10:13

Gelersiñ... duşuşarys

GELERSIÑ... DUŞUŞARSYÑ

Men bu mahal...
Sen hakynda ýazmaýyn.
Goý, syr bolsun aramyzyñ söhbeti.
Göýä,
Penjirämden jyklaýan Asman
emaý bilen, meñ daşymdan aýlanyp.
Surata düşürýä... Aýyñ şöhlesi.
Ak ýelekden,
Ak bulutdan bölünen.
ýorganyma... gözün dikýän ýyldyzdan.
Ünsüm sowjak bolup,
Hemem señ bilen.
edýän söhbetimi kesmejek bolup.
Telefondan gyzyp giden gulagmy
Aýryp bilmän,
galyp ençe azara.
Atyp barya han-ha... dañam tizara.
...bu geçdi,
Gör-ä, galdy düýn bolup.
A, sen welin durar öýtdiñ gumsagat.
Ol akyp dur çüýşä,
Akyp durar kän...
Bizem, bu dünýäde geçiji bir jan!
Bir gün, ýa-da ýene näçe sagatdan
(Tik-tokda) ölmümiz ederler yglan.
Şonda... eziz ruhum ýanyña ylgar.
Pel-pellär daşyñda,
Goşgulam aglar.
Ýazmadyk setirlem, ýolumy baglar.
Tabydymda tükge düşer jesedim.
Çalaja eşdiler şonda "bes ediñ".
Sagryma dökülip duran saçlarmy
Lahadyñ köýnegi bilen ýygşyryñ.
Soñam,
tozan girmez ýaly ýabşyryñ.
Iñ soñkuja pursat,
Omza münmänkäm...
Diñläp görüñ, urman dursa-da gursak.
Söýgä garaşanmy, husyt Dünýeden?
Pyşyrdysyn ysgynsyzja dodagmyñ.
Ýylgyrýan gözlerme bakyñ täzeden.
Alnymyñ ýazgysy gara, nämeden?
Şeýdip, ötägidibiýrmi gülbeden.
Sorap galyñ.
Bolmasa, şanslydy her bir öñ ýeten.
A men welin,
Bir gujak gül...
Ýa, bolgusyz jedel bilen.
Bu tabytda barýan... ömrüm paýawlap.
Günäm näme aýtsan-a,
Müñkür hem Nekir?
Dek düýnjigem aýly gije.
Söhbet edip, O, ýar bilen.
Hesretlere soñ bermägi wada edip.
Beýle öwrümleri etmändik pikir.
...ine-de, Dag üsti
Täzeje tümmek.
.....täzeje gubura, syn edýä Asman.
Penjirämi gözläp, aýlanýa Aýam.
Belki, ýeke ýatanyma gabatlap
gelersiñ...
Men bolsa,
Ystyhanym çagşamanka bognumdan.
Gyzgynym gitmänkä gülgün tenimden.
Tirsegme daýanyp,
...turmaga taýyn.

Orazbibi MÄLIKGULY gyzy.

Surat: Pablo Pikasso / "Gök heññam"
Категория: Goşgular | Просмотров: 129 | Добавил: Orazbibi | Теги: Orazbibi Mälikguly gyzy | Рейтинг: 4.0/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]