12:48 Ahunyň jogaby | |
AHUNYÑ JOGABY
Goşgular
![]() Eý Taňry, ol ýaryň jemalyn özüň, Bezäp-de, diýýärsin: - Görmesin gözüñ "Bir doly käsäni gyşart-da, dökme!" Diýene menzeýär seniñ bu sözüň. Omar Haýýam. Hyryn-dykyn märekede ahuna, Berýädiler dürli sowaly dinden. Oturan bir kişi nobat ýetende, Öz soragyn aýan eýledi giňden: - Münüpdim köpçülik münýän ulaga, Ajap zenan mündi bir duralgada. Gözümi-hä sowup ýetişdim weli, Burnum eýgertmedi, ys alaga-da. Hoşboý atyr ysy hem zenan ysy, Diýdirdi, "şundan hoş ys bir bamyka?!" Ysgadym, barybir çar ýana siňjek, Tagsyr, maña indi günä bormyka?! Kimler güldi muňa, kimler aňkardy, Jogaba garaşyp märeke doňdy. Köpi gören ahun egnini ýygryp, Ýylgyryp oňdy. "Beýik Taňry maýdalykdan has beýik", Diýjek boldy, nämüçindir diýmedi. Manysyz geplerden aýňaltmak üçin Märekäni başga gepe güýmedi. 2024 ý. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||||
| |||||||