Результаты 1-20 из 452 по запросу Serdar Ataýew
BOKURDAK ÜÇIN GIMNASTIKA
![]() (Apnoýe keseline, ýagny ukudakaň ýa-da duýdansyz gozgaýan demgysma, bokurdak gysylma keseline garşy) 1. Dik duran ýeriňden, iki eliňem tirsegiňden epmeli-de, eliň aýasyny ýokaryk edip, aýaňy açmaly. 5 gezek gysgajyk dem alyp, demiňi daşyňa üflemeli. Her gezek dem alanyňda ýumrugyňy güýç bilen düwmeli. Demiňi daşyňa üfläniňde ýumrugyňy açmaly. 5 gezekden soň 5-e çenli s... |
WAÝ-FAÝ OGRUSY
![]() Işden ýadaw gelýär. Goňşy kempir öňünden pete-pet çykdy. Belki, bu tötänlik bolman, onuň ýoluny garawullap duran bolmagam ahmal. Özem, bu şu wagt 50 ýaşap gelýär, ol bolsa bu mönçagaka-da şu sypatyndady. Ömralla darak görmedik saç-a “makaron zäwutda partlama” diýilýäni. Egninde-de şol bir sary gidip, göwşüllän, egri dyzdan halady. Içem içkisiz. -Goňş... |
ÄKIDILEN
![]() Äkitdiler. Giç gije. Çaky çak bolsa, takmynan sagat ikilerde. Gasygy gabyz oýanyp, aýaguja ýegdekläp barýarka, gapyp aldylar. Özem nämäň, nädip, nähili bolandygynam, düzüwli aňşyrmaga-da ýetişmedi. Üstüne kölege abanan ýaly boldy. Soňam täsin dik şöhle, depesinden düşdi. Birdenem: “Hüpp!”. Ol, edil, çagalaň şerbet sorýan, inçejik tokurtgasyna sorula... |
ÝADYNA DÜŞMEÝÄN ZAT
![]() Bir ýerden bir zat okapdy. Ýöne, ýadyna düşmeýär. Nireden okandygam. Haçan okandygam. Nämüçin okandygam. Hatda, nämüçin şol okan zadyny ýadyna saljak bolup, dert-azara galýandygam huşundan uçupdyr. Ýogsa-da... Ýada düşmeýän zatlary ýada saljak bolup çytraşmak gerekmikä? Manysy ne?! Undulan zatlar undulsa gowy dälmi? |
ÖÝSÜZ ÖÝLER
![]() Gün ýaşdy. Işden gaýdyp barýar. Awtobusyň penjiresinden öýleriň ýagty penjireleri görnüp geçýär. Penjirelerdenem öz durmuşlaryny öýlerinde gizleýän adamlaryň, şo pynhan durmuşynyň çetjagazy yşyraýar... Ýadaw beýnisinde argyn oýlar ýaltalyk bilen aýlanýar. Adam üçin öý-ä öz öýi. A öýleriň öýi nirdekä? Ýa, ýogammyka? Dözmedi. Hemmelere öý bo... |
BUZDAG ÝÖRELGESI (AÝSBERG PRINSIPI)
![]() Buzdag ýörelgesi (aýsberg prinsipi) – iňlisçe: “iceberg theory – aýberg nazaryýeti” diýen adalgadan (terminden) gelip çykyp, bu çeper eseriň her bir ýönekeý okyja-da düşnükli, üstki gatlagynda awtoryň aýtmakçy, okyjynyň dykgatynaa ýetirmekçi bolan maglumatynyň (pikiriniň, ideýasynyň, duýgusynyň we ş.m.) azajyk bölegi aç-açan beýan edilip, şol maglumatyň galan ägirt uly b... |
KIM NIRDE…
![]() Aýaly dogumly. Çydamlam. Ýöne, durmuş-da. Arasynda sene-mene üçin bahana-da tapylaýýar. Gorjabaşy kim boldy? Bellisi ýok, ýöne, bir gün sözleri azaşdy. Günäkärem, çaky çak bolsa, erkekçe dogrujasyndan gelmäge syrty çatsa-ha, erkek bolmaly. Ýöne, şeýle seretseň welin, durmuşda hemme zada, hemişe-de aýal günäkär-ä. Şo sebäpden, bu gezegem aýyp şoňa ýöňkeldi. ... |
