HOR PIKIR
![]() Serhoş köçeleriň bagrynda ýöräp, Döndüm al şerabyň keýpin dadana. Ýele güpürdeşýän ýapraklar sebäp, Bolýar meni gowşurmaga ak daňa. Çökündi pikirler gaýmalaşyp ýör, Çaýa şeker kimin süýji gatjak deý. Ýyldyrym çakaýjak bolýar aklyňda, Göýä bir salymdan güýji gaçjak meý. Gorsanman gorpuňdan gutulmak çetin. Çetiňe degseler bir emmas... |
ÝITMEK!
Ýitmek ýok bolmak däl, ýitmek gaçmakdyr, Ara açýan ýaly ýalňyzlygyňdan. Öz tapan derdiňden gözleň ýaş akdy:r, Kalbyň hümleddersiň: "Ýalňyz bu gün men!" Barybir gussaňdan ýokdur gutulmak, Olar saňa halys öwrenşen bolsa. Egniňe almaly amanat ýük deý, Hem aram tapmaly ýüregiň dolsa. Ýitseň, gutuljak deý derdiňden ýa-da, Yzyňa ýol bolsa, öwrülip goýber! Tutýar ümdüzine pikirden ýadan, Umytda... |
TÖTÄNLIK
Bü dünýä gelmegim tötänlik däldi, Ýaşap ýörün duýdansyzlyk içinde. Ýykylsam galmagy öwrendim häli, Hem-de berk durmagy otly geçende. Bär-de tötänlige ýer ýokdy asla, Ol ykbalyň gözden uçan uçguny. Munda diňe bolmalysy bolýardy, Ilki bilen özüň hasap açmaly. Belki biziň duşmagymyz atdanlyk, Gözler kaklyşanda aňdyk bar zady. Ýaşaýan bolsady eger tötänlik, Ykdyryp herimiz bir ýan taşlardy.... |
PURSADYÑ ÝAÑY
Manysyz ýaşadym käbir pursatlar, Kä pursadym sowgat etdim gör kime. Meniň bar ömrümi jemleýän zatlar, Has ir goýberdiler meni ýelgine. Bukulmadym kölgeleriň astynda, Güneşli gün gözüm gyrpmajak boldum. Başymy gujaga salmaryn munda, Näbelli esere çekilen goldum. Gitdim äkitjek deý meni ýelmaýa, Kök urjak damarlam toprak gözledi. Sebäp agtarmadym çala gülmäge, Gussalamam hiç mesele ç... |
GÜL KIMIN
Yşk bakyşy siňe-siňe Elläninde ýüregimi, Ähli ýagyş güle siňer, Gowşurar-da dilegimi. Lowurdar dünýä ýylgyryp, Köňlümi sypaýan düýş däl. Sözüm batly, sesim gyryk, Ýyly mähriň kalpda düşlär. Adyňy aýdaýyn goşup, Her bir saza, her bir heňe. Öz wagtyndan ir Gün ýaşyp, Gidip barýar, ýar, görsene. Ýitmek aňsat, kyn tapylmak, Häsiýeti deý ýyldyzyň. Maňa häzir em de... |
BAŞGA-BAŞGA
Titrär ýüregiňde dagyň depesi, Gözlere sereder göz başga-başga. Durlanar köňlüňde sesiň nepesi, Demiňe sygmaýan söz başga-başga. Garagum möwç urýar, dumanly seri, Goýnunda gizleýär bar derdeseri. Seni gynandyrýan iň erbet ýeri, Bir ýoldan ýöreýän biz başga-başga. Şäher gaçdy gözümiziň içine, Myhman bolduk her bir gelen-geçene. Oturýarys, wagt ýeter bir çene, Köplükden döreýän az başg... |
GÜNLERIŇ YŞKY
Günler ýene ýola düşdi, Ýyllardan hem barýar ozup. Durmuş geňsi, ömür düşbi, Günortada demirgazyk. Günler ýene ýeke aşýar, Geçýär ykballaň içinden. Men saňa ýeke garaşýan, Soraýan her bir geçenden. Müňläp durmuş bakýar maňa, Ol kim? Kimi gözläp ýanar?! Ençeme gözlerden ýaňa, Ýitigini niçik tanar?! Ýitirmedim hem ýitmedim, Onuň özi tapsyn meni. Günüň yzynd... |
