Результаты 1-20 из 645 по запросу Osman ÖDE

1941-1945-NJI ÝYLLARYŇ BEÝIK WATANÇYLYK URŞY WE AŞGABATDA ÝER TITREMESI

Gökdepe galasy synyp, türkmen halkynyň agzynyň aşa ýeten ýyly bolmady. Beterinden beteri bar diýleni bolýardy. Beterinden beteri tapylýardy. Açlyk, gurakçylyk bir tarapdan, yzly-yzyna bolan ýowuz uruşlar ýene bir tarapdan türkmen halkyny halys tapdan düşüripdi. Raýatlyk uruşlary, Watançylyk uruşlary, b...

TÜRKMENLERIŇ TÜRKMENSÄHRA DÖWLETI (1924-1925 ý.)

Osman ahun

Türkmensährada ýaşaýan türkmenler Eýranyň şasy Ryza şanyň zulumyna garşy baş göterdiler. Eýranyň Horasan, Astrabat welaýatlarynda 1924-nji ýylyň maý aýynda garaşsyz Türkmen respublikasyny döretdiler. Adatça bolşy ýaly, türkmen täze döwlet döredende gurultaý geçirýär. Türkmensähra türkmenleri hem gurul...

On birinji bap

SABYR DÜÝBI SAP ALTYN

1.

«Sabyrly gul Käbä ýeter» diýýär türkmen. Sabyrlylyk hem şükürlilik türkmene muwapyk häsiýet. Ähli keramatly kitaplar, Muhammet aleýhyssalam sabyrlylygy ündeýär. Türkmen sabyrlylyk hakda birgiden pähim döredipdir, sabyrly kişiniň dura-bara şat boljakdygyny nygtapdyr. Annanyýaz baý hem haýsy işiň başyna barsa howlukmazdan, gaýa-gopuzlyk döretmezden çemeleşýär. Käbir kişi «Annanyýaz baý ýaly arkaýyn bolaýsaň, onuň arkaýy...
Täzelikler » Romanlar - 30.10.2022

1917-nji ÝYL

Onunjy bap

TÜRKMENIŇ PUL HAN BILEN DARKAŞY

1.

Türkmenmi?
Ol soňky demini sanap ýatan-da bolsa: «Hudaýa şükür, ýagdaýym gowy» diýer, soňam hiç bir ah-wahsyz takga jan berer. Türkmen özüniň näsagdygy bilen zeýrenmegi namys hasaplar.
Türkmenmi?
Dünýäni pul bilen satyn alyp bolar, ugruny tapsaň, türkmeni ýeke hoşamaý söz bilen mugt alyp bolar, ýöne türkmeni pul bilen satyn alyp bolmaz. Gerekligine oňa pul gerek, ýö...
Täzelikler » Romanlar - 30.10.2022

Dokuzynjy bap

ÝARYSY SÜÝJI, ÝARYSY AJY DÜNÝÄ

1.

Keremli Allatagala älemini, dünýäsini, asmanyny, Zeminini ýaradyp, öz perzendi bolan Adam ogluny bagtyýar etmek isläpdir. Ajaýyp jahanyň gözelligini döredipdir. Bu gözellikden meniň ýaradan perzendim lezzet alsyn, şu gözelligiň gujagynda erkana ýaýnasyn diýipdir. Üsti ak garly, jülgeleri dumanly daglara başyňy aýlandyrman seredip bolýarmy näme? Gara bulutlardan şaglap-şaglap ak ýagyşlaryň ýagşy ne gözel! Ýazla...
Täzelikler » Romanlar - 30.10.2022

Sekizinji bap

ÖWRÜMDEN AŇYRDA NÄME BAR?!

1.

Gökdepe pajygasy hakdaky suraty satyn almak Annanyýaza başartmady, sebäbi iki dogan bolan Wereşaginleri paýtagtdan tapaýmak kyndy. Birisi hemişe söweş gidýän ýa şoňa meňzeş ýabany, wagşyýana ýerler­de goş basyp, elkin ýatyp surat çekse, beýlekisi süýt önümlerinden dürli peýnirleri ýasap, Ýewropany aňk etmek aladasy bilen daşary ýurtlaryň birinden gelse, ikinjisine gidýärdi.
Mihail çykalga tapdy: ökde nakgaş...
Täzelikler » Romanlar - 30.10.2022

Ýedinji bap

SYRLY SYÝAHAT

1.

Artyk han Annanyýaz bilen Ýelli paryň hem gitjekdigini bilip:
– Haý, ogul, näme, sen täjir bilen ýola, molla bilen ile gitmeli däldigini bilmeýädiňmi? – diýdi. Aýnabat eje adamsynyň pikirini oňlamady:
– Goýaweri, kakasy, Ýelli baýyň söwda-satyg diýip barmadyk ýeri-ýurdy barmy? Tanşy-bilşi köpdür, ýoldaşlyja bolany allanäme – diýip, oglunyň elin ýoldaşly bolandygyna begenýändigini nygtady.
Aşgabatdan otla mün...
Täzelikler » Romanlar - 28.10.2022

1904-nji ÝYL

Altynjy bap

ATA KÜÝSEGI

1.

Annanyýazyň Mustansirde her güni ýyla dönen bolsa, oba gelensoň her bir ýyly bir gün deýin tiz geçdi. Ol ir ertirden giç agşama çenli bir ýerde duranokdy, asyl etmeli işlerine ylgabam ýetişer ýaly däldi. Iliň üznüksiz ýüz tutmalary köp wagtyňy alýardy, her bir ýüz tutmanyň aňyrsynda edilmeli işlere üç-dört bolup ylganyňda ýetişip bilseň zor boldugyň. Özem her gelen meniň işim hökman bitäýmelidir, Annanyýa...
Täzelikler » Romanlar - 28.10.2022

5.

Seýit çozgun, hakykatdanam, garyndaşlyk ýakynlygyny edýärdi, Nyýazyň okaýşy bilen her hepdede, her günde diýen ýaly gyzyklanyp, nämeleri okaýandygyny anyklap durýardy. Nyýaza duýdurman, ony okadýan mugallymlar bilen gürleşýärdi. Nyýaz hakda bir hoşamaý söz eşitse, ýylgyrjaklap, guş deý uçaýarly görünýärdi. Ýöne Nyýaza hiç zat diýmeýärdi. Bar gürrüňi ogly Kyýasa aýdýardy. «Şu gün Nyýaz hakda pylan mugallym şeýle-şeýle hoş sözleri aýtdy» diýip, birin-birin gürrüň berýärdi, Kyýasa s...
Täzelikler » Romanlar - 28.10.2022

Bäşinji bap

GEÇEN GEÇDI, GELJEKDEN HABAR BER!..

1.

Wagt suw deýin köp zatlary ýuwup aýyrýar: wagtyň geçmegi bilen adam hakydasyndaky zatlar hem ýatdan çykýar, käsi bir günden çykýar, ikinjisi iki günden, käsi bir aýdan, ýene biri bir ýyldan çykýar, ýöne wagt her näçe geçse-de, onuň hakydadan aýryp bilmeýän zatlary bolýar. Annanyýaz üçin hem kakasy Artyk han bilen haja giden güni bütin ömrüne ýadyndan çykmajak güni bolsun gerek. Meger, ol bu güne aşa yhlas b...
Täzelikler » Romanlar - 28.10.2022

Dördünji bap

HOWSALA

1.

Annanyýaz öýe gelende beýik tagta sekiniň üstünde Artyk han bilen Babahan baý gümür-ýamyr edip oturan eken. Aýyň ýagtysy dünýä kümüş şöhlesini ýaýradyp, ylla gündizlige öwrensoň, oturanlaryň keşp-keşmeri açyk görünýärdi. Annanyýaz Babahan baý bilen ikelläp görüşdi, baý halyny sorady, ol jogap berdi. Babahan baý Bäherdendendi, aňyrdan Agöýlüden gaýdýan kowum-hyştdandy, onuň üstesine-de, ol Annanyýazyň daýysydy, Artyk hanyň aýaly Aýnab...
Täzelikler » Romanlar - 28.10.2022

6.

Gapydaky nobatçy girip:
– Jenap polkownik, geldiler – diýip, habar berdi.
Dessine-de dolmaç aýal bilen ak palçykdan ýasalan ýaly, on-on iki ýaşlaryndaky owadan gyzjagaz içeri girdi. Polkownik gollaryny galdyryp:
– Hany, gözüňizi ýumuň – diýdi.
Ak mapraç aýal gözlerini ýumup, durşy bilen ýylgyryşa öwrüldi. Uýezd naçalnigi eplenip goýlan gaplaň hamyny alyp, silkip aýalynyň gerilgi gollaryna goýdy. Ak mapraç aýal şadyýan ses bilen:
– Älhepus, munuň...
Täzelikler » Romanlar - 28.10.2022

Üçünji bap

GARAŞYLMADYK ÇAKYLYGYŇ UŞLYBY

1.

Şol günüň ertesi agşam Artyk han Annanyýazy ýanyna çagyrdy. Ertir daň bilen Ýankak guýusyna çopanlaryň ýanyna gitmek zerurlygyny – olaryň guýudan suw çekýän tulumlarynyň deşilendigini, täzesini eltip bermelidigini aýtdy.
Nyýaz kakasynyň bu sözüne begendi: onuň iş bitirip, kakasynyň sagboluny alasy gelýärdi. Nyýaz ýeňillik bilen ýerinden turdy. Durda atlary eýerlemegi tabşyrdy. Ol obadan çykyp çölüň etegine ...
Täzelikler » Romanlar - 28.10.2022

Ikinji bap

TÜRKMENIŇ IKI ÝAŞAÝŞY BAR

1.

