06:56 Rasizm medeniýeti hemmeler üçin howply | |
RASIZM MEDENIÝETI HEMMELER ÜÇIN HOWPLY
Publisistika
Rasizmiñ hapasyndan saplanan arassa howadan dem alasymyz gelse, munuñ üçin hemmeler jan etmeli. Fotosurat: Yoan Valat / EPA Uruşlaryñ elmydama öñünden görüp bolýan netijelerinden biri-de etniki, dini ýa-da mezhep aýratynlyklara goldanýan rasizmiñ artmagydyr. Özem bu ýagdaý aýratynam häzirki Gaza uruşynda bolşy ýaly dini röwüşe bürenen uruşlarda şeýle. Ysraýyñ we onuñ Günbatardaky goldawçylarynyñ ýa-da käbir goldawçylarynyñ taralynda häzirki uruşa degişli dini mazmunly çykyşlaryñ edilýändigini görýäris. Meselem, Ysraýylyñ BMG-daky wekili köplenç ybadat edilende ulanylýan ýewreý tahýasyny (kipa) geýip Töwrat aýatlaryny okady. "Hamasy" we onuñ goldawçylaryny ýa-da käbir goldawçylaryny aýtmagyñ geregi-de ýok aslynda. Olaram bu uruş boýunça dini mazmunly beýanatlary berýär we muny kyýamat ýaly legendar jemlemä baglanyşdyrýar. Şeýle ýagdaýdan diñe bigünä gaza halky däl, hatda Netanýahuwa we onuñ sagçy frontyna garşy çykýan käbir ysraýyllylar zyýan görenok. Ýewropada we Günbatarda ýaşaýan musulman ilatam Günbatardaky çaknyşyklaryñ we propogandalaryñ artmagyndan ýetdik paýyny alýar. "The Guardian" iñlis gazeti "Yslam garşydaşlygy we iudeý garşydaşlygy biri-birine deñ betbagtlyklardyr... Ýewropa bileleşigi ahyrsoñunda muña düşündi" ady bilen makala çap etdi. Şeza Yslamyñ ýazan bu makalasy "BBC" tarapyndanam halk köpçüligine ýetirildi. Awtor Ýewropa boýunça milletparazlygyñ yzyny yzarlanlar ýaly özüniñem Ysraýyl bilen "Hamasyñ" arasyndaky uruşyñ başky günlerinde şu soragy bermäge başlandygyny aýdýar: "Näme üçin Ýewropa bileleşigi ýewropaly musulmanlara we jöhitlere gönükdirilen agressiw jenaýatlary we çykyşlary duruznak üçin has köp tagalla etmedi?" Awtoryñ aýtmagyna görä, oktýabr aýynda ÝB-niñ Esasy hak-hukuklar agentligi tarapyndan geçirilen barlagyñ netijesi Ýewropadaky asly afrikaly adamlaryñ (muña musulmanlaram girýär) "yzygiderli etniki diskriminasiýa, basyşa, rasizme" uçraýandygy barada hökümetlere duýduryş berdi. Pikir soralşyga gatnaşanlaryñ 77%-ne golaýy 2016-njy ýyldan bäri etniki diskriminasiýa duçar bolup gören eken. Geçen noýabr aýynyñ soñunda ÝB habarnamanyñ awtorynyñ aýdyşy bilen "seýrek duşýan" umumy jarnamany çap edip, islamofobiýanyñ giñden ýaýrandygyny duýdurdy. ÝB-niñ garamagyndaky Ýewropa komissiýasy tarapyndan makullanan jarnamada ýewropaly musulmanlaryñ beýleki raýatlar bilen "deñhukukly raýatlardygy-da nygtaldy. Emma awtor munuñ ýeterlik däldigine ünsi çekýär. Şonsuzam raýatlaryñ garşysyna gönükdirilen diskriminasiýa yzygiderli yzarlamagy, maglumat toplamagy, milletparazlyga garşy ýewropaly güýçleriñ köpçülikleýin hereketini talap edýän strukturalaýyn we sistemalaýyn kynçylykdyr. Rasizm jenaýatlaryndaky artyşdan we Günbatardaky "käbir" jahyllaryñ we fanatlaryñ musulmanlara garşy emele getiren rasizm atmosferasyndan duýulýan endişe babatda habarnamanyñ awtory bilen birmeñzeş duýgulary we pikirleri paýlaşýarys. Emma hakyñ we adalatyñ tarapyny tutmaly bolsak, rasizm medeniýetiniñ ýeketaraply däldigini aýtmaly bolarys. Rasizmiñ hapasyndan saplanan arassa howadan dem alasymyz gelse, munuñ üçin hemmeler jan etmeli. Has açyk aýtmaly bolsa, bizem öz jemgyýetimizde, käbirlerimiziñ aýdyşy ýaly dini tutaryklar bilen orta atan rasizm medeniýetini aradan aýyrmak üçin jan etmelidiris. Bu "medeniýet" ilki bilen daşarda bizden üýtgeşikleri, soñam yslam we arap dünýäsinde bizden üýtgeşikleri nyşana alýar. Dogry başlangyç nokady şu. Şahyryñ aýdyşy ýaly: "Ilki özüñden başla we nebsiñi ýalñyşdan sakla". Mişari ZEÝDI, Saud Arabystanly žurnalist. Şenbe, 09.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |