00:16 Erdogana uly hormat goýýan meşhur rus režissýory ýazyjy Orhan Pamuga awusyny pürkdi | |
ERDOGANA ULY HORMAT GOÝÝAN MEŞHUR RUS REŽISSÝORY ÝAZYJY ORHAN PAMUGA AWUSYNY PÜRKDI
Publisistika
Käbir ýazyjy-şahyrlar, režissýorlar, senaristler, aktýorlar, umuman döredijilik adamlary ýazan, döreden, baş rolda oýnan eserlerinde deñsiz-taýsyz gahrymançylyk kyssalaryny janlandyrsalar-da, real durmuşda bularyñ ýele ýanyndanam geçmän bilýärler Döwrüñ üýtgäýşini. Adamlar käte bu üýtgeşmä eýerjek bolup ik ýaly pyrlanýarlar. Mal-mülki, at-owazasy barlara deñiç şeýle. "Progressiw" diýilýän "medeniýet adamy" saýylýanlara çenli (hatda kämahal iñ köp şolar şeýle). Şeýle bir günleri başdan geçirýäris welin, tanymal rus režissýory türk syýasy ýolbaşçysynyñ tarapyny tutup, türk ýazyjysyny ýazgaryp bilýär. Kimiñ haýay tarapdadygy belli däl. ABŞ-na we imperializme garşydaşlyk nasionalizmi (her kimiñki özüne bolsa-da), dindarlyk (olam şolar ýaly), LGBT ýaly zatlar bolmajak adamlary bir hatara düzüp bilýär. Ynha, görseñizläñ, Nikita Mihalkow rus telewideniýesinde şeýle bir zatlary aýtdy welin, ol agyr sözleri bilen bir süri syýasatçynyñ, medeniýet adamsynyñ, žurnalistiniñ üstünden tank bolup geçdi. Ol sowet we rus kinomatografiýasynyñ juda meşhur wekili. Hem aktýor, hem režissýor. "Güneş ýanygy", "Sibir dellegi" ýaly abraýly baýraklara mynasyp bolan birnäçe kinofilmleri bar. Onuñ ene-atasy-da döredijilik adamy. 79 ýaşly režissýor ömrüniñ aglaba bölegini köp sanly kinofilmleri döretmek bilen geçirip, adyny taryha girizmegi başardy. Ýöne bu hem oña az bolara çemli, başga ugurlarda-da ýygjam hüjümleri etmäge girişdi. Mihalkowy men onlarça ýyl bäri synlap gelýärin. Bir döwür onuñ özi bilenem tanyşmak miýesser edipdi. Ol syýasat bilen hemişe-de gyzyklanýardy. Ýöne wagtyñ geçmegi bilen onuñ gyzyklanmazynyñ bir aýratynlygy kellämde mazaly anyklaşdy: Ol häkimiýete we häkimiýetde kim otursa şol otursyn tapawudy ýok, oña çäksiz hormat goýýardy we boýun sunýardy. Hem hormata, hem boýunsunujylyga käbir çäklerde düşünse bolaram welin, Mihalkowyñ çäkleri gysga wagtyñ içinde häkimiýetiñ ýallakçylarynyñ tonlaryna gatylyp bilýärdi. "Russiýany söýýär we onuñ güýçlenmegini isleýär". Bolýar, munuñ bilen ylalaşaly, ýöne bu boýunça-da her lider aýry ýoldan ýöreýär-ä. Meselem, Boris Ýelsiniñ we Wladimir Putiniñ ýollary-da, ýogurt iýişleri-de biri-birinden düýpgöter aýry. Bir adam hemme döwürde we her dürli häkimiýete ýakyn duruberse, bu ýagdaý iñkise gitdirýär. Galyberse-de, gürrüñi edilýän adam medeniýet dünýäsiniñ kerwenbaşylaryndan we dokuzy düzüw adam bolandygy üçin "beýtmegiñ geregu barmyka?" diýen soragy döretdirýär. Ep-esli wagt bäri-hä, Mihalkow suwytly bir zat öndüribem baranok. Munuñ deregne telewideniýede häkimiýetiñ tarapgöýlügini edýän çykyşlary edýär. Ýeri bolýa-da, näme edende gowy boljakdygyny onuñ özi gowy bilýändir. Günäsi-de, sogaby-da, ahlak-syýasy jogapkärçiligi-de öz boýnuna. Oña akyl öwredere hetdimiz ýok. Biz esasy gozgamal isleýän temamyza dolanalyñ. Boris Ýelsin we Nikita Mihalkow (çepden saga) • "Türk depderiniñ" depderini düýrme tagallasy Russiýada Wladimir Pozner diýilýän meşhur žurnalist ýaşaýar. Ol hem häzir 90 ýaşynda. Fransiýada doglupdyr. Russiýadan başga-da Fransiýanyñ we ABŞ-nyñ raýaty. Pozner telewideniýede birnäçe şüweleñli telegepleşikleri taýýarlady. Kämahal häkimiýete garşy gyýtaklaýyn we pessaýja tankydy bellikleri edip bilýän