08:58

Diñe Söýgi Hakda...


▶ GITDIM

Gitdim, mümkin däldi galmagym, çünki
Pidasydyk aýry şertleriñ, wagtyñ.
Şol günde,
Şol ýerde,
Señ bilen galdy -
Şatlygym, hyýallam, gijigen bagtym.

Gowuşmagyñ rowa görülmeýşi deý,
Aýralygam bizlik däldi, bu mälim.
Bizi bir bedene baglan syrly bag,
Señ duran ýeriñe bakdyrdy telim.

A sen bolsa galyberdiñ çäresiz,
Emma bakyşlaryñ diýýärdi "Gitme!"
Ah, şol pursat tükenipdim, eý ykbal,
Günäm näme?
Bu ne agyr içikme?!

Şol pursady unutmaryn hiç haçan,
Hergiz gitme ýok keşbiñe dünýämden.
Bile okan şygrymyzy, gör, indi,
Sessiz aýdyp, köşeşýärin, diñýän men.

Ýok, aýralyk däl bu!
Düýşlerimde sen,
Ömrüme gün goşýar tende janlygyñ.
Men gitsemem, unutmarsyñ, mähriban,
Aýanmydy sañ perişanlygym?!..

Gitdim, mümkin bordam galmagym, belki,
Sen kalbymy duýan soñky hem ilki.

▶ BIR PURSATDA...

Bir pursat ýeterlik şatlygyñ, bagtyñ,
Gelip düýpden özgertmäge ykbaly.
Höwrügersiñ şat heñlere sen göýä,
Gussaly sazlarda ýok ýaly many.

Hawa, onsoñ senem bagtlylar ýaly,
Ýaşarsyñ, durmuşa artyp höwesiñ.
Hem pikrin edersiñ nädip dolmagyñ,
Geçen şo:ol adaty günleñ öwezin.

...Bir pursatda eýe bolunan bagtyñ,
Sen bilmek islärsiñ serhedin, çägin.
Emma bir pursatda ýitiren zatlañ,
Aýt, nämüçin gözlemeýäñ sebäbin?!..

▶ GARAŞARYN

Giden gelýän bolsa göz dikseñ ýola,
Garajak, gözlermi aýyrman bir dem.
Hiç zat goýma, yşgymyzy aýara,
Saña garaşmagy bes etsem, irsem.

Dönüp bolsa pursatlara, gaýtadan,
Suratlarmyz düşürjek däl elimden.
Düşnüksiz ahwallar gelse ýeñseden,
Bolup biljek däl ekeni çeniñ deñ.

Juwanlygmyz dolap bilsek yzyna,
Asla ýer bermäli pirime, ala.
Bakmaýyn men seni gözläp ýyldyza,
Hem soragmy jogapsyz goýan ýola...

▶ GELIPSIÑ MENI IDÄP...

Gelipsiñ meni idäp,
Bolupdyr halyñ bitap.
Talanan kerwen deýin gugarypsyñ, eý aman.
Kalbyń ýerden dilik, emma ýaşyrjak bolup,
Örtýärsiñ eliñ bilen üstüni uly ýamañ.

Diýýäñ: "Ozalky salgyń bolupdyr gury salgym,
Kyn düşdümi garaşmak gelmez wysala ýokdan".
Eý, ýalñyş ýerden gözlän,
Dideleri ümezlän!
Seret, indi gözlerim garaýar saña gökden.

Rahat hem juda aýan seni arşdan synlamak,
Ýok, men asla ýalñyz däl!
Mydam gözlemde keşbiñ.
Öz-özümden lowladym, hasrat çekişiñ görsem,
Şatlanañda ýene-de öñkim ýaly köşeşdim.

Ara daş boldugyça, ýakyndym saña has-da,
Gaýgylarmy undardym, käte göge bakañda.
Seni bagyşlamadym.
Hiç bagyşlap bilmedim!
Maña ýazan şygryñy ýat gözele okañda.

Bilýäñmi, bu ahwala şaýat bulutlar şonda
Ýagdy, ah... deñizde gämiler galdy azaşyp.
Sen näme etdiñ?!
Ozalky endigiñe görä,
Gaçmadyñ, bagryña basdyñ,
Gollaryñy giñ açyp.

Hawa, sen öz bolşuñdan tapyp näzil teselli,
Mañlaýñy örten saçy gañrardyñ yz-yzyna.
A men bolsa şo pursat ilki göremdäki dek,
Gaýtadan aşyk bordum, ýene saña ~ özüñe.

Gelipsiñ bu gün idäp, hem kinw edýäñ biraz,
Sensiz ötürenime niçe gündür aýymy.
Indi özüñw bagly, isle ýazgar, isle söý,
Aýt, men nädip küýsäýin, ýitirmedik zadymy?!..

▶ AHWAL

Dünýä imasala, öñki-öñkülik,
Gije dañ egnine başyn goýanda,
Dogýar Güneş täze umytlar bilen.
Emma nämüçindir sebäbin gizläp,
Kalbymda ýat dilli duýgular kileñ.

