Результаты 1-20 из 114 по запросу Reýimbaý Sabyrow

XXIV BAP

Horezmşa Muhammet atabeg Sad ibn Zaňgyny ýurdyna-Parsa ugradanyndan soň wezir-wekillerini, serkerdeleri çagyryp, indiki ediljek işler, indiki ýörüşler hakda maslahat salyp, şeýle diýdi:
- Jenaplar, ine meniň elimde Muhammet Nejip Bakranyň dünýä ýurtlarynyň ýerleşýän ýerleriniň çyzgysy bilen oňa düşündirişler ýazylan “Jahannama” kitaby bar. Bu kitaba görä biziň duran ýerimiz Yspyhanyň günorta gündogarynda birnäçe baý, gözel tebigatly ýurtlar bar. Pars aýlagyny ýakalap...
Täzelikler » Taryhy proza - 09.10.2022

XXIII BAP

Pars Yragyndan ýetip gelen ýakymsyz habarlar täze paýtagty Samarkantda ýaňy asudalyk ornadyp, nobatdaky işlerini meýilleşdirip oturan Muhammet şanyň dynçlygyny bozdy. Pederi Tekeş Soltanyň döwründen bäri Horezmiň tabynlygynda bolan Pars Yragyny Azerbaýjan atabekleriniň gulamlary, tarapyndan edilen ýörüşlerde elden-ele geçip, iň soňunda-da Azerbaýjanyň atabegi Özbek bilen Parsyň atabegi Sad ibn Zangy tarapyndan bölüp alynýar. Olardan öň bu ýerde hökümdarlyk eden Seýfeddin O...
Täzelikler » Taryhy proza - 09.10.2022

XXII BAP

Şum habar tiz ýaýraýar. Samarkantdaky ganly wakalar hakyndaky habar Gürgenje ýetip geleninde Muhammet şanyň huzurynda käbesi Terken hatyn hem bardy. Bu habary getirenden onuň jikme-jikligini diňlän Horezmşa tas däliräpdi, gaharyna ýüzi gara ört boldy. Birden:
- Aýaz Pälwany çagyryň!-diýip, gygyrdy. Dem geçmän, bürgüt bakyşly, gür gaşly daýaw pyýada häzir boldy. Ol tagzym edip, başyny galdyryp buýruga garaşdy. Bu adam Horezmşanyň ýörüte guran jellatlar toparynyň başly...
Täzelikler » Taryhy proza - 09.10.2022

XXI BAP

Gara hytaýlar bilen boljak aýgytly jeňe taýýarlyk işleri tamamlanyp barýardy. Şu arada Samarkandyň soltany Osmana goşun toplamak barada Muhammet şanyň iberen namasynyň jogaby hem geldi. Osman soltan hatynda özüniň toplan goşunyndan başga-da Mawerannahryň ululy-kiçili emirleriniň ählisi boljak gazat söweşine gatnaşmaga isleg bildirendiklerini, şunlukda Samarkantda toplanan goşunyň söweşe taýýardygyny habar berýärdi. Bu habardan Terken hatyn hem bihabar galmady. Ol oglunyň güý...
Täzelikler » Taryhy proza - 08.10.2022

XX BAP

Ertesi Horezmşanyň gelen habary tutuş Gürgenje doldy. Köçelerde, bazarlarda adamlar onuň gürrüňini edýärdiler. Köpçülik begenip etse, arasynda "Aý bolmandyr-ow!”diýenleri-de ýok däldi. Horezmşanyň özi bolsa irden dosty Ibn Mäsudyň aladasy bilen köşgüň goragçylaryndan iki serbazy alyp, kerwensaraýa bardy. Gara hytaýlar hem oňa garaşýardylar.
- Ýigitler, gaty görmäň, aňyrda galan meniň hojamyň kakasy puly artykmajy bilen berip goýberdi. Ýöne ogly gelýänçä ikiňizden biriň...
Täzelikler » Taryhy proza - 08.10.2022

XIX BAP

Emirleriň hatyny alyp barýan çaparlar Gürgenjiň ýary ýoluna-da ýetmänkä, ak piliň üstündäki tagty rowanda aý bogdaşyny gurup oturan Horezmşa uly dabara bilen Gürgenjiň derwezesinden girdi. Ol özüni garşy alan mähelläniň alkyş sedalarynyň astynda köşgüň öňündäki meýdança baryp, pili idip baran pilbanlaryň kömegi bilen aşak düşdi. Köşgüň öňünde hatarlanşyp duran ogullary, gyzlary şatlykly ses edişip, pederlerini gurşap aldylar. Muhammet şa perzentlerini ýekän-ýekän ogşap, olar...
Täzelikler » Taryhy proza - 05.10.2022

XVIII BAP

Älemi ýaşardýan ýazyñ gelmegi ýaş-ýeleñleriñ ýüreginde inçe duýgulary joşa getirse, patyşalaryñ ýüreginde täze ýörüşlere, jeñ-jedellere hyjuw döredýär. Şyhabetdin äl Gury hem gursagyna ýaz şemaly degenden Horezme ýörüş etmäge hyjuwlandy. Emma onuñ bu niýetini Alla hoş görmedimi, goşuny bilen Tusa ýetende yzyndan agasy soltan Gyýasetdin äl Gurynyñ dünýäsini täzeländigi barada habar geldi. Ol indi Horezme däl-de, Hyrata agasyny jaýlamaga gaýtmaly boldy. Tusda emir Jarbegi ga...
Täzelikler » Taryhy proza - 04.10.2022

XVII BAP

Horezmşa Alawetdin Muhammet saparda mahaly Gürgençde Terken hatyn tutuş Horezme hökmüni ýöredip, hökmürowan bolup oturdy. Onuñ hökmürowanlygy diñe köşkde, ýurtda däl, maşgalanyñ içinde-de duýulýardy. Gelinleri, agtyklary, beýleki garyndaşlary Terken hatynyñ sesi çykan ýerde kelleleri dyzyna ýetýänçä epilip tagzym edip durýardylar. Diñe türkmen gelni Aýçeçek sähraýylygyny edip, çalarak egilip salam berýärdi. Mundan başga-da Terken hatynyñ gaharyny getireni - oña bir işi aýda...
Täzelikler » Taryhy proza - 03.10.2022

XVI BAP

Gyýasetdin äl Gurlynyñ Horasanda eden-etdikleriniñ habaryny eşidip, dergazap bolan Horezmşa Muhammet gurlylar bilen hasaplaşmagyñ ugruna çykdy. Goşunynyñ güýjini has artdyrdy. Ol tagta çykyp, Horezmşa adyny alanyndan soñ, ilkinji sapar goşuna özi baş bolup, uzak sapara gidýänligi üçin käbesi Terken hatynyñ ak patasyny almaga onuñ huzuryna bardy. Terken hatynyñ hemme zatdan habary bardy. Ol oglunyñ diñe ak patasyny almak üçin däl, boljak-goýjak zatlary hem maslahatlaşmak üçin...
Täzelikler » Taryhy proza - 28.09.2022

XV BAP

Durmuşda ähli uly işleriñ başlanyşy kynçylyksyz bolmaýar. Kynçylyklary ýeñip, işi ýola ugrukdyryp goýberýänçäñ diñe wagt däl, güýç-gaýrat hem zerur bolýar. Muhammet hem kakasynyñ Alaweddin adyny alyp, horezmşalaryñ tagtyna çykan gününden şazadalyk döwründäki parahat durmuşyndan oba göçdi. Ol indi aladalar, teşwüşler, hatda howp-hatarlaryñ girdabynda aýlanýardy, sähel gowşaklyk etdigiñ girdabyñ demine düşen zady aýlap-aýlap ýuwdup goýberişi ýaly ahwala düşmegi ahmaldy. Ol özün...
Täzelikler » Taryhy proza - 28.09.2022

