MEN BIR TÄZE TOLKUN
Men bir täze tolkun kenara barýan, Eňterip özümde jem bolan güýji. Ýanymdaky tolkunlardan bat alýan, Ahyrym armanly, arzuwym süýji. Kenardan yzyna dolanan suwlar! Aýdyň, eý, deňizdeş tolkunlam maňa: - Saçlary buýrarak, deňizde ýuwnan, Öz-özi utanýan görkünden ýaňa, Gördüňizmi gülli köýnekli gyzy? Alaňlardan aşyp, gumlardan geçip, Deňziň çägesinde epdimi dyzy, Buýrarak saçlaryn şema... |
"BU NÄHILI SÖÝGI BOLÝAR..."
Bu nähili söýgi bolýar, aýralykda gezmeli?! Ýadymdan çyk adyň bilen, oduň bilen örteme! Bu nähili ýagmyr bolýar, ýeke meni ezmeli?! Gözüme ýagýan ýagyşlaň kalba siňşin görsene! Geçen günleň ýatlamasyn undup bolmaz, nädeýin, Sen hem çykyp bilmeýärsiň ýüregimden, serimden. Men ikinji Mejnun ýaly, döwrüň Perhady deýin, Örtenmekden özge, näme, zat gelýärmi elimden?! Ýürek sende, serim sende, ... |
"HAWA, SEN BUGDAÝREÑK OWADAN BIR GYZ..."
Hawa, sen bugdaýreňk owadan bir gyz, Bolsa, sensiň Ferdöws iýmişin dadan. Başga bir dünýäden inensiň öýder, Dünýäň bir däldigne ynanýan adam. Hüýrsypat syratyň uçjaga meňzäp, Bir näzijek galdyraňda tolgunyp, Goşulasym gelýär galdyraýşyňa Golum bilen inçe bile tor gurup. Saçyňdan, gaşyňdan ysgasym gelýär, Ykjasym gelýär meň bolup gulpagyň. Ýakalasym gelýär yhlasy... |
ŞÄHERE ÝAZYLAN HAT
Salam, Säher! Häzir gije, menem saňa hat ýazýan, Aman-esen ördümi ak güneşem?! Berkidilen ugry bilen gatnaýan, Awtobusda talyp gyzlaň gülüşem, Eşdilýärmi?! Eşdilýändir, bilýärin. Şeýle bolýar dynç gününden özge gün. Gizlejegem bolman gyzlar gülýänin, Perişde deý alyp barýar özlerin. Howa nädýär?! Azyrag-a gowşandyr, Aý, nä güýz-dä, mundan beter näm etsin?! Sen çigregiň bilen... |
AHWAL
Käte sowal berýän: «Neneň adam men?» Aýna baksam ýüzüm nätanyş ýaly. Gözüm ýumsam keşbim çykýar ýadymdan, Uka gitsem uçup barýan guş ýaly. Solýaris kanuny — elhenç sazlaşyk, Ýaýdanýan, çekinýän, gorkýan aňymdan. Pikirlerim kem-kem materiallaşyp, Matal ýöriş bilen çykýar alnymdan. Gün älemi — hal-ahwallar älemi, Bolan-bolmuş degresinden gitmeýär. Alymmy, şahyrmy, telbe-dälimi… ... |
YLHAM PERIŞDESI
Aý dolupdyr. Hijri aýyñ on dördi. Müşk sepinip çykar ýene bu agşam. ...Ir agşamdan tylla saçlaryn ördi, zer ýyldyzly mawy ýaglygyn dañşam, kümüş çalnan ýañaklaryñ gülmesem, balkyldap-balkyldap bakyşam maña. Kalbymyñ gözüni ýumup bilmesem, men näme diýeýin, akylym saña?! Bir del duýgy ornap maña ebedi, ýüregim hasratda,başym heserde. Dünýede düýş deýin duýgyñ lezzeti Oraşan pikiri... |
SELBIME
Buça ömrüm seniň waspyňa gümra, „Gyz-gyz“ diýe, goşa dyzym öpdi ýer. Bolup galdym durkum bilen oýnatgy, Çyplaň duýgym "Agyz urup, öp“ diýer. Meni örtär gabak örtünen gözleň, Kirpikleriň Alla garşy egreldi. Neçüýn, meň melgundan saplan umydym, Täk seni söýünçäm gelmän eglendi. Aç gapymy, çykabilman syrymdan, Aç gapyňy, girebilmen hüjräňe. Meni öz erkimden halas eýläbem, Höwesimi duçar edý... |
SÖÝGI DURMUŞ WEPA Wepaly bolmak, wepalylyk, ikilik etmezlik... |
ÝAGYŞLY GIJE Ýagşyň akymyna sozulýar yşyk, |
ПОВЕРЬ МНЕ! Не сердись, если что-то я сделал не так, |
SUW PERISI |
TEATRDA Ýarty Aý gutaba çalym edýärdi. |
DOGLAN GÜNÜM
Dogulan günüm, doglan günüm, Elmisakdan kowlan günüm. Ak gundagda ýatan günüm, Agyr borja batan günüm. Wagty sagat çekdi gitdi, Batareýler çökdi gitdi. Ynha, indem Adam ataň Ýaśyndakam uly hatam, Ötülmejek günäm bar deý, Barýar jiger eräp gar deý. Ýorgudy kyn düýşe girdim, Haky pynhan işe girdim. Galam aldym, içi kömür, Syýa aldym, ujy demir. ... |
YLHAM BÖWŞEÑLIGI NÄMEDEN?
