Результаты 1-8 из 8 по запросу Seýran Seýitmämmedow
EJE
Sen saçymy daramadyň ýel bolup, Sen saçymy özüň bolup daradyň. Emma bu gün şemaljagaz sen bolup, Saçlaryma saldy soňsuz daragyn. Sen hiç haçan ýylatmadyň Gün bolup, Emma Gün sen bolup ýylatdy şumat. Senli ýatlamalar, senli pikirler, Ähli yzalarmy eýledi sumat. Tutýamyka gijeleriň ukusy, Günler indi nädip daňlaryn aty:r. Meni äkidenine ökünip ýollar Ýaraly ýylan deý towlanyp ýatyr. ... |
ÝÜREGIM BIR SENI GÖRKEZÝÄN KOMPAS
Ret etme söýgimi, ýaşap bilmerin, Öz adyňy täleýimden öçürme. Yşgymy goşgy edip ýazyp bereýin, Alaý, akja ýüregiňe göçür-de. Gözleriňden göterimne yşk alyp, Ýüregimi goýdum gülüm, girewne. Garyp düşüp, ýitip barýan gözlerden, Garaşyp men seniň meni görerňe. Söýýän sözleriňe synag tabşyryp, Ýykylyp geldim-le şu güne çenli. Häzire çen umyt beren uçgunyň, Görmek is... |
ALGEBRA WE POEZIÝA
Edebiýaty ýazyp dur, ynha, galamdyr syýa, Kiçi karta sygyp dur uly geografiýa. Bolup geçýän zatlar kän taryhynda fizikañ, Garaz kitap dünýäsi ylymdan doly mekan. Geometriýañ adaty, Pifagoryñ kateti, Taryham öz ýerinde maña gyzykly gaty. Isgenderiñ goşuny, Seljuklaryñ atlary, Şahyrlaryñ şygyry - ýazýan söýgi hatlary. Asla hiç bir ylma-da bakmaýaryn men gyýa, Senem gözden salamok, eziz, biolo... |
ENE DILIM
Gözleglerim gözlerimi açanda, Sen ýetişdiñ hyjuwlarym daşanda. Megerem, sen adamzadyñ ýaşynda, Her sözüñ añ eleginden eledigim, Ene dilim. Halkymyzyñ goşgy, gazal, dessany, Seniñ bilen aşdym gaýgy-gussamy. Göroglynyñ namasynda besläni, Ýaragysyñ Pyragynyñ - ussadyñ, Ene dilim. Döwlet Senasy sen, Döwlet Kasamy, Sen dilimiñ hoş sözlerden asaly, Señ bilen geljege gadam basaly, ... |
KÖÑÜL OWAZY
Akja patrak bolup duran erikler, Eje, ýylgyrşyňy ýadyma saldy. Gülleň durşy ýaýlama görk beripler, Eje, ýylgyrşyňy ýadyma saldy. Gülälekler çaýkanyp dur eý, aman, Durşy geň olaryň gögi boýaman. Ala bahar – dünýä çeçek gaýaýan — Eje, ýylgyrşyňy ýadyma saldy. Garlar – daglaň başa oran çeşmesi, Çözlenip gaýdanda näz-kereşmesi, Jümjümeleň täsin ülpüldeşmesi, Eje, ýylgyrşyňy ýadyma saldy.... |
Ýürek sedasy
Dilimiñ ujundan gülüp bilemok, Isleýşiñ ýaly ädimim äde. Kän göwnüñe degdim, bagyşla läläm, Çyn ýaşajak bolup ýalan dünýäde. Ýylgyryp öñümden çykypdyñ şol gün, Gutaran ýerinde sazyñ hem sözüñ. Men dünýäñ daşyndan aýlanyp ýörün, Öz ellerim bilen sowurup özüm. Aryñ öýjügini gozgan deý göýä, Gursagymyñ içinde hars urýar guşlar, ''Dem almak ýaşamak däl'', sen bilýäñ ony, Her giden gelje... |
Iki ömür bolsa
Bir ömür bir kemsiz ýaşara kemter, Ýalñyşsyz ýazylan ömüt kitaby. Munda ökündiren şol dälmi eýsem?! Behiştden binesip Adam atany. Ýörermidiñ şol beladan jowranyp, Bormudy geçeniñ ökünji sende. Ömür iki bolsa, birde öwrenip, Ýalñyşsyz ýaşaýsañ ikinjisinde. Ýakynlyk Saýlap bilmen dostlarymyñ gowusyn, Olañ bary kyn günümde jem wagty. Käsi ýada düşýär ýokka gowuzym, Käsi ... |
Duralgada
Ýaz ýagşyna biten kömelek ýaly, Saýawanlar tutdy sagy-sollary. Damjalar deprekläp başlaly bäri, Ýagyrnysy ýagyr bolan ýollary. Kerteli gelin deý ýaşyl arçalañ, Egninden damjalar syrygyp gidýär. Damjalañ, syrygan suwlaryñ bary, Ýerde bir-birine birigip gidýär. Göwnüme bolmasa gussaly Gögüñ, Bir damja gözünden sowa düşüpdir... Ýoluñ o ýüzünde duran baglaryñ, Sudury ýerdäki suwa düşüpdir.... |