07:31

Garaşsyzlygymyzyň datly miwesi

GARAŞSYZLYGYMYZYŇ DATLY MIWESI

Türkmenistan ýurdumyzyň Garaşsyzlyga eýe bolmagy bilen biziň durmuşymyzda düýpli ösüşler, özgerişler bolup geçýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şol özgerişler milli dilimize-de oňyn täsirini ýetirdi. Ene dilimiziň erkinligi Garaşsyzlygymyzyň datly miweleriniň biridir.
Türkmen diliniň ulanylyş gerimi has giňedi, onuň ýerine ýetirýän hyzmatynyň çägi hem düýpgöter artdy. Bu bolsa öz gezeginde türkmen dilini okatmak, öwretmek işini has kämilleşdirmäge itergi berdi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan öňdengörüjilikli bilim syýasatynyň netijesinde ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyk bilim-terbiýe bermek, bilim ulgamyny dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmak döwrüň örän ähmiýetli, wajyp meselesine, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu syýasat ýokary mekdeplerde-de okuwyň hilini gowulandyrmaga, döwrebap okuw kitaplarydyr gollanmalaryny taýýarlamaga aýratyn üns bermegi talap edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly
Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, atalyk aladasy bilen “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň” iki tomlugy (2016), “Türkmen diliniň orfografik sözlügi”(2016) täze türkmen elipbiýinde ilkinji gezek neşir edildi. Bu sözlükler Garaşsyzlykdan soňky ýyllarda dilimizde bolup geçen üýtgeşmeleri doly şöhlelendirýän, diliň häzirki döwürdäki ösüş kanunalaýyklyklaryny açyp görkezýän, diliň leksik düzümi, sözleriň many çuňlugy, dürli many öwüşginleri baradaky, olaryň orfografik, orfoepik, leksika-semantik, grammatik normalaryna degişli örän ähmiýetli ylmy maglumatlary özünde jemleýän uly göwrümli akademiki neşirlerdir.
Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzda ene dilimizde erkin bilim alýan biz bagtyýar talyplaryň kalbymyzda Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyza eziz Watanymyza mukaddes Garaşsyzlygymyza baky Bitaraplygymyza egsilmejek buýsanjymyz bar.

Oguljemal DÖWLETOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň türkmen dilini okatmagyň usulyýeti hünäriniň talyby.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 104 | Добавил: Demirgazykly | Теги: Oguljemal Döwletowa | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 asyrowakmyrat084  
1674
Gaty gowy bolupdyr Oguljemal. Akmyratdan saña tüweleme. Belki tanarsyñ.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]