Indi bir aý töweregi telefonymyň bloknot sahypasyna bellän pikirlerimi, ýolugra gelen goşgy bentleriniň diktofon ýazgylaryny, kompýutere ýazyp başlap, taşlan goşgularymy, ýanymda göterýän bloknodymdaky belliklerimi tertibe salýan. 11 goşgy. Ýene şonçarak goşgy üçin taýynlap goýan pikirlem... 3 ýyl mundan ozal biri goşgy ýazmagymy düýbünden taşlamagymy hem netijeliräk bir zada ýapyşmagymy maslahat berdi. Ýöne bir maslahatam däl, ýanjap-ýanjap delil ge... |
YNAN!
Sen menden kä zady gaty görmegin, Sen menden kän zady gaty görmegin. Asla ýokdur giperbola, toslama. Saňa ýaramaýan teleke işi eder öýdüp oslama we şulary bil: Ýetmezňe urnaň bolmasam, Bagtyňa gurban bolmasam, Toýuňda porhan bolmasam, Bolasym gelmeýändir öýtme! Çekip bildim „ah“ baryny, Teý, tapmadym ahmalyňy, Soramasam ahwalyňy, Bilesim gelmeýändir öýtme! Janym ... |
AŞYK ÝIGDIÑ HATY
Ýeri, näme diýip, näme aýdaýyn, Sütemkär gözleriň synagy niçik?! Bar syrymy ýüze çykaryp barýar, Rentgen deý, nazaryň içimden geçip. Gabaklarňy serpen çagyň gözüňden, Gözüme üýtgeşik ýakym çaýylýar. Kalbym sema oýnap, sowan gursagym, Seň naşyja näzikligňe çoýunýar. Sen owadan, düýşegirginç owadan, Kämil sen Mosartyň mukamy deýin! Her säher seň höwesiňde oýanyp, Seniň arzuwyňda u... |
BILÝÄŇMI?!
Bilýäňmi, men ýene ýanyp başladym, Howr alýan bu agzym belaň körügi. Ýene ýüzin ýatyp ýazyp başladym, Dabanyňdan teý binesip törümi Dolduryp düýrlenen mynjyk kagyzdan, Durmuşym deý bulaşdyryp saçymy. Habar alyp bilmän ynjyk halyňdan, Ýazmadyk goşgulam ýyrtýar içimi. Ýeri, indi nämä tutaşyp ýörün?! Tutmadyk toýumyz sowuldy bir çak. Serwandymda uçup bilmän Pegas dur. Garnyna basaňda saz çalýa... |
SEN NÄDIP HET ETDIŇ?!
Sen nädip het etdiň, nädip kast etdiň, Özüňi, ömrüňi dözüp kesekä?! Men şonda-da söýdim, ýazdym, wasp etdim, Örtenen süňňümi öwrüp kesewä. Neneň rowa gördüň? Bagt güme gitsin, Sen gaýdyp dolanma ýalandan-çyndan. Ah, men ozal bir hoşniýet ýigitdim, Indi rahatlygy soraýan jyndan. Hawa, melekden däl, peläket jyndan, Ondan maňa sen hakda küý geçipdir. Palta saldyň köňlüň... |
SÖZ BERMÄN GITMEK
- Gitjekmi? Aý, bolýar, ynsap özüňki, Adamy tär bilen saklamak nädürs. Ýollar özgerse-de, a men şol öňki, Durmuş adamlary üýtgedýär nädip? Niçün bir-birekden gaçýar adamlar, Adamlara şeýlebir bagt ýetenok. Milliardlar armanly gijeler-daňlar, Gürleşmäge gaýrat hem wagt ýetenok. Öwrenşilen ýagy gitse-de agyr, Gitseň git, soň gelme aýlanyp birden. Ruhum ardy, ýedi müň ýyl usurgap,... |
POEZIÝA JYNY
Kimdir biri ýakynymda her demde... Hiç zat hiç wagt etalonym üýtgetmez. Men bar zady äkiderin gidemde, Ruhum - arhiw, ýanmaz, çüýremez, ýitmez. Men - ideal, Men diýýänim - duýgulam, Men ýalylaň jyny bolýar ýanynda. Poeziýa üçin zerur şert şulam, Sykar ýaly lirikany janyňdan. Parfýum ýaly hoşboý, gülki deý hoşal, Gelse ruhum hezil edýär gerinip. Saçym sypap, dyrnap arkamy gaşar - ... |