09:08 Ata-babalarymyzyñ paýhaslaryndan | |
ATA-BABALARYMYZYÑ PAÝHASLARYNDAN
Sözler
- Awçy ýaragsyz, ekin bagbansyz bolmaz. - Bir elde bäş barmak bar, ýöne olaryň her biriniň wezipesi bar. - Taý atyň yzyndan ýörär. - Ýagyşda bürgüt jüýjesini, aýazda özüni gorar. - Ýaramaz howa gowy howa öwrülip biler, erbet kişi oňat adama öwrülmez. - Pis adamyň ýakymly sözi bolmaz. - Süýt soramaga gelen tabagyny gizlemez.. - Şu günki ýumutga, ertirki jüýjeden gowudyr. - Ogrynyň haltasy deşikdir. - It doýan ýerini,ynsan doglan ýerini unutmaz. - Toprak gurply bolsa, daýhan baý bolar. - Il bolan ýerinde batyr tapylar. - Watan-altyn sallançak mysalydyr. - Bir adamy ýeňip bolar, halky ýeňip bolmaz. - Möjegiň çalyndan, namardyň alyndan gork. - Ynsanyň şamçygagy goşa dideleridir. - Baýlygyny ýitiren garyp däl ynsabyny ýitiren gedaýdyr. - Goňşynyň dogandan ýakyn bolýan wagty hem bolýar. - Ene-atanyň gadyry perzendiň ýetişende bilinýär. - Dost-dogan gadyry ýalňyz galanyňda duýulýar. - Orta ýaşda aýalyň ölmesin, orta ýolda arabaň döwülmesin. - Ogly atasyny, gyzy ejesine hemişe meňzäp duranok. - Ýykylmadyk at, ýalňyşmadyk adam bolmaýar. - Söz daşy döwmesede, daş kelläni döwermiş. - Dowar bakmadyk goýun-geçiniň gadryn näbilsin! - Itiň samsygy ýer gazar, zenanyň akmagy gep gözlär. - Gahrymanyň gelip çykyşyna däl-de, bitiren işine baha berilýär. - Süri malyň bolandan her obada dostuň bolsun. - Dost ýüzüňe, duşman aýagyňa sereder. - Ganyň ysyn garga biler, ýoluň ugrun ýorga. - Ynsanyň görküne däl-de, paýhasyna baha berilýär. - Manyly söz baýlykdan gymmatdyr. - Gadymy söz—halkyň gaznasy. - Ýagy söz tagamly aşdyr. - Bergili däl-de, hassalan öler. - Myhman bolsaň diliňi sakla, ynsan bolsaň diniňi. - Erbet adamdan ýagşy söze garaşma. - Ýamany görmedik ýagşynyň gardyn nä bilsin!. - Daň atmasa gün çykmaz. - Ýagyş topragyň bagtydyr. - Gurduň gurugyny kesselerde möjekligine galýandyr. - Gün alysda ýerleşýän bolsa-da zemini ýyladýar. - Yrsgal-nesipden:” Nirä barýarsyň?”-- diýip soranlarynda?—“Agzybirligiň bar ýerine!” diýenmiş. - Garrygyzyň hem bagtly bolmagy mümkindir. - Ýazda ýylandan gorkan, güýzde ýüpden gorkarmyş. - Ir ýörän geçen ýoluna begenermiş - Garrylyk kesel bolsa-da onuň bagtly pursatlary bolýar. Toplan: Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |