AHYRKY DOLAN AÝ
Dolan Aýyň kümüşsow meňziniň saralyp, eliňi uzatsaň ýetäýjek ýaly bolup görünýän nurana gijesi. Howanyň biraz çigregi bolsa-da, sergindi, dem almak ýakymlydy. Ýöne başga bir ýakymsyz zat bar. Bu gije, iki gün bäri bütin ýer ýüzüni sarsgyna salyp, serimsal eden habaryň dogry bolup çykmaly gijesi. Telewizoryň-radionyň ähli ýaýlymlarynda, şol bir ajy habar, şol bir umytsyz äheňde gaýtalanyp dur. “Absolýut tizlik bilen bize tarap ýetip gelýän meteoridiň, Ýer bilen çaknyş... |
TÜMMEK
Goýun. Ýekeje-de geçi ýok. Bir süri goýun. Öňbaşynyň jaňam serkä derek bir çak önelgeden galan garry goýunyň boýnuna asylan. Hakyky öňbaşy bolsa, hol gara sazagyň kölegesindäki, üstünden guş uçmaýan, astyndan gömülgenem geçmeýän tümmek-sekiniň üstünde. Elinde-de egrem-bügrem taýagy. Boş çopan. Ondan aşagyrakda çopan bar. Ol çopan däl-de Boş çopanyň buýruklaryny ylahydan gaýdan ýaly, keramatlaşdyryp maňa ýetirýän çapar. Menem näme, eýýäm çak edensiňizle, siziň sadyk guluňyz ço... |
UMYT KÜLE BILEN KIÇI SÖHBET
Umyt Küläni tanamok. Döredijiligi bilen “Galamdaşda” tanyşdym. Eserleri, gözlegleri, tapawutlanmagy bilen ünsümi çekdi. Onuň bilen wirtual söhbet etmek isledim. Umyt barada bilýänlerim – diňe onuň edebiýata höwesi we ýaşynyň 26-lygy. Onuňam men barada ullakan bir maglumaty ýok. “Jigim, agam” diýmegi kän halamasamam bir gezek, ýarym gezek diýeýin, iň bolmanda meniň ondan ýaş babatda uludygym bildirsin: – Jigim, Umyt. Sen täze nesil diýi... |
KREMATORIÝ
Ýok, menden owadan sözlere garaşmaň! Men size dile çeper ýazyjysumaklardan däl. Ýogsam ýazyjy bolmak iň uly arzuwymdy. Ýöne rugsat bermediler. Adam düşüner ýaly hatym-a beýlede dursun, şol haty emin-arkaýyn ýazara stolumam ýok. Deriň ysy siňen kirli ýassygy iki epläp äňimiň astyna goýup, höwessiz ýazýan ýazgylarymy özümem okap bilemok käte. Dogtaryň haty ýaly. Wiý, ýogsa-da men dogtar ahyry. Onda-da nähili... Ak geýimli adamlaryň salkyn otagda, ýap ýagty çyr... |
ILKINJI ÝITGI |
DUBLÝOR
Durmuşumyzda adamlar köp. Hemmesi ýadymyzda-da galanok. Käbirlerini bolsa, tanamasagam, üýtgeşik adyny, keşbini, sözlerini ýa sesini aňymyzdan çykaryp bilmän gezýäs. Diňe şol hakda pikirlenip däl-de, meselem sesini eşiden badymyza tanaýas, ýöne kimdigini bilemizok. Bizem şol tipdäki adamlaryň biri. Ýok, aýdymçy däl. (Olar diňe sesi bilen tanalanok. Özüni mazamlagyç bolýa olar.) Dublýaž aktýory. Siz meni tanamarsyňyz. Ýöne häzir “Garri-i, men öýe girýän”-diýerin welin,... |
EGOIST / (Hyýaly egokyssa)
Men juda egoist adam. Muny hemişe-de boýun alýan. Institutda okaýarkam, iň gowy gören dersim bolan sosiologiýada aýdylmagyna görä: egoistlik – külli ynsanyýete mahsus häsiýet. Meniň egoistligimi welin, Ýer ýüzündäki otuz alty müň adamyň ählisine deň paýlap berseňem, deňizden çekerläp alan ýaly boljak. Ynanaýyň, bular gury gep däl. Sözlerimi bir topar mysallar bilen tassyklaýyn: ejem-kakamdan bölek ýaşaýan, şu ýaşda bolup öýlenemok (halaşýan gyzymyň ýoklugy... |
08 Telefon budkasyny getirip goýanlaryna iki hepde boldy. Oň bilen hiç kimiň işem ýok. Täzeçe dem alýan şäherde, muzeý eksponaty ýaly, taryhyň bir parçasy bolup dur. Tutuşlygyna gyzyl reňkde bolsa-da, ony kimse saýgarmaýan dek göýä. Penjirämiň gabat garşysynda bolmadyk bolsa, belki menem üns bermezdim. Onsoň hersi bir ýana howlugyp barýan başagaý adamlary sen neneň günäkärlejek?! |
TOWUK KETEKDÄKI ÖRDEK
Ýazyp-pozup ýören adama obada ýaşamak kyn düşer eken. Sebäp diýseň, obada geçen her günüň bir kitap, her pursatyň bir hekaýat. Ýaman ýeri, bu günde-günaşa gözüň kaklyşyp duran dürli-dürli hüý-häsiýetli (häsiýetsiz), gylykdyr adatly sähraýylaryň her bir-her bir hereketlerini gür berip, aňy ýerindäki adamy ynandyrjak gümanyň ýok. Ine, biziň Gahrymanyň kösenýän zadam şol. “Öz aklym almaýan zatlary ýazyp, kimi ynandyraýyn?!”-diýiberýär. Köçä çykyp, il gezere hajat ... |
"Düýşler" Toplumyndan
■ GAÇMAK Agyr bulutlar ýere degäýjek bolup dur. Çygly hem salkyn alagaraňkylyk. Birde garşydaş ýele ganatlaryny gerip, howada asylan ýaly bolup duran bürgüdiň ötgür garaklary bilen ýeri synlaýan, birde gaçgagyň howsalaly dideleri bilen sümelge gözleýän. Dem salymdan aç ýyrtyjynyň işdäsi açylan nazaryny oljanyň yzyndan ýollaýan. Awyň aljyraňňy atygsaýan, awçynyň howlukmaç gürsüldeýän ýürekleriniň deň çykýan sesi, aýaklarynyň astyndaky suwuň p... |
HASSA
– Weý, alada etme, inim. Görmedik ýaly bolup gidersiň, enşalla. Eli gül-ä bularyň. Sen-ow, göz öňüne getir, meň kellämi açdylar. Ine, şu käsäni bar-a, açyp, içinden bir zatlar aýyrdylarmy, goýdularmy, soň täzeden ýapdylar. Hawa, bu griže diýýäniňi dagy gözlerini ýumuwam aýrar bular, hä. – Aýdanyň gelsin-dä, ýaşuly. Agyry etmän gezip-gezip, böwrekdir öýdüp, oňa bir topar leçenýe alyp, ahyry aýakdan galansoň geläýdik-dä. – Şeýdýäs-dä. Ýanyny ýere bermän, balnise ge... |