Результаты 1-8 из 8 по запросу Orazmyrat Gurdow

KÖNE PATEFON

Ah, garagol oglum,
Kiçijik agtyk,
Aky ýetiresiň gelýär bu dünýä.
Seň eneňe gün ýok, "aladaň" artyk.
Seň bolşuňda çagalygym görünýä.

Şol eliň uzap dur ählije zada,
Öýmüzdäki köne zatlar dagady.
Saňa söküp-düzmek bolupdyr kada,
Dogry, bejerdiňem köne sagady.

On ýyllap çaň basyp ýatan sagadyň
Jykgyldysy bizi haýrana goýdy.
Eljagazlaň ezberligin haladym,
"Göz degmesin!" diýip ene...
Täzelikler » Goşgular - 28.08.2022

MENIÑ GANYMDA

Ýada düşýär,
Birmahallar bolan zat, -
Meñ ganymda baýram edýär heserim.
Sen nähili alyslarda galypsyñ,
Eý, juwanlyk, alysdaky säherim.

Ýadymda-la Baýymýabyñ boýunda
Ak gijeler aksüñki oýnanym.
Ýadymda-la ajrajyk bolsamam,
Ýetginjeklik, señ goýnuñda ýaýnamym.

Ýetginjeklim, gursagymda ýaşaber,
Ozal-ebet bolmaz senden dändigim.
(Pyşyrdapjyk gulagyña aýdaýyn;
Öñden bilýäm ebedil...
Täzelikler » Goşgular - 13.05.2022

"ALAÇ ÝOKDUR ÄHLI ZATDAN GEÇÄRE..."

Ahmet Bekmyradowyñ ýagty ýadygärligine

Alaç ýokdur ähli zatdan geçäre,
Oturansyñ ýeke özüñ biçäre.
Elbetde, baryna düşünmek gerek, -
Bize görä güýçlüräk-dä bu pelek.
Pazrak halysyny öñüme ýazdyñ,
Geçmişimiz diýip örtendiñ, ýandyñ.
Ýadyñdady ähli şemiñ sönýäni,
Lowurdaýan şemler Allañ söýýäni.
Sen diýerdiñ:
"Seýdi kimin, sönmen men!"
...Bu gün bolsa sen...
Täzelikler » Goşgular - 30.04.2022

ÇAGAJYGYÑ AMERIKANYÑ PREZIDENTI KARTERE ÝAZAN HATYNY OKAP ÝAZYLAN GOŞGY

Jenap Karter, Size gönderýän nama
Örän alyslardan, uzak ýerlerden.
Bir gezek ser salyñ gözel dünýäme!
Ýa dünýe bir wagt unduly serden?

Men kiçijik çaga
Gunçajyklaryñ
Her bir ýylgyrşyndan gözleýän many.
Siz ullakan aga
çagajyklaryñ
Agysy üçin döredýäñiz bombany.

Aýdyñ sizde çaga ýokmudy ýa-da?
Neneñ baş goşduñyz beýle ýollara...
Täzelikler » Goşgular - 26.04.2022

ÝUBILÝAR HAKDA

Ol adam,
Uly adam,
Gaty uly adam,
Zeýrenji ýok, kinesi ýok dünýäden.
Ol lepbeý diýmedi,
Başyn egmedi,
Ulyñ-kiçiñ hiç göwnüne degmedi.
Wepalydy kalbyndaky ynamna,
Sil ýalydy ynanýanna yñanda.
Gowy gylygy bar onuñ bir ýene -
Juwan ýaly ýetende-de segsene,
Onuñ yzda galan ýoly gaty kän.
Ol uruşda boldy, çini ullakan.
Onuñ yzda galan ýoly gaty kän,
Ol ýollar zyndana, Sibire b...
Täzelikler » Goşgular - 14.04.2022

BAÝLYK HAKYNDA

Asmanymda Günüm, asmanymda Aý -
Men şeýle baý,
Örän uly bagtym bar.
Ýene şeýle bagtlylygym hakynda
Oýlanmaga birazajyk wagtym bar.

Taryhym şöhratly,
Ony gursakda
Göterip, guwanyp aýlanyp ýörün.
Bize şeýle baýlyk galdyryp giden
Atalar hakynda oýlanyp ýörün.

Öz ene dilim bar aýdym aýtsam,
Kalbymda ýañlanýar halkymyñ sazy.
Sähralam bar şäher dardyr öýtsem,
Heý onsoñam b...
Täzelikler » Goşgular - 05.04.2022

ÝAPONIÝA GAÝYBANA SYÝAHAT

Üç-dört penjireli pessejik mekdep,
Geçýänimiz geografiýa sapagy.
Häzir hem ýadymda mugallymmyzyñ
Ýyldyz yzy galan gaşly sapagy.

Ýene uruş hakda gürrüñ bermegni
Ýoldaş mugallymdan haýyş edýäris.
Ol diýýär: "Ýaponiýa diýilýän ýurda
Gaýybana syýahata gidýäris!"

Mugallymmyz gürrüñ berýär Ýaponiýañ
Tokaýy, derýasy, bar ýeri hakda.
Sesimiz çykarman diñleýäris biz
Fudziýamañ a...
Täzelikler » Goşgular - 16.03.2022

GOŞGY NÄME?

"Goşgy näme?" diýip soraýarsyňyz, -
Ol pylan zat diýip aýdyp bolanok.
"Ol şeýle-şeýleräk bolmaly" diýýäň,
Ýöne goşgy göz öňüne gelenok.

Men bir goşgy gördim, on dokuz ýaşly,
Galam gaşly däl-de, gözleri ýaşly
Gyzyň gözünde.

Bir goşgyny gördüm -
çagajygyna
Guwanýan gözünde bagtyýar gelniň.
Soň duşdum başga bir bäbeksiz gelne,
Dözmedim, gyýyldym, amana geldim.

Bir ýigide du...
Täzelikler » Goşgular - 16.12.2021