Результаты 1-20 из 21 по запросу Zöhre Öwezowa
"ÝATLAMARSYÑ MENI GOWY GÜNÜÑDE..."
![]() "Bir gün meni ýatlarsyñ..." (Aýdymdan) Ýatlamarsyñ meni gowy günüñde Her kes degre daşyñ gallap duranda. Durmuşuñdan razy, işleñ oñ bolup, Göwnüñ belentlerde galgap duranda. Işleriñ rowandyr, söýgiñem ýetik. Arkañda doganlañ, bardyr dost-ýaryñ. Wezipäñ eliñde, demi... |
ŞAPAK
![]() Peşgeş ber maña yşgyñy Uçmaga ganatym bolsun! Dag bol, arkamyñ söýesi Duşmana haýbatym bolsun! Dünýä dolup ýaz gelende, Ýagmyrlary saz çalanda, Ruhum galgadyp belende, Yşgyñ başda tugum bolsun! Söý meni, söý-de apala, Sen iññe, menem sapaga, Tä gyzarýança şapagam Diñlänim söhbetiñ bolsu... |
"ÝARYM MAÑA GÜL GETIRSIN..."
![]() Ýarym maña gül getirsin Bahanasy ýaz gelipdir. Ýarym bagra bassyn meni, Göwne doly näz gelipdir. Arzuwlary umman, umman Gursak gökde kürek urýa. Duygularym dymmañ, dymmañ Ömür elden gidip barýa. Kän zatda däl gözüm, göwnüm Ýar ýanymda bolsa besdir. Al ýañagma elwan beren... |
MEN SENI ÝIGRENÝÄN
Men seni ýigrenýän söýenim üçin Şelaýyn gözlerñe bolup bendiwan. Tutuş ömrüm boýy saña garaşyp biwepalygyñy etmän hiç güman Geçiren günlerme ýatman geçiren gijelerme haýp men seni ýigrenýän, söýgime aýyp Men seni ýigrenýän bolşuñ deý bolman Illere üýtgeşik görneniñ ùçin. Sende gördüm ynan Meger kyrk ýüzi Bolup bilýämişin namyssyz kişiñ Hem özüme jepa berýän dyngysyz sen... |
ALYSDAKY OÝLANMA
Alasarmyk pikirlere çolaşyp gidip baryan ýat iileriñ ýolundan. Sensiz galan ykbalymdan sowaşyp bu dünýeden ýok bolmakdy pälim meñ. Heññam agyrlygy duÿman aÿlanÿa ýol-ýodalar bir - birinden saýlanýa. Sen bolmasañ saklap bolmaz ýolundan Umydyn ýitiren köñül saýlansa. Umytsyz asdym men alys yollary ganatym gyrylgy, göwnüm ýaraly. Meni ýene dereklige çagyrýa oraşan düýşlerim başy sa... |
BU ŞEÝLE BOR...
Sen bol-bolma, asla, ýok eken parhy. Günler tirkeşip dur aýlar aýlanyp. Señ boşan otagña gözüm düşmese Maña kär edenok soñsuz aýralyk. Baramok señ bilen barlan ýerlere. Dostlaryñy görsem görmedik bolýan. Ýaşamak borjum bar, çünki men ene Çagalarym üçin ýaşajak bolÿan. Zeýrenmek islämok, razy pelekden. Beslenýan, guwanýan, öñki deý gülýän. Gözlermiñ göreji süýjüje balam Süleýmanym... |
GURSAGYMDA WATAN YŞGY GAÝNAÝAR
Alysda galsa-da ady kalbymda görki gözlerimde gosgy gaýnaýan. Josgunly baharly, gussaly guÿzli Gursagymda Watan yşky gaýnaýar. Göraÿmäge güller meñzeş güllerne guşlaram saýraýa guşlary ýaly. Baharlary gelýä bahara meñzeş gyşlaram Watanmyñ gyşlary yaly. Emma nämüçindir kalbym gussaly, Atygsaýa Watan ýaýlalaryna. Mawy asmanyna aşyk gözlerim Aşyk güýzde göçýän ... |
"HYÝALLARYM DEŞIP BARÝAR GURSAGMY..."
Hyýallarym deşip barýar gursagmy, Göwün guşum meñzeş algyr laçyna. Saña tarap uçup barýan peri deý, Mymyk şemal müşgün sepýär saçyma. Saña tarap süýnüp barýan ýyldyz men, Sil men daglañ depesinden ýaz alan. Eretmäge alyp barýan mähriñe, Señ ýürek owazyñ - maña saz bolan. Saña barýan, serpip gussany birýan, Goşa ykbal bagty mälim-le eziz. Saña arzuwlarmy äkidip barý... |
"SAÑA MENI BAGLAÝAN ZAT..."
(Ýat ýere düşen gyzyñ monology) Saña meni baglaýan zat Yşkmyka?! Bilmedim. Ýöne seni görsem ganatyn ýaýyp Kalbym, Saña sary atygsaýa Gözlem ýone goýup bilmän gülmesin Ýaşarýa. Men çyndan aglaýan öýdýän Seni maña duşuran bu ykbala Siñip gidýan sary ýag dey hamala Saña bagly bar barlygy söýýän men Ýagşylyk edesim gelýä baryna Òwülesim gelýa: "Pylan... |
GÜÝZ GELSE...
Nämüçinkä?! Aşyk bolýan her gezek, Zemin zer lybasyn atynan çagy Arşda karar tapman aglajak bolýan, Çal bulutdan öýme oransa baglar. Baryny, gözümiñ ýetýän ýerini Bagryma basasym gelýär gujaklap Mähriban birini gören mysaly Hasratyny ýüz ýyl bagrymda saklan. Gürlemejek gözlerime dil bitýä Dilim hakda aýtmagymam gerek däl. Güýz gelse ... Guş göwün asmana ýetýä Ý... |
DÜYŞ
Gyş sowuk, gyşdanam sowuk ykbalym Ýollañ çarkandagna gaýra dur diýýän. Ýolum bar, sallama köpri mysaly Hallan atýar dag gerşinde iki ýan. Gözbaşynda sen, Men ortasynda Gerdenimde ýüküm, durun yegşerip. Saýlap bolmaz eken berlen ykbaly. Geçeniñi geljegiñi seljerip. Sensiz ömür ýok ýalydy meñ ùçin. Asyl sensiz ölüm ýok eken, asyl. Sen jeza ekeniñ, jepa ekeniñ Senden soñ ömrümde degişdi... |
OÝLANMA
Bir ýerlerde Gün dogandyr Sabalary bolsun haýyr. Bir ýerlerden sebàp berip Allam, Ünjülermi aýyr. Bu gijäniñ tümlüginden Gara pikirler çogup dur. Töweregiñ pisliginden Garaşmadygyñ dogup dur. Köpden bäri agram salýan Pikirler uky berenok. Ýaşyl sähraly heýjanly Sen hakda düýşem göremok. Ýat ýerleriñ ýowuz gyşyn Geçip daban-daban basyp. Ýüregime düşdi gas... |
"GÖZÜMDE UKY ÝOK ÝENE BU GIJE..."
Gözümde uky ýok ýene bu gije, Egnime atylgy gara şalymam. Garyşyk duýguly bir göwün bile Alyp durun penjiräniñ ýanyny. Ak kepderi maña habar getirdi, Gaýdyp gelýämişiñ ýene yzyña. Daşarda gyş, dünýämde gyş düşledi, Sen gideñde dünýä bardy güýzügen. Sen maña düýbünden ýat bolduñ ahyr, Göýä geçen ýaly aradan asyr. Unutdym, geñ dälmi bu unudylyş, Tanadykmy bir-bire... |
"BIRI ÝANÝAN DIÝSE AÑLAMANDYRYN..."