adam. Emma ol Russiýa-Ukraina urşy başlan badyna gepleşikleriniñ arasyny kesdi we uruş barada hiç hili düşündiriş bermedi. Munuñ üçin ne Isanyñ göwnüne ýaranjak boldy, ne-de Musanyñ. Häkimiýetiñ tarapyny tutýanlaram, oppozisionerlerem Pozneri gazaply tankyt etdiler, häzirem durar ýerde duranoklar. Ahyrsoñunda ýakynda meşhur žurnalist sekiz bölümlik dokumental film bilen rus telewideniýesine dolandy: Dürli ugurlardan Türkiýäniñ taryhyny, medeniýetini, syýasatyny, sosial gurluşyny gürrüñ bermäge synanyşýan filmiñ ady "Türk depderidi". Filmde türk intelligensiýasynyñ birnäçe wekili, dürli hünärmenler we halk wekilleri bilen geçirilen gürrüñdeşlikler we synlar bardy. Pozner meniñ bilen gürrüñdeş bolup, aýdanlarymy birnäçe bölümde ulandy. Filmiñ esasy myhmanlarynyñ arasynda öñe saýlananlaryñ birem ýazyjy Orhan Pamukdy. Şu ýerde säginip, gürrüñi makalamyñ birinji bölegine sepläýin. Mihalkow telewideniýedäki syýasy gepleşiginde ilki Pozneriñ käbir syýasy gürrüñdeşliklerinden sitatalara ýüzlenip, şeýle diýdi: "- Sen Russiýada özüñi öýüñde ýaly duýmaýandygyñy, içki dünýäñ doly rus däldigini aýdypsyñ. Şonsuzam sende üç ýurduñ pasporty bar. Aýtsana, sen haýsy ýurduñ watansöýüjisi?" Şeýle diýibem Orhan Pamuga gezek getirýär. Mihalkow Pamugyñ Türkiýedäki režim we häkimiýet barada aýdan käbir pikirlerini tankydy terzde orta atyp, Russiýa bilen parallellik gurmaga synanyşýar we diñe öz ýurdunda däl, Türkiýede-de häkimiýetiñ tarapyny tutýandygyny syzdyrdy. "- Türkiýedäki okyjylaryñ ýarsy Orhan Pamugy dönük hasaplaýar". Mihalkow munuñ bilenem çäklenmeýär. Ol "Türk depderi" dokumental filminiñ prezident Erdoganyñ BRICS-iñ Kazanda geçirilen forumyna gatnaşmak üçin Russiýa gitjek bolup durka efire goýberilmegini ýazgarýar. “- BRICS üçin Kazana Erdoganyñ gelmegine bir hepde galanda ony ýigrenýän we oña her dürli hapalyklary ýöñkeýän biriniñ baş rolda çykyş edýän filminiñ ekrana çykmagy boljak zatmy!” Orhan Pamuk we Wladimir Pozner (çepden saga) Gahrymanyñ kyssasyny oýnamak we režissýorlyk etmek. Gürrüñ uzyn. Men bärde gysgaça aýtmaga synanyşdym. Ýokarda aýdyşym ýaly Mihalkowy ençeme ýyl synlap gelýärin. Onuñ bilen baglanyşykly hiç ýadymdan çykmaýan bir epizod bar: 1999-njy ýylyñ 10-njy martynda zalda çykyş edip durka iki sany adam oña ýumurtga zyñyp, protest bildiripdi. Mihalkow ylgap baryp, goragçylaryñ gollaryny gañryp saklap duran adamlarynyñ biriniñ ýüzüne depipdi. "Комсомольская правда" gazetiniñ žurnalisti Marina Lesko: "Ine, biziñ ýüzümize sylyp ýören adamlarymyz şular ýaly. Öz deñini görseler-ä gyzyl ýumruga girýär, garşysyndaky özünden ejiz bolsa-da iñ bolmanda depip galýar" diýip ýazypdy. Mihalkowyñ oýnan we režissýorlyk eden hemme kinofilmini gördüm. Ol filmleriñ köpüsinde gaýduwsyz, ahlakly, wyždanly gahrymanlary janlandyrdy, şeýle gahrymançylykly eserleri ýazdy we döretdi. Kinofilmlerinde dürli gynamalary başdan geçirdi, dürli basyşlara döş gerdi, ýöne halky üçin zalymlara garşy göreşinden birjigem yza tesmedi. Sungat, sungat adamy we hakyky durmuş şular ýaly paradokslardan doly. Ol ajaýyp eserleri ýazýar, saýlama kinofilmleri döredýär, adatdan daşary güýçli obrazlary janlandyrýar. Emma real durmuşa gelende welin, düýbünden başga adama öwrülip, sungaty bilen öñe süren gymmatlyklarynyñ beýlesine düşüp bilýär. Hakan AKSAÝ. @AksayHakan aksayhakan@gmail.com "T24" internet gazeti, 14.11.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |