Результаты 1-20 из 27 по запросу Orazmyrat Myradow

KITAPDAKY ENE “SURATY”

Kär­de­şim, žurnalist Parahat Çerkezowa bilen bir ýola bolan söhbetdeşligimiz çeper eseriň gadyr-gymmatyna, ynsan durmuşyna ýetirýän täsirine syrykdy...
Şonda Parahat gelneje bu söhbedimize öz durmuşyndan mysal alyp, şeýle bir ýagdaýy gürrüň berdi: “Ýaşlyk döwürlerimiz Özbegistanda çap edilýän žurnallaryň birinden ýazyjy Ötgür Haşimowyň “Surat” atly kiçijek kyssasyny okadym...”.
Söhbetdeşim şu ýerde bu kyssanyň özüne güýçli täsir edenligini aýdyp...

ÝAMA DÜŞEN ÝÜREK

Mun­dan 10-12 ýyl ozal bir toý­da — ki­çeň­räk üýş­meleň­de ýa­şy seg­sen­den öten Der­ýa aga­nyň gür­rü­ňi­ne gu­lak asyp otur­mak mi­ýes­ser edip­di. Gö­zü­miň al­nyn­da geç­miş­den gür­rüň be­rip otu­ran ol go­ja hä­zir hy­ýa­lym­da tu­tuş bir heň­ňa­myň keş­bin­de jan­lan­ýar. Şun­ça wagt­dan soň ol pursa­dy ha­ky­dam­da ör-bo­ýu­na gal­dy­ran zat bol­sa baş­ga bir şa­hy­ryň söh­be­di bol­dy. Ol sö­zü­niň ara­syn­da kä­te göw­nede ýa­ma dü­şüp bil­jek­di­gi ba­r...

GÖRELDE. KITAP. TERBIÝE

Tak­sä mün­düm. Mü­ne­nim­de­nem te­le­fo­ny­my eli­me aldym-da, okap otu­ran ki­ta­by­my açyp, ba­şy­my gal­dyr­man oka­dym. Swet­la­na Alek­si­ýe­wi­çiň «Sink og­lan­lar» ki­ta­by­dy ol. Ha­ky­kat­dan-da, oňa bir gy­zaň­soň, ba­şy­ňy gal­dy­ra­syň gel­jek däl­di. Sü­rü­ji wag­tal-wag­tal yzy­ny gör­kez­ýän aý­nadan ga­ra­ýan eken. Öýe go­laý­lan uçur­la­rym ol il­kin­ji ge­zek söz gat­dy: «Oýun oý­na­ýaň­my, dost?!». «Ýok, ki­tap oka­ýan» di­ýip, oňa haý­sy...

PERIŞDELERIŇ PYŞYRDYSY

Dün­ýä bel­li te­le­ke­çi­le­riň bi­ri Mar­gu­lan Seý­sem­ba­ýew özü­niň iň­lis di­li­ni nä­dip öw­re­nen­di­gi­ni gür­rüň ber­ýär. Gö­züm komp­ýu­ter­de to­ma­şa edip otu­ran söh­bet­deş­li­gimde bol­sa-da, haý­ran gal­mak­dan ýa­ňa, ag­zym açy­lyp, äňim ýe­re de­gäý­jek bol­ýar. En­te­gem aşak­da­ky ga­taň­sy ýas­sygym eňe­gi­me di­re­lip, sak­laý­ýar. Gu­lak­la­rym hem hek­germek­den ýa­ňa, ös­gün sa­çy­my giz­läp du­ran pa­pa­gy­my galdy­ryp, aý­by­my açyp...

KITAP DÜNÝÄSI

Elimde Kitap bar —
Mukaddes Kelam,
Aýatlaň tertibi inişi ýaly.
(Bir ýere barlanda berilýär salam,
Bu-da täze dünýäň girişi ýaly…).

…Açýaryn, ilkinji inen söz — «Oka!»,
Başujumda kitaplarym münder dur.
Ýeriň myhy daglar däldir, ýok, ýok, ol
Kitapdyr, harlansa, dünýe düňderler.

