Результаты 1-12 из 12 по запросу Sapargeldi Annasähet Iner ogly

AZATLYK ARZUWYNDA

Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň agzalygyndan ýazgarylyp öçürilen hem sudýalyk wezipesinden boşadylan Orazmämmet Wepaýew maşgalasy bilen Daşhowuzdan Aşgabada göçüp gelende, gazet sahypalarynda, ýolbaşçylaryň çykyşlarynda onuň başyna töhmediň we myjabatyň saňsar daşyny şeýle bir ýagdyryp ugrapdylar welin, hiç salgyny berer ýaly bolmandy. “Türk razwedkasynyň goltugynda ganly hanjar göterýän zandyýaman agenti”, “Ýoksullary sosialistik gurluşygyň aýd...

ALMAZ TEGINIÑ NEBERESI

(Oguz hekaýasy)

Gadymyl-eýýamda, ençe müñ ýyl mundan owal, Oguz ili akyl-parasatda özüni tanadan Almaz Gylyç tegini (garrap dünýäden öten hanyñ ogluny) ak bulut dek ak keçäniñ ortasynda oturdyp, ýigrimi dört taýpa ýigrimi dört ýerinden göter-göter edip, han saýladylar. Şeýdibem, oguzlar köneden gelýän dessurlaryny berjaý kyldylar. Täze saýlanan hana: "Gökdäki görkli Tañry seniñ bagt ýyldyzyñy belentde parlatsyn! Sen hem oguz uluslaryna aýd...

Täzelikler » Taryhy proza - 25.06.2020

TÜRKMENBAŞY EÝÝAMYNYÑ ÇEPER EDEBIÝATY

Milli ruha beslenen edebiýatymyzyñ sarç-segrek bedewi Göroglynyñ Gyraty deýin çyrpynyp, çarpaýa galyp, Garaşsyzlygyñ çapuw ýoluna çykdy. Sowet zamanynda goly şaldyrly Ždan hojaýyn tarapyndan synpylygyñ agzy gara gök eşegine tirkelen bu behişdi janawar namys astynda galyp, bir ölüp bilmändi. Oguznamadaky, Gorkut atadaky, Görogludaky, Magtymgulydaky, Mätäjidäki "türpe nyşanly bedew" aslyny ýatlap, alma gözlerinden boýur-boýur ýaş paýradypdy. Özüni...
Täzelikler » Edebi tankyt - 18.07.2019

TÜRKMENIÑ DINI BIRDIR

Eger ýaşap ýören bolsa, öñümizdäki 2020-nji ýylyñ başynda tegelek togsan ýaşamaly uly söz ussady Sapargeldi Annasähet Iner ogly Garaşsyzlyk ýyllarynda täze edebiýatyñ - milli edebiýatyñ kemala gelmegi üçin özüniñ zehinini, yhlasyny, gujur-gaýratyny gaýgyrman ömrüniñ soñky minutlaryna çenli abyrsyz uly işleri etdi. Onuñ romanlarydyr, powestlerini, hekaýalarydyr publisistik makalalary täze türkmen edebiýatynyñ özenidir diýsek, hakykatdan daş düşmesek gerek.
...
Täzelikler » Publisistika - 11.06.2019

YGRAR AGAJY HAKYNDA ROWAÝAT

- Ir döwürde, türkmeniñ il-ulusy - urug, tire, taýpa - her haýsy misli aýrybaşga halk ýaly, biri-birinden ýadyrgap, üzñe ýaşar ekeni. Olar bir agza garamany, bir serdara gulak asmany özlerine kiçilik bilipdir. Birek-birege ýüz tutmany, kömek soramaby bigaýratlyk hasaplapdyr. Her taýpanyñ hansumagy özüni deräniñ doñzy däldir öýtmändir. Iki sany kel toklynyñ ýa-da bir ajy guýynyñ üstünde urug-tire arasynda mydama öýke-kine, ar-namys bolupdyr. Ine, şu halda ky...


ŞEÝTANYÑ HEKAÝASY

Giň howlyny dolduryp duran bu rejeli baglyk ýaşyl ýüpek lybasa beslenip, baharyň salkynjak öwüsginine birgeňsi ülpüldäp, gözüňi guwandyrýardy. Guşluk ýerine galan Günüň altyn şöhlesi üzümleriň hurmalarynda, çybyklaryň näzijek öserlerinde, täp-tämizje ýapraklaryň gyraňynda ýyldyrap oýun edýärdi. Egni ýektaýly, başy ýapaçly adamlaryň bagyň arasyndaky ýodalardan iki ýana gezim edişine baksaň, bu ýeriň keselhanadygyna düşünmek kyn däldi. Bir-birini görmeýän ýaly bolup,...
Täzelikler » Taryhy proza - 05.04.2019

"KYÝAMATDAN BIR SÖZ DIÝDIM BAÝAKDA..."

1999-njy ýylda külli ynsanyýet howsalaly bir wakany başdan geçirdi. Biziñ "Gün" diýip at beren söýgüli sary ýyldyzymyz ýüzüne gara perde çekdi. Ýeriñ esli bölegini garañkylyk gaplap aldy. Öten-geçen münejjimler, şu gün ýaşap ýören köp sanly gurrandazlar, her dürli tagbyrçylar şu gezekki Gün tutulmasy bilen baglylykda garry Zeminiñem ömrüniñ paýawlaýandygyny, hut şu gün kyýamat-ahyrzamanyñ gopjakdygyny bigüman hakykat diýip yglan etdiler. Kysmat...

Söz aslyna ýet ýagşy

▶ "DIDARLAŞMAK" / Şahsy pikir

Golaý günlerde girelge tarapy diýseñ medeniýetli görnüşe getirilen bir piwohananyñ işiginden ätläp, içerik göz aýladym welin, kakadylan balygy soýup, ikinjimi, ýa üçünjimi, gezek doldurylýan kürüşgeleriniñ üstünde yranyşyp şagal mesligi edip oturan üç ülpede gözüm düşäýmezmi.
- Didarlaşyp duralyñ! Didarlaşyp! - diýip, meýhorlaryñ biri gadyr açyp gürleýärdi. - Hanha, Betdi janam ölüp gitdi. Indi onuñ bilen didarla...

GALANDAR

(Oguz hekaýaty)

Nerbugra han zamanynda Oguz soltanýeti dygysyz kuwwatlanyp, äleme belgili boldy. Ýylkybanlaryñ ýylkysy, çarwadarlaryñ dowary çöl-beýewana sygman, zemine labyryny atdy. Ykbaly göterlen milletiñ asylzada begleri, galaýykar serdarlary öýüniñ tüýnügini altyn-kümüşe gaplady.
Lagly-jöwahyr, ýakut-zümmerret daşlar bilen bezelen tylla tagtyñ eýesi Nerbugra han özüniñ başy asman dirän bagtyýar döwletine çendan-çendan guwanyp: "Meniñ tükenmez ...
Täzelikler » Taryhy proza - 12.07.2018

AK ŞUÑKAR

(Oguz hekaýaty)

Ýapyşan ýerini goparyp gelýän gazaply janpenalar uzak ýoldan möhüm habar getiren çaparyñ iki çigninden aldaýjy ýaly şatyrdadyp tutup, ony altyn tagtynda güberilip oturan Garahan Bahadur Alpyñ huzuryna idenekledip saldylar-da, ýüzinleýin ýere serdiler. Soñra patyşaha tagzym ede-ede götin çekildiler.
Mogolsypat hökümdaryñ çekge süñkleri tüññüden tüññi ýasy ýüzi ýagmazak gara buluda bürelen asman dek mährewsiz gamaşykdy. Garahan Bahadur &...

Täzelikler » Taryhy proza - 26.06.2018

TOBA

Ertesi keremara ören esgerler, komandiriñ buýrugyna görä, uzak ýola düşmezden öñürti, kakyñ ýanyna üýşüp, atlaryny gaýta-gaýta suwa ýakdylar, ýanlaryna göterýän mytaralaryny suwdan doldurdylar. Azyk-owkat bölümi ullakan çelekleri gyrmalap, düýelerine taýlady, torbalary agşamky bişen ýahna etden doldurdy. Şundan soñ, sap-sap nyzama düzülen gyzyl goşunyñ eskadrony baýdak gerip, dabara bilen ýörişe çykdy. Garagurban diýilýän ýer hem bäri-bärdäki ýaýla däldi. Mundanam añryk ýol baş...
Täzelikler » Hekaýalar - 17.06.2018

TOBA
(JEZA BERIJI ESKADRON)

Ýylda bir öwran älemi esrik ner dek kükredýän joşgunly bahar düñle sährany-da jadylaýjy demi bilen tanalmaz ýaly özgerdipdi. Asman giñişliginde ýukajyk bulutlaryñ arasynda agaýana ýüzýän Gün giñ jahany süýt ýaly ak nurdan dolduryp, ýaşyl begres ýapynan al-gyrmyzy gülli çöl-beýewana ajaýyp bir görk berýärdi. Salkyn sähradan nyzam bilen uzak ýola barýan atly esgerler añyrsy görünmeýän dury howaly gözýetime siñe-siñe seredip, täze gurulýan ýoksullar d...
Täzelikler » Hekaýalar - 14.06.2018