06:42 Täze ýyl | |
TÄZE ÝYL
Goşgular
Gyrawlapdyr gara zülpi gözelleň, Gar basypdyr daglaryňam kemendin. Görüp, küregenläp ýagýan ak gary, Çagajyk deý ýüregimden begendim. Bu günümiz - ertämiziň myrady, Bu günki gün ertir meniň geçmişim. Gök arçanyň, bol nygmatyň başynda, Gel, seň bilen hoşlalaşy ýetmişim! Dünýämize dynçlyk berip täze ýyl, - Aşyk ýigdi magşugyna gowşursyn. Şahyrlaň ylhamam daglardan inen, Bahar bulagy deý dynman möwç ursun. Kiçi-ula unutmasyn salamyn, Goňşy gelip goňşusynda çaýlasyn... Hezzet-hormat bilen garşylan ýylym, Her göwüniň öz yrsgalyn paýlasyn. Öwezdurdy NEPESOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 01.01.1971 ý. | |
|
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Muhammet / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Soňky sonet / Goşgular - 10.07.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Sen bu jahan mülküni Kapdan Kaba tutduň, tut... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Ak atly şazadam haçan gelersiñ / Goşgular - 11.09.2024 |
√ Bäsdeşlik / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |