Результаты 1-20 из 163 по запросу Sapa Hommadow

"SEN MENI BAGYŞLA..."

Ýüregim agyrýar...
Bagyşla, serwim,
Men bir heňlän dünýä sepleşip barýan.
Yzymda galdyryp utuşym, görgim,
Göze görünmeýän nätanyş bilen
Bir düşnüksiz dilde gepleşip barýan.

Umytlam titreýär, ysgyn ýok halys
Urulyp-urulyp, egbarlan kalpda.
Höwes ýok, maksat ýok, toý-baýram — alys,
Gözlerim — lezzetde, ýüregim — galpda.

Başym ýaş bolsa-da, arzuwlam — goja,
Ýaza ýaza garaýşym ...
Täzelikler » Goşgular - 22.04.2023

AHWAL

Maňa bulgur beriň!
Şerap äberiň!
Püre-pürläp “ot bereýin” içime.
Serhoş bolup guduzlaýyn,
Ha:tamça
Bar-ýogumy eçileýin geçene.

Eçileýin gözümi,
Eçileýin sözümi,
Eçileýin ýaşalmadyk ýaşymdan,
Ýüregimiň abat galan ýerlerin...
Barjasyny dumly-duşa paýlaýyn,
Soň açylyp, erkeklerçe “ses edip”,
Umytlarmy jaýlaýyn...

A soň gideýin-de, aldawaç dünýäň
A:ly hakda hat ýazaýyn ata...
Täzelikler » Goşgular - 11.04.2023

MEN

Jebir-jepa üçin “Esen tanyşam”,
Müň ejre kaýylam ýene müň kere.
Men öňdenem gussalara alyşan
Hem pitjiňem duýgularma müňküre.

Joýa-joýa maňlaýyma ýazylan
Ýazgytdan yrzaýam, ýok arzym jinnek.
Meň gabyrym diri wagtym gazylan,
Ynanyň, gazdylar ony biminnet.

Ýaşap ýördügim däl, sebäp men — öli,
Ölülere käbir zatlar rowadyr.
Zyňyp gaýdyň meni, bezäýin çöli,
Çöl günäliň günäsine dowadyr...
<...
Täzelikler » Goşgular - 23.03.2023

ELEGIÝA

(Eziz Amannazarowyň ýagty ýadygärligini hatyralap)

Ýokdy seniň zyýat dilewarlygyň,
Setirleriň bardy diňe ok ýaly.
Ýöne indi ýokkaň bilýän barlygyň,
Bar wagtlaryň ýaşasaňam ýok ýaly.

Ajy habaryňa bozuldy asman,
Entek boş “jaýyňy” ýuwdy ýagyşlar.
Käte ümleriňe gulagym asman,
Bigeleňlik eden bolsam, bagyşla...

Suratyňa göwni bozuk seredýän,
Haýp, suratda dil ýok,
Bilenok sözläp...
Täzelikler » Goşgular - 17.02.2023

GEŇ-ENAÝY MARY GYZLARY

Iki sany gözi bardyr
Maryň gözel gyzlarynyň.
Dillerinde sözi bardyr
Maryň gözel gyzlarynyň.

Gör, ellerem iki sany,
Hakyt gyzyl reňkli gany,
Iki däl-de, birdir jany
Maryň gözel gyzlarynyň.

Aýak bilen ädimleýär,
Gaýnan suwa çaý demleýär,
Gulaklary ses diňleýär
Maryň gözel gyzlarynyň.

Atlary h...
Täzelikler » Goşgular - 04.02.2023

DEKABR. GYŞ. GAR.

Dekabr. Gos-goýy asmandan ýere
Aýaza bäs gelmän inýär akja gar.
Ap-ak zemin ümsümligne hiňlenip,
Gursagymda duýgularym ykjaýar.

Ak gar armanyma duz sepeleýär,
Serime getirýär ýatlamalary.
Bilýän, belki, küýseýänem dälsiň sen,
Isleýänem dälsiň ýatlanaryňy.

Men bolsa henizem senli oýlarda,
Henizem şo-ol seni ezizläp ýörşüm....
Täzelikler » Goşgular - 05.12.2022

"ŞEÝLE BIR AGLADYM ŞU GÜN..."

...Şeýle bir agladym şu gün:

Imisala köçelerde
Keýpine gezip agladym;
Atyr ysly elýaglygmy
Gözýaşa ezip agladym;
Geçmişimi dyrnap-dyrnap,
Dörjeläp, gazyp agladym;
Ýoňlap dünýäň gussasyndan,
Üşüdip, gyzyp agladym;
Ýüwrüp ýadamsoň sapada,
Aýagmy ýazyp agladym;
...Bu ahwalyň geçmejegin,
Hasratlara a:ç gujagyň
Wagty bilen doýmajagyn
Hem erkime goýmajagyn ...
Täzelikler » Goşgular - 23.08.2022

SENI WADA BERDI

Çalyşsa-da dünýäň reňki,
Şatlyk — köne, gaýgy — öňki...
Başym alyp çykdym, çünki
Ýollar seni wada berdi.

