GYZ TÄLEÝI
Meniň oglanlyk ýyllarym obamyzyň gyzlary aý aýdyň gijeler köçelerde oturyp läle kakardylar. Olaryň owazy uzakdan eşidilýän gussaly mukam bolup hakydamda galypdyr. Biz ol mahal soňky ýyllar meşhurlyk gazanan ˝Keçpelek˝ sazyndan bihabardyk. Aýralygyň ýürek dilýän gussasyny sazda beýan edip bolýandygyny biziň ˝ak altyn˝ öndürýän kolhozymyzda bilen bir boldumyka?! Lälelerdäki gaýgyly äheňe garaňky geçmişden galan ýatlama mysaly biperwaý garardylar, ˝gyzlary azatlyga çykaran b... |
ОШИБКА
Сорокапятилетний жизненный путь свой Осман Мурадович мысленно делил пополам. Первая половина — разгон, годы учения, как водится нынче. В юном возрасте мы пребываем как бы в питомнике, в виде саженцев, которым еще только суждено стать настоящими деревьями. Но бьет урочный час, наступает второй период, звезда ведет тебя к далекому горизонту. Решающий шаг делаешь от вузовских дверей, и тут не мешкай, набирай скорость роста и помни: теперь ты не в питомнике. От вузо... |
"KRASKOÝ BAG"
Biziň obamyz goňşy obalardan parhlydy, artykmaçdy diýseň-de boljak. Biziň obamyzda hammam bardy! Şol sebäpli men ˝hammam˝ sözüni-de çagakam eşidipdim. Daşy agardylan uly tama ˝hammamyň jaýy˝ diýýärdiler. Hammama barandygym ýadyma düşýär, haýsy ýyldygyny bilemok. Bäş-alty ýaşdan uly däldirin, ýogsam bolmasa, köp zat hakydamda galardy. Ýylan görmedik bolsadyk, bu-da ýadymda galmazdy. Hammama baranymda ýanymdaky oglanlaryň kimlerdigini bilemok. Howanyň salkyn bolan... |
TÜRKMENÇILIK
Türkmençilik. Bu sözüň manysyna nähili düşünmeli? Belki, ol tutuş bir halka mahsus alamaty, häsiýeti aňladýandyr? Belki, ol milli artykmaçlykdyr? Ýa-da asyrlaryň dowamynda türkmenlere degişli däp-dessurlaryň şol millete häsiýetlidigini duýdurmak maksady bilen gabanjaňlyk garyndysy zerarly dörän düşünje bolmaly? Eger ol häsiýete dalaş edýän bolsa, psihologlaryň, pelsepä dalaş edýän bolsa, pelsepeçileriň, etnografiýa dalaş edýän bolsa, etnograflaryň akylly-başly derňewine... |
BAGŞYNYŇ ÖLÜMI
Gurt bagşynyň ýagty ýadygärligine Onuň hat-petekdäki ady Öwez bolmaly, ýöne ömrüniň soňky ýigrimi ýylynda çyn adyny seýrek eşiderdi. Oňa aglaba bagşy diýip ýüzlenerdiler. Bu ilki-ilkiler amanat ýaly eşidelenem bolsa, soň öwrenişdi gitdi. Ýaş-ýeleňler-ä “bagşynyň” yzyna “aga” sözünem goşdular. Ýaş bir çene baranda il-gün aýtdyrman-diýdirmän gerekdir öýden sözlerini sepläberdiler. Bagşy segsen ikinji ýylda, elli ýaşyndaka agyr derde ýol... |
GAÝLY GÜNDE
Selim Ýamat bilen bir obada önüp-ösüp, ýedi ýyl bir mekdepde okasa-da, onuň neneňsi adamdygyny bilmän ekeni, altmyş dokuzynjy ýylyň gyşynda iki gün ýoldaş bolanda tanady oturyberdi. Olaryň duşuşygyna agyr gar sebäp boldy. Gar ýagyp başlanda raýonyň ferma müdirleriniň ählisi ýygnakda otyrdylar. Selimi geçen ýazda raýonyň goýun fermasyna müdir belläpdiler. Ondan öň mal doktory bolup işleýärdi. Ferma müdirlerini uzak öriden çagyryp, mallaryň dok hem ýyly gyşla... |
ZÄHER
"Öňün oýun bildim, soňun puç bildim." Magtymguly. Bu dünýäde aýdylmadyk söz ýok, “Köne duşman dost bolmaz” diýipdirler. Men şu derdimi köne duşman diýip bilýän, ne dep bolýa, ne öldürýä, ne güldürýä. Demigysma diýýäler muňa. Otuz ýyldyr çörneşip ýörün. Keseliň bir namardy boljak ekeni bi, sähel ýerde demiňe ýapyşýar. Baý-baý, alabaharda muň däliligini görseň! Ýaman algyly ýaly, teý bokurdagyňdan elini aýranok. Demi sogulyp barýarka adam... |
РАЗДУМЬЯ НА КРАЮ ТУРКМЕНСКОГО КЛАДБИЩА
"Ступай на кладбище и там ты погрузись в раздумья, Тела мужей великих обратились в прах." Махтумкули Начну с грустной шутки. Один туркмен как-то побывал на армянском кладбище и, вернувшись к себе, с восторгом рассказал сородичам обо всем увиденном, в конце добавив: “Ну, просто умереть захотелось!” У меня нет ни малейших сомнений в том, что сказано это было совершенно искренне. И вот почему. Передо... |
11. Magtymguly hem Atabaýew |
9. Türkmeniň oňurgasyny ýazdyrdylar |
5. Atabaýewiň mert ölümi |
3. Atabaýew diýenini etdirýär |
TÜRKMENE ÝARAN OGUL / Söhbet |
10.