OWAZ
![]() Dünýe gapyşdy. Gerşinden-ä dert basýar, göwnündenem gert. Edeni bişow. Erbet ýerem, başyny tutan işi, ýöne bir paşman, şol öňki durkuna-da galaýanok. Tersine, oňa ýamanlyk, maňlaýyna sokudaş bolup gaýdyp gelýär... Nätmeli? Hernäçe urunýar, çykalga ýok. Bergiçilik. Görgüçilik. Sergezdançylyk. Biperwaýçylyk. Doňbagyrçylyk. Ýalňyzlyk..... |
ÜMSÜMLIK
![]() Günlerde bir gün ümsümlik geldi. -Ýadamadyňm-aý?-diýdi:-azajyk tagapyl et, köşeş. Oturaly. Dymyşaly... Oturdyk. Dymyşdyk. Ilk-ä ikimize hiç kim üns bermedi. Soň guşlar goşuldy. Onsoň goňşular... ...dünýäň gohy azalaýdy. Galagoplygam. Bikararlygam. Zandyýamanlygam... Gowy boldy... ...ýaman... |
ÇEPBEÇÖW GEP
![]() Goňşyň gepi, goňşa çatak geldi. -“Sözlär bolsaň, söz aslyna ýet ýagşy”...-diýip, gep janyna batmadyk goňşy, tokly osurana çalymdaş gürläniň “petigulusyny”, Magtymguly bilen berdi. -Nä-nä-nä-nä... “Güpüläp galsaň, gep göbegine gap gamşy”...-diýip, oňa dodagyny çöwren gürrüňdeşi, eşidiler-eşidilmez hüňürdäp, dana gepi çepbesine çöwürdi. |
KÖWÜŞ, BAGJYK, KAKA
![]() Aşa ezizlenip, hülli-hülli saklanansoň, alty ýaşda mekdebe gidende, köwşüniň bagjygynam daňyp bilmezdi. Onsoň işe çykyp barýan kakasy, bosagada säginerdi-de, eglip, bagjygyny ikitaý gulaklyja edip daňyp bererdi. Soňam buýnuzagyndan ysgap: -Kürräm, ullakan oglan-a-how indi, sen. Özüň daňmagy öwren-dä,-diýerdi-de, çykyp giderdi. Ine indem... Kakasyny metjide äkitjek b... |
"NIK-NIK OÝNY"
![]() Internet geldi-de, dünýe birhili bolaýdy. Dogrusy, ilk-ä ýamanam däldi. Näme üçin? Sebäbimi? Sebäbi, adamyň ten-ä ýöntem, ruham – görmediginiň, görübem bilmejeginiň sepili. Ten – kanagatly. Ten – takdyryna kaýyl. Ten – takdyryna “ten” beren. Ol özüne berlenje mümkinçilikden doly yrzalyk bilen, üşemese, yssylamasa, ajygmasa, ýatsa-tursa, rahatj... |
KLIFFHENGER - EDEBIÝAT WE SUNGAT BEÝAN EDIŞ USULY HEM ŽANRY
![]() Edebiýatda (kino, teatr sungatynda) sýužetiň, ýagny beýan edilýän wakanyň iň gyzykly ýerinde şarpa üzülmegi, ir döwürlerden bäri awtorlar (režissýorlar, dramaturglar, ssenaristler) tarapyndan ulanylyp gelinýän çeperçilik usuly. Mysal üçin, “Müň bir gije” ertekisinde Şährizada, her daňdan diri galmak üçin, patyşa gürrüň berýän ertekisini iň gyzykly ýerind... |
IKI ÝÜZ
![]() Dünýe, birdenkä, duýdansyz garrady-da, onda iki sany ýüz emele geldi. Ýa-da öňki ýeke-täk didary, goşalandy. Nädip? Bilip bilse, bolaýmajakmy? Onsoň şo ýüzleriň bir-ä henizem, şol birmahalky, dünýäň ýaş wagtdakysy deý edähetine eýerip, öňe bakýar. Beýlekisem, garran dünýäniň, hol allaowarradan bulanjyrap, çala görünýän syrtyna örklenip durşuna, iki garagam ahmyrdan püre-... |
HÄZIRKI ZAMAN EDEBIÝATYNDA 10 SANY TÄSIN UGURLAR WE ŽANRLAR
![]() Öz döwründe, iňlis matematigi we ýazyjysy Lýuis Kerrollyň “Alisa täsinlikler ýurdunda” atly absurd žanrynda ýazylan fantasmagoriýasy (geň-taň sýužetli, grotesk, burlesk, absurd, paradoks ýaly usullar ulanyp ýazylan eser), dünýä edebiýatynda iň bir geň-taň eserleriň biri hökmünde ykrar edilipdir. Şu günki günde bolsa, geň-taňlykda “Alisany” “aňkartjak” es... |
MAGIKI (JADYLY) REALIZM ŽANRYNYŇ 6 SANY ESASY ALAMATY
![]() Magiki (jadyly) realizm žanryny fentezi, fantastika, mistika, horror, bizarro-fikşn, antiutopiýa, paranormal edebiýat, absurdizm ýaly, hyýaly älemlerdäki ýa-da hyýaly wakalary beýan edýän çeper edebiýat žanrlary bilen bulaşdyrmak aňsat. Ýöne, ertekilerem, mifler, rowaýatlar, hekaýatlar, dini kyssalar, dessanlar, fentezi, fantastika, mistika eserleri, ho... |
ŞAHYRA-HANYMLAR BARADA ŞAHYRANA OÝLANMAJYK
![]() Men bir ötegçi bolsam, Şygryýet bagynyň deňesinden ötüp barýan. Onuň gül-gülzarly serçemenliginde gülleriň bark urup, müşki-anbar ysyny bi gadym, goja türkmeniň reýhana çölüne, tozan basyp ýatan düzüne ýaýradyşyna melul boluplar, birdem oturyp dynjymy alsam. Soňam ajap Şygyr Çarbagyndan eşidilýän şeýdalaryň şirin owazyna, durnagöz çeşmeleriň kalbyňy päkize ... |
KÖRIÇEGE
![]() 89-njy ýyl. Köriçegesi tutup, hassahana eltdiler. Uzakly gije gusup-gaýtaryp, halys eňkamy agandygy zerarlam, özi bilen nämeleň bolup geçýänine-de düzüwli akyl ýetirip bilmeýär. Üstesine, ýaşy durugşan lukmanam oňa: “narkoz bersek, açylmazlygy ahmal” bahanasy bilen, owal-a şepagat bajysyna, diňe otyrýerinden agyryny aýyrýan sanjym etdirtdi. Soňam kesiljek ýerini, gaýym nowokainledip,... |
ŞAPALAK
![]() Ýekşenbe. Ertirlik edinip otyrka, eýlesinden-beýlesinden gonup-uçup, “wyzzyldap”, peteň eden, ýoknasyz siňegi, şapalaklap äpberdi. Port plastikden şapalak döwüldi. Ýeri, indi? “Indisi” bolarmy, oňammyr? Gitmeli-de, satyn alyp gelmeli. Çünki şapalaksyz öýdenemmir öý boljakmy? Dükana çagalarynam ibermedi. “Gez bor-da,” diýdi-de, özi sömpüldedi. ... |
SMS-DEŞ
![]() Ir ertir. Metjitden çykdy. Baýram namazyndan gaýdan millet, çar ýana keýpihon seçilýär. Göwünde asudalyk. Göwünde ýeňillik. Göwünde kanagat. Göwünde giňlik. Göwünde yrzalyk. Göwün nurana. Ýaz säherinde, otlaryň ýüzündäki çygyň, dogup gelýän Kuýaşyň tylla şöhlesine, birenaýy ýylpyldaýşy deýin, göwnüňem içine zer sepilene çalym edýär. Gur... |