XIII BAP

Tekeş soltan uzak ýoluň hem-de söweşe girip, ýarym günüň dowamynda at üstünde gylyç çapmagyň ýadawlygy sebäpli Reýde biraz dynç almakçy bolup Hemedany, Yspyhany araplardan arassalamak üçin Maýaçugy ibermegi makul gördi. Ony huzuryna çagyrtdy.
- Şemseddin, araplar Gökçe bilen üstüñe baranda Yspyhany taşlap gaçdyň. Indi seni olaryň üstüne ibersem, özüňiň gaçyşyň ýaly olary-da gaçyryp bilermikäň?-diýip, Tekeş soltan Maýaçuga degişme bilen gyjalat berdi.
-Aly hezr...
Täzelikler » Taryhy proza - 27.09.2022

XII BAP

Seljuklar nesilşalygynyň iň soňky wekili Togrul soltanyň ölüminden soň Horezmşa Tekeş 590-njy hijriniň rejep aýynda (1194 mart) onuň galan-gaçan leşgerini-de çym pytrak edip, Hemedany, Yspyhany we Pars Yragynyň aglaba bölegini eýeledi. Basyp alnan ýerleri öz emirlerine paýlap berdi. Şäherlerde döwlet emeldarlaryny aýryp, olaryň ýerlerine-de öz adamlaryny goýdy. Yspyhany Kutlug Ynanja, Hemedany, Reýi ogly Ýunushana berip, oňa atabek edip emir Maýaçugy belledi. Şeýdip, ähli iş...
Täzelikler » Taryhy proza - 27.09.2022

XI BAP

Soltanşa Mahmydyň agasy bilen söweşe girmän, yzyna gaýtmagy onuň pälinden gaýtdygy däldi. Ol başga-özüne oňaýly pursada garaşýardy. Aradan bir ýyl geçip-geçmän, Tekeş soltanyň Pars Yragyna goşun çekmegi bilen Soltanşanyň garaşan pursady geldi. Ol agasynyň ýurtda ýoklygyndan peýdalanyp, Horezme goşun çekdi, gelip Gürgenji gabady. Ol ýurdyma barsam halk meni mirasdüşer şazada hökmünde kabul eder, tagty almagyma garşylyk etmez diýen pikirdedi. Emma oňa Gürgenjiň derwezeleri açyl...
Täzelikler » Taryhy proza - 27.09.2022

X BAP

Garşysyna goşun çekip gelen inisi Soltanşanyň hüjüme geçmän, yzyna gaýdyp gidenine şükür edip, Gürgenje dolanan Tekeş soltan öz köşgünde aýaly, Terken hatynyň hüjümine uçrady.
Terken hatyn özüniň demir häsiýeti bilen köşkde ýeke-täk hökmürowan aýaldy. Ähli köşk hyzmatkärleri ondan haýpygýardylar. Onuň aýdany aýdan, diýeni diýendi. Hiç kim onuň sözüni iki etmäge milt etmezdi. Bu aýal arkasynyň güýçlidigine bauýsanyp, äri Tekeş soltana hem sözüni geçirýärdi. Diňe sözüni g...
Täzelikler » Taryhy proza - 27.09.2022

IX BAP

Durmuşyň akymy Horezmşa Tekeşiň ygtyýarynda bolsa ol öz ömrüni parahatçylykda ýurdyň abadançylygy, halkyň güzerany ugrundaky aladalar bilen geçirerdi. Emma döwrüň syýasatynyň talaby onuň isleginiň tersinedi. Sen basyp almasañ, seni basyp alýarlar. Şonuň üçin güýçli bolmaly, diňe güýjiňe daýanyp ýaşamaly zamandy. Günde, günaşa Horasandan, başga sebitlerden gelip gowuşýan habarlar tijenmegi, ägä bolmagy talap edýärdi.
Inisi Soltanşanyň Horasanda döwlet gurup, barha güýçl...
Täzelikler » Taryhy proza - 25.09.2022

VIII BAP

Şazada Tekeşiň gara hytaýlaryň uly goşuny bilen Seýhundan geçendigi, Gyzylgumuň içini söküp, haýdap gelýändigi baradaky habar Gürgenje gelip ýeteninde Soltanşadan beter onuň ejesi Terkan hatyn howsala düşdi. Ol derhal baş serkerde Aýuphan bilen müñbaşy serkerdeleri çagyryp, goşuny gara hytaýlar bilen söweşe taýýarlamalydygyny aýdanynda Aýuphan:
- Melikäm, goşunymyzyň gara hytaýlaryň garşysyna çykmaga ýagdaýy ýok. Horasana edilen soňky ýörüşden soň esgerleriň köpüsi ö...
Täzelikler » Taryhy proza - 24.09.2022

VII BAP

Pukara aradan çyksa esasy alada ony jaýlamak bilen bagly bolýar. Patyşa aradan çyksa esasy alada onuň tagtyny eýelemeklige gönügýär. Il-Arslanyň ölümi hem şeýle ýagdaýy ýüze çykardy. Terken hatyn adyny alan Il-Arslanyň söýgüli aýaly Nazyrat ogly Soltanşa Mahmudy pederi mirasdüşer belläpdi diýip gyssagly suratda tagta çykardyp, Horezmşa diýip yglan etdirdi. Bu wagt Il-Arslanyň uly ogly Tekeş Jendde walydy.
Tekeş gündizki iş-aladalaryndan dynyp, giçligara dynç alýan wag...
Täzelikler » Taryhy proza - 24.09.2022

VI BAP

Atabeg Ildeňiz Horezmden gelen haty okap, howsala düşenem bolsa, özüni sowukganlyk bilen tutmaga çalşyp, Arslan şanyň huzuryna bardy. Ol özüni her niçik ýagdaýda-da aljyramaýan merdemsi adam edip görkezjek bolsa-da, içindäki dowul soltanyň nazaryndan sypmady:
- Eýgilikmi, Atabeg, bir hili aladaly görünýäňiz-le?-diýdi soltan.
- Eýgilik däl, soltanym. Horezmdäki ynançly adamymyzdan hat aldym... Reýiň emiri Ynanç Horezmşanyň tabynlygyna geçipdir. Reýi hem oňa berdi...
Täzelikler » Taryhy proza - 23.09.2022

V BAP

Ýaraşygyň şanyna guralan meýlisi sowup, ertesi irden Horezmşa Il-Arslan goşunynyň başynda ata Watany Horezmine tarap ýola düşdi. Nyşapuryň alynmagy seljuklar bilen aranyň düýpgöter kesilmegine getirip, Horezmiň özbaşdak güýçli döwlet hökmünde abraýy has artdy. Şoňa görä sebitde Horezme arka berip, Yrak soltanlygynyň tabynlygyndan çykmak üçin hereket başlandy. Ilkinji bolup, Reý welaýatynyň emiri Ynanç baş göterdi. Ol soltanlygyň gaznasyna töleýän ýyllyk pajy alyp gaýtmak üçin ...
Täzelikler » Taryhy proza - 22.09.2022

IV BAP

Il-Arslan emir Aýbegiň ähdinden dänip, adyny hutbadan aýyrmagynda Muaýýidiň eli bardygyny duýupdy. “Onuň oňa gaçybatalga berip, hossar çykmagy ýöne ýere däldir. Aýbegi hem özüne boýun egdirip, onuň ýerlerine-de eýelik etmek maksady ýok däldir. Bu Muaýýid diýilýäni Arslanşa bilen Ildenizi arka tutunyp, tutuş Horasany eýelemekçi öýüdýän. Ýok, muňa ýol berip bolmaz!” diýip içini gepleden Il-Arslan serkerdelerini çagyryp, goşuny Nyşapura ýörüşe taýýarlamagy buýurdy.
Entek ...
Täzelikler » Taryhy proza - 21.09.2022


1 2 3 4 5 6 »