Результаты 1-10 из 10 по запросу Saparmyrat Öwezberdiýew

GELJEGIME NAZAR SALÝARYN

Otyryn stola tirsegim berip,
Gözlerim ymtylýar örän uzaga,
Süýji hyýallarym gadamyn urup,
Barýarlar düzüljek täze gazala.

Hyýalymda uzaklara gidýärkäm,
Röwşen geljegime nazar salýaryn.
Şanly Watanymyň waspyn edýärkäm,
Ertirki günümden ylham alýaryn.

Saparmyrat ÖWEZBERDIÝEW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1958 ý.
Täzelikler » 2022/08/20 - 20.08.2022

TÄZE GOŞGULAR

Güni görmek üçin inipdiris biz,
Gün bilwen dogulyp gülli baharda,
“Bir ynsan doguldy” diýlipdiris biz
Päkizwe asmanly, günli säherde.

Derrew gün nuruna garylyp gitdim,
Nurly gün nuruny bize eçildi.
Ien şeýdip başlanypdyr ömrümiz,
Ömrümizem güller ýaly açyldy.

Säher bilen başlaýarys ömri biz,
Gözlermizi gün nurunä dikýäs-de.
Herekete getirýäris elleri,
Dumly-duşda elwan güli ekýäs-d...
Täzelikler » Goşgular - 13.07.2022

ÜÇ ÝADYGÄRLIK

Bu hakda has öñräk ýazmalydym men,
Sözleri monjuk deý düzmelidim men.
Söýgüno, hormaty ýürekden besläp,
Hoşniýet adamlar juda höwesläp,
Üç beýik şahyra ynsan adyndan
Dikdi ýadygärlik Aşgabadymda!

Olañ biri Puşkin, onsoñ Pyragy, -
Olar asyrlaryñ nurly çyragy.
Ukrain topragnyñ erkana sazy -
Üçünji şol halkyñ beýik Kobzary.

Russiýañ ylhamy, türkmen dutary,
Bulara sepleşýän bandurañ ta...
Täzelikler » Goşgular - 11.05.2022

SEÝDINI GÖREN TUT

Ezizow Muhammet - garabekli dost, -
Alyp gitdi bizi pagta meýdanna.
Daş-töwerek joşup, edýärdi telwas,
Ýygymçylar bäs edişil haýdanda.

Görkezdi bir tudy - dagyñ bölegi,
Her şahasy - goç ýigidiñ bilegi.
Adam dilegidi tuduñ dilegi:
Parahatlyk bolsun ýerde, asmanda!

Pagtaçylar çaýa geldi dessine,
Ýygnandylar ägirt tuduñ astyna.
Seýdi çykdy munda duşman kastyna
"Beglerini" owaz bil...
Täzelikler » Goşgular - 11.05.2022

BUK AGAJY

Görnükli ukrain ýazyjysy, dostum Wasil Zemlýagyñ ýadygärligine.

Dik başy silkmeli merdana meñzäp,
Eden ýagşylygy dür dänä meñzäp,
Ýaýran her şahasy bir dana meñzäp,
Otyr but agajy, dem alyp otyr.

Yhlasly topraga başyn egipdir,
Gollary sallanyp, ýere degipdir,
Ýapraklary köpük ýaly çogupdyr,
Mähriban toprakdan nem alyp otyr.

Şahalary aýaksyza pişekdi,
Ýapraklary düşeksize düşekdi,...
Täzelikler » Goşgular - 24.04.2022

LITWA HAKDA BALLADA

Çäge tozap, gyzgyn ýelli topanda,
Garagumda dodaklarym kepände,
Bürgüt pelpellände meniñ depämde,
Señ mähriñi duýýaryn men, duýýaryn!

Tokaýlygyñ gujagynda ýaýnamda,
Yhlas edip kömelegñi saýlamda,
- Eşret bary bardyr - diýsem - ýaýlamda,
Ganat berýäñ, ýaýýaryn men, ýaýýaryn!

Çöllerimden, çigildemden köz alan,
Illerimden ýüpek kimin ýaz alan,
Dillerimden eşret alan, saz alan,
B...
Täzelikler » Goşgular - 14.04.2022

"EGER IKI BOLUP BIR ÝOLA DÜŞSEK..."

Eger iki bolup bir ýola düşsek,
Gürleşsek,
Birleşsek süýjülik bilen.
Kyn bolsun.
Parhy ýok,
Şol ýoly geçsek.
Taplanyp bilerdik güýjemek bilen.

Soñra üç bolardyk,
Belki, bäş, alty...
Alysa giderdik assama-assa
Ynsana berlipdir köpelmek bagty
Arman ýok, başymyz belende ýetse!

Eger iki bolup bir ýola düşsek,
Alarlyp seretmän birek-birege.
Ýa ...
Täzelikler » Goşgular - 05.04.2022

AH ÇEKIP...

Üç ýaşymdan kakamdan
Jyda düşdüm, ah çekip.
Aýralygyñ oduna
Ýanyp-bişdim, ah çekip.
Köremegiñ deregne
Birden öçdüm, ah çekip.
Ýaýnamagyñ deregne
Haldan gaçdym, ah çekip.
Oýnamagyñ deregne
Gahar seçdim, ah çekip.
Öz ýanymdan faşistiñ
Donun biçdim, ah çekip.

Doýa garyn doýanok,
Ýaşaýarys zar bolup,
Zar bolsak-da, ynanýas:
Ýaşamarys har bolup.
Şol gün geler,...
Täzelikler » Goşgular - 01.11.2021

SENDEN BIZE EM GEREK DÄL

Dogañ hiçdir mollasumak,
Senden bize em gerek däl.
Lukmanlardan geler kömek,
Şondan başga em gerek däl,
Senden bize em gerek däl.

Zähmet çekseñ, eşretiñ bar,
Zähmetiñde rehnetiñ bar,
Bes et, ýaman häsiýetiñ bar.
Gaty gitseñ, sen gerek däl,
Senden bize em gerek däl.

Ýalan sözli wagzyñ bilen,
Hapa ysly agzyñ bilen,
Çüflän bolma nogluñ bilen,
Akyl barka, kem g...
Täzelikler » Goşgular - 15.09.2021

HANNAS

Päliýaman gaty hannas,
Ahmal bolsañ gözüñ çokjak.
Gara nebsi atar hallan,
Zat gördügi dyza çökjek.

Gadym baýlar ony görse,
Tagzym edip durardylar.
"Nirden çykdy beýle närse?"
Diýip, haýran bolardylar.

Jelegaýda ýokdur entek,
Manadynyñ sanyn biljek.
Gör-le, bolan bolup tentek,
Öläýse-de, ütüp öljek.

• GÖRDÜM

Biri bolar mylakatly,
Kiçi göwün hem gaýra...
Täzelikler » Goşgular - 21.07.2021