymyzyň taryhyň gatlarynda galan medeni, edebi gymmatlyklaryny tapmalydyrys, täzeden jana getirmelidiris. Bu ata-babalarymyzyň öňünde biziň ogullyk borjumyzdyr. * * * Şorta sözler halk döredijiliginiň esasy görnüşleriniň biri hökmünde türkmen halkynyň ruhy durmuşyna çuňňur ornapdyr. Olar halkyň ruhy sagdynlygyna şaýatlyk edip, h... |
■ ÝALANÇY Bir adam aýdan: |
■ DÖKÜLEN AŞ Bir gün Weligurban öz dosty bilen bir adamyň öýüne myhman bolupdyr. Öý eýesi bulara aş bişirip beripdir. Weligurbanyň aş iýesi gelmändir-de, dostuny ýanyna çagyryp: |