23:52 Ganatly jümleler | |
GANATLY JÜMLELER
Sözler
Biri Alladan başga hiç kime mätäçliginiñ ýokdugyna ynansa, Alla-da ony hiç kime mätäç etmez. Alla her synagyñ soñuna bir gowulyk gizläp goýupdyr. Alla saña bir gowy zat bermezden öñ seni kyn synagdan geçirýär. "Rebbiñ üçin sabyrly bol" ("Müdessir" süresiniñ 7-nji aýaty). "Aýatel-kürsi" okanymda duýýan arkaýynlygyñy hiç bir howpsuzlyk edarasy berip bilmez. Alla birdir. Başga zatlara ýüzlenip wagtyñy bihuda sarp etme. Hemme zadyñ açary Onuñ ýanynda, hemme zadyñ erki Onuñ elinde. Sen ýoluma daş zyñýarlar diýýänsiñ. Belkäm Alla ol daşlary seniñ girjek jennetiñe köpri edýändir... Gyş gelende Ubeýd ibn Amr şeýle diýipdir: "Eý Ehli-Kuran! Gije siziñ namazlaryñyz üçin uzady, gündiz bolsa orazalaryñyz üçin gysgaldy. Beýle bolsa, mundan peýdalanman galmañ!" Mazarda ýatan, Allanyñ azabyndan we jezasyndan halas bolan, dünýä durmuşynda rahat ýaşan möminden başga hiç kime imrinmedim. Allanyñ Resuly (s.a.w) aýdypdyr: "Bir zada bolan söýgiñiz sizi ker we kör edip biler. Siz onuñ kemçiliklerini-de görmersiñiz we eşitmersiñiz". Ebu Mesut el-Ensary (r.a) rowaýat edýär: Resulalla (s.a.w) aýdypdyr: "Eger utanmasañyz, isläniñizi ediñ". Ebu Bekir Syddyk (r.a) şeýle diýipdir: "Hakykatdan-da Alla uly günäleri bagyşlaýar, hiç umydyñyzy üzmäñ. Kiçi günäleri-de jezalandyrýar, aldanaýmañ!" Bişr el-Hafy şeýle diýipdir: "Adamlaryñ özüni tanamagyny isleýän adam soñky durmuşynyñ şirinligini duýup bilmez". Kuranyñ "Möminin" süresiniñ 115-nji aýatynda şeýle diýilýär: "Dogrudanam sizi güýmenje üçin ýaradandyr we huzurymyza gaýdyp gelmeris öýdýärsiñizmi?" Fudeýl bin Iýad (r.a) şeýle diýipdir: "Ýer ýüzünde şöhweti terk etmekden agyr zat ýok". Geldi-geçer dünýä üçin ebedilik ahyretiñi puç etme! Dessine namaza başla!.. Alla üçin döz gelip sabyr eden her bir kynçylygyñy Rebbiñ görüp oturandyr. Sufýan es-Sewri şeýle diýipdir: "Takygyny Alla bilýär, ýöne bize aýdylyşyna görä möminiñ kyýamat güni öz amal depderinde garşylaşjak sogaplarynyñ iñ köpi şu dünýäde gören kynçylyklary we çeken gaýgy-hasraty bolarmyş". Şeýh Albani şeýle diýipdir: "Aýal-gyzlar durmuşa çykanda özünden ylym talap etjek erkekleri göz öñüne tutmaly". Takwa zenanlar gyzyldan-da gymmatlydyr. Allanyñ Resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: "Perişdeler nurdan, jynlar gyzyl otdan, Adam bolsa saña bildirilenden (toprakdan) ýaradyldy". Nirä gaçasyñ gelse, gaç! "Alak" süresiniñ 8-nji aýatynda şeýle diýilýär: "Ahyrsoñy Rebbiñe gaýdyp bararsyñ!" Hadyslarda şeýle diýlipdir: "Kim bir ýaramaz iş görse, ony eli bilen düzetsin. Eger muña güýji ýetmese, dili bilen düzetsin. Muña-da güýji ýetmese, ýüregi bilen garşy gitsin (ýürekden ýigrensin). Bu eýýäm imanyñ iñ ejiz görnüşidir". Pygamber şeýle diýipdir: "Garañky gatlyşansoñ çagalaryñyzy özüñize ýakyn saklañ, çünki şol wagt şeýtanlar çykýar. Gije ýarymdan soñ olary öz erkine goýberip bilersiñiz. Gapylary baglañ we Allanyñ adyny zikir ediñ, çünki şeýtan bagly gapyny açyp bilmez". Emin Şinkiti şeýle diýipdir: "At-abraýyny we mertebesini ýitiren adama ýeriñ asty üstünden has haýyrlydyr". Bişr ibn el-Haris şeýle diýipdir: "Düýnüñ öldi, şu günüñ dowam edýär, ertiriñ bolsa entek doglanok". Sufýan ibn Uýaýna şeýle diýipdir: "Eger bu dünýäde eden günälerimizi Alla üstüni bukup gezmäge mümkinçilik bermedik bolanlygynda, adam bilen oturyp gürrüñ etmäge ýüzümiz bolmazdy". Rebbim ýer ýüzüniñ külli musulman ymmatyny öz penasynda aman saklasyn! Sütemkärleriñ süteminiñ soñy gelsin, enşalla! Resulalladan (s.a.w) sorapdyrlar: "Gybat zynadan has erbet bolup bilermi?". Ol şeýle jogap beripdir: "Zyna eden adam bagyşlanma dilese, Alla ony bagyşlap biler. Gybat eden adam bolsa, gybaty edileniñ özi bagyşlaýança bagyşlanmaz". Pygamber (s.a.w) aýdypdyr: "Üç zatdan ýüz öwrüp bolmaz: Ýassykdan, ýagdan, süýtden". Ebu Hureýre (r.a) şeýle diýipdir: "Ýürek - patyşadyr. Bedeniñ synalary - onuñ goşuny. Eger patyşa gowy bolsa, onuñ goşuny-da gowy bolar. Pis bolanda, goşuny-da pis bolar". Allanyñ Resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: "Gara daş jennetden süýtdenem ak ýagdaýda inipdi. Adam ogullarynyñ günäleri ony garaltdy". Ibn Kaýýum şeýle diýipdir: "Eý Allaha garşy gidip, Ondan (Onuñ ýolundan) daş düşüp, ömrüni yrýa eden kişi! Duşmanlaryñ içinde saña seniñ özüñden zyýanly biri bolup bilmez". Çagalaryñyzy takwa we imanly adamlar edip ýetişdirmegi gözden salmañ! Ejeñize özüñizi nämäniñ gynandyrandygyny aýtmañ, çünki ol muña siziñ özüñizden beter gynanar. Ejeñize özüñizi nämäniñ begendirendigini aýdyñ, ol seniñ begenjiñe özüñden has beter begener. Osman ibn Affan (r.a) şeýle diýipdir: "Alla size dünýä ýaşaýşyny onuñ bilen ebedilik ýaşaýşy gazanyñ diýip berdi, oña meýil ediñ diýip bermedi". Jubeýr ibn Mutym (r.a) Resulallanyñ (s.a.w) şeýle diýendigini rowaýat edýär: "Begeniñ! Hakykatdan-da bu Kuranyñ bir ujy Allanyñ elinde bolsa, bir ujy siziñ eliñizde. Oña mäkäm ýapyşyñ we hakykatdanam siz heläk bolmarsyñyz we ondan soñ hiç azmarsyñyz. Kimsiniñ burny bägüñ atyr ysyny alyp bilmez. Kimsi bolsa kekre ýaly ajy ot-çöplerden bal taýýarlap bilýär. Kimsi eden dyrnak ýaljak ýagşylygyñy ömürboýy ýatdan çykarmaýar. Kimsi oña ömrüñi bagyşlasañam, ýene düşünmeýär, gadryny bilmeýär. Sufýan es-Sewri şeýle diýipdir: "Eger ölümi köp ýatlasañ, bu dünýädäki işleriñ seniñ gözüñde jinnek ýaly-da gymmaty bolmaz". Ibn Bazz şeýle diýipdir: "Kim Allany zikir etmek, Kuran okamak, haýyrly adamlar bilen söhbet etmek, gapyllar bilen söhbet etmekden gaça durmak bilen wagtyny gorap bilse, onuñ kalby owadanlanar we ýumşar". Bir garybyñ doga-dilegine gir, seni halas etse, diñe şol halas eder. Allahym! Senden haýyrlysyny islänimde, haýyrlysyna yrza boljak iman we haýyrlysyny biljek syzgyr ýürek nesip eýle! "Nämüçin namaz okamok" diýip däl-de, "Alla meni nämüçin huzuryna kabul etmeýärkä?" diýip gam çekiñ... Buzdan ýasalan dünýä utsañam, utulsañam, ahyrsoñy ereýär... Hiç kim seniñ nämelere hötde geljek bolup ýöreniñi, nämeleri ýeñendigiñi ýa ýeñmändigiñi, nämeleriñ kelläñi agyrdandygyny, nämeleri duýýandygyñy, nämeleri duýmakdan gorkýandygyñy... gysgaça aýdanda, seniñ içiñi özüñden gowy bilip bilmez. Şonuñ üçin elmydama başyñy dik tut. Ozalybetinde sen özüñe, diñe özüñe gereksiñ!.. Ýatmazdan öñ "Mülk" (Tebärek) süresini oka. Ibn Mesut (r.a) Resulallanyñ şeýle diýendigini rowaýat edýär: "Mülk" süresi gabyr azabyndan goraýar". Hadyslarda pygamberimiziñ (s.a.w) "Sežde" we "Mülk" sürelerini okaman ýatmandygy habar berilýär. Özüni täzeden terbiýeläp, täzeden kemala getiren adamdan güýçli adam ýokdur! Toplan Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||