Результаты 1-20 из 25 по запросу Sapargeldi Hudaýberdiýew

ÖLÜM HEM ÖMÜR HAKDA BALLADA

Ukrainanyň Žitomir oblastynda gulluk edýärkäm, agyr keselledim. 1963-nji ýylyň 29-njy dekabrynda gije sagat 02:00-de Korosten şäherinde ýerleşen 67655 nomerli gospitalda mayor Wasiliý Semýonowiç Družinin operasiýa edip, maňa durmuşy gaýtaryp berdi. Bu goşgy Wasiliý Semýonowiçe bagyşlanýar.

Owruç–Korosten çarkandakly ýol,
Tykyrt-tykyrt maşyn barýardy gidip.
Galyň gar basyrnyp ýatyr sagy-sol,
Ajal meni alyp barýar bü...
Täzelikler » Goşgular - 27.04.2022

GELIN / degişme

Mähiriň, messebiň, wepaň eýesi,
Geldim men gaşyňa dermana, gelin.
Ýassykdaşym, oglanlaryň enesi,
Ne diýseň razy men permana, gelin.

Çagalaň daşyňda jagyl-da-jugul,
Gujagyňda bolsa bir tämiz ogul.
Ýadawlyk, tukatlyk bir ýana sowul,
Orun ýok, gam-gussa, armana gelin.

Içeri suslanar gaşyňy çytsaň,
Töwerek ala-ýaz daşary çyksaň.
Seniň mähiriňi bir hala çitseň,
Nagşy şugla saçar her ýana, g...

Täzelikler » Goşgular - 03.07.2020

R U B A G Y L A R

Duşmanyňa rehm etmegin erşeňde,
Bagşy bolsaň duýgyň bolsun kirşiňde.
Dostuňy söý, Watanňy söý ýürekden,
Iliňi söý, söýgiň bolsun gurşun deý.

۞  ۞  ۞

Sowuk bolan wagty çoýunýas oda,
Geýinýäs sütükli eşikler ýada.
Ýürekleri çoýup ýöris elmydam,
Pikir öwrüp edermenler barada.

۞  ۞  ۞

Adamlara mähir bilen gara sen,
Goý, olaram mähir bilen garasyn,
Sözüň bolsun dä...
Täzelikler » Goşgular - 03.04.2020

ŞAGAL WE ITLER / basnýa

Itler topuldylar ogry şagala,
Olar münipdiler uly gazaba.

Şagal hem gaçýardy jeňňele bakan,
Gaçmaklykda onuň beýnisi bekän.

Çöpden- çöpe urup, berýärdi zory,
Yzy, töweregi itlerden doly.

Teý ahyr atdy ol özün jeňňele,
Itler turuzýardy ala zenzele.

Ýetdim- ýetdim etdi hem alarlady,
Asla itler ondan galarly däldi.

Ahyr ogry şagal mekirlik etdi,
Itleri masl...
Täzelikler » Goşgular - 26.03.2020

KÖPEK WE TILKI / basnýa

(Ata Salyha)

Gadym eýýamda bir tilki bar eken,
Hamy göwresine juda dar eken.

Boýny bokur guýrugy hem ýokmuşyn,
Hile bazarynda ýeke-täkmişin.

Üýrermiş zor salman bokurdagyna,
Şeýdip ynandyran batyrdygyna.

Mönlük bilen öz aýbyny ýaşyryp,
Gezer eken betnamyny aşyryp.

Giň sährada köpek höküm sürermiş,
Tilki wezirlige arza berenmiş.

Soňra tilki o...
Täzelikler » Goşgular - 23.03.2020

GYR  ATYŇ  YKBALY

(Momataý obasynyň ýurdumyza belli Gyr atyna bagyşlanýar).

Obamyň owadan Gyr aty bardy,
Döwründe hiç atdan galmandy yza.
Ýöne şol hakynda gozgalsa gürräň,
Kalbymda üýtgeşik döreýär yza.

Aýlawa çykanda ezberdi gaty,
Saýlanardy başgalardan mazaly.
Adamlaryň deňlerinden geçerdi,
Raketaň bulutdan geçişi ýaly.

Dik boýundy, aýaklary uzyndy,
Bendi ederdi gözi düşen adamyn,
...
Täzelikler » Goşgular - 21.03.2020

TEKEPBIR.

Olam göräýmäge başgalar ýaly,
Bir sany agzy bar,
Iki gulagy,
Köpbilmişlik edip şeýtan mysaly,
Adamlaň aňynda gurar duzagy.

Kellesin dik tutup gider işine,
Hamyna sygmaýan belent tekepbir,
Ilçe bilmese-de kakyp döşüne,
Ol utanman başgalara sapak biýr.

Oňat gylyk,
Adamçylyk
barada,
Söhbete goşular,
Nakyllar aýdar.
Käte jedel turup iki arada,
Lapy keç halynda ö...
Täzelikler » Goşgular - 15.03.2020

AÇGÖZÜŇ AÝDYMY

Bu gün wezipäm bar,
Jübimde pulum.
Tanamok men dolanany,
dogany.
Özgelere ölüm bolsun parhy ýok,
Maňa diňe özüm bolsa bolany.

Öýümi öwürdim giden jennete,
Otuz ikim sap gyzyldan saldyrdym.
Ululara ýaranmagy başarýan
Eýdip-beýdip
men özümi aldyrdym.
Bäş barmagyň bäşisi bir deňmişmi,
Ýük çekmäge döredilen ýük çeker.
Az çek diýseň az çeker.
Köp çek diýseň köp çeker. ...
Täzelikler » Goşgular - 13.03.2020

DAG  GOÇLARY

Dumanly daglary söýer aýraklar,
Süýji çeşmelerden suwlanyp gezer.
Olar gorkmaz gyýçak-gyýçak daşlardan,
Şirdir peleňlerden duwlanyp gezer.

Olaryň bolşuna akylyň haýran,
Berk-tertip düzgüne boýun egerler.
Erkana ýaşaýyş ýokdur olara,
Elmydama howp astynda gezerler.

Hersiniň aýratyn serdary bardyr,
Her süri goşulmaz başga bir sürä.
Süriniň başynyň aman bolmagy,
Serdaryň tertibi gurşun...
Täzelikler » Goşgular - 10.03.2020

SЕN DIRISIŇ!

Gurbаnnazar Еzizowyň ýаgty ýаdygärligine.

Тüýs şаhyrdyň
                          sеniň gоşgularyňy,
Gаzetleriň hеr sаnyndan gözlärdik.
Вiz оlary оkap-оkap,
                                      аpalap,
Мüdimilik kаlbymyzda gizlärdik.

Sеn bаhardyň,
Güýzе аşyk bаhardyň,
Şуgyrlaryň şаt bаharyň çаbgasy.
Вu gün mеni öz еrkime gоýanok,
Sаry güýzüň ýаpraklarnyň ýаgmasy.

...
Täzelikler » Goşgular - 07.03.2020

BAHAR  ETÝUDLARY

Çykdym gola
Gelýär tüýdigiň sesi
Torgaýlar asmanda aýdýar aýdym.
Bagrymy oýkaýan ene topraga,
Şundan ajaýyp ýer barmyka, aýdyň!

Peýwagtyna ýüzüp gelýär bulutlar,
Äpet derýaň doňy çözlen mysaly,
Aý bukulýar, käte çykýar ýylgyryp,
Edil gizlenpeçek oýnaýan ýaly.

Gün tygy oýarýar agyr ukudan,
Irkilen agaçlaň gyjyklap böwrün.
Baglar gol uzadyp uzak asmana,
Ýüzüne sylýarlar gün...
Täzelikler » Goşgular - 04.03.2020

ÜNJI

Atam Hudaýberdi Abasy ogluna bagyşlaýaryn.

Seniň boýuň çynar deýin belentdi,
Polat kimin merdemsidi gollaryň.
Uly iliň geregine ýarardyň,
Geçipdiň durmuşyň agyr ýollaryn.

Geçen urşuň ajysyna döz gelip,
Çekipdiň sen onuň agyr derdini.
Bir öýden üç bolup ugrasaňyzam,
Ýeke geldiň, hany, olar geldimi ?!

Ýeke geldiň,
Ýok, ýeke-de däldiň sen,
Iliň- günüň daýanç boldy goldady.
...
Täzelikler » Goşgular - 21.02.2020

RAHY AGANYŇ TUDY

Otyr bir garry tut urup köküni,
Çar ýana uzapdyr merdem gollary.
Gojalar aýdýar: “Inim, bu tudy,
Ýetişdirdi Rahy agaň elleri.”

Oturdanda daýhançylyk zehinin,
Topragyň göwsüne edipdir melhem.
Tut ösüpdir başyn baglap asmana,
Üstünden köp ýyllaň ýelleri öwsen.

Aýdym aýdyp, läle kakyp şahada,
Tudana çöpläpdir gyzdyr oglanlar,
Kerwenler bu ýerde ýazdyryp ýükün,
Kölgesine dynç almaga...
Täzelikler » Goşgular - 18.02.2020

GYŞ    ETÝUDLARY
                                            
                                               I

Ak gar tozgalaýar,
                               Ak gar syraýar,
Göziň iýip barýar onuň ýalkymy.
Baldaklardan,
                           ýandaklardan enaýy,
Sallanyp dur şelpeleriň salkymy.

Başdan-aýak ak geýinen gyşymyz,
Dil bitirdi şahadaky guşlara.
Başym gurban tämizligne dünýäniň,
Başym...
Täzelikler » Goşgular - 17.02.2020

■ TÜRKMEN TOPRAGYM
           
Gör nähili ajap mahmal gijeler,
Bulutdan iterlip çykanda Kamar,
Aýyň gül ýüzünden inen şöhleler,
Mähriban topragyň gursagna damar.

Damar,
               ýagtylanar,
                                     dereler,
                                                    düzler,
Nur deňzine meňzäp durar töwerek.
Sütünler sapakly iňňeler ýaly,
Uzaklardan görünip dur bir seret.
  ...
Täzelikler » Goşgular - 16.02.2020

POEZIÝA

Adam döräninde sen-de dörediň,
Onuň bilen ösüp geldiň kemala.
Duşman gabanynda degre- daşyny,
Öwrüldiň gylyja,
Döndüň kemana.

Sende jemlenipdi döwrüň gaýgysy,
Jemlenipdi sende şatlygy döwrüň.
Tapladylar saňa çoýup kalbyny,
Köp seniň aşygyň,
Köp seniň höwrüň.

Buýsanjaň gyzlaryň girip kalbyna,
Gyjykladyň ygtyýaryna goýmadyň.
Ýekelikde hemra bolduň ynsana,
Aýdym bolduň,
...
Täzelikler » Goşgular - 16.02.2020

BARDYR.
                                     
Beýik Magtymgula.

Syrly bolşy ýaly çarhy – pelegiň,
Seniň dünýä beren syrlaryň bardyr.
Taraşlap şaglatdyň köňle geleniň,
Şuglaly Gün deýin nurlaryň bardyr.

Watan üçin jyda düşdüň haýryňdan,
Ýanyp – köýüp Meňli gyzdan aýryldyň.
Çagyrdygyň Dehistanyň baýryndan,
Seniň arka dirän pirleriň bardyr.

Ýel bolup ýüwürdiň Ýeriň damarna,
Nazaryň ýetişdi A...
Täzelikler » Goşgular - 16.02.2020

BEGLER

Är çykdyňyz, murtlaryňyz tabady,
Alkyşlar aýdyň siz gundana, begler!
Ata-ene öwüt beren halady,
Germäň gulagňyzy murdara, begler!

Sada boluň, tapyň iliň göwnüni,
Giň bolarmyş sadalaryň göwrümi.
Mert ýigitler güllederler döwrüni,
Bil guşap, çykyň siz meýdana, begler!

Adam kalby hazynasy merjeniň,
Köp zat miras aldyň, hany berjegiň?
Işi şowlar ýadawsyzyň, erjeliň,
Halypa tutunsa bir dana, b...
Täzelikler » Goşgular - 16.02.2020

GALAR

Nurdan dolup duran bu gözel jahan,
Hem munda ýagşylar, ýamanlar galar.
Güller – gülälekler ter, tämiz nahal,
Gül bedenli gaşy kemanlar galar.

Uçjak bolup duran täsin bedewler,
Gara saç, gara göz, süýt dek bedenler,
Ugrunda köpleri telbe edenler,
Dodagyndan ballar damanlar galar.

Ak gara bürener ene ýer çendan,
Deňiz dek tolkunar maýsaly meýdan.
Aý – Günler aýlanar, ýyldyzlar – gerdan,
Düný...
Täzelikler » Goşgular - 16.02.2020

BÜRGÜT

Daglaryň, çölleriň bezegi bürgüt,
Byçgy ganatlaryň alysda ýaýyp.
Gözi aw agtarsa, aşyk ýüregi,
Ýeriň jemalyndan bilmändir doýup.

Ejizligi ýüreklerin paralan,
Görip gargajyklar gygyldaşanlar.
Ajyganda weli kiçelip olar,
Bürgüdiň galdyran awun daşanlar.

Günleriň birinde gara daş bolup,
Bürgüt awuň depesinden inipdir.
Şonda dagyň gyçak gerşine degip,
Polat ýaly ganatlary synypdyr.

...
Täzelikler » Goşgular - 15.02.2020


1 2 »