GÜÝZ ÝAGŞY
Garalyp gök asman, çisñär ýagyşlar, Ýapraklary ogşar, gaçyrar ýere. Asmandan bakýam deý mährem bakyşlar, Güýzde ruhy joşgun dolýandyr sere. Bürenerin damjalara men gaýym, Güýzüñ ruhy şatlyk bilen güýmeýär. Söýgime ruh goşup, ýagdyr, soltanym, Adam diñe ýürek bilen söýmeýär. Ýagyş soñra gaýyk ýasar ýaprakdan, Köljagazda añryk-bärik yralar. Deñizdäki gämi bakyp daşrakdan, Boşap galyşyny... |
BONJOUR! |
UZAKDAKY DOSTA
Adam galmaz öýdüp etmezdim hyýal, Sesim barmasa-da, duýýansyň meni. Berjek bolýar, göýä, ýekelik zyýan, Ömrüm ýatladyp dur boşan ýelkeni. Paýlaşmaga derdem galmady indi, Baryny ýuwutdym, galamsoň ýeke. Maňa-da alysdan ýollar göründi, Nirede mähelle?! Nirde märeke?! Wagtyndan ir doldy şeýdip möwritim, Okan kitaplarym basypdyr tozan. Garaldy şapagym, söndi gözýetim, Gitdiň, ý... |
SYRGA
Maksat başga zat, ýol başga. Sebäbi bu şähere eltýän ýola baryňyz belet. Baryp gördüňiz diýmedim, araňyzda ondan entek mahrumlaram bardyr. Ýöne aýdaýyn, juda meşhur o taýsy. Şoň üçin adyny agzabam oturman dykgatyňyza sowuklygy bilen ýetireýin. Adamlar alňasap ýaşaýar, özlerinden bihabar. Iliň dilinden maşyn diýip alsammykam ýa resmiräk gürläp ulag? Ýaňrap oturmaýyn, bir gün şäherde hiç hili maşyn ýola çykmandyr. Ýekejesem diýip ýamaşgandan ýaňzydaýyn. Sebäbi bir maslyk peýda b... |
GÖWHER
Bir damja ýaş bilen başlapdy dünýäm, Çenden aşa dymdy bakyşym saňa. Ýene-de gysgalan sözlerim süýnýär Olary giň derýa serpmekden ýaňa. Boý aldy köňlümde diken nahalym, Bir gün kölgesinde günlerim görşer. Käte boşlugyňda ýüzen mahalym Aýamda jemlener bir gysym göwher. Ýürege öwrülip başga bedende Özüň bolup gürsüldemek kyn düşýär. Bejergisin göterseň-de eliňde, Ýürek ruhuň bilen bir-bir üz... |
UZAKDAKY DOSTA
Adam galmaz öýdüp etmezdim hyýal, Sesim barmasa-da, duýýansyň meni. Berjek bolýar, göýä, ýekelik zyýan, Ömrüm ýatladyp dur boşan ýelkeni. Paýlaşmaga derdem galmady indi, Baryny ýuwutdym, galamsoň ýeke. Maňa-da alysdan ýollar göründi, Nirede mähelle?! Nirde märeke?! Wagtyndan ir doldy şeýdip möwritim, Okan kitaplarym basypdyr tozan. Garaldy şapagym, söndi gözýetim, Gitdiň, ý... |
SIMPOZIUM Diňleýjileriň güýçli bolsa aljyradybam biler. Okaýan nutugyň zeruryýeti, olaryň gözlerini giňden açyp gulak salar ýaly eder. Gözleri seniň bolşuňda; ýalňyş gözleýän ökdeler bar bolsa, hezil edinjekler. Häzirki bar gyzgalaňlygy bilen dowam edip duran simpoziumyň diňleýjileri juda agras. Aşa. Sebäbi maslahaty gidýän tema şuny talap edýär: ilki bilen resmi egin-eşik, agyr ýüz, uly üns, iň esasysam, edilýän gürrüňden habarly bolmaly. “Maliýe we ykdysadyýetiň global finans ... |