Hebesdir kitaby ýazgarmak, ýakmak,
Jellatlar, çekmäň siz ony dara-da.
(Kellämde pikir bar kitaplar hakda, <...
Täzelikler » Goşgular - 29.01.2022

"ÝENJILEN TÄLEÝE, URLAN TAKDYRA..."

Ýenjilen täleýe, urlan takdyra
Seňselän kysmata taýdyr şahyrlyk.
Sykylan sök ýaly, burlan kak ýaly,
Behişti tagama baýdyr şahyrlyk.

Bardyr ýazyp ýören zordan çaklabam,
Sanawaçjyk sanap, saýyp ykbaly,
Beýikleriň ýoly, belki, Hak ýoly,
Behiştden üflenen naýdyr şahyrlyk.

Çyrpylan çybygyň şiresi ýaly,
Ruhuň gözýaşy ol, ziresi janyň,
Öliniň aýany, diriň gümany,
Düý...
Täzelikler » Goşgular - 29.01.2022

ŞIRGAZA ÝÜZLENME!

"Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!"
Magtymguly Pyragy.


Pyragynyň aýak yzyn yzarlap,
Ýöräbersem, taparynmy men seni?!
Golaýlasam, salgy berer, syzar jan,
Takat tapmaz gapyrgamyň ýeňsesi.

Kubra ýaly, Köneürgenjiň diňine
Münüp, baksam, görnermikä Şirgazy?!
Sesim goşup derwüşleriň heňine,
Raks oýnasam, pata berjek pir barmy?!

…Goja Gündogaryň sellesi ýaly,
O...
Täzelikler » Goşgular - 29.01.2022

ÝAŞLYGYÑ ÝASY

1

Köp diýýärler maňa: «Maňlaýyň gasyn».
Ýaşlykda garramak aýypdyr, belki —
Düşendir ýüzüme keşbi hem reňki,
Şüdügär topragy köp gezdim basyp.

«Juda ir düşüpdir maňlaýňa gasyn».
Çagalykda teşne janym ýakypdym,
Gojalaryň ellerne suw akytdym,
Deregne pent aldym susaklap susup.

Geçen günlerimiň okap tepbedin,
Men bu gün tutsamam ýaşlygmyň ýasyn,
Ýüzümem, ýüregmem bolmaz gap-gaty....
Täzelikler » Goşgular - 29.01.2022

GÖZLEG

Möwlana,
Bil­ýäň­mi,
Jöw­za­da ru­hum,
Yş­kyň­dan ot düş­di,
Te­nen­dir ja­nym.
Tu­tuş bar­lyk —
Öýüm-öw­za­rym, ýur­dum —
«Fi­hi ma fi­hi»-de jem­le­nen ba­ry.

Ha­jy­me­lik neb­sim tö­wir oka­ýar,
Kö­küm uzap bar­ýar çu­ňa — jüm­mü­şe.
Beý­nim­dä­ki gä­wür ta­ra do­ka­ýar,
Pyr­gun aň şol na­maz­ly­ga mün­di-de,

Goý­dy maň­la­ýyn­da sež­däň bes­se­sin.
Aýak­la­rym geý­di der...
Täzelikler » Goşgular - 17.01.2022

ÖÇÜRILEN SÖZLEMIŇ SUDURY

Iş­de. Pen­ji­re açyk dur. Ses­ler. Has dog­ru­sy, goh­lar eşi­dil­ýär. Asyl te­bi­ga­tyň owa­zy duý­lanok. Diň­şir­gen­se­ňem, eşidilenok. Ma­şyn­la­ryň güň­lenç se­si te­bi­ga­tyň ölüg­si se­si­ni göm­ýär. Uly ýük ma­şyn­lar köp gat­na­ýar. As­man­dan uçar bar­ýar. Onuň se­si bir pur­sat­lyk ýer­de­çile­riň — ma­şyn­la­ryň hem se­si­ni basýar. Soň öz se­si­ni beý­le­ki­ler­den saý­lap alyp gid­ýär. Ýe­ne Hal­tu­rin kö­çe güň­läp ug­ra­ýar. Mal eýesi­ne çek...
Täzelikler » Oýlanmalar - 16.01.2022

