Результаты 1-18 из 18 по запросу Süleýman Haýdarow

ŞAHYR ÝALY

(Eşitmediksiränlerimden)

Oturşyň şahyr ýaly,
Turuşyň şahyr ýaly,
Okaýşyň şahyr ýaly,
Duruşyň şahyr ýaly,
Durmuşyň şahyr ýaly,
Ýöne sen şahyr ýaly,
Şahyr däl.

OGLANLYGYŇ ÇAKLAMASY

Ýada salyp gyz gylygňy,
Bahar geldi gyzgalaňly.
Rehm eýleýip, dep etmezmiň,
Ýüregimiň gozgalaňny.

Kalbymyň bu jokramasy -
Ýarymyň gujaklamasy.
Haça...
Täzelikler » Goşgular - 29.11.2021

ARMAN BOLMAZ

(Gartaşan mugallymyň aýdanlaryndan)

Gyzlarymyz - on sekiz ýaş,
On dokuz ýaş - gelinlermiz.
Şolar bilen togsan ýaşdan
Ýigrim bäşe gelenler biz.

...Boýun alýas, alman bolmaz,
Ýigrim bäşde, arman bolmaz.

Süleýman HAÝDAROW.
Täzelikler » Goşgular - 29.11.2021

DOGANLARYMA

Arany açsalar öýkeläp eger,
Bilýärin, barybir dolanjaklaryn.
Bagyşlar - iň uly jezany berer,
Adyl, geçirimli doganjyklarym.

Başarsaňyz, öýkelediň siz meni,
Öýkelemäň, siz weli!

ESGERLER NAHARHANASYNDA

Aglasam, öýkeläp ýüzüm sogsamam
Ak süýtden gandyrdyň, suwa suwsaman.
Öňem, hut häzirem hat-da soň-soňam
Tagamy agzymdan gitmez somsalaň...
Galkynýaryn, sizi, ýada salsamam,...
Täzelikler » Goşgular - 21.11.2021

SYRLY GÖZEL

Ýazyň mymyk şemalyna,
Owsun atýar a:l köýnegi.
Gözüm düşmez jemalyna,
Adat aşygyň köýmegi.

Ne daşlaşar, ne golaýlar,
Hallan atar zol towlana.
Ýeňlerin bäri bulaýlar,
Dert berip-ki ol, oglana.

...Kütelipdir gyrgy gözleň,
Göçüripsiň ol seriňni.
Hasaplanym syrly gözel,
Köýnek eken ol serilgi.

Süleýman HAÝDAROW.
Täzelikler » Goşgular - 21.11.2021

AŞYK, TALYP...

Işiňden sowaşma, bölmäýin ünsüň,
Jogap tapdym, jogapsyz jaňlaryma.
Diňe bir boşluklar bolmaýar ümsüm,
Haýpyň gelsin jorapdyr jalbaryma...

Tarapdary däl men dawa, jen-jeliň,
Ýöne, düşün birazajyk maňa-da.
Ütükden görýärin ýakan penjegim,
Aşyk, talyp... öňem ýetik alada.

...Penjek tapdyr az iýip, kän üýşürsem,
Ýöräbersem garşy gitmän akyma.
Ýaşlyk edip uklapdyryn, düýşüm sen,
Düşün,...
Täzelikler » Goşgular - 21.11.2021

"ÝALÑYZ SÖÝGIM..."

Meni söýýänligin bilip biriniň,
Okap goşgularyn men hakda ýazan,
Öz-özüňe: "Ýalňyz söýgim, dirimiň..."
Diýip, ynamyňa siňdirme tozan.

Oňem men odun däl gyşa netlenen,
Ony daşymdanam aňýansyň meger.
Besdir indi, mundan artyk geplemen,
Kül ýanmaz, ýylatmaz üşäýseň eger.

Oduny her kimem oňarar ýakyp,
Sen Küli ýakjak bol, ugruny tapyp!

Süleýman HAÝDAROW.
Täzelikler » Goşgular - 21.11.2021

GOÇALTJAK BOL

Hut sähranyň owazy bar,
Dutarymda, gyjagymda.
Türkmen ilim bu sährada -
Misli, enäň gujagynda.
Giňdir sähram hem ýerleşer
Söýüp-söýlüp guçanymda.
Sähram meniň ganatymdyr
Asman sary uçanymda.
Aýan bolar söýgiň seniň
Yhlasyňda, gujuryňda.
Goçaltjak bol bu sährany,
Sen, sähraýy, goçalaňda!

Süleýman HAÝDAROW.
Täzelikler » Goşgular - 21.11.2021

GÖZLEG

Senem gözläweri söýeniňden soň,
Özgeler gözüme yssy bolarmy.
Sen maňa asman dek söýeneňden soň,
Zemin dek götärin gussalaryňy.

Golumda däl, gursagymda hazyna,
Uşaklaman, barym saňa bagyşdyr.
Seni gözläp ganat ýaýdym azyma,
Özüň bilen, özüm bilen tanyşdyr.

...Daglar aşyp, sökdüm depe-düzleri,
Uçdum, ýüzdüm, ýol-ýoda kän ýörelen...
Asyl, söýgiň kör bolarmyş gözleri,
Kör elinde mynjyranan bü...
Täzelikler » Goşgular - 19.11.2021

IKI BOLDUM

Men “Sen” diýip ýola düşdüm,
Ýürek boldy pagyş-para.
Iki boldum, ozal üçdüm,
Birim galdy bagyşlara.

Çykdym jaýyň üçegine,
Takat tapman düşegime.
Ynha, indi üşegene
Otly çöp bol oňuşmaga.

Diýip dursaň sen: “...ätlemen”,
Bilmedim, nädip, nätmenem.
Owadan söýgä ä:t menem,
Yhlasym çoh gowuşmaga.

Gaýtalaýan öňki heňi,
Dolduryplar öýkenimi.
Sen nä menden öýkelimi,...
Täzelikler » Goşgular - 19.11.2021

ESGERLIK

Nyzamdan başlanýar esgeriň ömri,
Gutarsa-da hut şol ýerde gutarýar.
Emmedir emzikden aýralyk döwri -
Esgerlikdir
Utulan bar, utan bar.

Emma, olaň ikisi hem ýeňişdir,
Namart bolup, boýun togalanandan.
Özüň geliş hem özüňe gelişdir
Esgerligi
Her bir dogulan oglan!

Süleýman HAÝDAROW.
Täzelikler » Goşgular - 19.11.2021

"NE AZAŞDYK NE-DE DUŞDUK..."

“Bir bilsediň, seni şeýle küýsänim...”,
Habaryňa menden jogap barmady.
Söýgiň, Talhatandan galan küýzäniň,
Ykbaly deý bulut bolup parlady.

Sen diýdiň: “Ne azaşdyk, ne-de duşduk...”,
Bu bir söýgümiziň dartyş güýjüdir.
Dokuzym ýuwutjak üç geldi, buşluk,
Menden menli ýatlamalar süýjüdir.

...Uzyn däl, gysga-da däldir dillerim,
Bar bolany, owurtlan bir owurdym.
Ýöne, sende ne gu...
Täzelikler » Goşgular - 19.11.2021

KÖSENME

Sen ýigdiň başyna çykjak bolmagyn,
Goý, ol seni depesine täç etsin!
Nobatguly Rejebow.

Näz etdimi, öýkeledi, arsyzmy...
Otyryn bularyň jogabyn tapman.
Duşmadym bir elde iki garpyzly,
Ýadyma düşenok çykaran hokgam.

Arzuwlaryň günbe-günden ösende,
Aňsatmy olara eşik tikäýme.
Sen depäme çykjak bolup kösenme,
Özüm seni täç ederin depäme,
EZIZIM.

Süleýman HAÝDAROW.
Täzelikler » Goşgular - 18.11.2021

GAÝDYP BER

"Meniň dünýäm başga, seniňki başga..."
Diýip, ýüregime salma agyry.
Ylhamym, galamym sen ilki başda,
Ýygna ýelkenleri, salla labyry.

...Alma-da yzyna "tüýküligiňi",
Gaýdyp ber yzyna, düýnküligimi.

Süleýman HAÝDAROW.
Täzelikler » Goşgular - 18.11.2021

BAŞGA

Ýylgyranym duýman galýan, ýatlasam,
Bagtlydym, sen ýazan dek kysmatymy.
...Ynha indi, senli günler ýa:t basym,
Içgysgynç.
A seň içiň gysmadymy.

...Bolsa-da goşgymyň eýesi başga,
Ony dünýä beren, enesi başga.

Süleýman HAÝDAROW.
Täzelikler » Goşgular - 18.11.2021

MEŽNUN ETDI

Yşka düşdüm, mejbur etdi
Külli älem gül bikesi.
Leýlimiň sen, Mežnun etdi
Meni söýgiň külbikesi.

Lebleriňden serhoş bolsam
Goşalanýan, sen hoş bolsaň.
Garramaryn sen ýaş bolsaň –
Eşidilse gülkiň sesi.

Ýaňlandyryp düwmeleri,
Özgerdeli dünýeleri.
Ondan soňky döwli ýeri...
Üç, dört eder, belki, bizi.

Süleýman HAÝDAROW.
Täzelikler » Goşgular - 18.11.2021

GIDELIÑ BÄRI

Bedenim – kapasa, ýürek guş kibi,
Gideliň bäri.
Bilemok saýjagym ýürekdeş kimi,
Gideliň bäri.

Gursagymda gerekmejek goş-golam...
Gideliň bäri.
Döränok, döreýän öňki goşgulam,
Gideliň bäri.

Sen meniň gussammy ýa şatlygymmy...
Gideliň bäri.
Asyl-ha pikir et, ýaşapdyrynmy,
Gideliň bäri.

Süleýman HAÝDAROW.
Täzelikler » Goşgular - 18.11.2021

ISLEMEDIÑ

Sen menden şeýle bir kän zat islediň,
Gysganmadym, bolanjamdan eçildim.
Eçildim, bir ädim yza tesmedim,
Çeýnänmi däl, berdim ýuwdanma çenlem.

Sen menden şeýle bir kän zat islediň:
- Iýmek-içmek, geýinmek, köşk-ymarat...
Sen menden şeýle bir kän zat islediň,
Emma, söýgi ýekelikden ybarat.

Bersem-de, men saňa dünýäň közüni,
Özüm üçin...
Özüm üçin, alyp galdym özümi.

Süleýman HAÝDAR...
Täzelikler » Goşgular - 18.11.2021

ÜÇÜNJI SÖZ

Bir sözüm az saňa, ikisi kändir,
Üçünjini weli aýdyp bilemok.
Gel gülüm, aşygyň ýekesirändir,
Bilmeseň halymy, özge bilen ýok.

Günüň şöhlesinden, Aýyň nurundan,
Gabananym üçin gaty görme sen.
Diliňe döneýin bala ýugrulan,
Besdir, pyşyrdama, gaty gürle sen.

...Işilip, çekeli bagtyň keşdesin,
Bolmanka gül açan ömrümiz öýlän.
Aýtmak isleýärin, gelýär eşdesim,
Bir saňa, bir senden: "Men, ...
Täzelikler » Goşgular - 17.11.2021