19:40

Gara propoganda

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 440 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 7
0
1 silapmuham  
1368
Gara propaganda gowy zat däl, dogry. Häzirki wagtda Alynyň ala meýdanynda däl-de infarmasion meýdanda galaba gazanmak esasy şert bolup galdy. Bütin dünýä syýasaty üçin.

0
2 Ependi  
284
Awtoryň aýdýanlary bilen doly ylalaşýan. Köp zady gozgapdyr. Mende, şuny içine çeken birzat ýadyma geldi, mowzukdan çykýanam bolsam-da belli däl, dile geldi-bile geldi.

Ikinji jahan urşunda döş geren gerçekler hakynda hem köp gürrüň gozgalypdyr, temaň özenem şoňa barýar. 41-45 jahan urşunda biziňkileň gyrlany mümkinem däl eken. Sebäbi, bärden baran Türkmen ýigitlerimiz gaty sada ekenler. "Öňe" diýilse ilki şolar gitmeli eken. Iň bolmanda başgalar näme, tabşyryk buýrulsa ilki Türkmeni öňe itekleýärler eken. "Dil" getirmelem bolsa ýene şular gitmeli. Anekdotçy Nuryşka pahyrda hem agzalýandyr şu gürrüň: "Bir Gazak komandirimiz bardy welin, nirä gitmelem bolsa meni tapýar diňe: "Myradyf pežýot!" Kartoşka arassalap oturanam bolsam: "Myradyf pežýot" Dil getirmelem bolsa: "Pežýot Myradyf".. - Ooo, dogan, ýaňy geldik!.." Göräýmäge anekdot ýalydyr welin, aslynda hakykat ýatyr. Umuman, bulaň gözsüz batyrlygy. Ýalňyş tarapy bolsa, sowatsyzlygy, entek hiç zada göz ýetirmeýändigi.

Meň diýjek bolýanym başga zat. Ikinji jahan urşundan gürrüň berýän Rus kinolaryna üns berýän bolsaňyz: Orta Aziýadan ýekeje-de esger ýokdur. Diňe bularam däl, Kawkaz bolsun, başga bolsun, hijisem ýok. Internasional döwletleň esgerleriniň biri hem ýok. Dogry, birki sany Belarus, birki sanam Ukrain bolaýmasa. Olaňkam düşnükli, urşuň özeni şolaň içinde geçdi. Olaňam ýaşaýjylaryny Rus edip görkezýärler. Aýtjak bolýanym, kinolarynyň hemmesinde diýen ýaly Rus esgerleri. Hemme zady diňe özleri düzeden ýaly hereket edýärler. Propagandaň asyl maksady şol. Nämüçin görkezmeýändiklerem düşnükli, özüne şärikdeş gerek däldigi üçin, dünýäni diňe özleri düzeden ýaly görkezmekleri üçin. Bir gezek Ren.tv kanalynda kommentator bir wideroligi görkezip, özüniňkileri mazamlaýar. Bir Rus raýaty soýuzyň başga bir raýaty bilen dawa edýär, Rus şeýleräk sözler diýär: "Sizi gowy ýaşadan biz dälmi? Ikinji jahan urşunda Nemesler gelip basyp alanda aglap ýöreniňiz ýaňy dälmi? Sizi döwlet eden kim, adam sanyna goşan kim? Biz bolmasak?.." Yzam şeýleräk gidýär. Dawa edýän garşydaşam soňuny diňlejegem bolman maşynyny ýuwaşlyk bilen sürüp gidýär. Ýeri, näme agzyňy açyp otyrsyň, ber jogabyny: "Hawa Siz ýeñdiňiz Nemesleri, ol dogry. Ýöne, biziň döwletlerimiz üýşüp kömek etmedik bolsalar, Sizi ýüzüniň ugruna tekizläp geçerdiler" diýen jogaba garaşypdym. Ol raýat ýaha kiçelesi gelmedi ýa-da deň bolasy gelmedi onuň bilen. "Diwersant" kinosynda dört sany Orta Aziýaly görkezilýär. Razwedka ugradýarlar. Şonda hem olara göwniýetmezçilik bilen garalýany mesaňa mälim. Diňe ýekeje kinoda gabat geldim internasional esgerlere, olam Fýodor Bondarçukgň "9-njy rota" filminde. Režisser hemmesini almasa-da, aglabasyny alypdyr. Ol filmi döretmek Bondarçugyň birwagtdan bäri pikirinde bar eken. Şol hem aýdýar: "Biziň köp kinolarymyzda internasional esgerleriň ýokdugy, lapyňy keç edýär. Olaryň goşandynyň gaty uly bolandygy üçin, men şu filmi saýladym" diýip.

