05:10

Ene hamraklygy / hekaýa

ENE HAMRAKLYGY

— Eje, biz nirä barýas?
— Şähere, oglum.
— Nämüçin?
Aslynda, bu soragyň jogaby, ýeňil ýaly görünse-de, Gülnar üçin örän agyrdy. Soragyň jogabynyň perzendi bilen bagly bolandygy üçinmi ýa-da öňlerinde nämeleriň garaşýandygy üçinmi, bu soragyň jogaby agyr boldy. Belli däldi. Hiç zat belli däldi. Belki-de, şu pynhanlyk onuň gözlerine nur berip, kalbyna umyt bagladýardy. Içindäki harasat, garyşyk pikirler, maşynyň tizliginden hem ýokary tizlik bilen gidip, öňde duran näbelli ykbalynyň gapysyny kakýardy. Çünki ol ýaňy dil biten oglunyň duýdansyz beren soragynyň jogaby üçin şu ýerdedi, ähli gam-gussasyny paýlaşyp barýan ýoldady...
Köpetdagy etekläp oturan obanyň tebigatam, adamlaram üýtgeşik bolýar. Ir ertirden başlanýan hereketler — horazlaryň gygyrmagy, täze dünýä inen guzularyň enesini emmek üçin mäleýşi, entek gurap ýetişmedik, täze ýyglan gökje ýorunjanyň sygyrdyr göleleriň agzynda kitirdeýşi, ir bilen saglan süýdi başyna çeken çagalaryň birgeňsi şapbyldaýşy daň sazyna täsin owaz goşýardy. Gülnar hem hamana daň ataryna garaşyp oturan ýaly, öý bilen aşhananyň arasynda ýelk ýasaýardy. Çagasyna hem-de işe barýan ýanýoldaşyna ertirlik taýýarlajak bolup başyna gaýdy. Ol ertirligi birkemsiz taýýarlap, ýanýoldaşy Batyry çagyrdy. Batyr saçagyň başynda oturan ýerinden:
— Gülnar, hany Ýusup jan?! Näme oňa ertirlik berjek dälmi?! – diýip sorady.
Gülnar uludan dem aldy-da, şu gezeg-ä düşünersiň diýen terzde:
— Batyr, Ýusup janyň-a birhili ugry ýok. Başyny ýassykdan galdyrasy gelenok. Eýýäm birnäçe gün bäri gyzgynynyň gelip-gitmesi çagamy halys ysgyndan gaçyryp surnukdyrdy. Edilen emlerem, berilýän derman-därilerem peýda berenok. Maşgala lukmanymyzam ýörite çagalara seredýän hassahana, şähere äkitmegimizi maslahat berýär — diýip, ýoldaşynyň ýüzüne naýynjar seretdi. Batyr:
– Gülnar, diýýän zadyň näme?! Agzyňdan haýyr aç. Ýusup jan, tüweleme, gül
ýaljak.Derman-därilerini berersiň welin, gowulanyp gider — diýdi-de, ogly, aýaly bilen hoşlaşyp, işine gitdi.
Gülnar Batyryň bu sözlerinden teselli tapsa-da, hiç arkaýynlaşyp bilmedi. Ene ýüregi mahal-mahal gyzgyn gelip, endamy ot ýaly bolýan balasyna dözenokdy. Ol dessine lukmanyň ýazan dermanlaryny berip, çagasynyň daşynda hozanak bolýardy. Bu gaýtalanyp duran, emma derman-däriler bilen geçiji hassalygyň sebäbini gözleýärdi.
Birsalymdan soň gapyny Hally eje açdy. Ol içerik hem girmän, gapynyň gulpuny tutup duran ýerinden:
– Gelin, gelin-ä, heý, daşaryk çykjak dälmi?! Hanha, göläňem boşanyp,
enesini emipdir. Indi o janawerden süýd-ä alasyň ýok. Ýöne göläni bir gowja edip daňyp goýaweri – diýdi.
Gülnar gaýynenesiniň sözüni ýykasy gelmese-de, çagasynyň ýanyndan aýrylyp bilmän, iki ýana elewredi.
– Enesi, bärik geläýiň – diýip, Gülnar Hally ejäni içki jaýa — oglunyň ýanyna
çagyrdy. Soňra ogly Ýusupjygy görkezip:
– Hiç zat haýyr edenok. Indi näderis? – diýip aglady.
Hally eje:
– Toba, näme etmekden Hudaý saklasyn. Näme bolanmyş? Çalaja üşäpdir, bar
bolany. Biz-ä sen ýaly çagasy çala ýoňlap-ýoňlaman ýüregini eline alyp oturany görmedik ýa-da lukman baryny goýman aýlanyp ýöreni. Türkmençilik diýibem bir zat bar-a. Çaganyň gözügýän bolmagam ahmal. Ýüzärlik tütederis, depe dişini basdyrarys welin, derrew gutulaýar – diýip, agtyjagynyň ýaňagyndan ogşady.