Biri ýanýan diýse añlamandyryn Ýanmak - ody däl ekeni ojaryñ. Ýanmak - keç ykbala sözüñ geçmänsoñ, Içde ýanan islegimiş ajalyñ. Howaýy geçirlen ömürmiş ýanmak. Göwnüñ kimin gòvne duş bolup bilmän. Basalanan duýgularyñ zarymyş, Ýarym galan toprak daş bolup bilmän. Zarymyş ol ýaşalmadyk ýaşlygyñ Ahmyrymyş bir nadana duş bolan. Bir gezek berilýän ömrüñ sedasy Hyý... |
"BU GÜN SENI KÄN ÝATLADYM..."
Bu gün seni kän ýatladym, Agladym, güldüm azajyk. Ýaşlykdy, ýanan otduk ýa?! Ýa ýeldik?! Gitdik azaşyp Arzuwdyk, Ak guwduk göýä Ýaýylgydy ganatymyz Bir ýoldy bizi äkitjek Garaşyp durdy atymyz Bir ýoldan dönjekdik yza Maksady gujaklap bir gün... Emma arzuwlaryñ bary Edildi ömürlik sürgün Sen bir gyza aşyk bolduñ. Meñ yş... |
ENEME...
Mähribanym, geç güñämi başarsañ, Aladalam bile garratdym seni. Gujagymda saklamaly halatym, Ýene ýollaryma garatdym seni. Owadan gözlerñi goýdum intizar, Bilýän ýollaryma bakýañ her daýym. Enem janym, öt günämi başarsañ, Diñe öz aladam wahhh... men guraýyn. Jañ etsem görünse mahriban keşbiñ. Gowrup barýan bu dar dünýä giñeýä. "Sag aman gel, men garaşar otyryn" Diýýäñ meñ göwnümi ... |
BOŞLUK...
Awusy kän, agysy kän, Çagalygym boýny buruk. El salgaýa alyslardan, Söýesiz bir ýerde durup. Ýañajygy gyzaryp dur, Şarpyklaryñ degen yeri. Bir söýünçli ýatlama ýok Ýesir düşen ejiz seri. Kakasyz-mähirsiz, nursyz Naşy dünýäm, çaga kalbym. Uzaklarda el bulaýa, Gözi ýaşly göýä salgym. Yzy, sagy-soly boşluk, boşluk, boşluk... Zöhre ÖWEZOWA. Sta... |
"SEN - GYŞ, MEN ÝAZ BOLÝAS KÄTE-KÄTELER..."
Sen - gyş, men ýaz bolýas käte- käteler, Çünki yşk gaýnaýa aralygmyzda. Sen mensiz doñ bolup doñduryp barýañ, men sensiz sil bolýan aralygynda. Sili bilýäñ, agzynda ak köpürjik Iñ soñky dem, dünýä biten mysaly. Emma bir ýylgyryş, ýekeje jümle Bar zat gül, Dünýä-de öñküsi ýaly. Sensiz maña ýaşaýyş yok, ölüm ýok... Mensiz saña ýer ýok ýaly ... |
"DYMÝAN BOLSAM, SEBÄBI BAR, ELBETDE..."
Dymýan bolsam, sebäbi bar, elbetde, Doñupdyr duýgyma siñen kelamym. Hyýalymda ýüzüm ýelpär ýelleriñ, Gulagymda ýañy ýagýan jalanyñ. Saña bagly ykbalyma buýsanyp, Kän egipdim başym Tuguñ öñünde. Şol günleriñ küýsegini duýsana, Saña bolan yşk gaýnaýa demimde. Tarypyñy dil bilen däl, jan bile Edýän göwün kapasada çyrpynýa. Aksa, adyñ tutjak gyzgyn gan bile, B... |
"DILIÑ GÜRLEMÄGE EJAP EDENIN..."
Diliñ gürlemäge ejap edenin, Sessizligiñ böwrün deşip ýaz, galam. Dünýä duýmasa-da kalbyñ ejirin Ýazanlaryñ aýdym bolsun, saz, galam. Bu gün yşka düşüp sämese serim, Derdimi señ bile beýan ederin. Kalbyñ çuñ yerinden çykaryp telin, Güllän duýgularym bolar söz, galam. Yşka düşen derde düşer bilersiñ, Seniñ bile Hakdan medet dilesin. Saña agram salyp çykarman sesim ... |