GÜNDELIGE GIREN GÜNLER HEM GÜNLERE GIREN GÜNDELIK HAKDA

Ara­kes­me wag­ty Hu­da­ýy Ja­nyň «Gün­de­li­gi­ni» okap otyr­dym. Onuň gö­ren düý­şü­ni gür­rüň ber­ýän ýe­rin­de­käm da­şar­da güýç­li to­zan­ly ýel tur­dy. Ol düý­şün­de ýa­gyş ýa­gyp başlaýandy­gy­ny, ýö­ne onuň ha­pa­dy­gy­ny aýd­ýar...
Iş­den soň gaýt­mak üçin ma­şy­ny­myň ýa­ny­na bar­sam, gö­rer ýa­ly däl, hä­li di­ňe to­zan tur­man, ha­pa ýag­şam ýagan eken. Ýol­da öýe ba­raý­sam, şu bel­li­gi ede­ýin di­ýip pik...

DÖRT PASYLDA ÝAZYLAN DÜRLI GOŞGULAR

• Ýazda ýazylan goşgy

Men ýaza garaşdym
Ýüregimden ýer edip.
Garaşdym guşlaryñ höwürtgesini
Timarlap, taýýarlap garaşyşy dek.

Garaşmagyñ bir öz lezzeti başga,
Garaşmak gowurak gowuşmadan-da.
Bahara garaşmak - hamyla gelniñ
Oýlanmasy ýaly dogluş hakynda.

Ruhuñam durlanýar gök ýüzi bilen.
Pikirler möwjeýär etene deýin -
Ýumurtgadan çykjak bolup urun...
Täzelikler » Goşgular - 01.11.2021

GELJEK ZAMAN IŞLIGI

Jyzlanyň sesi ýaly bir sese diň salyp, jyzlanyň ömri ýaly gysgajyk ynsan ömri barada oýlanyp otyryn. Uzakdan eşidilip başlan maşyn sesi ol sesi basmagy başarsa-da, meniň oýlarymy üýtgedip bilmedi. Maşyn öz sesini hem yzyna tirkäp ötüp gitdi. Oýlaryma indi jyzlanyň sesi ýaly ses kellämiň iç ýüzünden goşuldy...
Dek düýn ýalydy, Täze ýyly garşylanymyz. Bu ýyl eýýäm ýaňky geçip giden maşynyň sesi bilen birlikde deňämizden geçip barýar. Hormat goýýan ýazyjylary...
Täzelikler » Hekaýalar - 25.12.2019

«ALMA» AGAJYNYÑ ASTYNDA

Bu sözbaşydaky almanyň goşadyrnagyň içinde ýazylmagyna gysgaça düşündiriş berjek bolup göreýin. Ol agajyň miwesi togalaklygy bilen alma çalym edýär. Ýöne adam üçin iýmitlik däl. Guşlar, esasan, gögerçinler ýere gaçyp, ýarylan ýa-da ulagyň tigriniň astyna düşüp, mynjyran bolsa, ol agajyň miwesini (miwesiniň çigidini) işdämenlik bilen çokjalaýarlar. Aňan bolsaňyz gerek, oňa gepleşik dilinde «şişka» diýýäris. Garaz, «Şişka agajynyň astynda» diýen sözbaşyny goýsa...
Täzelikler » Hekaýalar - 19.12.2019

HÖWÜRTGEDÄKI ETENEJIK HEM GAHARJAÑGAŞLY

Kitap okap otyrdym (ýatyp okaýardym). Bir jümle zöwwe ýerimden galmaga sebäp boldy. «Totuguş gürlemegi başarsa-da, okap bilmeýär». Çapa taýýarlanylýan gazetiň sahypalaryny okap otyrkam işlemäge päsgel berýän totuguşlar göz öňüme geldi. Olar gürlemegi hem başaranoklar, ýagny «adamça» söhbet edip bilenoklar. Ýöne özara şeýlebir jürküldeşýärler welin, heý, goýaý. Okamagy başarmasalar-da, okaýan zadyňdan ünsüňi sowmaga ökde. Zeleleýaran olar. ...
Täzelikler » Hekaýalar - 19.12.2019