Ejesi etli şüle diýip eglemedik bolsady, Ýagmyr öýläne galman, dolanyp geljekdi. Şüläni öýde iýmän, Altynyň paýynam alyp gaýtdy. Magazindan bir kilo ýuka köke, bir kilo dikeç gant aldy. Eşegini haýdadyp gelýärkä, ýolboýy Altyna bolan duýgusyny aňladaýjak sözleri taýynlady. Altyny çölüň maralyna deňedi. Altyn maraldan has owadan, ýöne şahyrlaram owadan zenanlary marala deňäpdirler. Altyny tawusa deňedi. Tawusyň owadan guşdugyny okapdy, gözi bilen görmändi. Altyn ýaly daýanykly, ... |
5.
Altyn giç ikindinler geldi. Eşeginden düşerine mähetdel, Ýagmyr haýdap, gaňňadan horjuny aldy. Onuň höwesekligine Altyn üns bermedi. – Kino gelipdir, gör-de geläý – diýdi. – Bile gidäýeli. – Kelçerme. Horjunda somsa bardyr, ejeň iberdi. Altyn börügini teläriň agajyndan asdy, başyna öýme daňdy. Gök öýme ýüpek keteni köýnege şeýle bir gelişdi welin, Altynyň tarypyny edip oturmaly boldy. Ol şähere-de şu köýnekde barypdy. Muny gaýyn atasynyň balnysa äkidi... |
ÖMÜRZAÝA
"Ömürzaýa ýyldyz kimin bataýyn!" Halk aýdymyndan. 1. On alty ýaşyna giden Ýagmyr 1953-nji ýylyň awgust aýynda özünden on ýaş uly Altynyň ýatan çatmasyna girdi. Ol aňyrdan Altynyň ýeke bolmagyny arzuwlap gelipdi. Mämmet traktorçynyň gije gawun başynda ýatyp, gündiz köplenç oba gaýdýanyny Ýagmyr gowy bilýärdi. Mämmet traktorçy Altynyň gaýyn atasy. Traktorçy diýilse-de, häzir ol traktor sürenok, brigadanyň daýhanlar üçin eken gaw... |
TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY DÖWLET BAÝRAGYNYŇ LAUREATY ÝAZYJY TIRKIŞ JUMAGELDINIŇ 80 ÝAŞ ÝUBILEÝI MYNASYBETLI SÖHBETDEŞLIK
■ ÖZÜM HAKDA GYSGA SÖZ Durmuşyň ajysyny görüp, ezýetli günleri başyndan geçirmeli bolan adama görmedigi görde galdy diýilýär. 80 ýyllyk ömür ýoluma ser salyp oturşyma şol sözi maňa-da aýtsa boljak diýýärin. Ikinji jahan urşy başlananda men bir ýaşymda ekenim, SSSR bilen faşistik Germaniýanyň arasynda dört ýyla çeken aýylganç uruş tama... |
7. TÜRKMEN BOLJAK BOLMAK
“Adam özün bilmez, ham-hyýal bolar.” Magtymguly. “Pylany, senem adam boljak bol” diýilýär. Berilýän maslahat, edilýän talap düşnükli. Adam bolmak, ýa-da adamçylykdan çykmak bir şahs üçin häsiýetli zat. Onda “türkmen bol” ýa-da “türkmen boljak bolmak” diýen ündewe nähili düşünse bolar? Bu ýerde adamyň durmuş ýörelgesine, etikasyna milli çäklilik beriljek bolýan-a däldir? Belki, şahsy etikanyň geriminden has giň ýaýrawda kabu... |
11. MILLI IDEÝA GÖZLEMELIMI?
“Türkmenleriň öz ýoly bolmaly. Şu günki günde ýeke-täk türkmen döwletinde elini serip ýören adam ýokdur. Munuň ýaly döwleti görmersiňiz, oglanlar!” Saparmyrat Türkmenbaşy. Türkmeniň milli idealy bolupmydy diýen sowala bolupdy diýip jogap beripdik. Ideallar, ideýalar tarpdan gözläp tapylanok, olar halkyň ösüş ýolundaky zerurlyklardan döreýär. Zerurlygyň gözbaşyndaky alamatlary jemgyýetiň ähli agzasynyň duýmagy, bilmegi h... |
10. MÖWRITI ÖTENIŇ GUSSASY
Gahrymanymyň başyndan inen gussa maňa Çehowyň “Üç uýasyny” ýatlatdy. Dünýä edebiýatynyň iň inçe gussaşynasy sowugyň çygly howany kristala öwrüşi ýaly, gussadan lybas tikip, uýalara geýdirýär. Ykbalyň emri Moskwada önüp-ösen uýalary welaýatdaky şäheriň juda gamgyn, ýata suwy ýada salýan tukat ýaşaýyşyna ýüpsüz daňyp goýupdyr. Olaryň kiçisi Irina: “Men Moskwa göçüp barjagymyza dynman garaşýardym, ol ýerde göwün islegimi tapmalydym, onuň arzuwyndadym, oňa sö... |