Türkmeniň iki ýaşaýşy bar: onuň bir ýaşaýşy çomrulyk, ikinji ýaşaýşy çarwalyk.
Çomry oturanlar älemgoşar öwüşginli, joşgun-hyruçly bahar pasly gelende ygtybarly gara öýlerini düýelerine ýükläp ýazlaga çykarlar. Türkmen maşgalalary sähra gül-gülälek bolup ýazylan her hili peýdaly otlardan dürli-dürli ýokumly tagamlar bişirerler, özlerem iýer, çagalaram iýer. Dowarlar baharyň gelmegi bilen köpelişe durar: enaýyja...
Täzelikler » Romanlar - 28.10.2022

ANNANYÝAZ ARTYK

1902-nji ÝYL

Birinji bap

DAGDAN GAÝDÝAN ÝODALAR

1.

Bagtdyr maksat sözleriniň, göräýmäge, aýry-aýry manylary bar, ýöne bu iki söz aýry-aýry at göterip ýören ýeke-täk bir düşünje. Özem bir manyny aňladýan bu iki söz adam ýaşaýşynyň esasy manysy. Adam bütin ömrüne maksadyna ýetmek üçin çalyşýar. Ol maksadyna ýeten pursaty özüni bagtly duýýar. Bagtly kişi – maksadyna ýeten kişi. Bagt we maksat ömür sallançagynyň bir ýüp...
Täzelikler » Romanlar - 28.10.2022

GÖWÜN TOPUKÇALARY

ÖMÜR KITABYM

Maňlaý — ömür kitaby.
Haktagala şapbat deýin maňlaýa müň danyşmentiň, müň pähimdaryň, müň ýazyjynyň müň kitabyna sygmajak ykbaly gasyn bilen ýazypdyr.
Çar ýaňyň Haktagalanyň ýazan täsin kitaplary. Käsi gyzykly, käsi gyzyksyz, käsi galyň, käsi ýuka, käsi gara, käsi ak.
Eý, Beýik Allam!
Eçilen maňlaýyňdan — ömür romanyňdan müň keren razydyryn. Otuz sekiz ýaşap, ömür kitabymyň otuz sekiz sahypasyny okap, men bu dün...
Täzelikler » Sözler - 10.10.2022

ÜÇ DURMUŞ

Meniň üçin üç sany durmuş bar. Düşnüksiz bolsa, düşündireýin.
Birinji durmuş, öz ýaşaýan durmuşymyz.
Ikinjisi, çeper edebiýatdaky durmuş. Adam olaryň ikisinde-de ýaşaýar. Olary aýratynlykda göz öňüne getirseň, aralykda ýer bilen gök ýaly tapawut bar. Ol tapawut hem iki durmuşda ýaşaýan adamlaryň gylyk-häsiýet tapawutlary. Çeper eserdäki durmuşyň gapysyndan barar ýaly däl, sebäbi ol durmuş şeýle bir wagşyýana, ahlaksyz, nalajedeýin adamlardan doly. Matematiki ...

Üçünji söhbet: «HER ÄŞÝADAN ÝAR SYPATYN DERS ALDYM»

OSMAN ÖDE: — Geçen söhbedimizde dünýäniň öňünde duran global kataklizmler, problemalar barada gürrüň edip, geçmişde bolup geçen taryhy wakalara ýüzlenip, kasasyň kyýamata galmaýandygyna gepi diredik. Dünýäde akyl-paýhas bilen ýaradylan ynsan, etmişleri üçin ir jogap berýär, giç jogap berýär, ýöne gürrüňsiz haklaşyk bolýar diýen netijä geldik. Akylly-başly adamzat bolsa ýere güýe düşen ýaly edip barýar. Arassa suw oňa azlyk edýär, t...
Täzelikler » Söhbetdeşlik - 15.09.2022

PIKIRLER

Döredijilik hakda, özüm — Osman Öde hakda

Eger kämilleşmegiň ýoluny görkez, täzeden edebiýata gelseň diýseler:
— Men edebiýata terjimeden gelmeli diýip pikir edýärin.

* * *

Eser döredilende täze obraz tapanyň üçin ýazýarmyň ýa tapan täze sýužetiň, wakaň üçin.
— Waka, sýužet öň tapylýar. Gahrymanlar şol wakalar esasynda döreýär.

* * *

Men ýaşaýyş üçin kitaplara minnetdar.

* * *
...
Täzelikler » Sözler - 11.09.2022

UZYN HASAN

(Hökümdarlyk eden ýyllary 1453-1478 ý. )

Orta asyrlar türkmeniň ýedi yklyma, yslama hökümdarlyk eden asyrlarydyr. Ýedi yklym türkmenlere darlyk edipdir. Antaliýada, Balkanda, arap ýurtlarynda türkmenleriň gaýa taýpasyndan bolan Osman türkmenleriň şalygy; Diýarbekirde, Gündogar Antaliýada, Azerbaýjanda türkmenleriň baýyndyr taýpasyndan bolan Akgoýunly türkmenleriň şalygy; Azerbaýjan bilen Y...


1 2 3 ... 32 33 »