Men muny agzap Rus döwletine ýigrenjim ýok, diňe filmlerine bolan käbir nägileligim bar. Görkezseler bolanokmyka şeýle gahrymanlary içinde. Entek men-ä duşamok filmlerinde ýekeje Türkmeniňem eline ýarag alyp söweşip ýörenini. Bolsa bardyram, gabat gelmändim özüm-ä. Diňe özlerini görkezmekleri, bu uly ýalňyşlyk. Daşky söweşen halklarda nägilelik ýüze çykarýar. Propagandanyň gözünem çykarmaly däl.

0
3 Haweran  
411
@Ependi, gaty dogry belläp geçdiñiz, wagty-sagady gelende Soýuzy ýykan, 15 respublikanyñ bir uly öý - bir uly maşgala bolup ýaşamagy dowam etdiresleri gelmändikleriniñ esasy sebäpleriñ birem şu bolsa gerek (köpmilletli ýurtda "dostluk-doganlygyñ, raýdaşlygyñ" diñe kagyz ýüzünde galmagy, tebigy baýlyklaryñ we girdejiniñ deñ derejede paýlanmazlygy, etniki diskriminasiýa we ş.m.)

0
4 Perо  
1082
Gaty köp zady birdemde ýaly aydypdyr awtor. Birnäçe gez okamaly boljak. Ýetireniñize sagboluñ!

0
5 Ependi  
284
@Haweran edil özi, dogry düşünipsiňiz. Ol döwürler Biziňkileri etniki halk hökmünde kemsidip gelişleri, äsgermezleri, umuman, haýsy tarapdan tutsaň-da, "olar" hemme zady özlerine tarap öwrüşleri diýermiň, "biz etdik, biz gurnadyk, biz ýeňdik" diýişleri ýaly, biz olara bakna bolduk.
Äsgermelidilerem öýtmediler, asla-da, äsgereniňe degmejek halklar hasap etdiler, goýundan tapawudy ýok hasapladylar.
Soýuzyň bölünmeseň şu ýagdaýlardan başlady ilki.
Türkmen üçin-ä bildirýän zady ýok, gowy ýaşasa bolýar. Unuňy-suwuňy berse kaýyl.
Emma, Pribaltika döwletleriniň gözýetimi biziňkilerden 1 asyr ýalyrak öňde eken. Soýuzda, internasional döwletlerden ilki şolar başlady dawany, (Germaniýa ýaly olardanam ilki başlanlary goşamok) soňlugy bilenem Soýuzyň dargamagyna getirdi.
Etniki halk bolup ýaşamagyňam iňňän kyn zady şu. Biz öz ýurdumyzy dälde, olaň taryhyny öwrenmeli, şolary agitasiýa etmeli, öwmeli, hyzmatyny etmeli, ýurduň milliardlap durýan baýlygyny olara gowşurmaly, näme diýselerde, "Siziňki dogry agam" diýip geplemeli.
Şeýle ýagdaý halky ahyrsoňy doýurýar, Halk bir ýerden urup-ýaryp çykýar nägile ýagdaýyny.

Aýdyşyňyz ýaly, kagyz bir zat diýýär, halk başga zat. Zol bir zady taryp etmek hemmäni doýurýar, ahyry. Nägilelik artýar. Haýsy bir zatda mysal aljak. Meň getirem mysalym, milliondan biri hem däl entek.
Aýtmakçy zadym, Ýurt bolup bir maşgala bolup ýaşajak bolsaň, olaryň dillerinem tapmagy başarmaly.

Ýönekeýje mysal: Bir gurply tanşymyň köpek iti bardy. Hojaýyny ol iti hiç zada hor etmezdi. Öz iýýän zatlaryndan oklardy. Ýagny, janawer, haçan görseň ýagly eti iýip, soňundanam süňküni çeýnär ýatardy. Bu ýagdaý gaty uzaga çekmedi, köpek soňabaka üýtgeşik tagamlar isläp başlady, öňüne goýlan etli süňki iýmän başlady. Biziň dagyn gemrilen, iň arzan hasap edilýän, "läşkämiziň" süňküni musura döksek, diňe şony gemirmäni çykardy. Ol açlykdan däl, halys üç wagtyna şol bir nahary iýýäni üçin, degnasyna degileni üçin. Bu ýerde üýtgeşik zat ýok. It meslikden edenok ony, bir zadyň tagamy zol ýüregine düşensoň iýýär. Ýöne, Biz it däl, ynsan. Soýuz-da: "Raýatlaryň hemmesi deň adam!" diýilse-de, hakykatdanam bular diňe kagyz ýüzünde eken. Näçe mysal alsaň alybermeli.

0
6 MURGAP  
1401
Ependi aga "Zol bir zady taryp etmek halky doýurýar" diýenñiz Türkmene degişli däl.
"Taryp etmeden doýanok dilim,
Ölinçäm dilimden goýman tarypym..."
Gazetden.
Turkmenistanyñ halk ýazyjysy...

0
7 Ependi  
284
@MURGAP, Siz Murgabyň niresinden? Obadaş bolsagam, düşünjämiz başgaçarak gelýär ikimiziň.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]