Nämeden gapymy gulpladym diýip,
Açyp gitmeler,
Duýdansyz içimi çekmeler,
Içgepletmeler.

Ne beýle küýsemek?!
Ýagyş suw-sil bolup, öpýär topragy,
Bu wysala şaýat bolan baglaryñ
Güýz gelmezden saralypdyr ýapragy.

Höwürtgesin taşlanoklar guşlaram,
Diñe men sygamok belli mekana.
Bir tesellim ~ sebäpli uzyn gije.
Käbämiñ gujagny dolduran göwräm
Zerreçe ýok,
Dünýäniñ goýnunda öwrülip hije.

Sebäbine düşündim,
Mahal-mahal özümi terk etmeleñ,
Duýdansyz içimi çekmeleñ,
Içgepletmeleñ.

Ine, durun,
Soñunda hakykat açdy huzuryn,
Ah... dertli ekeni geñ yşkdan ruhum...

10.11.2017 ý, "ADALAT" gazeti.

◆    ◆    ◆

▶ ÝÜREK ESERINI ÝAZAN SYÝANY

Her gelen hasrata asla dözmedim
Duýdurmadan has daşlaşdy aralyk.
Kalba hemdem hatlaryñy gözledim
Ýatyr olar ýapraklar deý saralyp.

Wagt günlere hökümini ýöredip
Kagyzyna ýetirse-de zyýany.
Başarmandyr teýkaryndan mizedip
Ýürek eserini ýazan syýany.

Ýene-de ýalñyz men öñküler deýin
Bilmeýän bu täleýime höwrügip.
Nirede sen, haýsy takdyra boýun
Ykbalymy ýalñyzlyga öwürip.

▶ EZIZIM, MEÑ ÜÇIN ŞYGYR ÝAZSANA

Ezizim, meñ üçin şygyr ýazsana
Ony özüñ oka gözlerme garap.
Şygryñ bilen äkit meni bu ýerden
Yşkyñ ummanyna, ýürege tarap.

Ýelk ýasan hyýallae asla boýun däl
Şowsuz ömri inkär edýär serimde.
Az wagtlygam bolsa ýaşasym gelýär
Inçw duýgularyñ dömýän ýerinde.

Oka, men diñläýin özümden geçip
Şemiñ tüme aşyk bolup ýanşy deý.
Gussasyn bahara aýan buludyñ
Bägülleriñ leblerine damşy deý.

Galmaga rugsat et, ýürekde baky
Isle doly, isle meni telbe saý.
Gerek däl panynyñ köşgi-eýwany
Razy, kalpan ýetse dyz eperlik paý.

▶ KIM BIZ?

Ne söýgüli bolduk bagry badaşan
Ne-de bir dost bolduk hyýallary bir.
Jandan ýakynlygyñ, ýatdan daşlygyñ
Sebäbin tapmadym
Aýtsana, kim biz?

Özgermedi hiç zat, öñki-öñkilik,
Güneş dogýar sensiz geçmejek günde.
"Şu iñ soñky" diýip goýan nokadym
Täze şygryñ düýbün tutýar köñülde.

Bir ömüre çökder gelen söýgimiz,
Goýdy meni bärde, señ paýyñ añry.
Şondan soñra ne-hä birleşip bilýäs
Ýaşap hem bilmeýäs, özbaşdak aýry.

Daşlaşdygyñ saýy artýar ezýetim
Golaý gelseñ, çür depämde gözýetim...

▶ SYRLY ÇABGA

Üstümizi basan duýdansyz çabga,
Guýdy, öñküsi däl, bardy geñ haly.
Hamana şondan soñ, şo günden soñra,
Göýä bu ýerlere dönmejek ýaly.

A biz bolsa pitiwa-da etmedik,
Geñ ahwaly garşyladyk adaty.
Çünki ýüregmizem pälimiz ýaly
Juda sadady.

Gaçmadyk, gaýta-ha gollarmyz ýaýyp
Bagra basdyk rehmetini semanyñ.
Seni derde goýsa ezilen saçlañ
Meni bolsa hopukdyrdy jemalyñ.

Sendedi ýollary söküp idänim
Aýapdyr gözleñde özün gözellik.
Gaşlaryñ, dodagyñ ajaýyp çyzlan
Ýok olarda ne artyklyk, ne kemlik.

...Sowlup ýetişmänkäk penakär ýere,
Üstümizi basan şol syrly çabga.
(Gelmedi bir gezek, dolanmady hiç
Oýlanýan, häzir ol, gör, nirde ýagýa).

Şonda aýan eken oña ähli zat ~
Bu ýerlerden başyñ alyp gitjegiñ,
Terk etjegiñ...

▶ NÄTANYŞ ÝAKYNYM

Ýakyn tanyş däldik, asyl bir gezek
Görmändik ýüzüni birek-biregiñ.
Emma şu gün seni tanadym derhal
Otyrkañ tirsegñe çala direnip.