Demim kä gyzyp, kä sowap,
Hersinde aldy bir sogap...
Türkmeniň kalbyna kybap
Göller seni wada berdi.

Arşda aglap, kürse gaçsam,
Kalp gapymy terse açsam,
Dogry bilsem, dürse gaçsam,
Allar seni wada berdi.

Gussa dolup dogan Aýlar,
Düzler, käller, çeşme-çaýlar...
Täzelikler » Goşgular - 20.08.2022

AGAM...

Agam, sen tanaýan dälsiň iniňi...
Tanyş bol: men iniň...
Aslynda
Siziň gara diýýäniňizi ak bilýän,
Ak hasaplap ýöreniňize “gara” diýýän;
Halalyňyzdan uzak,
Haramyňyzy özüne siňdiren,
Ýagşu-ýaman işlerden gaça durmadyk
Hem gorkmadyk deňdirinden hasaplaň...
Azaplaň ýüzüne ýylgyryp bakan,
Geçmişini alga alman,
Geljegine biparh bolan iniň men...
Atamyz bir bolsa-da,
Hatamyz dürli-dürli; ...
Täzelikler » Goşgular - 22.07.2022

"MEN GOŞGY ÝAZJAKDYM..."

Men goşgy ýazjakdym, setirlerine
Yhlasymy, ykbalymy siňdirip,
Şeri, şowsuzlygy, betbagtlygy
Haýra, üstünlige, bagta ýeňdirip.

Ol goşgy boljakdy ejem-kakamyň
Otuz ýyllyk arzuwynyň hasyly,
Kä meýlimiň goşandyny ýetirip,
Bökdejekdi meýillermiň käsini.

Men goşgy ýazjakdym, hökman ýazjakdym,
Kapyýasyna, formasyna buýsanyp,
Goşgulaň sanyna goşulyp, oňam
Kemsiz ýaşap ýörmesine ...
Täzelikler » Goşgular - 08.05.2022

PARODIÝA

“Seňem bir gün içiň gysar, görersiň,
Duýarsyň bir zadyň ýetmeýänini.
Alyslara dikip gamgyn nazaryň
Hemem kem görmersiň geplemäniňi.”
Myrat Gurbanow


Seňem bir gün içiň geçer, görersiň,
Bilersiň gyssansaň ýetmeýäniňi.
Iň çola ýerlere dikip nazaryň
Kem görmersiň çasly geplemäniňi.

Ýer gözlärsiň gözden, dilden sowaşyk,
Çygylmakdan gözi nemlenen dünýäm,
Şu wagt “şol ak tamyň” k...
Täzelikler » Goşgular - 04.05.2022

TÄZE GOŞGY

Sen-ä hüýrdüň, menem gerçek ýigitdim,
Sen-ä Leýlä, men Mežnuna deňeldik.
Men senden gitdimmi, sen menden gitdiň... —
Biz barybir aýralyga ýeňildik.

Biz barybir boýun egdik takdyra
(Aglamaga bahana bi, sebäp bi...).
Bognum ysmaz “Öz deňiňi tap” diýre,
Sebäp hijre tas gursagym eräpdi...

Ýadamazak ýadym bardy, güýçlüdim,
Ýadym ýeke didar bilen gurşaldy.
Dagyldym men.
Pytramsoň üýşmedim, ...
Täzelikler » Goşgular - 11.04.2022

EJE...

Gar reňkli göwünli, süýt deý çal saçly,
Gözümden ýaşymy sylma sen, eje.
Şu hal haýrym bilen şerim garjaşdy,
Ýöne bu ahwaly bilme sen, eje.

Aýdyp bolmaz syrlarym kän berç bolan,
Maýyp arzuwlam kän öňler sarç bolan,
Bu göwün ozalam owlan, kerçelen,
Ony söýgiň bilen dilme sen, eje.

Göz-gülban halyma bilmän imrige,
Sabyr suwum direnip dur seňrige,
Ömrüm juda çalymdaşka iňrige,
Haýyş, oňa meňz...
Täzelikler » Goşgular - 19.02.2022

"ÝÖNE HAKYKATY AÝTMALY BOLSA.. "

Menden hakykaty biljek bolýansyň,
Sensiz kynmy, bir ýalymy göwün ýa,
Heniz aýdylmaga ýetişilmedik
Datly sözler damagymda düwün ýa
Biparhmykam...
Saňa juda gerekdir
Bu zatlara düşünmegiň, syzýan men.
Wah, inçe däl boýun rugsat bermänsoň
Aýdyp bilmän, şu zatlary ýazýan men.

Bahanam kän öz-özümi aklara,
Dogry, ýekelige taşlanok dost-ýar.
Ýöne hakykaty aýtmaly bolsa,
...
Täzelikler » Goşgular - 31.01.2022

“Geçmişimi iýdim çörege çalyp,
Göwnüm ajyja zat küýsän mahaly.”
Mukam Muhamow


Äht-kasamym ýokdy kimsäň öňünde,
Andam däldi, bar içýänim meýdi meň.
Düýrläp zyňdym ýazjak bolanlarymy,
Zyňşym ýaly arzuwlarmyň meýdinem.

Deger ýokdy etsem-petsemlerimde,
Kör-köpükdi olaryň bar bahasy.
Gülkülermi ýanap iýdim nahara,
Göwnüm ajyja zat küýsän mahaly.

Doglan günüm püre-pürläp bulgury,
Orslar ...
Täzelikler » Goşgular - 14.12.2021

HESER KÜÝSEGI

Häzir ýolda bolsaň...
Eden ýalňyşlaň
Ýüregiňe düşüp dursa azary,
Aladadan dykyn bolsa kelläňem,
Göwnüňe-de deglen bolsa mazaly,
Ýeke bolsaň,
Ýakynlaryň birisem
öňüňden çykmasa, açmasa göwnüň,
Yzyn üzmän çilim çekseň üsgürmän,
Howa sowap, çyplaň bolsa hor egniň,
Itler bölmeseler pikir-oýuňy,
Guşlar jürküldeşip “aýdym aýtmasa”,
Hol görünýän oglanjyklar pete-pet
gabatlaşyp, ýaşuludy...
Täzelikler » Goşgular - 10.12.2021

"ÝANDYRSAÑAM, BAGTYÑ MENI KÖŞEŞDI:R..."

Dalanyp, talanyp, hiç zat galmady
Ugruňda gan öýen juwan jigerde.
Dowzahlyk hökümim çykandyr birçak,
Seni söýmek günä bolsa eger-de.

Ýandyrsaňam, bagtyň meni köşeşdi:r,
Goý, bolmasaň-bolmanlar geç ýazgydym!
Men är kimin kabul edip bilerin
Ykbalymyň sen hakdaky çözgüdin.

Ýöne ýürek gaýta-gaýta “sen” diýýär
(Wah, görgüsiýaman jepa-jebirde).
Jennetlik hökümim çykand...
Täzelikler » Goşgular - 04.12.2021

GOŞGY

...Hatda, saňa huşumda-da sataşdym,
Didäň ýalynyndan eräpdim tas men.
Şükür, yşkyň urgusyndan çat açdym,
Indi ömrüň zarbasyndan halas men.

Dabaraly bakyşlaňdan ynjalyp,
Az, ýöne uz duşuşykdan meý-mesem.
Razy, göwnüň bir künjünde dynç alyp,
Göni geljek ajalymy peýlesem...

Sogap ýok mähriňi sormakdan gaýry,
Günä bolsa-bolubersin höwesim!
Geçse galan ömrüm ömrüňden aýry,
Kyrk ömürem dolup bil...
Täzelikler » Goşgular - 12.11.2021

SAÑA

Uçradym söýgiňe — ýitdi özlügim,
Çyndan duýdum söýülmänem, söýmänem.
Gelip, dolduň ähli ýetmezligimi,
Asyl ýaşap bolýan eken köýmänem.

Indi has süýjedi ömrüň tagamy,
Aýdymlary has üýtgeşik serçeleň.
Göwnüme itleriň üýrüşem ajap,
Göwnüme hol kaktuslaram — ter çemen.

Söýýän çogly Güni, söýýän buludy,
Ýagşyny, ýamany söýýän gyradeň.
Dünýäde milliardlap adam ýaşaýar,
A meň üçin olaň sany bire d...
Täzelikler » Goşgular - 08.11.2021

YRYMÇYLDYŇ...

...Ýok, ýok! Men-ä ynanamok.
Ýöne sen
yrymçyldyň (görseň, edil ejem-dä!).
Gorky bilen tisginerdiň käte bir
Öňümizden gara pişik geçende.

Ýyldyzly asmana seredip siňe,
Balkyldadyp jeren bakyş dideleň:
“Erte howa gowy bolar,
ýyldyzlar
patrak ýaly seçilende gijeler”
— diýip, ýorumyňdan göwnüň hoş bordy.
Çagaňkydy ýüregiňem, päliňem.
Ýöne seniň bilen galmaklyk üçin
Men yryma yn...
Täzelikler » Goşgular - 06.11.2021


1 2 3 ... 8 9 »