Birbada gowulaşan ýaly bolsa-da, Ýusupjygyň kän bir hereket edesi gelmedi. Başyny ýassykdan galdyrman ýatanyny kem görenokdy. Günleriň birinde onuň ýagdaýy hasam erbetleşdi. Işdäsiniň düýbünden kesilmegi, has-haslap dem almagy, yzygiderli üsgürmegi Gülnary otdan alyp, suwa oklady. Ýoldaşydyr gaýynenesine gep düşündirip bilmedik gelin nämedir bir zadyň kül-külüne düşüp, öýden çykdy.
Rejäniň öwerlik däldigini aňan Hally eje mallar üçin dograp oturan paçagyny taşlady-da, ylgap diýen ýaly, gelniniň ýanyna geldi-de:
– Eýgilikmi, Gülnar jan! Näme boldy? Haýyr bol-a – diýdi.
Gülnar agy gatyşykly äheňde:
– Enesi, Ýusup jana indi halys ýaranok. Ony şähere äkidip seretdiräýeli. Ýolumyzam uzak däl. Hudaýa şükür, bagtyýar zamanamyz bar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen çagalara mugt seredilýär.
Agtygynyň agyr halyny eşiden Hally ejäniň üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Ol aljyramakdan ýaňa elewräp duran gelnini köşeşdirip:
– Wah, ýaş çaganyň beýle ýagdaýa düşjegi pikir-oýuňa geljek zatmy?! Hernä emgek bolup geçsin-dä. Gülnar jan, gyzym, sen ýol şaýyny tutuber. Men ulagyň aladasyny edeýin. Wah, şu günki gün Batyr janyňam işdeligi – diýip, dessine ulagyň gözlegine çykdy.
Gülnar ene hamraklygynyň juda näzik, üýtgeşik duýgudygyny ozal diňe goşgularda, hekaýadyr powestlerde okan bolsa, bu gün ony özi başyndan geçirýärdi. Howsalaly köňli çagasy derdine em tapman köşeşerli däldi. Ol şu gün ene bolmagyň Taňrynyň zenana eçilen ullakan bagty bolmagy bilen bir hatarda, jogapkärli wezipedigine göz ýetirdi. Okan bir hekaýatyndaky ýagty dünýä gelmäge taýýarlanan bir bäbege Taňrynyň: “Men saňa bir perişde ugradaryn. Ol seniň aladaňy eder. Saglygyňa sereder, geplemegi, ýöremegi öwreder” diýen sözleriniň asyl manysynyň nirededigine akyl ýetirdi.
Hally eje uzak eglenmän, ulagly yzyna dolandy. Gülnar çagasydyr özüne niýetlän goşlaryny, şeýle-de, Ýusupjygy alyp, oňa münmäge gyssandy. Hally eje-de ýaş gelnidir agtygynyň ýany bilen gitdi.
Ulag edil çagalar üçin niýetlenen hassahananyň gabadynda sägindi. Gülnardyr gaýynenesi Ýusupjygy alyp girelgä tarap gyssanmaç ýörediler. Bular habarlaryny aýdan dessine, lukmanlar onuň çaganyň aladasy bilen boldular. Birnäçe barlagyň netijesinde Ýusupjygyň üznüksiz dowam eden hassalygynyň sebäbi anyklanyldy. Öýkene aralaşan sowuklama çagany halys egbarladansoň, oňa dessine degişli bejergiler ýazyldy. Gülnar bolsa hem aglaýardy hem-de çagasyny wagtynda getirendiklerine begenýärdi.
Gülnardyr çagasyny hassahananyň bir otagyna ýerleşdirdiler. Çaga şol ýerde ideg edilmelidi. Soňra Gülnara hassahanada geýmek üçin, egin-baş berdiler. Ol berlen akja ýalygy başyna daňmak üçin öýmesini aýyrmakçy boldy. Görse, başynda öýmesi ýok... Aljyraňňylykdan ýaňa öýmesini unudan bolsa nätjek... Ol türkmeniň milli däplerine üns berýän gaýynenesinden juda utandy...
Batyr işden gelende, öýüň içi gum-guklukdy. Ol oguljygyny görmek üçin howlukdy, emma ony tapmady. Şol barmana goňşy aýal gapydan girdi. Batyra ähli zady bolşy ýaly aýtdy. Batyr gerek wagty telefonyny öýünde galdyryp gidendigine gahary geldi. Soňra ol: “Ýeri, Gülnar başda aýdanda äkitsem bolmaýardymy?! Maşgalamy kösedim öýtýän” diýip, öz-özüne käýindi we Gülnara jaň edip, olaryň halyndan habar aldy. Batyr oglunyň halynyň gowulaşandygyny eşidip, biraz rahatlandy we dessine olaryň ýanyna rowana boldy.
Birnäçe günden soň, Ýusupjyk tut ýaly sagaldy. Olara hassahanadan çykmaga rugsat berildi. Perzentlerini sag-salamat bagryna basan ýaş ene-ata lukmanlara sagbolsun aýdyp, olar bilen hoşlaşdylar.

