SURATA DÜŞENDE ÝAŞLAR
Surata düşende ýaşlar, Baglar yranyp düşdi, Daglar seleňläp, Ýapraklar yrgyldap, Otlar ygşyldap, Serçeler bökjekläp, Gumry çöp-çöpläp... Asman açdy mawy gözün, Gelip bilmedi bulutlar. Ýel gaýtalap şol bir sözün Düşdi porhan boluplar. ...Bir ýaşlar dymdylar, Doňup durdular. * * * Günä baryn edipdirin, Ýogsa özüm ýaş heniz. Ejemi... |
DOSTLARYMA
(Hassanyň oýlary) Besdir, ýanym alyp oturmaň beýdip, Gidiň-de aýlanyň, geziň dünýäni. Siz ejiz däl, ýa küýki däl, ýa göýdük, Boýuňyz bar depe ýaly, diň ýaly. Erbetligi gowulyga özgerdiň, Synlap säherlerde derin gülleriň. Men ýaşaýşyň ýalňyz ejirin gördüm, Siz lezzetin goşawuşlap gönderiň. Kesel oglanlykdan ýüregmi dilen, Goýmady ol sekiden hem bakmaga. Siz ýaşlyk hyjuwňyz... |
DÖWREBAP BOLJAK BOLUP…
Gullukdan gelelim bäri ýalbar-ýakar edip, ahyry öýdäkileriň razylygyny gazandym. Az garaşdyrmadyk pagtamyzyň ýyllyk girdejisinden ýüzi durşuna ekeran bolup duran telefon alyndym. Alan badyma-da dostumyň ýanyna eňdim. – Geçir nämäň bolsa… Şu, indiden beýläk sizden galsam… Dost dost bolaýýar, tüweleme, kän zat geçirip, ugruny-ýoluny öwredip goýberdi. Bar-bar, menden bar, şeýle eli açyk dostly… Dostumyň ýanyndan uçup gaýtdym... tä howlymyza ç... |
SÖÝJEK
Meniňem söýmäge hakym bar bolsa Hem söýgimi aýamaga bir ömür: Her säher-de keşbin birjik üýtgetmän, Goňşymyzyň melleginden jyklaýan Güneşi söýjek. Kakamyň gabarçak-gabarçak elin, Ejemjanyň aladaly keşbini, Sesini söýjek. Göleli sygrymy, towuklarmyzy, Her gezek görende mäläp çagyrýan Geçimi söýjek. Okuwdan gelemde allowarradan Guýrugyn bulaýlap öňümden çykýan Güjü... |
ÇAPAR
Ahyrsoňy gelmeli ýerime geldim. Belent dagyň gutaryp, baýyrlaryň başlanýan ýerinde, bir harsaň daşyň düýbünde oturan saryja gül. Güllere laýyk terlikden galpyldap durşuny görüp, munuň gözeldigini beýle nygtaplar goýberendigine indi magat göz ýetirdim. Hawa, ol: ‘’Gapdaldan öwsen şemala çalaja yrgyldap durşy hem göreni aňk edýändir’’ diýenini-de ýöne ýere aýtmandyr. Ýöne bu gül hem ýeke oturanlygy üçinmi, üstesine-de bilbiliniň ýoklugy üçinmi, hakykatdan hem periş... |
SURATÇY
Surata düşürýän adam ýerinde dur. Şäheriň merkezi. Etrabara gatnaýan awtobusdyr kiçi awtobuslaryň säginip geçýän esasy duralgalarynyň biri. Eýläň kiçi bolmadyk bazar, beýläňem atynyň öňünde oturan şahyryň heýkeli goýlan giň meýdança, has dogrusy, seýilgäh. Ikisiniň arasyndanam uly, uzyn ýol ýazylyp, süýnüp ýatyr. Gyrarakda çep elini maňlaýyna tutup, gelmeli awtobusyna däl-de, durmuşyň düýbüne seredýän ýaly bolup, ak sakally ýaşuly dur. Gulaklygy arkaly d... |
"ÝAGYŞ ÝAGDY..."
Ýagyş ýagdy, Dynman ýagdy, Ýuwdy ýeri, baglary, Baglardaky guşlary, Ýazlyp ýatan daşlary, Pytrap ýatan çöpleri, Güjükleri, pişikleri, Aynalary, işikleri, Haýatlary, üçekleri... Garaz, ol bar zada nuruny çaýdy, Diňe adam ondan bukulyp galdy. *** Men bir bent ýazdym: Süýji agy bilen başlanýan, Dowamy duýguly, lezzetli, Alada hem ýazyp gidýän, Kä ... |
AGAMA
Çagalaň üstünde dawalaşma:ly, Nurana yüzleriň syryp yşnagyn. Ýuwaş sesde düşünşeli, goý, olar Öwrenmesin bizden gygyryşmagy. *** Töwerek-daşymy sowuklyk büräp, Has artansoň gussalarym, ezýetim, Alaga-da penjirämde gül goýdum, Gül bolup görünýär indi gözýetim. *** Güýçli, näziň uçurjylyk ýokumy, Diňe men däl, zemine-de eçilseň, Ötägitjek terk edip öz okuny. 1... |
"BAHAR GELDI..."
Bahar geldi, Şahalarda ýapraklar Düzüm-düzüm şelpe deýin asyldy. Şemally gün galgadylar şemala, Ýelsiz güni geçirdiler asylly. Ýyldyzlary sanap gysga gijeler, Tüp yssyda saýa boldular olar. Mäkäm asyldylar şahalaryndan Diýip ynam bilen: "Kim bizi ýolar?" Howa çigrän wagty welin, olarda Galmady ozalky şowhun-şagalaň. Kem-kemden saralyp, solup hem tänip, Ýerinde biri hem ga... |
"HENIZ BALAJYKKAŇ, ÇEPIKSIJEKÄŇ..."
Heniz balajykkañ, çepiksijekäñ, Durjan-durjan, ýörjen-ýörjen mahalyñ. Agylañdan, gülküleñden üstaşyr, Özleriçe sypalandyr ýañagyñ Gül ysly, jöwzaly, sary ýaprakly Hem garly şemal. Ýyllar geçer, penjegiñ hem ulalar, Belki, gyzlardanam bolar halanyñ. Mahal-mahal kaklyşanda nazarlar, Her ýan gatnadarlar söýgi salamyn. Gül ysly, jöwzaly, sary ýaprakly Hem garly şemal. <... |
"TÜM GIJELEŇ GARA SAÇYN AGARTDYM..."
Tüm gijeleň gara saçyn agartdym, Dostsuz. Iň bir agyr işleň başyn agyrtdym, Dostsuz. Şat mahalym güldüm ýüregmi açyp, Dostsuz, emma: Bu gün ýalňyzlykdan bilmedim geçip, Dostsuz... Wepa PIRNEPESOW. |
"ÝENE GÜÝZ, GAPYMDA ŞO-OL DYMYP DURŞY..."
Ýene güýz, gapymda şo-ol dymyp durşy, Bilýän, açamasam-da girer öýüme. Eýse myhman bolman özün urar ol, Maňa nesip etjek ýas-u-toýuma. Goýalar ünjülem oslagsyz ýerden, Ýene-de gussalar çöker kalbyma. Ine görseň, gülüp duran ýüregmiň, Gülküleri öwrülendir salgyma. Ýalňyz özüm ýalňyz galyp dünýede, Ýalňyz duýgularmy bilmerin telläp. Ol bolsa bir hamrak naçar ene ... |
GOŞGULAR Köşeşenok seni görmek höwesim, |
Bilýänem dälsiňiz...
Ençeme ýyl öň Gyşyň bir güni Menem doguldym. Aladaçyl ejem Söýgüsi bilen Ulaltdy-da, ýola salyp goýberdi Görkezen dünýäsinden. Şoň üçin şindem Ejemiň söýgüsi, Aladasy ejemiň Ýüregimde, serimde Görünip du:r, Görünip du-ur... Soňra bir gyz meni söýdi. Yşkyna bäs gelip bilmän, Meni söze öwürdi, Aýdym edip aýtdy Endiredip jahany. <... |
EÝ, DOSTUM, HALAS ET..! Eý, dostum, halas et, meni nämährem, |
WATANYŇ DEMI
Säher çagy, giç agşammy, parhy ýok, Serhetsiz oýlardan saýlanyp biraz, Gujak açyp alnyňdaky barlyga, Islänim, islegim, syn ediň, garaz. Şol pursatda gabagňyzy goýberip, Uludan bir demiňizi alyň siz! Hyýalda atlanyp tämiz şemala, Dünýä şatlyk bolup nazar salyň siz! Görersiňiz şonda, bakan mahalňyz Bu gözýetim öňküden-de görklener. Nazarlar eglenip, pikir-aladaň Biygtyýar tanapsyzam ö... |
SEN ŞOL AGŞAM...
Sen şol agşam “Gerin – diýdiň, bilýäňmi, “– Meni küýsäp ýekesirän mahalyň”. Des-deň edip o ýanmy hem bu ýanmy, Barmy heý-de küýsemedik mahalym!!! Men seni agtardym, gijeden-gijä, Her gezegem daňlar çykdy öňümden. Mähellä goşulyp umytly, nije, Gözledim adamlaň hümerindenem. Adamlaň bolşuna galýaryn haýran, Olar gijelerni uklap geçirýär. Tümi ýagtyltmaga çyralar ýaýran, A olar çyr... |
SORAG
Ýaňy bir dördünji synpa geçen Seýran, ýakynda gullukdan gelen Yzzat kakasynyñ ýanyna ýygy-ýygydan gatnamagy çykardy. Öwrenişdigiçe-de ýanyndan aýrylasy gelmedi. Käteler Yzzat kakasy bilen oturyşyna onuñ ýanynda uklap galaýmasam ýok däl. Seýranyñ ejesi dagy bu ýagdaýy başda oñlamadyk bolsalar-da, Yzzat: “-Bor-la gelneje, meñ ýanymda bolubersin”- diýensoñ olaram arkaýynlaşdylar. Seýran onuñ daýaw göwresine seredip, ýörände-de şoňa meňzäsi geldi, işlände-de… Ulalanda özi hem edil... |
INTERNET
![]() Iş otagyma gelip, ýaňy bir stolumyň başyna geçendirin, işdeş gelnejelerimiň biri (gelnejeler diýsemem, olar bary-ýogy iki sanydy) gapyny kakyp, içerik ätledi. Giribem, begenmekden ýaňa oturmana karary ýetmeýän ýaly, gapyň iç tarapynda ozalam idili togalak bolmadyk gözlerini hasam inçeldip, ýylgyrdy durdy. “Oturaýyň” diýip, zordan oturtdym. Gözel gelnejäniň bu bolup durşun... |