Gözleñde nämälim dünýäñ ataşy,
Bilmen, garaýşyñda haýsy hazyna?!
Öwrüldim heýkele duran ýerimde
Ýa anym terk etdi, ýa doñdy syna.

Nätanyş keşbinde gelen, ýakynym,
Aýt, haçan, nirede ýitirdim seni?!
Ýa men mätäçdimmi ýa sen gözlediñ,
Bat ahyr her zadyñ öz çaky-çeni.

Daşyñdan her näçe başga bolsañ-da
Mähremi tanamak mümkin däl yşka.
Emma tanap bilermikäñ sen meni ~
Sebäp dertlem küti, duýgulam ýuka.

Ätmedim bir ädim bolsa-da ara
Çözmänkäm uly bir soragy häli.
(Kenara gowşanda güýçli tolkunyñ
Bat bilen yzyna tesişi ýaly).

...Bir gün özüm tanadaryn, ýok bermen,
Ruhuñ ynjamagna özge bedende.
Gaýtadan ýygarys ylham lälesin
Asman rehmet damjalarny seçende.

18.08.2017 ý, "EDEBIÝAT we SUNGAT" gazeti.

◆    ◆    ◆

▶ MEÑKI BOL!

Nirden nirä barýañ?
Gury sowal bu.
Hyýallarym däldir seniñ deý erkin.
Sen ýolagçy bolsañ, düýnden ertire
Sözle, aýak tozuñ öpen sepil kim?!

Öz guran dünýäñe sygmadyk ruhuñ
Nirede Watany?!
Nirede ýerlär?
"Gal!" diýmek manysyz synyñdan çekip,
Gözlegiñ başgamy,
Ýok, ýok, ol men däl.

Emma nämüçindir dyzymda başyñ
Günleñ alawyna duş gelen pilläm.
Muny näçe duýdurmajak bolsañ-da,
Sen juda üýtgeşik,
Dözümsiz iññän.

Sen maña asman deý uzakda, emma
Kalbyñ zemin ýaly ýürekdeş, ýakyn.
Söýeniñ bolsam-da, ýoly saýladyñ
Onsoñ saklamaga ýok meniñ hakym.

Señ giden ýoluña bakmaryn asla
Atyp bilmen duýgularñy howsala.
Garaşaryn goýup giden ýeriñde
Bir gün meni sensizlikden kowsalar.

Garaşaryn, gije düşer.
Dogar Gün.
Belki, güýzem geçer, geler gyş, bahar.
A men bolsa bizi ezen şol çabga
Sowal berip, senden alaryn habar.

Çünki ol gizlemez menden hiç bir zat
Eder sen hakynda bilýänin beýan.
Ikimiziñ pynhan bolan syrymyz
Şol çabga ~ bir şoña bolupdy aýan.

...Alyslar salgaýar golun, bolsun ýol,
Dönäýseñ, goýberme elim, meñki bol.

▶ SEN GELDIÑ

Aýdarmyñ kimligiñ gözlerme garap,
Haýyş etsem, hiç günüñe goýmasam.
Ataşa ymtylýan perwana deýin
Pisint etmän nämäñ garaşýandygna
Señ jogabyñ üçin ursam pelesañ.

Tanamak zeruram bolmazdy eger
Garaşan bolsadym kimdir birine.
Swn hakynda bilmek islän zatlarmy
Özümden, öz niýetimden gözlärdim,
Emma geldiñ garaşmankam hiç kime.

Jahankeşde diýsem, matlabyñ deñ däl,
Derwüş diýsem, "hüw" çekenñi görmedim.
Eý, sesi köñülden çykan bilbilim,
Bir dillen, nämedi seni bu ýere
Gelmeklige mejbur eden gözlegiñ.

Ümsümlige werziş bolan dünýäme
Görülmedik çabga bolup geldiñ sen,
Depgini hiç nota gabat gelmeýän
Juda näzik nagma bolup geldiñ sen,
Ah... manysyz geçen günleñ soñuna
Bozulmajak tagma goýup geldiñ sen.

Göwnüme ähli zat özgeren ýaly,
Ulaşdym ahwalna yşkyñ, heseriñ.
Ýyllañ tizligine bat bersem ozal,
Indi dileýärin yza teserin.

Sen geldiñ, barlygyñ ömrüme many,
Ýazmaga yşk hakda täze dessany...

Gurbanjemal ANNAKOWA.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 09.03.2018 ý.

Surat: Ilýa Repin / "Какой простор", 1903
Категория: Goşgular | Просмотров: 985 | Добавил: Нawеran | Теги: Gurbanjemal Annakоwa | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Hasap / Goşgular - 18.02.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Suratkeş / Goşgular - 26.01.2024
Bu şäherde / Goşgular - 10.02.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Мylayym  
83
Täsin goşgular.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]