Gurbanjemal ANNAKOWA.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 508 | Добавил: Мylayym | Теги: Gurbanjemal Annakоwa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024
Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024
Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024

Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Garaýolly  
27
Ajayyp.

0
2 jumagylyjovao  
88
Gowy hekaýa. Ene söýgüsi- Allanyň gudraty bilen ene ýüregine gaplanyp, gizlin syr bilen gulplanan ajaýyp duýgudyr. Ol hiç wagt egsilmeýär. Bir enäniň ýüreginde tutuş dünýäniň çagalaryna ýeterlik söýgi bardyr. Hatda ene dünýeden ötenden soň hem,çaga bu söýgini duýýandyr.Bu söýginiň syry diňe tutuş kalby bilen çagasyny söýýän enä aýan bolýandyr.Şol sebäpden eneler öz çagalaryna howp abananda ýürekleri bilen syzýarlar.

1
3 jumagylyjovao  
88
Bir eneden çagalarynyň haýsysyny has gowy görýändigini soranlarynda ol şeýle jogap beripdir:" Yarawsyz çagamy sagalýança, ýola giden çagamy gelýänçä,körpe çagamy ulalýança we olaryň ählisini ölýänçäm..."

1
4 Мylayym  
83
Büdräp ýykyljak bolaňda-da "Waý, eje jan" diýeniňi bilmän galýaň. Ene bar bolsun, ýok bolsun, her ýerde-de, perişde kimin ýetişmeli-dä. ENE sözünüň bir özünde mukaddeslik, gudrat we ullakan bir dünýä ýatyr.

0
5 Gumlygelin  
8
ENE bolmak meñ üçin öz ýaşaýşyñy terk edip öz janyñ bir bölegi üçin ýaşaýşyñy dowam etmek.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]