GARA {Y}ŞYK Tümde tapmaça çözüp gördüňizmi? Suratly tapmaça ýa-da labirint? Synanyşmaň, barybir bir şem ýakmasaňyz kyn bolar. Suratly diýýänim pazl, iňlisçe `puzzle` diýlip ýazylýar. Onuň ýekeje parçasy galypdy, soň tapmaça tamamlanar. Gaharyň möwjese gözüň ak ýeri hem gara görkezýän ýalydyr. Häzir Ilamanyň elindäki sumkasam gara reňkli, gözüniň garasam. Şu wagt öýden çykdy, daşarsy bolsa asuda güýz güni. Topragyň jomartlyk eden käbir ýerlerinde gülem görünýär, gara güller. Sebäbi Ila... |
TERS AKYM Men bu gün otagymdaky ýerimi üýtgetdim. Has dogrusy, dostum üýtgetdi, men däl. Yzyndanam begendi. Ýogsam, Jumageldi aga bilen ikisi bir diwara tiňkesini dikip oturandyrlar, haçan barsaň ýa-da barsam. Ol bolsa stoly garşy tarapyna geçiripdir. Wagt öýlänläberende: |
MÖWSÜM TOZGASY / peýzažul-hekaýat Ýalňyş ýerde düşürilen kino bar. Beýle diýmäýin-de, ýalňyş pasylda diýeýin. Sebäbi näçe sowugam bolsa gary görkezmeseň, daşaryň gyşdygyna ýyly öýde gyzgyn çaý içip tomaşa edýärkäň ynanmak juda kyn. A häzir ýagdaýlar başgaça, gar ýagypdyr-da, adamlara garaşyp eremändir. Nädip eremändigini aýdara wagtym ýok. Emma ki sen gynanma muňa, saňa wagt tapylar. Gar diýenimde ýadyma düşdi. Iki ýyl öň men saklaýan ýaly garyň ýagmaýşyndan şikat edipdiň. Näme etjek ... |
AEROPORT Biriniň gaharyny başgasyndan çykarmak nädogry hasap edilse-de, zyýany ýok, barybir, ýeňleýäň. Ötünç soraýarsyň gaýtmyşym edip. Ýa-da aeroporta gidersiň. Muňa degişlimi dälmi, parhy ýok, ýöne ol ýerde içilýän kofýanyň (kofeniň bolmaly) ýa çaýyň owurtlanyşy üýtgeşik bolýar. Bu gezek ýöne barmak üçin baryldy. Tapawudyny ala-böle bilmeýän bolsaňyz aýdaýyn, çyndanam başgaça bolýar, eger çalarak duýgurlyk bar bolsa. |
KESI Sözüň ulusam bolýar, kiçisem. Ýöne, ynha, kiçijik Kesi adasynyň ykbaly uly boldy. Bir söz bilen aýtsaň bolanok. Ilaty elli müňden gowrak. Tutýan meýdany hem elli müň töweregi. Adam başyna bir-birden ýetjek. Agyz dolduryp aýdar ýaly üýtgeşik kenary ýok. Syýahatçylaram ýol ugra sowlaýmasalar, myhman-mediwanam ýüz görkezenok. Hepdede birki gezek başga adalardan gelýän ullakan ýolagçy gämisi Keside säginip, uly adalaryň birine adam alyp gitse-de, yzyna dolanýan seýrek bolýardy, adaml... |
Seýran OTUZOW
▶ DIRIŽÝOR (Hekaýa) Günden öň oýandy. Daşaryň serginine özüni oklanda, ilki bilen howany uludan demine çekdi. Gözüni ýumdy-da, elini saga-sola galgadyp, gözýetime bir zatlar yşarat etdi. Kileň mähelle älem sazyny çaldy, onuň ýakymy diňe öz gulaklaryny sypady. Ol – Omar. *** Gara eşik pataçylykda geýilýändir öýdülse-de, bu maglumatyň ýalňyşdygyny gijeki boljak oturlyşyklara gidýänler subut etdi. Hatda, bir giden sazandany özünde j... |