Результаты 1-8 из 8 по запросу Ysmaýyl Hataýy


"Şa Hataýy muhabbete bakaryn,
Doly menem, dolulara akaryn..."

Ysmaýyl Hataýy

"Şa Ysmaýyl (Ysmaýyl Sefewi ýa-da Şah Ysmaýyl Hataýy), Eýranda gurulan Sefewi türkmen döwletiniñ düýbüni tutujy we ilkinji hökümdary.
Doly ady: Abulmuzaffar ibn Haýdar as-Sefewidir."

http://kitapcy.com/news/2019-05-08-6830

"Saparmyrat ...
Täzelikler » 2021/06/23 - 24.06.2021

SEFEWI DÖWLETINIÑ HÖKÜMDARY
   
• ŞA YSMAÝYL HATAÝY

Şa Ysmaýyl (Ysmaýyl Sefewi ýa-da Şah Ysmaýyl Hataýy), Eýranda gurulan Sefewi türkmen döwletiniñ düýbüni tutujy we ilkinji hökümdary.
Doly ady: Abulmuzaffar ibn Haýdar as-Sef...

SAÝYLAR

"Hüw" diýeliñ, gerçekleriñ demine,
Gerçekleriñ demi nurdan saýylar.
On iki ymam hataryna uýanlar,
Muhammet Alyga ýardan saýylar.

Üç gün eken bu dünýäniñ sapasy,
Sapasyndan artyk bolar jepasy,
Gerçek erenleriñ nutky, nepesi,
Biri kyrkdyr, kyrky birden saýylar.

Yhlas bilen gelen bu ýoldan dönmez,
Dost bolan dostuna ikilik sanmaz,
Äri hak görmegen hakykat görmez,
Gözi görer, emma körden saýylar.

...
Täzelikler » Goşgular - 08.05.2019

ÇALYŞMAN

Muhabbet bagynda bir gül açyldy,
Bir derdim bar, müñ dermana çalyşman.
Ýüküm lagly merjen, dürler seçerin
Bir derdim bar, müñ dermana çalyşman.

Ähli guşlar dile geler ýaz diýr,
Gözel durnam Şamdan geler güýzim diýr,
Meniñ ýaralarym hatar-hatar diýr,
Bir derdim bar, müñ dermana çalyşman.

Garyp bilbil köñlüm eglär ses bile,
Niçeleriñ ömri geçdi ýas bile,
Yzlaýyp tapanym kämil pir bile,
Bir derdim bar, müñ der...

Täzelikler » Goşgular - 07.05.2019

BIR NEPES, BIR SAZ

Bu gün ele almaz oldum men sazym,
Arşa direk-direk çykar owazym,
Dört zat bardyr bir garyndaşa lazym,
Bir ylym, bir kelam, bir nepes, bir saz.

Gözel Aly çyksa, çyksa salynsa,
Bedir Aýlar kimin dogsa, dolunsa,
Dört zat bardyr garyndaşa, bilinse,
Bir haýyr, bir şer, bir ybadat, bir nyýaz.

Ýaz olanda çaýyr-çemen üstüne,
Armagan sunarlar dosty-dostuna,
Dört zat bardyr, ony almyş destine,
Bir şahyn, bi...

Täzelikler » Goşgular - 12.11.2018

HAKDAN-DA GEÇER

Batynymda diýdi maña bir eziz,
Muhabbetden geçen Hakdan-da geçer.
Bermäñ nesibini, ryskyn kesiñ siz,
Muhabbetden geçen Hakdan-da geçer.

Muhabbet adamu Haky Ýaradar,
Muhabbet etmeýen jan murdarydyr.
Dünýä-u ahyret ýüzi garadyr,
Muhabbetden geçen Hakdan-da geçer.

Gerçek olam bir nepese ynana,
Janymyz bereris gurban janana,
Lagnat olsun ykraryndan dönene,
Muhabbetden geçen Hakdan-da geçer.

Dört ...

Täzelikler » Goşgular - 03.11.2018

IMANDAN ALDYM

Ygrar berdim, dönmen Tañry öýünden,
Berdigim ygrary imandan aldym.
Başga seýran gördüm özüm-özümden,
Bu muhabbeti men Merdandan aldym.

Nar-u, bad-u, suw-u häkden halk oldum,
Özüm-özüm ene rahmynda buldum.
Müddet tamam oldy, dünýäýe geldim,
Bu ybratnamaýy jahandan aldym.

Bildigim unutdym, eýlärem perýat,
Derdim budur, dil ýok, isteýem imdad,
Tekrar ýene taglym etdi bir ustad,
Dersimi mekdebi-irfandan al...

Täzelikler » Goşgular - 31.10.2018

Şa Ysmaýyl HATAÝY

▶ NIDA GETIRDI

Bir gün Muhammet öýde otyrka,
Dört melaýyk oña nida getirdi.
Selmanyñ çigninde geldi bir oglan,
Yzzat bilen gözel kelam getirdi.

Muhammet oglanyñ salamyn aldy,
Galkyban aýaga "Aýdyber!" diýdi.
Muhammet oglana ýerini berdi,
Oglan geçdi namazlykda oturdy.

Jebraýyl diýr: "Bu oglany bilsedik,
Yzzat edip salamyny alsadyk,
Üstümizde menlik baryn görsedik,
...
Täzelikler » Goşgular - 18.07.2018