AGDARYLÝAN SAHYPALARYÑ TÄSIRI

Bir «başganyň sözüne» duş geldim: «Hiç bolmanda, sözleriň ýazylyş düzgünini bilmek üçin hem kitap okamaly».
Agdarylýan sahypalaryň owazyna diň salyp gördüňizmi?! Onuň owazyna düşünmek sözleriň dogry ýazylyşyna akyl ýetirmekden alynýan lezzetden has ýokary. Öň estrada aýdymlaryny diňläp ýören oglanlaryň biri bir ýola gojalaryň pendine eýerip (Sahy Jepbary diňlemek pendi), Sahy bagşyny diňläp başlandygyny, oňa düşünmegiň düşürýän täsirini nähili d...
Täzelikler » Hekaýalar - 12.12.2019

UNUDYLAN SES

Bu gün dynç günüdi. Ähli dynç günlerinde bolşy ýaly, bu günem teatrlarda belli aýdymçylaryñ konserti bardy. Menem çagalary ýanyma aldym-da "Hem-ä biraz gezelenç ederin, hemem aýdym diñläp, dynç alaryn" diýen niýet bilen şähere çykdym. Eslije gezelenç edip aýagyñ ýelini aldyk.
Ine, belli bagşylaryñ biriniñ konsert berýänligi barada bildiriş asylypdyr. Uly il bilet alyp dur, menem aldym. Itenek-çokanak bolup, çagalaryñ birini boýnuma mündürip, biriniñ elinden tutup...

SARWANYÑ SYRLY SARGYDY

Näme üçin men şu çaka çenli sarwanyň, ýagny düýe çopanynyň sargydyny kagyza geçirmekden ýaýdanyp gezdimkäm?! Belki-de, bu sarwanyň maňa hiç hili sargyt etmänligi üçindir! Şeýledir. Çünki sarwan maňa: «Düýä özüňi ýigrendirmegin!» diýip sargamandy. Emma men çagalykdan bäri düýe janawara nähak ýere sütem etmeli däldigi barada, düýäniň özüne edilen zulumy unutmaýanlygy barada, onuň soňunyň erbetlik bilen gutarýanlygy barada köp eşidipdim. Bu barada çeper eserlerd...
Täzelikler » Hekaýalar - 30.11.2019

AMANAT

Köp wagt bolandyr. Telewizorda «Näme? Nirede? Haçan?» diýen gepleşigi görenimde meni bir ýagdaý haýran galdyrypdy. Öňem ol gepleşigi görenimde haýran galýardym. «Janly ensiklopediýa» diýdirýän bilermenleriň tomaşaçylardan gelýän sowallary şänik döwen ýaly edişlerine haýran galýardym öň. Hatda olara öz ýanymdan gözüm gidip, «Aperin!» hem diýýärdim. Sebäbi «tegelek stoluň» başynda egele bolup oturyşlaryna, olar iň bir çylşyrymly sowallara hem, logika juda ökdeligi talap edýän, ...

SIZ ÖZÜÑIZ BARADA NÄHILI PIKIRDE BOLSAÑYZ, ŞONUÑ ÝALYSYÑYZ

Tabynlygymyzdakylaryň iş babatdaky çemeleşişleri — özümiziň işe çemeleşişimiziň aýnada şöhlelenmesidir. Şuny ýatda saklamak örän möhümdir: ata-enäniň psihologik ýörelgeleriniň çaganyň özüni alyp barşynda şöhlelenişi ýaly, artykmaç taraplarymyz hem, kemter gaýdýan taraplarymyz hem tabynlygymyzdakylaryň özlerini alyp baryşlarynda ýüze çykýandyr.
Entuziazm — üstünlikli adamlaryň umumy sypatydyr. Üns beren bolsaňyz, düka...
Täzelikler » Psihologiýa - 10.09.2019


1 2 »