07:19 Döneýin | |
DÖNEÝIN
Goşgular
"...boýuña döneýin" Kemine Öwüt saýma köñüldäki sözlerim, Haýyr görmek isleginde gözlerim, Bahre al nurundan güler ýüzleriñ, Ele berip el, başyña döneýin. Adamzatdyr adamzadyñ syrdaşy, Dostluk mähri dogan eýlär gardaşy, Hak beripdir,ýeke göwrä bir başy, Hereketiñ kyl, başyña döneýin. Ýene bir zat: muny hasam döwnäli, Zyýada garalap,artyk öwmäli, Saldamly bol,yramasyn göwräñi, Çala öwsen ýel, başyña döneýin. Eliñ bilen eken bagyñ almasy, Göwniñ joşdy:r eliñ bilen ýolmasy, Gara göwräñ oturmasy-turmasy, Bagtly ýagdaý-hal, başyña döneýin. Gam leşgeri kalbyñ içre dökülse, Melamat tohumy köñle ekilse, Töhmet ýüpi boýna ilip çekilse, Hakykata gal, başyña döneýin. Hemme güller tikeni ýok gül däldir, Hemme eller ýüzüñ ýuwjak el däldir, Durmuş saña şaglap ýatan ýol däldir, Bu zatlary bil, başyña döneýin. Güýçli bolar ejizleriñ gözýaşy, Gargyş pi:li böwet eýlär gözbaşy, Bolup galsañ ýaman gepe sözbaşy, Alnyñ suwsyz çöl, başyña döneýin. Naçar dogan mydam mátäç saýaña, Ýüzüñe syl,mährin guýup aýaña, Uýalañdan mylakatyñ aýama, Ejizligin bil, başyña döneýin. Degre-daşyñ hoş niýetli garasañ, Gamly görseñ ahwalyny sorasañ, Atalaryñ ýodasyndan ýöreseñ, Duşar rowan ýol,başyña döneýin. Aýyñ-güniñ,enen-atañ barlygy, Şolar bolsa bolmaz göwün darlygy, Ýaradanyñ beren medetkärligi, Şol sylagy bil, başyña döneýin. Garaýolly ajy köpdir ýakymdan, Durmuş ybaratdyr go:mly akymdan, Ugur alsañ höwesden däl,akyldan, Ahmyryñ kem bo:r, başyña döneýin. Şyhymyrat ABDYLLAÝEW. Iýul 2018 ý. | |
|
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Däliden dogry habar / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ Asmaýar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Hoş sözli goşgy / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ "Meni meger şahyr eden..." / Goşgular - 16.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||