ON SEKIZINJY PASYL: MEKRUH IŞLERI ÝOK ETMEKLIKDE ULANYLÝAN ÇÄRELERIŇ BEÝANY
■ Hekaýat:
Günlerde bir gün Nowşirwan adyl geçen şalar, soltanlar we pygamberler baradaky taryh kitabyny okatdyryp, üns bilen diňläp otyrka Allatagalanyň Süleýman pygambere külli haýwanlaryň, yns we jynslaryň, guşlardyr ýyrtyjy haýwanlaryň ygtyýaryny berendigini eşidip öz ýanyndan kemsinipdir. Onuň gözüne öz dolandyrýan şalygy kiçi görnüp, ýürekden gaýgylanyp kitap okaýanlaryň ýanyndan turup gaýdyp, üç günläp öýünden çykman hapa bolup ýatypdyr. Wezir-wekillere şanyň ýanyna barmak gadagan bolupdyr. Ýurtda gep-gürrüňler ýaýrap, halk binjalyk bolup, tertip-düzgün gowşap başlaýar. Wezirler beýle ýagdaýdan ätiýaç edip kazylaryň kazysy Möbidi Mobidanyň ýanyna baryp:
— Eý, şeragat ylymlarynyň kazysy! Ýurduň ruhy atasy! Adam boýunça diňe sen şanyň ýanyna baryp, arz-şikaýatlary aýdyp bilýärsiň. Öz bilşiň ýaly, üç günden bäri patyşamyz öýünden çykanok. Bizi kabul edenok. Ýurduň işleri duran ýerinde dur. Halk biynjalyk bolýar. Ýurda duşmanyň içalylary aralaşyp ugrady. Şamyzyň ýanyna baryp, ýagdaýy düşündirmegiňizi sizden haýyş edýäris! —diýip ýüzlenipdirler. Kazy wezir-wekilleriň ýüzlenmesini kabul edip, Nowşirwanyň ýanyna baryp:
— Eý, şahy-älem! Siziň bile ýagdaýa düşmegiňize näme sebäp boldy? Munuň haýsydyr bir syry-hikmeti barmy?! — diýip sorapdyr. Nowşirwan uludan demini alyp:
— Eý, kazylaryň beýigi! Sen bir alym adam. Men üç gün mundan ozal öz ýaranlaryma taryh kitabyny okatdyryp, eşidip otyrkam Süleýmana Allatagala tarapyndan berlen uly güýç-gudraty eşidip, öz şalygymdan göwnüm geçdi. Bu güýç-gudratly şalyk meniň gözüme kiçijek göründi. Men ýurdumy ýaprak, özümi bolsa onuň üstündäki garynja ýaly aýagasty duýdum. Ýüregimdäki gam-gussa bilen oýe gaýtdym. Üç günläp ýanyma hiç kimi goýbermän ýatdym — diýip jogap beripdir. Kazy:
— Eý, şahym! Şeýle kiçijek zadam sizi horlaýarmy?!—diýen-de, şa:
— Hawa, kazy! Şol waka zerarly men ruhdan düşdüm — diýip jogap beripdir.
Kazy:
— Eý, şahym! Sen bir täsin adam ekeniň. Allatagala guşlaryň, haýwanlaryň, döwleriň peri-peýkerleriň we jynlaryň ygtyýaryny pygambere beren bolsa, saňa bütün Rum ülkesiniň, beýik pars döwletiniň erkini beripdir! — diýip degişme bilen ýüzlenipdir. Kazydan şeýle sözleri eşiden Nowşirwanyň göwni açylypdyr. Gam-gussany unudyp, köşgüne gelip. Ruhubelentlik bilen ýurdy dolandyrmagyny dowam edipdir.
Hekaýalar